12:49
Şahsyýetler: Togrul beg
TOGRUL BEG

Togrul Beg Seljukly Döwletiniň düýbüni tutan adamdyr. Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan Seljuk Begiň agtygy bolup, atasynyň (kakasynyň) ady Mikaildir. Takmynan, 993-nji ýylda dünýä indi. Atasy gazawatda şehit düşensoň, babasy Seljuk Begiň ýanynda ulalyp ese-bol geldi. Çagalyk ýyllary Jentde geçdi. Maşgalada oňa aýratyn üns berilýärdi. Maşgalasynda dini we milli terbiýe alyp, ýarag ulanmagyň tärlerini gowy öwrendi. Daňdaňakan  söweşinde ýeňiş gazandy. Seljukly Döwletiniň düýbüni tutup, ilkinji soltany boldy. Abbasy Halyfyny Büweýhiniň zulmundan halas etdi. 1063-nji ýylda dünýäden ötdi.
Babasy Seljuk Beg o dünýä göç edenden soňra, Togrul Begiň agasy Arslan Ýabgu Seljuklynyň maşgalabaşy bolupdy. Hemmesi bilelikde Buhara töwýereklerine ýerleşdiler. Togrul Beg Zagry Beg, Günbatar Garahan topraklarynda höküm ýöredýän Ilig Nasyryň çozuşlary sebäpli, Garahanly hökümdary Bugra hanyň ýurduna gitdiler. Togrul Beg Garahanlylar ýurdunda ele düşdi, ýöne Zagry Beg Bugra hany ýeňenden soňra alnan ýesirler bilen alyş-çalyş edildi. Gaýtadan Maweraünnehre dolanyp geldiler. Arslan Ýabgu tutulandan soňra, Seljukly maşgalasy Togrul we Zagry Begiň töwereginde jem boldular. Iki dogan bilelikde häkimiýet sistemasy boýunça Seljukly maşgalasynyň lideri boldular. Garahanly aly Tigin olary ykrar etmänligi üçin, iki liderlik sistemanyň deregni agalary Musany Ýabgulyga belläp, üçli häkimiet esasyny kabul etdiler. 1034-nji ýylyň güýzünde Gaznalylaryň soýuzdaşy Oguzlardan bolan Mälik Şa, Seljuklylaryň üstüne duýdansyz ýagdaýda çozuş edenligi sebäpli güýçden gaçan hem bolsalar, özlerini tiz dürsediler. Togrul Beg on müň adamlyk goşuny bilen Gaznalylara degişli Horasany ele geçirdi. 1035-nji ýylyň iýun  aýynda Nusaeda Gaznaly goşunyny ýeňlişe sezewar etdi. Gaznalylar bilen şertnama baglaşyp, Nusaýy, Fýerewäni we Dehistany ele geçirdi. Gaznaly Mesut Togrul Beg Nusaýda baglaşylan şertnama esasynda Gaznalylara tabyn federal döwlet guran hem bolsa muny resmi taýdan yglan etmedi.
Togrul Beg we Seljukly dinastiýasyna degişli beýleki asylzadalar ýer-ýurt edinenlerinden soňra, beýleki Oguz tiredir-taýpalarynyň kethudalary hem  olara gelip goşuldylar. Togrul Beg has güýçlenip ilaty hem artanlygy üçin Gaznaly Mesuda öňki üç şäheriň darlyk edýänligi beýan edip, 1037-nji ýylda Maryny, Saragty, Bawerdi hem isledi. Bu şäherleriň muzdy hökmünde Gaznalylara hakyna tutma esgerler berjekdigine we Horasanda asudalygy ýola goýjakdygyna söz berdi. Gaznalylar bu teklibi kabul etmediler. Togrul Beg kiçiräk çozuşlar edip ugrady. Seljuklylar, Zagry Begiň baştutanlygyndaky çozuşlar bilen Gürjany, Tulekany we Ferýapdan Reýe çenli birlaý darap çykdylar. Seljukly çozuşlarynyň öňüni almak niýeti bilen Gaznaly Mesudyň iberen goşuny, 1038-nji ýylda Saragt ýakynlarynda ýeňlişe sezewar boldy. Ýeňişden soň maslahat üçin geçirlen mejlisde Togrul Beg hökümdar diýlip yglan edildi. Bu kararyň alnan wagty bolan 1038-nji ýyl, Seljukly Döwletiniň gurlan ýyly hökmünde kabul edilýär. Togrul Beg Nişapurda täze döwletiniň işini ýöredip ugrady. Zagry Beg bolsa Mälikler Mäligi diýen at bilen Maryda, harby hýereketleri dolandyryp, goşuna ýolbaşçylyk etdi.
