16:31
Dem / hekaýa
DEM

- Bilýäňizmi näme?!
Yssyja mäşewäňize gidiňsen-aý, baryňam! -
- Diýdi.
Içinden...
Ýa-da içinden diýýändirin öýdüp, özem duýman sypdyrdy goýberdi.
Daşyndan...
Hälden bäri biri-birine gezek bermän gohlaşyp, her haýsy öz gaýgysyny onuň depesinden eňterip, töweregine egele bolup oturanlar, oslagsyzlykdan ýaňa aňk-taňk boldular galaýdylar.
Ine, ulagyny bejertmek üçin pul sorap, beýnisini syhalap oturan uly ogly agzyny öweldip otyr.
Onuň gapdalynda deň-duşlarynyň oturyşyga gitmek üçin pul goşýandyklary hakda myňňyldap, hiç zat dilemese-de ýüzüni diländen beter edip, ortanjysy sortdurylyp otyr.
Hepdäň dowamynda ýekeje dynç güni ine-gana ýazylyp-ýaýramaga goýman hemme meselesini hut şu güne toplap goýýan keýwanysam bar, olaň ýanynda.
Özem ertirden bäri tükezzibanyna tutduryp oturan, jan ýalyjak bajysynyň “gyzçykdysyna” ýagşyja "saçak" etmelidikleri hakyndaky gepini terslin-oňlyn ýanjamasyny tapba kesäkge, dodaklaryny gülkünç müňküldedýär.
Baldyzynyň üsti bilen körpe agtyga gury süýt satyn almalydygy barada ýaşmak astyndan otagy dolduryp çawuş çakýan gelnem, onuň içinden hüňürdändirin öýdüp daşyndan sypdyryp goýberen jümlesinden soň, tapbat lam-jim bolupdyr.
Jorasynyň toýuna täze köýnekli gidesi gelýändigini aýdasy gelip, hälden bäri dili gijeýän araçy baldyzam, ýürejiginde besleýän arzuwynyň aýan edilmek nesibesiniň bu güne ýazylmandygyna düşünýändigi üçinmi nämemi hemmelere mese-mälim ýüzüni turşudýar.
Gapdala oklanan eltelefonam akly gözünde, ertirden bäri jynlana dönüp, üznüksiz jyrlap duranam bolsa, şu wagt-a, burny deşilen mysaly, ses-selemsiz ýatyr.
Irdenki ýaly, çagalyk dostlarynyň birem jaň etmeýär, mekdebi tamamlanlarynyň otuz ýyllygyny bellemek üçrib pul goşýandyklaryny buşlap...
Guşlukdaky ýaly, talyplyk hemdemem habarlaşmaýar, erte-birigün okuwy gutaranlarynyň çärýeklik senesini bellemek üçrib pelançadan ýygnamalydygy hakynda hoşhabary ýetirip...
Günorta naharyny ýaňybir öňüne alanda telefony jyrladan işdeşem aýlamaýar, ertir başlygyň doglan gününe sowgat almalydyklaryny ilgezik hoşmeýillilik bilen ýatladyp...
Hezillik!
Dym-dyrslyk.
Ol maşgala bolup oturylan otagyň içini gaplan ümsümlige, biygtyýaram bolsa özüniň günäkärdigi üçin, birbada müýnürgejek boldy.
Birdenem, halys degnasyna deglen adamyň bolşy – girre gahary geldi.
Ýagyr eşege dönen özüne.
Hamana, hemmeje zat ýekeje özüne gerek ýaly, gije-gündiz diýmän, bir-ä depesi, birem dabany ýere degip, etek alty ýeň ýedi şapadaňlap ýörşüne...
Töwereginde ýaşaýan adam ähliniňem islendik zat üçin öz ýakasyndan ebşitläp tutjak bolup ýatyşyna...
Dogrudanam, näme-aý?!
Galan barça kişi ak patyşaň agtygy-da, oň täk özi gyzan bazar mugtuň bäri ýany bahadan satylan betnyşan gyrnakdan bolanmy?!
Ol dem salymda ganguýma gyzaran gözlerini töweregindäkilere aýlady-da, howurly dem aldy:
- Owf!
Soňam ýene-de bolanja erkini jemläp, özüne basalyk berdimi nämemi, gözlerini ýumdy. Birsalym uludan demini alyp, şol bolşundan üýtgemän oturdy. Soňam:
- Dem beriň, dem! - diýip, düşnüksiz hüňürdäbem, ýerinden turdy.
Dogrudanam, hatda özi üçin-de duýdansyz ýarylandan soň, näme etmeli?
“Halys göwnümi gemirdiler” bahanasy bilen “degene gözüm menden däl” edip, çar ýanyna gazap gatyşykly poh syçradyplar, agzyndan ot sowruplar jabjynmalymy?
