19:51
Öwlüýäler: Magtymguly
MAGTYMGULY

"Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir."
W.Bartold

Bilmeýip soranlara aýdyň bu garyp adymyz
Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.


Magtymgulynyň 1730-njy ýyllarda doglandygy bilinýär. O türkmenleriň Gökleň taýpasynyň Gerkez urugyndandyr. 1780-nji ýyllarda ölendigi çak edilýär. Gubury Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmensähra welaýatyndadyr. Görmek isleýänler üçin zyýarata açykdyr.
Magtymgulynyň çagalyk, ýetginjeklik döwrüniň öz deň-duşlarynyňkydan känbir üýtgeşik bolmandygyny aýtsa bolar. Muny nämä esaslanyp aýdýarys? Birinjiden, munda, esasan, ýaşaýyş-durmuş wakalarynyň daşky tarapynyň göz öňünde tutulýanyny aýtmaly. Il deňinde mal bakypdyr, ekerançylyk işine güýmenipdir, kümüşçilik bilen gyzyklanypdyr, ýany bilen gaňňa, eýer ýasamak... ýaly neçjarlyk, gönçülik hünärine hem eli ýetipdir. Sebäbi geçmiş türkmenlerimiziň ýaşaýyş däbinde her bir hünärden gowy baş çykarmasaň hem özüň kösenmezlik derejede bilmeli diýen ýörelge bar eken.
Magtymguly çagalykdan saýlanyp-saýlanmaka enesi aradan çykýar. Bütin ömründe bolşy ýaly, çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynda-da şahyra iň köp täsir eden onuň atasy Döwletmämmet Azady bolupdyr. Ir ýogalan enesinden ganyp bilmedik mähriniň öwezini hem atasy kanagatlandyran bolarly.
Döwletmämmet Azadynyň, Magtymgulynyň we beýleki türkmen klassiklarynyň ömri hem döredijiligi otuzynjy ýyllardan güýçli öwrenilip başlandy. O ýyllarda bolsa stalinizmiň berk ýumrugynyň täsirinden çykabilmediler. Üstesine-de, proletkultçylaryň gizlin sesi uzaga ýaýrapdy ahyry. Onsoň Türkmenistanda bir şahyryň ömri we döredijiligi öwrenilip başlanan-da barlagçynyň, ylmy işgäriň ilkinji edähedi-pylany garyp-daýhan maşgalasynda doglupdyr, ömri pukaraçylykda, ýeter-ýetmezlikde geçipdir diýýär. Şu sözi ur-tut aýtmasa, o şahyry öwrenmek, eserlerini ile ýetirmek müşgil bolupdyr, üstesine şol ylmy işgäre-de gara duman abanyp başlapdyr. Şoňa görä, türkmen klassyklarynyň ählisi diýen ýaly ýer urup ýerde galan pukara edilip görkezilýär. Emma hakykata dury nazar öwürseň, bu pikiriň birtaraplylygy mese-mälim özüni görkezip dur. Ynha, hut şol galp tolkun astynda Döwletmämmet Azady, Magtymguly hem gereginden artyk pukaralaşdyrylypdyr. Özüňiz oýlanyp görüň: kümüşçi ussa bolmak üçinem, okuwçy okatmak üçinem, öz döwrüniň ylmyndan habardar bolmak üçinem harjy zerur ahyry. Halkyň adalatly aýdyşy ýaly, gedaýçylyga-da gurp gerek.
Magtymguly başlangyç ylmy atasy Döwletmämmet Azadydan öwrenenden soň, Lebap welaýatynda ýerleşýän Idris Bawa medresesine gidipdir. O ýerde bir müddet ylym öwrenenden soň, Buharadaky Gögeldaş medresesine gidip ylym öwrenipdir. Iň soňunda-da Hywanyň Şirgazy medresesinde ylym öwrenipdir.
Magtymguly bilen halypa Nyýazguly arasynda bolup geçen bir waka hakynda owganystan türkmenleriniň arasynda ýörgünli bir rowaýat bar. Şol rowaýatda aýdylşyna görä: Bir gezek Halypa Nyýazguly haja gitmek üçin uçup barýarka, ondan öwlüýalygy alynýar. Ýagny, keramaty alynýar. Halypa Nyýazguly çöl-beýewanda näme ederni bilmän otyrka Magtymgula gözi düşýär. Şol wagt Magtymgulam eşekli haja barýan eken. Magtymguly ony eşeginiň syrtyna alyp, haja äkidýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Magtymguly ylym öwrenmek üçin Halypa Nyýazgulynyň dergähine barýar. Şägirtleri halypanyň şu wagt öýde ýokdygyny aýdýarlar. Magtymguly garaşman, howlugyp gapynyň agzyna şu goşgusyny ýazyp gaýdýar:

