18:47
Terezi / hekaýadaky hekaýa
TEREZI

Filmimiziň öňki bölümlerindäki iki-ýeke gahrymanlaryň işleýän ýerleri barada käbir maglumatlar:
Ady: Erkin ýazyjylar birleşigi.
Alyp barýan işi: Birnäçe ýaş we ýaşuly ýazyjylar tarapyndan ýazylýan ownukly-irili erkin eserler. Olary we beýleki döwletleriň edebiýatyny, galyberse-de, ylma degişli işleri hem ara alyp maslahatlaşmak. Peýdaly eserleri kitap edip çap etmek we köpçülige hödürlemek. Özbaşdak dükandyr kitaphanasy bolan birleşik.

Anna Şepäniň ýanyna baran wagty saglyk-amanlykdan soň:
– O bölümdäki A:ýadyň ýazan ýazgysyny okap gördüňmi? Bir-iki günlükde görkezeni bar-a.
– Ýok heniz-ä gabat gelemok. Haýsyny buýursalar şony okap, şoňa degişli teklipdir teswirlerimizi ýazmaly bolýas-a. Sen özüňe degişli bolmadyklaryna nädip ýetişýäň, men haýran. Üýşüp gürrüň edilen wagty seni tapyp bolanok. Şular ýalyda welin bar zatdan habarly.
– Meň özbaşdak dümtünip oturmagy halaýanymy sen bilýäň-ä. Bolýa bu hiç, sen şuňa bir göz aýla, ýönekeýrägem bolsa...