Togrul Begiň Nişapurda garaşsyzlygyny yglan etmegi Gaznada hoş duýgular oýarmady. Zagry Beg 1039-njy ýylda Gaznalylar bilen iki söweşi-de elden giderdi. Togrul Beg dinastiýasynyň beýleki atly adamlary bilen bilelikde, Soltan Gaznaly mesudyň tertipli goşunyna garşy gerilla taktikasyny ulanmak bilen olary güýçden gaçyrdy. Gaznaly Mesut ylalaşyk teklip etdi. Togrul Beg, Gaznalylaryň dürli pirimler bilen Seljuklylary Horasandan çykaraýmaklarynyň ähtimallygyny gözöňünde tutup, wagt utmak we doly taýyn ýagdaýa gelmek üçin çöle çekildi. Seljuklylar, Soltan Mesudyň 1040-njy ýylyň baharynda Tusa we Saragta garşy ýörişe ugranlygyny eşidip, Togrul Begden herekete geçmegini towakga etdiler. Togrul Beg şo ýylyň maý aýynda çölden çykyp, Saragta Gaznaly goşunynyň garşysyna çykdy. Gaznalylar azyk-suwlary gutaranlygy sebäpli Mara tarap hereket etdiler. Togrul Begiň serkerdeligindäki Seljuklylar iki tarapdan çozuşlar gurap olary tapdan düşürdi we 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda Daňdaňakan galasynyň öňünde bolup geçen söweşde derbi-dagyn etdiler. Ýeňişden soňra gurultaý geçirilip, döwletiň düýpli strategik esaslary belli edilip, planlar işlenip düzüldi. Togrul Beg Horasan emiri diýlip yglan edildi. Bagdatdaky Abbasy halyfyna wepadar galýanlygy we hormat goýýanlygy baradaky hat iberildi.
Zagry Begiň ölümine çenli bilelikde dolandyryş sistemasyna görä hereket edilen bolsa, döwleti dolandyrmak hukugy, hökümdarlyk; Seljuklylary maddy taýdan güýçlendiren we ruhy taýdan-da halyfdan, alymlardan we tasawwuf ählinden goldaw görýän Togrul Bege degişlidi. Raýatynyň ýaşaýyş derejesini mese-mälim ýokary galdyryp, goşuny belli bir sistema esasynda nyzama sokan Togrul Beg, beýik tasawwuf alymy Ebu Said Ebul-Haýryň patasyny alyp, soltanlygyny tassyk etdirdi. Weziri Ebu Mensur Werkany hem Ebu Said Ebul-Haýryň halyfydy. Togrul Beg, Bagdatdaky Abbasy halyfy el-Kaime, 1040-njy ýylda-ha Daňdaňakan ýeňşi, 1043-nji ýylda bolsa döwlet merkezini Reýe geçirenligi mynasybetli wepaly bolup galýanlygyny habar beripdi. Togrul begiň Abbasy halyfy bilen gowy aragatnaşyk saklamagy, Ähli sünnet musulmanlarynyň arasynda uly abraý gazanmagyna sebäp boldy. Halyf beýik yslam alymy, "el-Ahkam-üs-Soltaniýýe" eseriniň awtory Mawerdini Togrul begiň ýanyna iberdi. Togrul beg hutbäni Abbasy halyfynyň adyna okatmak bilen onuň nädogry ynançdaky Büweýhilýere garşy kömek sorap eden talabyny hem kabul etdi.
Halyfa iberen haty onuň açyk ýürekligini we arassa ynanjyny görkezýärdi. Halyfa hyzmat etmek mertebesine gowuşdy. Haç ýollaryny Bewedileriň hüjümlerinden gorap gezdi. Seljukly dinastiýasy bilen Abbasylaryň arasynda gyz alyp-bermeler ýüze çykyp ugrady, garyndaşlyk açyldy. Togrul beg 1062-nji ýylda ullakan toý tutup halyfyň gyzyna öýlendi. Bagdatdaky şaýy-Büweýhilýere we ýalňyş ýoldaky Fatymylara garşy göreş alyp barmak bilen, bu ýerde-de Seljukly häkimýetini berkarar etdi. Büweýhi hökümdaryny öldürmek bilen, Bagdady we sünni älemini uly gyrgynçylyklardan we weýrançylyklardan gorady. Günbatardaky Wizantiýa topraklaryna ýörişler gurady. Malazgirdi almak maksady bilen Erzurum-Hasangala gelen hem bolsa gyşyň golaýlanlygy sebäpli gabawy bes etdi.
Togrul Beg yzygiderli göreş alyp baran ýyllary içinde ägirt uly işler bitirdi. Dünýäniň iň uly döwletlýerinden birini gurup, Türk-Yslam älemine kän hyzmatlar berdi. Çäkleri Maweraünnehrden Anadola, Yrakdan Azerbaýjan we Kawkazlara çenli uzalyp gidýän ýurtda asudalygy, hukugy berkarar etdi we ençe döwletlere häkimýetini kabul etdirdi. Oba hojalyk we söwda pudaklarynda amala aşyran işleri netijesinde ykdysady ýagdaý özgerip, durmuş şertleri dura-bara gowulaşdy. Güýçli esaslar boýunça gurlan döwlet gurluşy diýseň ajaýypdy. Bu gurluş şol döwürlerde we soň-soňlar gurlan Türk we Yslam döwletlerine nusga boldy. Togrul Beg ýigrimi bäş ýyllyk adalatly, ýagşylyk we gazawatlar bilen geçen hökümdarlykdan soňra nähoşlady. 1063-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Reýiň golaýlarynda ýetmiş ýaşlarynda o dünýä göç etdi. Reýdäki gubur-mawzoleýinde topraga berildi.
