10:19
Aýna

AÝNA

Aýna uzak ýyllap
                               onuñ ýüzüni
Özüne görkezip geldi ýüz görmän.
Bir günem ol aýna garap seslendi:
- Aýna-da könelýär eken-ow, arman...

Ol aýnany aýna bilen çalşyrdy,
Ýöne üýtgemedi şol öñki şekli.
Ol bu aýnadan-da nägile bolup
Bir eýläk süýşürdi,
                                bir beýläk çekdi.

Synlady özüni herýan bakyplar,
Üýtgän zat bolmady -
                                       şol öñki keşbi.
Epeý adam öýkeledi aýnadan,
Onsoñ bu aýna-da ýürege düşdi.

Ol ýene-de täzeledi aýnany,
Öñkülerden gymmat iki-üç esse.
Aýnanyñ öñüne geçip oturdy.
Ýene-de şol öñki ýüzi
                                       seretse...

Bu gezek ol dil-agyzsyz aýnany
Pylçap ýere çalmaga-da taýýardy.
Haýp!
           Onuñ ýüzün aýnalar däl-de,
Bu geçýän bisabyr ýyllar ýoýýardy.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1989 ý.

Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Haweran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Mowzuga geç]
"Bu geçýän bisabyr ýyllar ýoýýardy."
Beh, näme üçin bisabyr?! Bisabyr ýyllarmy (şahyryň ýüzüni ýoýýany üçin), şahyrmy (ýüzüniň ýoýulýany üçin ýyllara sabyr edip bilmeýän) ýada üçünji bir waka?! Ilki ikisine garanda has çuň we has ezýetli waka. Nämä baglajagymy bilip, bilmedim. Ýöne "Bu geçýän bisabyr ýyllar ýoýýardy" sözler aňyma galtaşyp galdy.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
haladym.
ýöne gysgaldan bolsa hasam gowy boljak eken.
aýnada özüni görýän adamyň aýnany çalşyp ýörýän ýerlerini artykmaç hasaplaýan.
sebäbi, entek adamyň akly ýerindedir-ä, garranam bolsa.....

diňe aýna we adam, azajygam filosofiýa bolsa ýetjek ýaly...

aýna barada bir pikir ýadymda galypdyr...
aýna diýýä hiç haçan özüni görüp bilmeýär, diňe başgalary gaýtalap görkezýär....
Berdinazar aganyň gahrymany hem özi özüni görmek islemeýär.
ýatan ýeri ýagty bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]