06:05
Şahsyýetler: Mälik Şa

MÄLIK ŞA

Beýik Seljukly Soltany. Soltan Alp Arslanyň ogludyr. 1055-nji ýylda dünýä indi. Beýik Seljkly Döwletiniň topraklaryny iň köp giňelden şahsyet hökmünde taryha geçenligi üçin Ebul-Feth (köp fetheden, fetihleriň atasy) lakamy ýörgünli boldy. Käbir artykmaç häsiýetleri sebäpli, aýratyn üns berlip ýetişdirildi. Kiçi ýaşlaryndan başlap, döwleti dolandyrmaklyga gatnaşyp ugrady. 1064-1065-nji ýyllardaky Gürjüstan ýörişinde, Nyzam-ül-Mülküň bir galany basyp alyşynda Soltanyň wekili hökmünde onuň ýanynda boldy.
Özünden uly erkek doganlary bolanlygyna seretmezden; mertligi, döwleti dolandyrmakda-ky ussatlygy, Soltan Alp Arslan tarapyndan tagtyň mirasdary seçilmeginde möhüm rol oýnady. Döwletiň gurujysy Seljuk Begiň mazaryna zyýarata baryp gelýärkäler, Horasanyň golaýlaryndaky Radýanda tagtyň mirasdary, Halyf Kaim bi-emrillahyň tassyklamagy bilen resmi häsiýet gazandy. Ölüminden soňra ýüze çykaýjak tagt dawalarynyň öňüni almak maksady bilen hereket edýän Soltan Alp Arslan; Malazgirt meýdan söweşiniň öň ýanynda, jeň boljak ýerde ýene bir gezek Mälik Şanyň tagtyň mirasdarydygyny yglan etdi. Şondan soňra döwletiň dürli wezipelerinde işlän Mälik Şa, Maweraünnehr ýörişinde şehit bolan Soltan Alp Arslanyň ýerine, döwletiň atly-abraýly adamlary tarapyndan on sekiz ýaşynda soltan diýlip yglan edildi. Mälik Şa soltan bolanyndan soňra atasynyň weziri, görnükli döwlet adamy Nyzam-ül-mülki öňki işinde goýdy. Soltanlygynyň ilkinji ýyllary içki bulagaýlyklary basyp ýatyrmak bilen geçdi. (Ser. Seljukly Döwleti)
Ömri ýörişlerde geçen Mälik Şa, men diýen wagty otuz sekiz ýaşynda aradan çykdy. Ýigrimi ýyllyk hökümdarlygynda döwletiň araçäklerini Kaşgardan Günbatar Anadola, Kawkaziýadan Ýemene çenli giňeltdi. Bagdatda wepat eden soltanyň jesedi, Yspyhana getirilip, özi üçin gurduran medresesindäki gubur-mawzoleýde jaýlandy Soltan orta boýly, ak ýüzli, her egninde bir adam oturybermeli daýaw adamdy. Ägirt uly bir döwletiň soltanydygyna garamazdan polady ýumşak adamdy. Köşkünde elmydama döwrüň alymlary bilen söhbet ederdi, pikir alyşardy. Her hili ýaragy diýseň ussatlyk bilen ulanmagy başarýardy. Ajaýyp seýis we çapyksuwardy.
Soltan Mälik Şanyň alan derejelerine özünden öň gelip-geçen soltanlaryň hiç biri ýetip bilmändi. Eden söwşlerinde hiç wagt ýeňilmändigi üçin Ebul-Feth; eýelik edýän ýurtlarynyň ägirt giňligini beýan etmek üçin Es-Soltan-ül-azam, Soltan-ül-älem, Şahynşahy-azam; golastyndakylara we halkyna adalatly çemeleşýänligi üçin Es-Soltan-ül-adyl diýen ýaly lakamlary we derejeler mydama ady bilen bilelikde tutulýardy.
Nyzam-ül-mülk ol baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär: "Mälik Şa, Alpertunganyň neslinden bolup; dindar, alymlara hormat goýýan, takwalara ýagşylyk edýän, garyplara mylakatly we halka adalatly, dünýäde hiç kimde bolmadyk ajaýyp häsiýetleriň eýesidir, jahanyň häkimidir."
Öz döwründe Seljukly ýurtlarynyň ählisinde dikeldiş işlerini geçirdipdi. Halkyň gün-güzerany gowulaşypdy. Takwimi Jelali atly kalendar  düzdürendigi mälimdir. Mälik Şa, ýarym milliondan gowrak adamly goşuny ajaýyp dolandyryp biljek derejede harby zehiniň, başarnygyň eýesidi. Mälik Şanyň weziri Nyzam-ül-mülk bilen guran adminstratiw, harby toprak sistemasy we gurluşy; öz döwründe we ondan soňky Türk-Yslam döwletlerinde durmuşa geçirildi.

Ymam-y Gazali  SOLTAN SANjAR
Ymam-y Gazali hezeretleri, Seljukly soltany Soltan Sanjaryň patşalygy döwründe Soltan Sanjar bilen görüşipdir. Oňa hat iberipdir. Öz dili bilen nesihat beripdir. Mundan başga-da "Soltan Sanjara Nesihat" atly bir risale (hat) ýazypdyr.
Soltan Sanjar: "Ehl-i sünnet itikadynda (ynanjynda), dinine bagly, bidgatlary kabul etmeýän patşady. 60 ýyla golaý patşalyk sürdi. Ylma we alymlara garşy Örän hormatlydy. Özi hem alym bilen meşgullanardy. O döwrüň iň meşhur alymy bolan Ymam-y Gazali hezretlerine görübilmezçilik edýänler, Ymam-y agzamyň tersine gidýär diýip töhmet atyp, Soltan Sanjara şikaýat edipdiler.

Kitap şu ýerde gümürtik ýagdaýda gutardy...

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 28 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Täç Işan | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]