17:06
Türkmen tomsy
TÜRKMEN TOMSY

Gazetler gygyrýar: Amerikada
Yssy tas 40 gradusa ýetenmiş.
Nähili geñ waka!
Gurak meýdanlar
Endireşip, salgym atyp ýatanmyş.

Ynanýan - şeýledir
Ýöne men häzir
Başga bir ýagdaýa çekmekçi ünsi:
Kyrky däl-de, alkymlady ellini
Türkmeniñ yssysy, türkmeniñ tomsy.

Dogry, yssy - öz mähriban yssymyz,
Ýöne özünkinem sylanok, arman.
Öwürýär adamlañ enter-pelegin
Gündiz gönendirmän, gije ýatyrman.

Gawunyñ pazyly, tuduñ ýapragy
Göz öñünde gowrulyp dur, çürşüp dur.
Garagumda çägä gömen ýumurtgañ
Dem salymda otsuz-zatsyz bişip dur.

Howa eräp, gyzyl howa öwrülip
Tolkunlaýar ýakynda hem uzakda.
...Gazetlermiz bolsa bu hakda däl-de,
Ýazýar Amerikañ yssysy hakda.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1989.
Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Haweran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
-1
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
:)
"Dogry, yssy - öz mähriban yssymyz".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]