Togrul Beg; buýsançly, sahy, mert, päk göwünli, ýagşy gylykly, ýumşak kalply hökümdardy. Köşgüniň gapysyndan umydygär bolup gelenlerden yzyna eli boş gaýdýan adam ýokdy. Hoşniýetli, geçirimli we örän merhemetli ajaýyp musulmandy. Bäş wagt namazyny jemagat bilen okamaga aýratyn üns berýärdi. Ýanyna mesjit galdyrman, özi üçin köşk gurdurmajakdygyny aýdypdy. Aýdyşy ýaly, Bagdatdaky köşgüniň ýanyndan mesjit, öýler we hammam gurdurypdy. Bu ýer Medineýi Togrul beg ady bilen tanalýar. Şeýle häsiýetleri bilen Togrul Beg, halkyň we goşunyň söýgüli we wepaly hökümdarydy.

ALAEDDIN MUHAMMET TEKEŞ

Horezmşalar döwletiniň ýedinji hökümdary. Ady Muhammet bolup, altynjy Horezmşa hökümdary Alaüddin Tekeşiň ogludyr. Enesi Türkan hatynyň doglan ýeri we wagty barada çeşmelerde anyk maglumatlar ýok. Horezmşa hökümdary bolynça Kutbüddin, hökümdar bolandan soňra Alaüddin lakamlary ýörgünli boldy. Atasy 1200-nji ýylda (h. 596) aradan çykandan soňra Horezmşa hökümdary boldy. Soltanlyk ýyllarynda Gurlular bilen, Garahytablar bilen we Bagdatdaky Abbasy halyfy bilen göreş etdi. Zalym we ganhor Mongol hökümdary Çingiz Han Horezm diýaryny basyp alyp talaýan wagty, Alaüddin Muhammed bin Tekiş Mongollardan gaçyp, Yrakdaky ogly Rüknüddiniň ýanyna gitdi. Mazenderanyň üsti bilen Abiskundany kiçiräk adalaryň birine baryp ýerleşdi. 1220-nji ýylda (H. 617) gaýgy-hesretden keselläp öldi.
Alaüddin Muhammed çagalygyndan düýpli maşgalanyň terbiýesini alyp kemala geldi. Atasy aýatda dirikä, Horasanyň häkimligini ýöretdi. Atasy Alaüddin Tekeşiň buýrugy bilen, ullakan goşun toplap, nädogry ýoldaky batynylaryň ýaşaýan Törşiz galasyny gabawa aldy. Edil şo halat atasynyň ölüm habary geldi; halys çykalga tapman ylalaşyk teklip eden batynylar ýüz müň dinar tölemäge boýun bolanlaryndan soňra olar bilen parahatçylyk şertnamasy baglaşyp, Horezme gaýdyp geldi. 1200-nji ýylda (H. 596) Horezmşa döwletiniň tagtyna geçdi. Kutbüddin lakamyny Alaüddine çalyşdy. Dogany Tajüddin Aly Şany Horasanyň häkimligine belläp, Nişapura iberdi.
