15:34
Añk bolan baba / hekaýa

AŇK BOLAN BABA

Raýon milisiýa bölüminiň naçalnigi Baba Babaýewiç Gurbanow bir hepdä çeken komandirowkadan soň, öýlänler edara geldi. Ol giň howlynyň içine ser salyp, derek agajynyň kölegesinde garnyny sypaşdyrdy. Soňra assa-assa ýöräp, kabinete girdi. Uludan dem aldy-da, ornunda oturdy. Ýüzünden akýan burçak-burçak derini süpürdi, ýaglygyň burçuny barmagyna dolap, ýemşik burnuny dyrmalady. Çalaran seýrek saçyny darady. Şol mahal hem ministrlikde bolan kollegiýany ýatlap:
«Tas boşadypdylar. Hernä aman sypdym» diýip, içini gepletdi. Elindäki galam bilen stoly tyrkyldatdy-da:
— Hemmesi şu orunbasarym Saparowyň işidir. Ol ýazyp bermedik bolsa, dokladymy diňlemezdiler — diýip, öz ýanyndan hüňürdedi.
Şol wagt gözi äýnekli, inçe burunly, saryýagyz, köse Bally—bölümiň sekretary gapyda peýda boldy. Ol kabinete boýnuny uzadyp, ýene yzyna dolandy.
— Pişik ýaly ýygrylyp durma-da, giriber! — diýip, Baba Babaýewiç onuň yzyndan gygyrdy.
Bally gapydan girenden elini uzadyp, Baba Babaýewiç bilen görüşmekçi boldy. Baba Babaýewiç ona ähmiýet bermän, ýüzüni kese-kese sowdy.
— Eri, näme täzelik bar?
Ballynyň eli ep-esli wagt howada gerlip galdy. Onuň Ýüzi boz-ýaz bolup, gahardan ýüregi gürsüldäp urdy. Ol dyňzap gelen gaharyny zordan ýuwdup gürledi.
— Ýoldaş maýor, täzelig-ä baram, ýogam. Näsaglygym heläkleýär. Neneň, özüňiz sag-aman geldiňizmi?
— Aý, maňa ne döw çalsyn. Hany, işler hakynda aýtsana!
— Işem-ä tapylyp dur. Ynha, syrkawlap şu gün aýaga galdym.
— Ýagşy, ýagşy...
— Onsoňam, siziň Aşgabada giden günüňiz kakam pahyr aradan çykdy—diýende, Ballynyň damagy dolup sözläp bilmedi.
— Hm... Öldi diýsene. Hawa, meselem, kim ölýär, kimem bolýar. Täk, täk. Kesel diýdiň, öldi diýdiň. Hiý, aýdara özge zat ýokmy?!—diýip, Baba Babaýewiç gahardy sözledi. «Ýatan ýeri ýagty bolsun» diýmegiň deregine, Baba Babaýewiçiň ajymaňyz sözleri Ballynyň ýangynly ýüregini tyg ýaly dilip gitdi. Telefon jyňňyrdady.
— Allo, allo! Gurbanow, Saparow gerek? Şol-a maňa-da gerek. Ýok —diýip, trubkany batly goýdy. — Ýogsa-da, hany ol?
— Irden kolhoza gidipdi. Bilmedim weli, ogurlyk bolupdyr öýdýän.
Baba Babaýewiç ýene nämedir bir zatlar sorajak bolup, süňklek eňegini ýokary galdyranda, kabinete eli çagaly bir aýal kürsäp urdy. Ol gözüniň ýaşyny süpürip:
— Dadyma ýetişmeseňiz, ärim serhoş bolup, öýden kowdy. Kömek ediň, ýoldaş naçalnik! — diýdi.
— Meniň zanytdygymy göreňokmy? Çyk, bar, arzyňy nobatça aýt.
— Nobatçy siziň ýanyňyza iberdi, Gurbanow barlar diýdi — diýip, aýal onuň ýüzune zaryn esetdi.
— Näme ýaňrap dursuň, çyk! — diýip, aýaly kowandan soňam Baba Babaýewiç esli wagtlap hüňürdedi oturdy.
— Goňşulara komissiýa gelipdir. Bu ýerik hem darap geçmekçi.
— Nu-u!? Kapitanyň işi görüldi diýsene. Öňem onuň nasyny çykarypdylar. Täk... täk... Ýene näme?
— Naçalniklik weznpesinden boşatmak barada ministriň buýrugy-da geldi...
