14:22
"Külpetli" köwüş
“KÜLPETLI” KÖWÜŞ

Çagalar bagynda ýaşajyk terbiýeçi oglanjyga köwşüni geýdirýärdi. Ýöne, köwüş orta ýolda ne eýläk, ne beýläk bolup, geýilmän galaýdy.

Ahyry terbiýeçi dyzap-dyzap oglanjyga köwşüniň ikinji taýynam geýdirende, onuň alyn deri burçak-burçak akýardy. Emma, haçan-da körpeje:
-Olary ters geýdirdiň!-diýende ol hamsygyp aglarly göründi.
Terbiýeçi seretse, dogrudanam köwşüň sag taýy çepine, çep taýam sagyna geýdirilipdir. Uludan demini alan terbiýeçi ýene-de şahsy güzabyny amal etmäge girişipdir. Köwüşleri çykarmak bolsa geýdirenden aňsat bolmandyr. Haçan-da terbiýeçi gyz oglanjygyň köwşüni düzüw geýdirip bolanda, dergazaba münmän zordanjyk özüne erk edýän hala ýetipdir. Ine, şu pille-de, hälden bäri dymyp duran bezzat yglan edipdir:
-Bular meniň köwşüm däl!
Biygtyýar jabjynyp goýbermän zordanjyk dilini dişlän ýaşajyk hanym, umytsyz sojapdyr-da, ölümiň öýünde geýdiren şu nejis köwüşlerini sypyrmaga başlapdyr. Haçan-da ol dyzap-dyzap oglanjygyň aýagyndan köwşüni çykaryp bolandan soňra, körpe hüňürdäpdir:
-Bu köwüş meniň agamyňky. Ejem olary geýmäge meni mejbur etdi...
Terbiýeçi hanym indi aglajagynam bilmändir, güljeginem. Ol soňkuja sabyr-kanagatyny bir ýere jemläp, ýene-de köwşüni oglanjyga geýdiripdir-de, maňlaý derini sylyp, sorapdyr:
-Bolýa. Indi, hany seň ellijekleň?
-Köwşüme dykdym...-diýip, oglanjyk göwnübir jogap beripdir...

Çeşmesi: https://pritchi.ru/id_10012. 05.07.2021ý.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 72 | Добавил: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]