Alaüddin Tekeşiň ölüminden soňra Yraklylar gozgalaň turzup birgiden horezmlileri öldürdiler we dinastiýa degişli käbir adamlary Alaüddin Muhammede garşy öjükdirdiler. Alaüddin Muhammed bular bilen birsalym meşgullanansoň, özüniň garşydaşlaryna meçew berýän we olary üstüne küşgürýän Gurly hökümdary Gyýasüddin bilen göreşip ugrady. Gurly hökümdary Gyýasüddin Horezmiň täze hökümdarynyň, üstüne iberer ýaly ýeterlik güýji ýokdur öýdüp Hindistana ýörişe giden dogany Şihabüddine çakylyk iberdi. Beýleki tarapdan-da Horasany ele geçirmek üçin söweşe taýýarlyk görüp ugrady. Güýçli goşun iberip Maryny gabawa aldy we ele geçirdi. Saragty, Nusaýy, Ebiwerdi, Tusy we Nişapury hem zabt edip aldy. Şo halat Nişapurda bolan horasan häkimi Tajüddin Aly Şa ýesir alnyp, Gura, Soltan Gyýasüddiniň huzuryna iberildi. Soltan Gyýasüddiniň dogany Şihabüddin tä Kuhystana çenli süýşüp, batynylara degişli käbir ýerleri haraba öwürdi. Alaüddin Muhammed bin Tekeş Yragyň we Horasanyň elden gidenine gynanyp, 1201-nji ýylda (H. 597) Gurly hökümdary Gyýasüddine hat ýazmak bilen, Horasanyň gaýtarylyp berilmegini talap etdi. Eger, gaýtaryp bermese, gerek bolsa Garahytaýlaryň hem kömegini alyp, zoruň güýji bilen aljakdygyny duýdurdy. Gurly hökümdary edil onuň ýaly gazaply jogap bermese hem, talaby kabul etmedi. Bir topar bahanalar tapyp ony güýmemäge çalyşdy. Alaüddin 1201-nji ýylyň (H. 598) ýazynda goşuny bilen Horasana tarap hereket etdi. Nişapury gabap yzyna aldy. Horasanyň ikinji merkezi bolan Maryny uruşsyz-zatsyz ele geçirdi. Saragty hem gabawa alan hem bolsa, gyşyň gelenligi, we şol zerarly açlykdan we odundan gysylandyklary üçin, guşatmada goşunyň bir bölegini goýdy-da, özi Horezme dolandy. Horezm goşuny uzaga çeken gabawdan soňra Saragty ele geçirdi. Şol sebäpli Nusaý we Ebiwert halky hem Horezmşalaryň raýatyna geçdi. Soltan Alaüddin Muhammed bin Tekiş 1202-nji ýylyň baharynda (H. 599) ägirt uly goşun bilen Hyrat sary ýola düşdi we ony gabawa aldy. Emma, Gurlularyň diýseň tertipli we san taýdan agdyk bolan goşunyna duçar bolup, gabawy zordan kyrk gün dowam etdirdi. Ahyrsoň Mara tarap yza çekilmäge mejbur boldy we Horezme gaýdyp geldi. Şihabüddin Guri goşuny bilen Tusa ýetip geldi. Maryny we Ebiwerdi basyp aldy. Nije Horezmlileriň janyna kast etdi. Şol halat dogany Gyýasüddiniň ölüm habaryny eşidip Hyrada dolanyp bardy Aslynda Alaüddin Muhammed ikinji Horasan ýörişine çykmagy ýüregine düwüp otyrdy. Gurly hökümdary Gyýasüddiniň ölümi ony tijendirdi. Öňden iberlen toparlar Maryny gabap ele geçirdiler. Soltan Alaüddin Muhammed güýçli goşun taýýarlap, 1202-nji ýylyň gyşynda (h. 601), Gurlylaryň Horasan ýolunyň ugrundaky iň ähmiýetli merkezi bolan Hyrady gabawa aldy. Apreliň ahyrlaryna çenli dowam eden gabawyň soňunda, Hyradyň baş serkerdesi Alp Gazynyň boýun egmegi we parahatçylyk teklibi netijesinde şäher alyndy we ylalaşyga gelindi. Alaüddini Muhammed goşuny bilen Mara tarap hereket etdi. Şihabüddin Guri, Alaüddin Muhammed bin Tekişiň Hyrady alanlygyny eşiden badyna Alaüddin Muhammede gahar-gazap bilen hat ýazyp, yza çekilmegini talap etdi. Talaby kabul edilmänsoň, Horezme baka goşuny bilen hereket etdi. Alaüddin Muhammed 1205-nji ýylyň güýzünde (H. 602) Marydan çykyp çaltlyk bilen dogduk ýurdy Horezmi goramak üçin ýola düşdi. Iki goşun Amyderýanyň Garasuw goşandynyň boýunda pete-pet geldiler. Iki tarapda-da uly ýitgiler boldy. Horezm goşuny ýeňildi. Şihabüddin Guri, güýçli garşylyklara we geçirilen çärelere garamazdan, Horezmiň paýtagty Gürgenji gabawa aldy. Gürgenjiň ýedi ýaşaryndan etmiş ýaşaryna çenli bary aýaga galyp, goranyş üçin taýýarlyk görüp ugradylar. Şol wagt Alaüddin Muhammed az sanly goşun bilen şähere geldi. Soltan Alaüddin Muhammed şäheri goramak üçin dürli çäreler görüp ýörkä, Garahytaýlardan kömek sorapdy. Taýangunyň baştutanlygyndaky Garahytaýlar, Samarkandyň hökümdary Soltan Osman we güýçleri bilen kömege ýetişdiler. Şihabüddin Guri ýagdaýyň oň däldigini duýup, gije agyrrak ýükleri ýakdyryp, goşunyna yza çekilmeli diýip buýruk berdi. Soltan Alaüddin Muhammed Gurlylary Hezaresbe çenli yzarlady. Şo taýda Gurlylar garşylyk görkezmäge synanyşan hem bolsalar derbi-dagyn edildiler we birentek serkerdeleri ýesir alyndy. Ymykly zarba urlansoň, Gurly goşuny çöl ýoluna tutdurdy. Garahytaýlar goşuny olaryň söbügine düşdi. Soltan Alaüddin Muhammed bolsa Gürgenje dolanyp bardy.