Galam alyp namany gönderdigim bilmezmiň
Efsun okyp hüt-hütni indirdigim bilmezmiň
Arş üstüne galdyryp mündirdigim bilmezmiň
Dört gije dört gün aglap dyndyrdygym bilmezmiň
Eşek ünip Isa dek ýeldirdigim bilmezmiň.


Halypa öýüne gelen wagty şägirtleri oňa bolup geçen wakany aýdýarlar. Halypa goşgyny okap görýär we alyslara seredip: "Magtymguly şu wagt Safa bilen Merwäniň arasynda eşegini çapdyryp ýör." diýýär.
Halypa Nyýazguly Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda doglupdyr. Güýçli alym we öwlüýä bolupdyr. Öz döwrüniň Buhara emirine halypalyk edipdir. Buharada ölendigi çaklanýar. Doglan ýyly we ölen ýyly belli däl.
Halypa Nyýazguly bir gezek Buhara emiriniň huzuryna çykyp, medrese gurmak üçin ondan ýer isleýär. Emir onuň islegini kabul edýär. Ýöne, şorlap ýatan ýer berýär Halypa Nyýazguly bir hepdeläp hasasy bilen gurjak ymaratynyň proektinini çyzýar. Çyzuw işini dynyp, ýene bir gezek emiriň huzuryna çykýar. Bu gezek emire ýüzlenip: "Şu gije men medresäni dikeltjek. Ýöne, hiç kim daşary çykmasyn. Daşary çykan adam özüne zyýan eder." diýýär. Emir jar çekdirip daşary çykmazlygy emr edýär. Emre garamazdan bir adam daşary çykdy. Emma çykyp-çykmanka bir gudrat onuň kellesini egninden gopardy. Gün dogan wagty görseler, şol şorlap ýatan ýerde häzirki Çar-Minar medresesi dikeldilipdir. Ýagny, Halypa Nyýazguly Çar-Minar medresesini bir gijede dikeldýär. Bu medrese Buhara şäherinde ýerleşýär we häzir hem görmek islänleriň zyýaratyna açykdyr.
(Rowaýat we Halypa Nyýazguly hakyndaky maglumatlar, Stambulda ýaşaýan Owganystanly türkmen ýaşulylaryndan alyndy.)
Magtymguly diňe bir şahyr däl, eýsem görnükli alymdyr. Ömri hakynda geçirilmeli barlaglar, öwrenilmeli zatlar köpdir. Bu meselede ylmy işgärlerimize uly iş düşýär.
Onuň şahsyýeti barada rowaýatlar aýdylýar.
Molla şahyr bolan Döwletmämmet Azadynyň ogly Magtymguly, XVII asyryň ikinji ýarymynda türkmenler arasynda has şöhratlanan hem-de bir-birleri bilen syýasy taýdan baglanşykly bolmadyk, dagynyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly görülýär we umumy milli şahyr hasaplanýar. Türki halklaryň özgesiniň munuň ýaly bitewi milli şahyry ýok. Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp sanda rowaýatlar aýdylýar.
Akademik A.E. Krymskiý
Totalitar sistem ýyllarynda haýsydyr bir şygyry halka ýetirip bilmek üçin, öňürti o şygyry dini düşünjelerden saplanmaly bolýardy. Ýa-da şahyra filosof diýmeli bolýardy. Magtymgulyny hem şeýdipdirler. Onuň, pygambere bagyşlap ýazan goşgularyny, göýä pelsepi düşünje ýaly edip halka ýetiripdirler. Magtymgulynyň pygambere bolan söýgüsini görkezmesi üçin, size iki sany şygyryny hödürleýäris.