Ýa-da hemişeki edişi ýaly ýene-de bir ýola özgelere däl-de özüne agram salyp, gaharyny ýuwdakga dymyp oňaýsa dogry bolarmy?
Ýeri, owalybeletde boluşlary şeýle bolsa, üstlerine partlap ýataryň ýaly, bularda nä günä bar diýsene?! Zanny-ýasawlary şu tek bolsa, olaram kimdir birine garzynman oňup bilmeseler nätsinler?! Hä?!
Äý-ý-ý...
Bolýa-da...
Diýip, ol hyýalynda elini silkdi-de, näme üçindir ala-böle aşhana ýöneldi.
Bäş-on ädim ädip bosagadan ätleýänçä-de, nijeme günler bäri garjaşyk kellesinde täsin isleg döredi.
Ol aşhana girenden soň, kelam agyz geplemän, ýahdanydyr-tekjeleri açyşdyryp, elýeterine gerek-ýarak zatlaryny üýşürmäge başlady.
Ýumurtga.
Mesge.
Kakadylan şöhlat.
Peýnir.
Pomidor.
Duz, gyzyl burç.
Buhanka çörek.
Pyçak, çemçe, ýalpak tabak, aştagta, saç.
Onuň elleri, edil, munuň ýaly işi günde-günaşa müňlerçe gezek gaýryp-goparyp ýören dek, beýnisine dahylsyz, her bir hereketini öz-özlerinden edişdirýärdiler.
Ol sajy plitanyň gözünde goýdy-da, mesgäniň kagyzyny açyp, ýarysyny içine oklady. Plitanyň düwmesini “jykgyldadyp”, gazy otlady.
Kelle boş.
Göwün asuda.
Ýürekde galagopluk ýok.
Aşhanaň işigidir-penjiresinden onuň gözüne ilmejek bolup, keýwanysydyr-çagalary yşyklaşýarlar...
Owarrama!
Onuň elleri, misli ussat aşpeziňki deýin ezberlik bilen üç sany ýumurtgany ýalpak tabaga yzly-yzyna çakýarlar.
Üstüne bir çümmük duz.
Iki çümmük gyzyl burç.
Ol demir çemçäni alýar-da, sarysyny-agyny garyp bulaşdyrýar.
Soň çöregi aştagtanyň üstünde goýýar-da, ony ilkä dörtburç böleklere bölýär. Soňra olaram üçburçja kesýär.
Oňa çenli mesge özüniň gaýym erändigini habar berip, saç içre “jyzyrdap” ugraýar.
Ol çörek böleklerini ýumurtga suwuklygyna batyrýar-da, olary saja örýär.
Soňam derrew pomidory, peýniri, şöhlady ýukajyk böleklere bölüşdirýär.
Ýaga bişen çöregiňdir-ýumurtganyň işdäňi gyjyklaýan ysy çar ýana ýaýraýar.
Ol sajyň syrçasyny çyzmazlyk üçin agaç kepgirçäni alýar-da, çörek bölejiklerini galdyryp görýär.
Gyzarypdyr.
Beýlesine öwürýär.
Soňam bölejikleriň üstüne ilki şöhlat, soňra pomidor, iň soňunda-da peýnir bölejigini goýýar-da, sajyň gapagyny ýapýar.
Gözlerini ýumup, içinden otuza çenli sanap durýar.
Kelle boş.
Göwün asuda.
Ýürekde galagopluk ýok...
Gözüni açýar-da, sajyň aşagyny öçürýär. Tekjeden, gabarasy, çaklaňja mejimä ýakyn, arassaja gap çykarýar-da, çörek bölejiklerini oňa düzýär. Gaby elinde saklap, aşak oturýar. Bu öýüň endigi, bir burçda hemişe demlengi termos dur. Öňüne çekýär. Oturan ýerinden gaňrylman, elini uzadyp, gapýuwaryň ýanynda müdimi desbi-dähil goýlan bulgurlaryň arasyndan sermenip, özüniňkini tapýar-da, alýar. Çaý guýunýar. Bulgurdan göterilýän çaýyň göze görünmeýän bugy bilen garyşan öňündäki tagamyň ysyny işdämenlik bilen kükregine dartýar. Agzynyň sülekeýden dolýandygyny duýubam, elin taýýarlanan tagamyna elini uzadýar. Birdenem...
Bir zat ýadyna düşýär.
- Geliň-haw, iýseňiz! Körpänem çagyryň! Ýogsa, daşarda çarp urup ýörşüne, ajygan-suwsannam bilmän, surnugyp gidendir-ow, onyňyz!-diýip, içki otaglara tarap zowladyp goýberýär...
Kelle boş.
Göwün asuda.
Ýürekde galagopluk ýok...
Hemme zat şeýle aňsat bolaýsa...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 90 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 5
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Kelle boş.
Göwün asuda.
Ýürekde galagopluk ýok...