Bu çaknyşyklar netijesinde, Hyratdan başga Horasan durşy bilen gaýtadan Horezmşalaryň eline geçdi. Kän wagt geçmänkä Gurly emir Täjüddin Zeňňi, Soltan Alaüddin Muhammede garşy herekete geçdi. Soltan Alaüddin Muhammediň iberen goşuny tarapyndan ýeňlişe sezewar edilen Emir Zeňňi hem on ýarany bilen bilelikde ýesir edilip Horezme iberildi. Gozgalaňçylar jezalandyrylyp öldürildiler. Şo mahallar, Gurly soltany Şihabüddin ölüp, onuň ýerine ogly Mahmyt geçipdi. Emma, onuň nalajedeýinligi we gowuşgynsyzlygy zerarly, Gurly ýurdunyň dürli ýerlýerinde özbaşdak hereket edýän emirlerdir-häkimler peýda boldy. Hyradyň häkimi Izzüddin Hüseýin bin Harmil Horezmşa döwletine geçmek isleýärdi. Gurly hökümdary Soltan Mahmytdan soltanlyk haty gelmezden öň, Soltan Alaüddin Muhammediň ýanyna ilçi iberip, onuň raýatyna geçmek isleýändigini ýaňzytdy. Hyrada eýe çykar ýaly ilçi ibermegini towakga etdi. Soltan alaüddin Muhammed Horasan goşunyna Hyrada gitmeli diýip buýruk berdi. Horasan goşuny gidip Hyrady kabul edip aldy we ony Horezmşa döwletine goşdy. Has soňurrak Alaüddin Muhammed goşun ýygyp Balha hüjüm etdi, güýçli gaýtargy berlenligine garamazdan şäheri ele geçirdi. 1206-njy ýylyň dekabrynda (H. 603) Hyrada bardy. Baran ýerlerindäki halaýyk we kethudalar ony gowy garşy aldylar. Tirmiz şäherini boýun egdirip, ony Samarkant soltanynyň üsti bilen Garahytaýlara berdi. Hyrat we töwýerekleriniň dolandyryjylyk işini Hüseýin bin Harmile tabşyryp, 1207-nji ýylda (H. 604) Horezme dolanyp bardy.
Bu wagtyň içinde Aly Şanyň baştutanlygyndaky Horezm güýçleri Mazenderan regionynda ýerleşýän Jürjany, Bistamy, Damegany alyp, Rudbara çenli baryp etdiler. Ykjam goralýan Kura galasyny hasaba almasaň, bütin Mazenderan Horezmşalaryň häkimýetine girdi. Alaüddin Muhammed bin Tekiş, Horasany, Hyrady we Mazenderany özüne birleşdirenden soňra, Garahanlylary häkimýetinde saklaýan musulman däl Garahytaýlary boýun etmek barada oýlanýardy.
Maweraünnehrde ýaşaýan Garahytaýlaryň soltany, galkan täjiriniň ogly Sanjardy. Onuň sütemlerinden we rehimsizliginden bizar-peteňi çykan halk, Alaüddin Muhammed Horezmşaga ýüz tutup bu zulmuň soňuna çykmagyny haýyş etdiler. Alaüddin Muhammed Horezmşa bu içki dawa-jenjellerden peýdalanmagy ýüregne düwüp, 1207-nji ýylda (H. 604) Maweraünnehre ýörişe çykdy. Şäher kethudalarynyň kömegi bilen Buharany ele geçirdi. Mälik Sanjary tutduryp, Horezme ýollady. Garahytaýlara duşmançylyk edýän Garahanly Samarkant Soltany Osman, Alaüddin Muhammed Horezmşaga boýun bolýandygyny duýdurdy we soltanyň adyna hutbe okadyp, pul çykartdy. Hatda, musulman bolmadyk Garahytaýlary Yslam diýaryndan daşlaşdyrmak üçin bilelikde hereket etmek barada ylalaşyga gelindi. Alaüddin Muhammed ýenesi Türkan Hatynyň garyndaşlaryndan Emir Burtanany soltanlyk wekili hökmünde Samarkant soltany Osmanyň ýanynda goýandan we Garahytaýlara garşy birlikde taýýarlyk görmelidigi barada tabşyryk berenden soňra Samarkantdan çykdy.