— Onumy?! — diýip, Baba Babaýewpç Ballynyn sözüni böldi. — Ä-hä, tankydyň yzy buýruga ýazypdyr-ow. Komissiýa hem oňlulyga gelen däldir. Hawa, buýrukda näme diýlipdir?
— Buýrukdamy? Onda bölümiň naçalnigi işi gowşak alyp barýar, jenaýatçylygyň garşysyna göreşmeýär, gözboýagçylyk edip, uçýotdan käbir jenaýatlary gizläpdir diýlipdir. Başga-da, onda naçalnik býurokrat hem diýlip ýazylypdyr.
— Bä-ä, onuň-a külüni çykarypdyrlar-ow! Täk.. täk.. Ol maňa: «Seni wezipäňden boşatjakmyşlar» diýýärdi weli, özuni boşadypdyrlar-da, yzyny hem aýt bakaly.
— Ýoldaş maýor, yzam şoň ýalyrak — diýip, Bally dymdy, azrak pikirlendi-de:
— Ýoldaş maýor, gowusy, şol buýrugy getireýin, özüňiz okaýsaňyzlaň!—diýip, Bally otagdan çykyp gitdi. Baba Babaýewiç bolsa öz ýanyndan pikir öwürdi. «Komissiýa gelse, şol buýrukda görkezilen kemçilikler-ä bizde-de ýok däl. Saparowyň hem dilini ýygyp bolmaz. Nätmeli? Awa zada äkidip güýmäp bolmazmyka? Gelse gelsin, göreris-dä» diýip, ol gaňrylyp äpişgeden howlynyň içine göz aýlady.
Üstüniň çaňyny kakyp, kabinete Saparow girdi. Ol Baba Babaýewiçi görenden:
— Sag-aman geldiňizmi? — diýip, onuň bilen görüşdi. Soňra şlýapasyny çykaryp, derlän kellesini syrdy-da, boş stullaryň birinde oturyp, çilim otlap çekdi. Baba Babaýewiç hem ýüzüni sortduryp dymyp otyr. Käte hem mojugy bilen Saparowyň ýüzüne bakýar.
— Ýoluň çaňy gözüňi açdyranok, yssam onuň üstesine—diýip, Saparow ümsümligi bozdy.
— Çaňdaň gorkup meniň wezipäme ýapyşypsyň-da — diýip, Baba Babaýewiç hemleli gürledi, Saparow kibtini gysdy.
— Çaňdan-a gorkym ýek, ýöne tabşyrylanyny etmeli bolýar.
— Düşünmediksirän bolma. Seniň hemme pyssy-pyjurlygyňy oňat bilýän, Meniň aýagymyň aşagyny köwmeden başga kär tapmadyňmy? Bilip goý, erbet bolar. Töhmet etmäňi goý, oňlulyga eltmez.
— Töhmet...
— Elbetde, töhmet. Utan, oz naçalnigiňe beýitmek gelişmez.
Saparow onuň ministriň buýrugyndan habarsyzdygyny indi aňyp galdy. Bolsa-da, ona syr bildirmän, aýdýan sözlerini sabyrlylyk bilen diňledi.
Saparow: «Şeýle nadan adam neneň şu wagta deňiç milisiýada işläp bildikä? Ol hälem akylyna aýlanmandyr» diýip, içini gepletdi. Baba Babaýewiçiň bolsa Saparowyň üstüne şol çöwjäp, üstü-üstüne sugşuryp oturyşy. Bally papkany goltuklap geldi. Ol buýrugy Baba Babaýewiçe uzadyp:
— Okap tanşyň-da, gol çekiň — diýdi.
— Goýup gidiber, soň okaryn — diýip, Baba Babaýewiç papkany bir ýana süýşürdi.
— Ýok, häzir okaň. Bu buýruk hut size degişli.
— Çto-o..? Maňa degişli? Ol hasur-husur papkany açyp, buýrugy okamaga başlady. Birden onuň ýüzi boz-ýaz bolup gitdi.
— Boşatmaly? Meni... boş... — diýip, özüni aşak goýberdi.
— Siz eýýäm boş. Ine, bu hem täze naçalnik barada.
— Kim ol? — diýip, Baba Babaýewiç zordan dillendi.
— Men — diýip, Saparow gülüp ornundan galdy.
— Sen naçalnik?! — diýip, Baba Babaýewiç agzyny öweldip doňup galdy.

Petdi MAGSYMOW.

“Türkmenistan” neşirýaty. 1971 ý.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 70 | Добавил: Myrat4556 | Теги: Petdi Magsymow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]