Semada belli

Nury mähweş bolan kutlug Habibim
Adyň ser depderde lawada belli
Ýedi asman dokuz pelek üstünde
Beşer resulunda ziýada belli

Mahlaryň täji sen, gözler çyragy
Gökde melek ýerde beşer geregi
Zeminiň rafyi gögüň diregi
Löwhül mahfuzda hem semada belli

Şefi-il mü’minin magşar gününde
Makam-y ala sen Hakyň ýolunda
Şam-y säher ymmatynyň dilinde
Mü’min dileginde dogada belli

Begler gymmatyňy bilmän gibiler
Az bahaýa satdy niçe sebiler
Arzuw edip geçdi öňki Nebiler
Jelil rahmeti sen, senada belli

Muhabbetiň tende, ýürekde, janda
Ne bir janda, belki jümle-jahanda
Hury ryzwan okar jennet mekanda
Taha we Ýasinde semada belli

Gelsin diýip habar gelgeç Habipden
Burag mündiň çykdyň Arz-y şerifden
Şepagatyň daryg etme garypdan
Magşar güni ýetirgin myrada belli

Aklymny oýnatdy yşgyň höwesi
Ýüz jan bolsa bir görnüşiň pidasy
Magtymguly diýer, şermende asy
Atasy şehzada Azada belli

KÖRGEÇ RESUL

Düşdi bir hoşluk jihana nusratyň körgeç Resul
Sernegun boldy senemler lümatyň körgeç Resul
Külli älem boldy ykrar sünnetiň körgeç Resul
Rahy zulmet boldy röwşen adyňy körgeç Resul
Tapdy dowzahdan aman kim söbetiň körgeç Resul

Sen ki geldiň dünýäge butlar bulundy sernegun
Artdy yslam şöhrady kafirler oldy hem zebun
Hem Eba Bekr we Omar, Osman çün bolgaç rähnemun
Boldy kafir zyddy saňa ismi mukrebiň körgeç Resul
Hurmet ile hak salam bergen sefiullah gibit
Älemi gark eýlegen Nuh nebiullah gibi
Gökde günde ýar olan Isa ruhullah gibi
Nije müň pygamber ol Musa kelimullah gibi
Kaldylar haýranda lewlak hylkatyň körgeç Resul

Ol şebi miraç habar etgeç saňa magşukdan
Arş farş olmuş tejelli çün munuň dek şowkdan
Bu mkarrablar besi babehredür bu zowkdan
Hem besaty kurb üzre bardyň oturdyň foukdan
Koýdy diş parmaga munlar kurbatyň körgeç Resul

Dewri sabykda ötenler ýa jemalyň çün işiň
Gerdişi şanyna galan mutakytlardan ýakyn
Kullugyňda gün hyjalat içre kalmyş hem zemin
Hem felek üzre melekler diýdiler sat afýerin
Bu makam ala ile bu hümmetiň körgeç Resul

Hamdyňa tiller kusurdyr arş farşlar aglady
Bi dahan bi zaban otlar agaçlar aglady
Eşki abyň joşduryp bu dag-daşlar aglady
Edi gün Käbe daşynda gurt-guşlar aglady
Aýdýar Magtymguly bu fyrkatyň körgeç Resul


Kirmani (ABDURRAHMAN BIN MUHAMMED)