Alaüddin Muhammed bin Tekeş gidenden soňra, Garahytaýlar gara çynlaryny edip söweşe taýýarlyk görüp ugradylar. Horezm goşunyndan käbir adamlary öz taraplaryna çekjek bolup synanşdylar. Soltanyň Samarkantdaky wekili Burtana al salmagy başardylar. Garahytablar we Horezmliler ýüzbe-ýüz bolanynda Emir Burtana, Alaüddin Muhammeden aýrylyp, Garahytaýlaryň tarapyna geçdi. Horezm goşuny ruhdan düşdi, Garahytablaryň öňünde kyn ýagdaýa galdy. Güýçli gaýtawul berendiklerine garamazdan, ganly çaknyşyklar netijesinde beňlişe sezewar boldular. Soltan Alaüddin Muhammed esgerlerinden aýrylyp, duşmanyň içinde galdy. Uruş meýdanyny taşlap gaçanlar bolsa topbak-topbak bolup Horezme gabdyp bardylar. Goşun bölek-bölek bolup Horezme dolanyp ugransoň, soltanyň ölenligi ýa-da ýesir düşenligi we uly ýitgiler çekenligi barada ýyldyrym çaltlygynda myş-myşlar ýaýrady. Şol habar zerarly ýurduň käbir ýerlerinde soltana garşy gozgalaň we baş-başdaklyk ýüze çykdy. Emma, Soltan Alaüddin Muhammed kän wagt geçmänkä ýurduna gaýdyp geldi, gozgalaňlary basyp ýatyryp, günäkärlere pugta temmi berdi.
Soltan Alaüddin Muhammediň Maweraünnehrde ýeňlenliginden peýdalanyp, Garahytaýlar gaýtadan Soltana zor salyp ugradylar. Samarkant we Buhara ýene-de Garahytaýlaryň häkimýetine girdi. Garahytaýlar Alaüddin Muhammede agry salgyt saldylar. Şol günlerde Horezmiň gündogar serhedi bolup durýan Jentde pitne başlanlygy zerarly Garahytaýlaryň salgydyny tölemegi kabul etmäge mejbur bolan Alaüddin Muhammed, goşunyny taýýarlap Jende tarap hereket etdi. Gysga wagtyň içinde Jentdäki gozgalaňy basyp ýatyryp, Horezme gaýdyp geldi. Gabtadan Garahytaýlara garşy söweşe taýýarlyk görüp ugrady. Öňi bilen Samarkandyň Garahanly soltany Osmana we tas her bir şähere diýen ýaly gizlin ilçi iberip, ençe wadalar berip olar bilen dil birikdirmäge çalyşdy. Horezmlileri ýeňenden soňra Garahytaýlaryň Maweraünnehre kän sütem edenligi zerarly Soltan Osman hem, beýleki şäherdir-galalaryň baştutanlary hem Soltan Alaüddin Muhammediň teklibini hoşallyk bilen kabul etdiler. Edil şo mahalam, Garahytablar Imperatorynyň iberen ilçisiniň biedeplik edip, Horezmiň tagtyna oturmagy därili çelege ot düşen ýaly etdi. Soltan Alaüddin Muhammed ilçiniň beýle bihaýalygyna çydam edip bilmän, ilçileri öldürtdi. Garahytaýlar Imperatory Gürhagan muny eşiden dessine serkerdesi Taýangunyň baştutanlygyndaky goşuny Horezmiň üstüne iberdi. Irräkden bäri bu duşuşyga garaşyp ýören Alaüddin Muhammed hem, goşuny süýşüp ugrady. Zalym we iman bilen mertebelenmek bagtyndan mahrum Garahytaýlar bilen Soltanyň goşuny, 1210-njy ýylyň (H. 607) güýçünde Andijanyň töwereklerindäki Ylamyş sährasynda garşylaşdylar. Musulman esgerler, musulman wagyzçylaryň kapyra garşy jihad etmegiň (göreşmegiň) fazileti we şehitligiň ähmiýeti baradaky hutbeleri bilen göwünleri galkynyp, Allahü Ekber sedalary bilen Garahytaýlaryň üstüne hüjüme geçdiler. Gazaply çaknyşyklar netijesinde Garahytaýlar agyr ýitgiler berip, it masgarasy bolup ýeňildiler. Atly serkerdeleriniň köpüsi öldürildi. Baş serkerde tutulyp, Soltanyň öňünde sömelmeli boldy. Paýhynlanan we bölünen Garahytaýlar ýol ugurdaky ähli zady ýakyp-talap yza çekildiler. Garahytaýlaryň goşun serkerdesi Taýangu Gürgençde öldürildi.
Alaüddin Muhammed ömrüniň iň ajaýyp üstünliklerinden biri bolan bu ýeňşinden peýdalanmagy başardy we Samarkantdyr-Buharany, ýagny Maweraünnehri gaýtadan ýurdunyň içine goşdy. Şäherdir-galalara Horezmli häkimleri baş edip belledi. Otraryň mäligi-de gelip boýun egýänligini mälim etdi. Ýyllarboýy imansyz Garahytaý dolandyryjylaryň horluklaryndan irigenerli halk hem, Soltan Alaüddin Muhammediň raýatyna girmekden bagtyýarlyk duýýandyklaryny aýdyp, hoşallyk bildirdiler. Soltan Allaüddin Muhammed geljekki giýewi, Samarkant soltany Osman bilen Horezme gaýdyp geldi. Ýeňişden soňra Soltanyň abraýy halkyň içinde şeýle bir göterildi welin, oňa Ikinji Isgender diýip ugradylar.