Terezi

Ajap hususy tikinçilik kärhanalarynyň birinde tikinçi bolup işleýärdi. Gyz-gelinleriň üýşen ýeri, başagaýlyk; buýurmalary, tabşyryklary wagtynda ýetişdirmek... Umuman günüň nähili geçýäni bildirmeýän adaty bir durmuş.
Ol özüni özara gürrüň etmekden köplenç diýen ýaly daşda saklasa-da, käte bu başartmaýar. Işiniň köplügini we ýene-ýeneleri bahana etjek bolsa-da, sypdyrmaýanlar tapylyberýär arasynda. Köplenç Ajap bu gohlardyr gürrüňleri eşitmezlik üçin dolandyryjynyň duýduruş bermesine bakman, gulaklyk geýip aýdym diňlänini gowy görýärdi. Ýöne bu gezek edil beýle-hä bolmady. Gapdaljygyndaky işleýän iki sany aýal maşgalanyň gaty sesleri gulagyňa dyky dykanyňda hem saýgaryp boljakdy. Ajabyň bolsa bu wagt gulaklygy dakylgy däldi. Iň bir rahatlygyny pozýan ýeri-de, gürrüňleriň bellibir derejede özüne degişlidigini bilmegidi:
– Agyz diýýän-ä, şu käbir adamlar özlerine nämedirin öýdenoklarla gyz. Gabat gelýän-dä durmuşda köplenç welinim. Meselem, gaýnymyň aýaldoganlarynyň bir gyzy we oň adamsy ýogalan-da. Şonuň bir oguljygy bilen gyzjagazy bar. Bulara-da şol gaýnymyň aýaldogany we olaryň gelinleri seretdiler. Ullakanja bu wagta olar. Ulalansoň başlaýan eken bar mesele artyp galanlarda. Çagakalar-a demlerini başga ýerlerinden alýan ýalydyrlar welin... Indi bir gör olaň bolan bolşuny. Aý diňe olaram däl, başga-da köp-ä, taşlanan çagalaram, bilýäňmi?! Olar birhili ýaman başgaça alyp baran bolýalar özlerini. Tapawutly görünjek bolýan ýaly.
– Waý-eý, tapawudy bormy gyz. Tapawutly bolanda kime gerek gyz. Öz ene-atasy islemedik çagany galanlar näme etsin?! Atasy ýüzüne seretmedik gyz çagany, oglan çagany kim başyna ýapsyn. Ýa bolmasa enesi islemedik gyzy ýa oglany... Olar Hudaýa hem gerek däl ýaly ýaşap ýörler tüweleme. Menden-senden sag. Izzik-bizzikligine bolsa bakyp oturma. Geregi şodur. Ýetim, ýetim diýilse şolmukam öýdýärler. “Ýetimi ýetip ur, ýetip urmasaň tutup ur” diýip keýpine diýlenok bolmaly-da. “Wah şujagazyň ata-enesi ýok, biz bir gowja seredeli” diýip, hossarlary tarapyndan aýnadylan lälik, erniniň suwuny oňarmaýan izzikler. Her öňýeten, hatda it-guş kakyp geçse-de, jyňkyny çykarmaga hem gaýraty bolmadyk bigaýratlar. Çala bir daýawrak birini görseler, kibtini gysyp durandyrlar lellimler.
– Olara biziňki ýaly ene-ata duşmandyr. Hemme zat hem adamyň ýüregine görä bolýa-da, jora. Hudaýa şükür, ejemjan “owadanjam”, kakamjan “prinsesam” diýip ulaltdy. O pahyrjyklary bolsa öňünden çykan depdi.
– Waý-eý, goýsana jora. Şolara dözmezçilik etmesene. Nebsiň agyrara degjek birileri däl olar. Näme! Biz kynçylygy görmedikmi? Onça-munça kynçylyksyz adam we durmuş ýok. Olardan beterleri-de bar. Özleri lellim, lälik. Dogry, çagalygymyz gülýaly geçdi. Ejemjana, kakamjana sagbolsun aýdýan, kemimiz bolmady. Çagalykdaky ownuk-uşak izziklik hemmede-de bar. Ýöne olar gözüni çykarýalarla gyz. Birhili özlerine ünsi çekjek bolýalarmy nämemi...
– Aýtmasana jora. Işigaýdanlar ene-atasyndan çekip bilmedik ünsleriniň ýerini doljak bolýandyrlar-da elbetde. Bize diňe olara düşünmeklik, kömek etmeklik galýa.
– Hakyky gyz. Degme ýagşylyk bizden gitsin. Ýagşy adamlar bolany üçin şu dünýe saklanýandyr.
Gapdalda tikin maşynlarynyň işleýşine jogap berýän Mämmet aga, maşynlaryň birini ýaglap bolup bulara goşuldy:
– Gaýrat ediň gyzlar, püre-pür bolan ünsüňizden şeýdipjik olara-da berip duruň arasynda, gürrüň edipjik. Ol “lellimleriň ýükünem” siz göterşiň. Öz “ýüküňiz” hem agyr eken welin, gaýrat ediň-dä, dünýe siz üçin saklanýar ahyry.
Munça gepiň agramyny hiç bir terezi ölçäp bilmez. Ony diňe boş gaplara gaplaýmak galýa. Degme boş duranyndan ýa saman duranyndan “ejizleriň ýüki” dursun, ýagşylyk etdigiňiz bor. Kireýne ulanyň ol boşap, tozan basyp ýatan ýerleriňizi. Sogap gazanarsyňyz...
...Şepe ýazgyny doly soňlaman şeýle diýdi:
– Gysgajyk eken öz-ä. Kemçilikler köp. Kemçiliksiz bolsa zat ýok, ýöne muň kemçiligini çykarmak hem maňa degişli däl. Näme üçin ünsüňi çekenini men bilýän öýdýän. Emma şahsy durmuşy bu ýere goşmaly. Senem bu pikirleriňi kelläňden ýuwaş-ýuwaş çykarsaň kem bolmazdy. Sebäbi, bilesigelijilik gursun. Bilip bolmaz, bizem adamdyrys-da, dilimize gep bolup düşüp oturmasyn birden, hökman köpçülikde gürlenilmände hem. Näme we ony nädip ýazsa şeýdip ýazsyn. Esasy onuň ýazgysyna seretmek gerek we hatda bu hem biziň işimiz däl, eger ol bize buýrulmadyk bolsa. Ýöne bir zady welin anyk aýdyp biljek. Bu hem bir usul. Ol bulary ýazmak bilen öz-özünden ar alýar.

Anna DARAKDIŞ
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 72 | Добавил: Darakdiş | Теги: Anna Darakdiş | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 2
1
2 mango   [Mowzuga geç]
hekaýadaky hekaýa pikiri gyzykly.
ýöne, "terezini" terezä salsak....
birhili ýeňil geljek ýaly....
darakdişi darakdiş bilen deňeşdirip, buýa bolmyýa diýýän...
ýöne, hekaýadaky hekaýa pikiri gyzykly.
goýlan üç ýyzzylyň birini aýyrdym (höweslendirmek üçin).

1
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
"We" gepleşikde ulanylsa oňlamok. Awtor ýörite eden bolsa bilmedim ýöne...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]