Hanefi mezhebiniň güýçli fykyh alymlaryndan biridir. Ady Abdurrahman bin Muhammed bin Emirweýh bin Muhammed bin Ibrahim el-Kirmani, lakamy Rükn-üd-din we Rükn-ül-Yslamdyr. Ibn-i Emirweýh diýilibem tanalypdyr. 457-nji (m.1065) ýylyň Şewwal aýynda Kirmanda dünýä indi. 543-nji (m1149) ýylyň Zilkade aýynyň ýigrimisine düşen Juma güni Merw şäherinde dünýäden ötdi.
Ylym öwrenmek üçin Merw şäherine we başga ýerlere gitdi. Başlangyç ylmyny atasyndan öwrendi. Soňra ylmyny dowam etdirmek üçin Merw şäherine gitdi. Ol ýerde, Fahr-ül-kudat Muhammed bin Hüseýin el-Ersa-bendiden fykyh ylmyny öwrendi. Başga alymlaryňam ylmy mejlislerine gatnaşyp, olardan peýdalandy.
Kirmani hezretleri ylym öwrenmek üçin, köp gaýrat sarpedýärdi. Biçak gaýrat we edep bilen hojasynyň sapaklaryna dowam edýärdi. Gün geçtikçe ylmy artyp, mertebesi beýgelýärdi. Bir tarapdan ylym öwrenýär, beýleki tarapdanam ýazýardy we ýazanlaryny ýaýýardy. Fykyhdan başga, tefsir, hadys we beýleki ylymlarda-da güýçli alym bolup ýetişdi. Kirmani (r.a.), öz döwründe Horasanda ýaşaýan Hanefi mezhebiniň alymlarynyň iň güýçlülerinden biridi. Onuň, deňi-taýy ýokdy. Alymlarynyň reisi, ýagny, iň üstünidi. O ýaşap geçenden soňra, Horasanda onuň ýaly uly alym ýetişmändir. Çar tarapdan gelýän talyplar, ylym aşyklary onuň töweregine ýygnanyp başladylar.
Ebül-Feth Muhammed bin Ýusuf el-Kantar-i es-Semerkandi, Bedrüddin Ömer bin Ab-dülkerim el-Buhari, Ebu Bekr Muhammed bin Abdürreşid el-Kirmani we başgada ýüzlerçe alym, ondan alan ylymlaryny we onuň ýazan eserlerini dürli ülkelere, gaty uzak ýerlere çenli ýaýdylar. Özi we talyplary çar tarapda tanaldylar. Hemmeler tarapyndan söýülip, hormatlanýardy. Köp sanly adamyň saadetine, ýagny, ebedi bagtyýarlyga gowuşmasyna sebäpkär bolupdyr.
Kirmani hezretleri käbir eserleri ýazypdyr. Fykyh ylmy bilen baglanşykly "Tejrid" atly eserini ýazyp gutarandan soňra, bu kitabyň düşündirişi bolan üç tomluk eser ýazdy. Muňa-da "Izah" diýip at berdi. Bulardan başgada "Şerhu Jami-ül-kebir", "Işarat-ül-esrar", Fetwa" we başga-da birnäçe eseri bardyr.

