17:51
Geçi
GEÇI

Owlagyn möjege aldyran geçi
Tap getirip bilmän ýowuz täleýe;
Ak süýdüni ýaşyl düzlere seçip,
Gözledi perzendin eñräp, mäleýe.

Boýny jañly series başyn çekjegi
Gitdi, ýeke gezek daga ýaýraman.
Gaýgy-hasrat demir naldan ökjeli
Şahyna dag basdy,
Köñlüne arman.

Beýle hasrat kän bolupdy ozalam,
Çopan, süri üçin ilkinji däldi.
Ilkinji gam bolup gök, ot bozagan,
Bu gün janaweriñ ýadynda galdy.

Düşýäñ gama başa inen çagynda,
Öñler ýowuz däl ýalydy börüler.
Mäleýäni garaşmasa agylda,
Nämä gerek gaýdyp gelmek örüden?!

Eýsem, düze owlak bolup bökermi,
Gök asmandan ak bulutlañ tüýdümi;
Indi suwsuz guran kaka dökermi
Ol ýelnine sygman duran süýdüni?!

Ýok, yhlasy söýegidir täleýiñ,
Medet berer ejiz bolup doglana.
Sataşdyrar geçmez ýaly mäleýip,
Görden çykan süýde mätäç oglana.

Ilmät GURBANOW.

"Garagum" žurnaly, 1997 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Haweran | Теги: Ilmet Gurban | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 3
0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy eken. "Görogly eposyna prolog" diýen adynyň üýtgedilenine begendim. Şeýle at duran bolsa, eýýäm goşgyň başyndan Görogla duşar owlagyny ýitiren bolsa diýip pikir ederdim. O bolsa jemlemäniň täsirini gaçyrardy.

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Goşgyny öñ agzalaryñ biri "Görogly eposyna prolog" ady b.n saýtda paýlaşypdyram.
http://kitapcy.com/news/2019-10-31-8911
Žurnalda berlişi ýaly alyndy. Bilemok, awtoryñ özi üýtgedip berenem bolsa, ýa-da redaksiýa üýtgedip "Geçi" ady b.n çap edenem bolsa.

0
1 Atayew   [Mowzuga geç]
Eger hakydam meni aldamaýan bolsa, Ilmät Gurbanow bu goşgusyny geçen asyryň segseninji ýyllarynyň aýaklarynda, 20-21 ýaşlaryndaka ýazypdy we ilki "Türkmen uniwersiteti" soňra-da "Edebiýat we sungat" gazetinde çap bolupdy. Uniwersitetde geçirilýän edebiýat birleşmesinde ilkinji gezek okap berende sensasiýa döredipdi. Goşgynyň başky ady "Görogly eposyna prolog" bolmalydy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]