bäh. bu sanawaç halas edermikä.
sanadygymça kelläm aladadan dolup, göwnüm daralyp, ýürek galmagal tapýar....
----
ýümurtga bişirýän ýerinde ýarty mesge kän dälmaý?
----
demiňi tutdurýan aladalryň sanawyny köpeldeýin:
- işdäkiler bolup nohura gitjek bolýas, 300 manatdan goşýas....
- şemşadyň gelniniň bäbegi bolupdyr, boş-a baryp bolmaz,
- öňümizdäki altynjy gün annalyň belli günüdir, bizem goýun eltmelidiris, yz ýanyndan kakamyňam ýyly....
- maksadam gelin edinýär, depderime seretdim - 100 dollar getiren ekenler, manat getiräýmelid-ä welin, dollar getirdi, dollaram etmeli. uf... näçeden şu wagt?...
- pylesosy razetka sokdum welin zamykat etdi, matoryndanmyka?
- kir maşynam suw dökýä, janaweri täzelemeli wagt boldy şoňa...
- saparam bergisini soraýar, ölüp barýar. indiki ogluny öýerende bererisdä..
- gazçylar geldi, uçotçigiň hasabyny nollamaly diýýäler, özlerine etdirseň 250 manat bermeli...
...

0
3 hoşowaz   [Mowzuga geç]
...
Iki konsinsanerden-de gyrantdan akan ýaly suw akýa, hersine 700 manat.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
-waýfaýa-da 200 manat, geçen gezegem maňa töletdiňiz, bu aý özüňiz töläň. men-ä IMO-syz oňup bilmen.... ogluň bilenem gepleşip otyrsyňyz....
-ogluňam ikinji kursy tamamlady, üçünjiň töleginem tölemelidir....
- pasportynyňam wagty dolýan eken, tanyş görüp bir zat edip bolanokmy?
----
sanadygymça
keýpim tutýa.
bu zatlar ýaşanyňa degýär.
içini ýakyp ýaşamaly.
ýumurtgany mesgä çakmaly.
:-)

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ildeş-saýtdaşymyz @myhmanyň tejribede netijeliligini subut eden stilini :-) ulanyp jogaplasak: "Bizden salam bolsun, jogap şeýledir" bolýar:

@mango sorag: Bu sanawaç halas edermikä?
hekaýa jogap: Hemme zat şeýle aňsat bolaýsa...

@mango sorag: Ýumurtga bişirýän ýerinde ýarty mesge kän dälmaý?
hekaýa jogap: Ýumurtga çakmak üçin kän bolsa kändir, ýöne "grenka" diýlip atlandyrylýan ýumurtga batyrylan çörek gowurmak üçin, bir buhankany bişirmäge 200 gramlyk bir bölek mesge-de azlyk edýän ekeni (Tejribede synalyp görüldi) :-).

@mango goşundy: Demiňi tutdurýan aladalaryň sanawyny köpeldeýin...
awtor jogap: Sanawlar daş. Durmuşy. Arman hekaýa ýazylýarka kellä gelmändir. Ýogsa hökman goşardym.

0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Okadym. Menem şeýdip dem alasym gelýär käte

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]