MUHAMMED BIN MANSUR ES-SEMANI

Hadys we fykyh alymlaryndan biridir. Lakamy Ebu Hafyz el-Kebir, lakamy Taj-ül-Ys-lamdyr. 466-njy (m.1073) ýylda doguldy. 510-njy (m.1116) ýylda dünýäden ötdi. Şafii mezhebiniň fykyh alymlaryndandyr. Fykyh, hadys we edebiýat ylymlarynda meşhurdyr. Hafyz, waiz we hatip alymdyr. Şu alymlardan ylym öwrenipdir; atasy Ebu Muzaffer Mansur bin Mu-hammed, Abdurrahman bin Ebi Kasym Kuşeýri, Nasrullah bin Ahmed Huşnami, Esad bin Mesud Utbi, Ebül-Hasen Ali bin Muhammed Allaf, Muhammed bin Abdülkerim Huşeýş el-Hafyz, Ebül-Ganaim en-Nersi (ez-Zeýni) we Merw, Nişapur, Reý, Hemedan, Bagdat, Kufe, Ispyhan, Mekge we beýleki ýerlerdäki alymlardar. Ýaşlygyndan başlap gowy terbiýe alypdyr. Ybadat edip ulalypdyr. Kiçijikliginden ylym öwrenmäne başlapdyr. Atasy oňa hat ýazmagy öwredip, arapça, nahiw, şygyr we nesir okadyp, edebiýata gowy ýetişdiripdir. Örän owadan hat ýazýardy. Ifadeleri, tertibi örän gowudy. Sözleri inji ýaly edip düzýärdi. Edebi ylymlary öwrenenden soňra, hadys we fykyh ylmyny öwrenmäne başlady. Bu ylymlaram öwrenip, döwrüniň uly alymlarynyň arasyna goşuldy. Hadys ylmynda rawi we senetlerde, jerh we tadil bilimlerinde tahrif, tebdil, zabt-ül-metn, ensab hususlarynda mütebahhir (çuňňur) alymdy.
Ylym öwrenmesini tamamlandan soňra, atasynyň ýerine sapak okadyp, wagz etmäne başlady. Örän täsirli we peýdaly bolandygy üçin hem halk tarapyndan, hemem alymlar tarapyndan söýüldi. Özüne görüplik edip garşy çykanlara, sabr etdi.
Ogly Ebu Said şeýle diýipdir:
"Atam müňlerçe gezek mejlis gurup, ylym imla etdirdi, ýagny, ýazdyrdy. Bu işde, hiç kim ony geçip bilmedi. Hadys ylmy bilen baglanşykly köp kitap ýazdy. Köpüsini wakfetdim. Bu onuň hadys, fykyh we dil ylmyndaky belent mertebesini görkezer."
Muhammed bin Mansuryň atasyndan edebiýat we dil ylmy bilen baglanşykly bir zat soran wagtlary: "Muhammetden (oglumdan) soraň. Çünki o, dil ylmyny menden has gowy bilýär." diýýärdi.
"Kafi" atly kitabyň ýazyjysy şeýle ýazypdyr: "Ymam Ebu Muzaffer bin Semaniniň talyplaryndan biri bolan Ebu Abdullah bin Hasen el-Merdahaniden eşitdim. Şeýle aňlatdy: "Ebu Bekr Muhammed bilen okuwa dowam edýärdik. Ebu Abdullah en-Nişapuri sapaklarymyza taýýarlanşymyza gözegçilik edýärdi. Bir gezek, hojamyz Muhamed bin Mansur sapaga giç geldi. Aglamakdan ýaňa gözi gyzaryp gidipdir. Ebu Abdullah: "Näme üçin gijä galdyňyz? Bir zat boldymy?" diýip soran wagty, şeýle buýurdy: "Düýşmde Resulullahy (sallallahü aleýhi we sellem) gördüm. Suwdan doly bir käsäni maňa uzadyp "iç" buýurdy. Menem alyp baryny içdim. Oýanan wagtym bütin bedenimde täsirini gördüm." Ebu Abdullah muny eşdip, derrew Ymam Ebu Muzafferiň bolýan ýerine ylgady. "Buşluk, buşluk" diýip düýşi aýdyp berdi. Muny diňlän Ebu Muzaffer şeýle diýdi: "Elhamdüllilah menem edil şonuň ýaly gördüm. Emma men suwuň baryny içmedim. Diňe birazragyny içdim. O bolsa baryny içipdir. O, Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) rowaýat edilen hadys-y şerifleriň köpüsini bilýär."
Hafyz Ebu Sad şeýle diýipdir:
"Wepat etmezden öň iň soňky sapagy okadan wagty, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) şu hadys-y şerifi bilen başlady. "Öňüňizde aşylmasy kyn bolan işik bardyr. Ýüki agyr bolanlar ol ýerden geçip bilmezler. Ine men şol päsgeli (işigi) geçip bilmek üçin ýükümi ýeňletmek isleýärin". Tefsir sapagynda bolsa mealen: "Bu gün siziň diniňizi dyndym" buýurylan Maide süresi 6-njy aýat-y kerimesini tefsir etdi. Soňra, kyrk üç ýaşyndaka Juma güni wepat etdi. "Emali" atly üç tomluk meşhur eserinden başgada köp eseri bardyr.

1-Hafyz; 1. Kur’any kerimi ýatdan bilýän adam
2-Waiz; 1. Wagyz edýän.
3-Hatip; 1. Mejitde hutbe okan adam. 2. Owadan ýakymly we dili dogry ulanyp geplän adam.
4-Ifade (ler); 1. Düşündirmek.
5-Rawi; 1. Rowaýat eden, aýdan.
6-Senet; 1. Daýanylan zat. (2.Bir zady subut etmek üçin daýanylan delil.)
7-Jerh; 1. Ýaralamak; ýaralanmak 2. Çüretmek.
8-Tadil; 1. Düzeltmek, dogrulamak. 2. Üýtgeşiklik.
9-Tahrif; 1. Harplaryň ýerini üýtgetmek, bozman, üýtgetmek. 2. Bir sözüň manysyny üýtgetmek.
10-Tebdil; 1. Üýtgetmek, başga görnüşe geçirmek.
11-Zabt-ül-metn; 1. Bir bölek ýazgynyň (meselem; hekaýa) manysyna dogry düşünmek.
12-Ensab; 1. Şerler, bela-beterler. 2. Butlar, heýkeller.
13-Wakfetmek; 1. Bir maly ýa-da mülki, satmazlyk şerti bilen haýyr sahawat işi üçin bagyşlamak.

