12:07
Ak goşgy, erkin goşgy...
AK GOŞGY, ERKIN GOŞGY...

Hormatly hanymlar we jenaplar, dostlar, doganlar.
"Kitapçyda" döredijiligini barlap görýänlere mümkinçilikler bar.
Dörejilik ýolunyň başyndakylar, ortasyndakylar,... her ýerindäkiler eserlerini paýlaşýarlar, pikir alyşýarlar. Şol ýoldakylaryň biri Gurban inimiz bilen arada hat alyşdyk. Özüniň rugsady bilen ol haty bölekleýin paýlaşýan:

"Forma diýmek näme...
Kapýasyz goşgy nähili bolmaly?
Bogun sany näçe bolmaly
näçe bentden ybarat bolmaly
şulary düşündirip berseňiz synanşyp görjek..."

Umuman, Gurban inimiz ak goşgy barada gyzyklanýar.
Men onuň soraglaryna gowusy "kitapçyda" tema açyp, edebiýatdan çörek iýýänlerden diňlense gowy boljakdygyny aýtdym.
Şeýlelikde, dostlar, ak goşgy barada maslahatlaryňyzy, pikirleriňizi ýazsaňyz, peýdaly bir iş etdigiňiz bolar (esasanam ak goşguda tejribesi bolan Ybraýym Badahşani gymmatly maslahatlar berip biler).
Hemmäňizden minnetdar.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 138 | Добавил: mango | Теги: Mango | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 5
0
4 myhman   [Mowzuga geç]
men bu temada näme aýtsam ýalňyş bolar. sebäbi men edebiýat teoriýasyny bilemok.

bir aýtjak zadym: bir zat ýaýransoň, ýerine düşsün-düşmesin tapawudy ýok, soň üýtgetme kyn bolýa. gulagyň (aňyň) şoňa endik edýä. biz okaýakak bir mollym käbir terminleň (adalgalaň) ýalňyş goýlanyny aýdýady. ýadyma düşýäni "düşüm" adalgasy. rus dilinden göni terjime (падеж) diýýädi. indi çykyp biri düşüm adalgasyna başga at goýsa, biziň pokoleniýe (nesil) ýadyrgar durar.

"ak goşgy" adalgasam eýýäm edebiýatçylaň arasynda ýaýradymyka diýýän. ak goşgy adalgasyny ilki eşiden wagtlarym (takmynan 15 ýyl öň) menem birhilegräk görüpdim bu ad(algan)y. ýöne etjek zadyň ýok. eýýäm şonuň ýaly kabul edipdirler.

indi öz pikirimi aýdaýyn: Ybraýym aga "jüpüne düşmeýär" diýse-de, men-ä "erkin goşgy" diýilmeginiň tarapdary. sebäbi köp.

goşgyň manysy, pikiri, duýgusy her hili bolup biler. gürrüň bu hakda däl.

goşgyň täze formalaryndan nämä garaşýan (meň özüm)?
jogap: esasy, ritm bolsa gowy. şahyr ol ritmi kapiýa (rifma) bilen edýämi ýa başga zat bilen, ony bilemok. ýazylan forma täze zat bolansoň, goşgyny ilki şahyryň özünden diňlemeli. bir diňäňsoň, soň okasaňam şol ritmi tutup bolýa.

diýip pikir edýän.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Arwo Mets kim diýenimizde:
А́рво Анто́нович Метс (1937—1997) — русский поэт, теоретик и практик русского свободного стиха, переводчик.
garaz, gelip çykyşy eston bolan rus şahyry, erkin şygyryň teoretigi we praktigi...
ondan bir halan şygyry paýlaşaýyn.

БЕЗДОМНАЯ СОБАКА...

Бездомная собака
приноравливается к ходьбе.
Делает вид,
будто идёт
на невидимом поводке.

Человек отворачивается.
И она постепенно
отстаёт.