Soltan Alaüddin Muhammed bilen Horezme gelenden soňra kän wagt geçmän Samarkant Soltany Osman Alaüddin Muhammediň gyzy Hansoltana öýlendi. Bu wagtyň içinde Garahytaýlar özlerini dürsediler we Soltan Osmanyň ýoklugyndan peýdalanyp, Samarkandy gabadylar. Emma, Soltan Alaüddin Muhammediň goşunynyň eýýäm ýola düşenligini eşidip yza çekildiler. Soltan Osman Samarkanda gelenden soňra ýagdaý düýpgöter özgerdi. Ol Horezmşalaryň raýatyndan çykyp Garahytaýlar bilen birleşenini gowy gördi. Soltan Osman Garahytaýlaryň hökümdary Gürhana Samarkanda çagyryp çakylyk ýollan mahaly, eýýäm Horezmlileriň tas hemmesi onuň buýrugy boýunça öldürilipdi. Horezmşanyň gyzy bolan aýaly Hansoltany hemmäniň gözüniň öňünde beýleki aýaly Garahytaý şazadasyna hyzmat etdirdi. Hatda ony öldürtjek bolup hem synanyşypdy, ýöne Hansoltan galada gizlenip janyny halas edipdi. Bu wakalar gulagyna ýetenden soňra Soltan Alaüddin Muhammed 1212-nji ýylda (H. 609) goşun taýýarlap, Samarkanda tarap ýörişe ugrady. Gapylar mäkäm petiklenen şäher ýene ele geçirildi. Soltan Osman bir eline gylyç, bir eline kepen alyp Soltanyň huzuryna geldi. Etmişine ökünýändigini aeüýdyp ötünç sorady. Emma Soltanyň esgýüerleri entegem şäheriň galan bölegini basyp almak bilen ber-başagaý bolup ýördüler. Seýitleriň, ymamlaryň we ulamalaryň şepagaty we töwellalary gandöküşiklik bes edildi. Soltan Osman bolsa şo gije aýaly Hansoltanyň islegi boýunça öldürildi. Garahanly soltany Osmanyň beýleki doganlarynyň we garyndaşlarynyň öldürilmegi bilen Garahanlylar nesli tükendi.
Soltan Alaüddin Muhammed şol wakadan soňra haýal etmän Türküstan we Fergana emirlerine ilçiler gönderilip, özüne tabyn bolmaklaryny talap etdi.
Soltan Alaüddin Muhammediň abraýynyň barha artýanlygyny görüp, Gazna we halky-da 1215-nji ýylda (H. 612) Horezmşanyň häkimýetine girdi. Alaüddin Muhammed Kirmany, Sijistany we Umman deňzine çenli baryp ýetýän ägirt uly territoriýany hem öz sostawyna goşandan soňra, özüniň gündogardalygyndan peýdalanmakçy bolan Yrakdaky käbir topalaňçylary sem etmek üçin ýüz müň adamlyk goşuny bilen Yragyň üstüne ýöriş etdi. Öňürti Azerbaýjany özüne tabyn etdi. Yzýanyndan Yragyň Ajem diýen ýerini alyp, ogly Rüknüddini başyna goýdy. Eýrany boýun egdirenden soňra, yslam dünýäsinde onuň bilen bäsleşip biläýjek hökümdar tapylmady. Alaüddin Muhammed güýjüne aşa buýsanyp, Bagdatdaky halyf Lidinillahy hem golastyna almagyň kül-külüne düşdi. Isleglerini kabul etdirmek üçin Bagdada ilçi iberdi. Halyf ony ýaman pälinden gaýtarmak üçin beýik türkmen alymy Şihabüddin Sühreberdini Horezme ýollady. Emma duşyşyk oňyn netije bermedi; halyf bilen soltanyň arasyna tow düşdi. Halyfyň käbir hereketlýeriniň nädogrydygyny, onuň ýaly adamyň halyf bolup bilmejekdigini, halyflygyň Hezreti Alynyň öwlatlaryna degişlidigini öňe sürdi. 1218-nji ýylda (H. 615) hutbelerde Nasyr Lidinillahyň adynyň okalmagy bes edildim, onuň ýerine seýitlýerden Seýit Ala Tirmiziniň halyf bolanlygy barada jar çekdirildi. Bu babatda nije alymlaryň we öwlüýäleriň garşysyna gidip, olaryň göwnüne degdi. Hatda Şyh Nejmüddini Kübranyň (K.Sirruh) talyplaryndan Mejdüddini Bagdadyny öldürtdi. Soň-soňlar eden işine ökünen hem bolsa, eýýäm iş-işden geçipdi.