ÖMER BIN MUHAMMED EŞ-ŞIRAZI

Fykyh we kyraat alymy. Lakamy Ebu Hafe, ady Ömer bin Muhammed bin Ali bin Ebi Nasr eş-Şirazidir. Ömer bin Muhammed, 449-njy (m.1057) ýylda Serahsyň Şiraz etrabynda doguldy. 529-njy (m.1135) ýylda Merwde dünýäden ötdi.
Köp sanly uly alymdan sapak alan Ömer bin Muhammed, Şafii mezhebiniň öňde baryjy alymlarynyň hataryna girdi. Ömer bin Muhammed, gününiň köp bölegini Kur’any kerim okap geçirýärdi. Ylmy barlaga uly üns berýärdi. Ebu Hafs, gymmatly eserler ýazypdyr.
Ömer bin Muhammed; el-Ymam Ebül-Muzaffer bin es-Semani Eş-Şeýhden, Ebu Ha-mid eş-Şüjaýiden fykyh ylmyny öwrendi. Bularyň ýany bilen Serahsda; Ebül-Hasen Muham-med bin Muhammed bin Muhammed bin Zeýd el-Alewiden, Belhde; Ebu Ali el-Wahşiden we Ispyhanda; käbir alymlardan ylym öwrenip, hadys-y şerif diňledi. Ömer bin Muhammetden bolsa, Ibn-i Semani ylym öwrenip, hadys-y şerif diňledi.
Eş-Şihab el-Wezir onuň hakynda: "Eger, Ömer eş-Şiraziniň damarlary ýarylan bolsady, gan ýerine fykyh maglumatlary akardy. Ölýänçä Merwde ýaşady."
Ömer bin Muhammediň ýazan eserleriniň käbirleri şulardyr; 1-El-Itisam, 2-El-Itisar, 3-El-Esile fil-hylaf wen-Nazar.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 88 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Täç Işan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
1
1 eatayew33   [Mowzuga geç]
Magtymgula zyýarat

Ejemden rugsat we ak pata alyp, Magtymgulyň guburyna zyýarata gitdim. Rugsat diýýänimiň sebäbi, ejemiň şo wagta çenli meni golaý-goltuma-da ýatymlyk ibermesi gaty kyndy. Gidesimiň gelýändiginiň halys ýüregime düşendigine ene duýgusy bilen düşünendir-dä, ak pata berip goýberdi, ýogsa meniň özümiňem gaçgynym öwlüýälerdi.
Ol zyýaratymyň täsirinden birnäçe kiçi göwrümli, birküç sany bolsa uly göwrümli eser ýazsaňam azlyk etjek, men ýöne iki sanjagy hakda gürrüň bereýin.
Birinjisi: ýoldaky duşan ýolagçylardan başlap, barlag edýän polislerdir, maşynyna
münen taksistlerime, oba adamlaryna çenli hemmesiniň geň soragy " Magtymgula-da zyýarata gidilýärmi?!"
Tarp ýerden ýüregimi tyrpyldadyp gitsemem, pikirlemde çaklap bilşimdenem baran her ýerimde gowy garşyladylar, myhman almaga nobata-da durdular. Hiç kimi tanamasamam. Yanym bilen wideokamera äkitmänime kän ökündim! Gaýdyşyn hiç hili barlagam bolmady, belki, düşüren suratlarymy geçirip bilerdim.
Ikinji aýtjagym: Ak tokaýa iň ýakyn uly oba Marawa-depe eken. 10 km.çemesi daşlykda. Marawa-depäniň esasy ýaşaýjylary türkmenler . Ýomutlaryň "düýeji" tiresi has köp adamly. Ýerli halky geň galdyrýan bir wakany aýdyp berýärler: obada bir ýaşuly pars mugallymy bar. Şol günde, ýaşyna garamazdan, welosipedli Magtymgulyň guburyna gidip gelýär diýýäler. Özem:" Siz, türkmenler, nähili gudratyň gadyryny bilmeýäniňizi bileňzok!" diýýärmişin...

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Osman Ödäýewiñ makalalarynyñ birinde şeýleräk söz bardy: "Biz türkmenler, haýsymyzdan tutsañ tutaý, uludan-kiçä herkes Magtymgulyñ setirlerini boýnundan doga edip asmaga taýyndyr, emma onuñ ýeke setirine bolmalysy ýaly amal edýän ýok..."

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]