АРВО МЕТС

----

bir köçe iti barada, ykmanda, eýesi ýok bir it barada gep gozgaýar.
belki eýesiz itiň ruhy haly barada gürrüň edýär, eger itiňem ruhy haly bar bolsa (näme üçin bolmasyn?)

ýolda barýan biriniň yzyndan ol it seňkildäp barýar.
boýnunda ýüp bar ýaly, ýüpem "hojaýynyň" elinde ýaly hyýal edýär.
ol ýüp - gürünmeýän ýüp...

adam yzyna düşüp ýören itden birahat bolup gaňrylyp yzyna seredýär.
it bolsa ondan ýuwaş-ýuwaş yza galýar...

----
düşündirip bilemok. ýöne meniň üçin şujagaz zat ýaraýar.
itiň bolşy.
hojaýynyň bolşy.
itiň eýesizligi.
eýesizlik.
eýe....
umuman....

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ybraýym daýydan hat geldi.
häzir tomus dynç alyşda diýip düşündim, öz ýaşaýan ýerinden uzak we internet pesligi sebäpli ilkinji hatyny-jogabyny-pikirini poçtama ugradypdyr.
bu başy, nesip bolsa ol pikirlerini biz bilen has giňişleýin paýlaşmakçy.
-----


Gowy gürrüñi are atypsyñyz, šular ÿaly pikir alšyp boljak bäslešiklere garašÿardym.

Täze formada ÿazylÿan Türkmen gošgulary giñišleÿin açyklanmasa, oña hemme taraplaÿyn seredilmese ÿaš šahyrlaryñ bašyny çašyrmagymyz hem mümkin. Šonuñ üçin öz ÿazjak jogaplarymy birnäçe „teswirde” paÿlašmaly bolaryn.

Birinji göze dürtüp duran gümürtik mesele, täze formada ÿazylÿan Türkmen gošgulara berilmeli at (adalga), Meniñ pikirimçe Ak gošgy termini bu formalara bolmaÿar, sebäbi ol fransuz diline mahsus bolan, belli galyby hem usullary bolan šygryÿet görnüši. Kâbir dostlar Erkin gošgy diÿip atlandyrÿarlar, bu adalga hem jüpüne düšmeÿär, šygryÿet tekstlerini ähli kada-düzgünlerden bošadyp, bu bir erkin sygyr diÿmek, ol šahyryñ ejizligini ÿašyrmak bolar, sebäbi gošgy diÿilÿän ajaÿyp sungat öz döwrüne görâ belli kadalara eÿerip ÿašapdyr. 21-nji asyr Türkmen gošgusy hem šeÿle bolmaly. Bu formalarda ÿazylÿan gošgulary atlandyrmak üçin Kitapçyda gošgy bilen gyzyklanÿan hormatly agzalar öz tekliplerini ÿazsalar gowy bolar. Bu gürrüñleriñ iñ soñunda, menem öz teklibimi ÿazaryn.

Biz Mango daÿyñ, bu ÿerde gozgan soraglaryny çözmek üçin, ilki šygyr näme we ony sungata öwürip bilÿän hem-de bašga tekstlerden tapawutlandyrÿan faktorlar näme diÿen soraglara jogap tapmaly bolÿarys.

Men bu ÿazgyny indiki teswirlerde yzarlajak bolaryn. Ÿene bir zat, šu wacht men mysapyr, öz obamda däl, bu ÿerde internet ÿagdaÿy gaty ejiz. sargytlar giç ÿetišse bagÿšlawerñ!

1
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Hemme goşgy "ak" bolmaly...

0
5 mango   [Mowzuga geç]
hemme goşgy
ak bolmaly,
akmaly
gara ýürege,
gara ýürek çal bolmaly.
çal ýürek üýtgemeli
80 göterim çal,
60 göterim,
soň 40.
azalmaly
tä ak bolýança.

ak ýürek
garalmasyn.

(прикол niýeti bilen :-) )

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]