Tekepbir we höçjet hökümdar Alaüddin Muhammed, halyfyň ylalaşyk gazanmak üçin eden ähli synanyşyklaryna garamazdan, oňa duşmançylyk etmekden el çekmedi, baran ýerinde onuň garşysyna çykdy. Bu bolsa ençeme alymlaryň we öwlüýäleriň göwnüniň galmagyna sebäp boldy. Şol sebäpli Alaüddin Muhammed käbir ýeňlişlere we belalara uçrady. Yrakda mahaly ýurduň gündogarynda topalaňlar peýda boldy. Dyzmaçlygy we hiç kime gulak asmaýanlygy sebäpli döwlet adamlary we raýaty ony ýigrenip ugradylar. Içi nägileliklerden we baş-başdaklykdan ýaňa hyň berýän Horezm daşdan diýseň güçli görünýärdi.
Şol wagtlar gündogarda Çingiz Han Mongol Döwletini gurupdy. Çingiz Han töweregindäki döwletleri özüne tabyn edip barşyna Hytaýa çenli baryp ýetipdi. Onuň tüweleýläp gelişi Alaüddin Muhammede ýaramady, kaganyň güýji we söweş tilsimleri barada maglumat edinmek üçin ilçi iberdi. Çingiz Han hem öz gezeginde ilçiler toparyny ibermek bilen oňşukly ýaşamak we söwda gatnaşyklary açmak isleýänligini mälim etdi. Şeýlelikde, iki tarap üçinem bähbitli özara syýasy we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda şertnama baglaşyldy. Mongollaryň şertnama esasynda Horezme gelen söwda kreweni Otraryň häkimi Inaljuk tarapyndan içalylykda aýyplanyp tussag edildi. Zatlary döwletiň haýryna geçirlip, kerwendäki 500 töwýeregi adam öldürildi. çingiz Han bu ýagdaýy eşidip, Alaüddin Muhammede ilçi ibermek bilen häkim Inaljugyň tutulyp berilmegini we talaby kabul edilmänligi sebäpli ägirt uly goşun ýygnap, Maweraünnehre baka ýörişe ugrady. Soltan Alaüddin Muhammed haýal etmän harby mejlisi ýygnap, Mongollar bilen Maweraünnehrde söweşmeli diýen karara geldi. Goşuny uly şäherlere we galalara paýlap güýjüni böldi, özi bolsa parçalanan bölekleriň haýsydyr birine baştutanlyk etmäge gaýraty çatman Horasana gitdi. Diýseň taýýarlykly gelen Çingiz Han hem goşunyny böleklere bölüp, Maweraünnehriň mizemez galalaryny ýeke-ýekeden ele geçirdi. Gaýtawul beren şäherlerde hiç kime rehim etmediler. Horezm güýçleri gahrymançylykly söweşen hem bolsalar hiç zady-üýtgedip bilmediler. Kiçiräk şäherleri hasaba almanyňda-da Buhara, Samarkant, Otrar, Mary, Sygynak, Barçynlygkent, Jent, Benakent, Hojant ýaly şäherler hem Çingiz Han tarapyndan basylyp alyndy. Basybalyjylygyň dowamynda ýüz müňlerçe musulman şehit edildi. Şol wagtlar Balhda gezip ýören Alaüddin Muhammed Mongollaryň gözüne gündüşmek üçin Tusda ýaşaýan ogly Rüknüddiniň ýanyna gaçdy. Bütin Horezm ýurduny basyp alyp, ýüz müňlerçe musulmanlaryň ganyny döken Mongollaryň Reýiň etegine çenli gelip etmegi ony aljyraňňylyga saldy. Hatda, öz demi üçin howsala düşüp ugrady. Alaüddin Muhammed Döwletabat jelegaýlarynda bolan söweşde Mongollaryň elinden ölümiň öýünde gutuldy we Mazenderanyň üsti bilen Abiskundany kiçiräk ada baryp gizlendi. Kän wagt geçmänem 1220-nji ýylda (H.617) gaýgy-hasratdan aýňalyp bilmän dünýäden ötdi. Ölüminden sähel öňräk ýenesi Türkan Hatyn we maşgalasyndan ýene birnäçe adam Mongollara ýesir düşdi.
Ulumsy we keçjal häsiýetli Alaüddin Muhammed Horezm ýurdunyň serhetlerini giňeldip, musulman däl Garahytaýlara garşy göreş alyp baran hem bolsa, wagtal-wagtal nädogry hereketler edip Yslam-Türk birligini bozmaga synanyşyk etmek bilen bagyşlanmajak ýalňyşlar goýberdi. Musulmanlaryň ruhy lideri we Yslam birliginiň simwoly bolup durýan Abbasy halyfy Nasyr Lidinillaha garşy alyp baran göwün syndyryjy hereketleri netijesinde ençe alymlardyr-öwlüýäleriň arasynda nägilik we raýatynyň arasynda özüne garşy ýigrenç dörelmegine sebäp boldy. Has möhümrägi-de, Çingiz Han deý zalym we kapyr mongol hökümdary bilen biderek ýere söweşe girmegiň netijesinde, onuň Horezm ýurduny we ähli Yslam älemini talap, ýüz müňlerçe musulmanyň şehit bolmagyna sebäp bolmak bilen taryhyň agyr jogapkärçiligini egnine aldy.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 43 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Täç Işan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]