10:24
Öñüsyrasy

ÖÑÜSYRASY

Bar zat durup galdy,
Süýşenok wagtam,
Agşamara galyp ýatan seýlim ýok,
Ýa-da hiç zat,
                        hatda
Düşenok bagtam,
Hiç ýerden hiç ýere
Gitme meýlim ýok.

Birje gara nokat -
Ähli görýänim,
Hasabyn ýitirdim
Günüñ, hepdäniñ.
Gygyrýanyn
Ýa göwünlik berýänin
Bilmesem-de,
Islämok oñ geplänin.

Çüýlenip taşlanan ýaly mejalym,
Ne-hä gelýär,
Ne-de daşa cykmaýar...
Diñe Aý unudyp
Pynhan ejabyn,
Häli-şindi penjiränden jyklaýar.

Bilýän onuñ duşar ýaly ýene-de,
Bir bakylyk ýol geçenin maña çen.
Garañky köñlümi
Açyp Ene deý,
Ýalñyz syrdaş boljagyny daña çen.

"Unut" diýýär - ýürekdäki azary,
Ýöwselleme ejizligiñ öñünde.
Goşulyp git bu durmuşa mazaly,
Arzuwlarñy maksat edip köñülde.

Bu zatlar ozaldan aýdyp gelinýär,
Eger seýiklense
Köñül gyraty,
Täzeden ýaşaýşa gaýdyp gelinýär,
Beýik dirilişiñ öñüsyrasy".

Ilmät GURBANOW.

"GARAGUM" žurnaly, 1997.

Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Haweran | Теги: Ilmet Gurban | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Aýyň "häli-şindi penjiränden jyklaýşyny" haladym.
---
Ýöwselleme ejizligiñ öñünde.

kynçylygyň öňünde ejizlemek - düşnükli welin,
ejizligiň öňünde ýöwsellemek - biraz, не то ýaly.... (ýa göwnüme).
----
Eger seýiklense
Köñül gyraty,
Täzeden ýaşaýşa gaýdyp gelinýär,


"seýiklense" - dýmek döwlen zadyň gürrüňi gidýär.
seýiklemegiň yzyndan "gyraty" getirýär welin "seýiklenme"-de problema çykýan ýaly.
gyrat seýiklendi...
gyrat seýislendi...
garaz "seýiklenjek" bolsa "köňül gyraty" başgarak alynmaly haly.... sebäbi "gyrat" seýislendi, seýiklenmedi....

gyzykly awtor.
üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]