15:10
Şahsyýetler: Alp Arslan
ALP ARSLAN

Seljuk imperiýasynyň hökümdary. Oguz nesliniň iň uly gahrymanlarynyň biri. Seljuk imperiýasynyň gurulmasynda esasy rollaryň birini oýnan Horasanyň häkimi Zagry Begiň oglydyr. 1029-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda doguldy. Gowy ylym öwrendi. Sansyz ýeňişler gazanyp mertligi we ugurtapyjy serkerdeligi bilen şan-şöhrada eýe boldy. Atasy ölenden soň, Horasanyň häkimi boldy. Atasynyň dogany  Togrul Beg 1063-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda wepat edenden soň, onuň wesýetini tutup, Alp Arslanyň agasy Süleýmany Seljuk tagtyna çykardylar. Emma, türkmen begleri muňa garşy çykdylar we Alp Arslany hökümdar diýip kabul etdiler.
Alp Arslan, 1064-nji ýylyň 27-nji aprelinde uly şagalaň bilen tagta çykdy. Agasynyň weziri bolan we Süleýmanyň tagta çykmasyny islän Amidülmülk Kündirini işinden boşadyp, beýik döwlet işgäri diýip taryha ady geçen Nyzmülmülki wezir edip belledi. Baş-başdaklyk edýän begler bilen tutluşyga giren Alp Arslan, olaryň ählisini bir baýdagyň aşagyna toplady. Şeýlelik bilen Seljuk döwleti güýçlendi.
1064-nji ýylyň ahyrlarynda, Alp Arslan Bizans Imperatorlygynyň üstüne ýörişe çykdy. Gürjüstany ele geçirdi. Baş galdyran dogany Kawurdy boýun egdirdi. 1065-nji ýylda Amyderýany geçdi. O ýerdäki hökümdar bilen ylalaşyk baglaşdy. Alp Arslanyň begleri, Anadola (häzirki Türkiýe) çozuşlar gurap, sansyz ýeňişler gazandylar. Seljuk soltanynyň gitdikçe güýçlenmegi Bizans Imperiýasyny gaýgylandyrdy. Imperator Romanos Diogýenes goşunyny toplap sapara çykdy. Palu diýlen ýere ýetende, Malatýada goýup gaýdan goşunynyň, Türkmenler tarapyndan perişan edilendigini habar aldy. Yza dolanmana mejbur boldy.
1070-nji ýylda, Alp Arslan Horasan we Yrak goşunlarynyň başyny çekip Azerbeýjana girdi. Serhetdäki galalary ele geçirdi. Wan kölüniň demirgazygyndan geçip, Malazgirtiň öňüne bardy. Gala söweşsiz boýun egdi. Diýarbekirden Eljezirä girdi. Urfany gabawa aldy. Müsürde bir-biri bilen tutlaşýan Fatymi serkerdeleri, Müsüri ele geçirmek üçin, Alp Arslana itergi berýärdi. Seljuk goşuny 1071-nji ýylda Halapda jemlendi.
Alp Arslan, 1071-nj ýylda Fyrat derýasyndan geçen wagty, özüniň alym ymamy, Buharaly Kazy Ebu Jafer: (Efendimiz! Beren nygmatlary üçin Allaha şükür edýärin. Çünki bu derýany, ne öňki döwürlýerde we ne Yslam döwründe, gullary hasap etmesek, Türkmen hökümdary (şol sanda bütin türki halkyýetleriň hökümdary) bolup geçen ilkinji adam sizsiňiz) diýdi. Bu sözler göwnüne ýaran soltan, bütin beglerni çagyrdy we ymama sözlerini gaýtaladyp beglerne-de diňletdi. Allahü teala şükür etdi.
Alp Arslan, her gezek Wizantiýalylaryň hüjümlerine mertlerçe döş gerip, böwet bolmagy başarýan edenli Türkmen Beglerinden biri Tug Tekiniň maslahat bermegi bilen ilkinji gezek 1064-nji ýylda Gürjüstana we Azerbaýjana ýöriş etdi. Tug Tekin Gündogar anadoly topraklaryna bäş barmagy ýaly belet bolansoň, ýerden hereket eden goşuna ýolbelet bolup, dar geçelgelerden, daglardan geçirip, gazawat ýollaryna gidýän iň gysga ýollara eltýärdi. Allahü tealanyň dinini ýaýmak, bozuk (nädogry) ynançdaky adamlary dogry ýola salmak, Jähenneme düşmekleriniň öňüni almak üçin dynuwsyz öňe barýan mübärek goşun, ahyrsoň Naheçewana gelip etdi. Aras derýasyndan geçmek üçin sallar ýasadylar. Alp Arslan atlylaryny Arasyň beýleki tarapyna geçirenden soňra, goşuny ikä böldi. Goşunyň bir bölümine ýolbaşçylyk etmek ogly Mälikşanyň paýyna düşdi. Alp Arslan oglunyň ýanyna weziri Nyzamülmülki-de kömekçi berip, Wizantiýa galalaryny almak üçin günbatara iberdi. Özi bolsa, Wizantiýalylar bilen darkaş guralanda arkadan gelip biläýjek haýsydyr bir howp üçin ätiýaçlyk çäreler gördi. Küpürde we pitnede çakdanaşa hetden aşan, demirgazyk kawkaz daglarynyň eteklerinde ýaşaýan Ermenilerdir-Gürjüleriň üstüne ýöriş etdi.
Müjahit Soltan Alp Arslan, teý-ahyr Ermenileriň Kangarni welaýatyna hüjüme geçdi. O ýeri basyp alandan soňra, demirgazyk-gündogara tarap hereket edip, daşyny ýaý görnüşli Kür derýasy gurşap alan Trialet etraplaryny zabt etdi. Munuň yz ýanyndan Kwelis-Kür, Şawşat, Klarjet ýeňişleri... ýeňişler dowam etdi. Şunlukda, Ermenistanyň demirgaçyk bölegi bütinleý ele geçirildi. Alp Arslan bu ýerden günorta, Oltunyň gündogaryndaky Panaskerte hereket etdi. Ondan soňra gaýtadan demirgazyga öwrülip, Gürjüstanyň içi bilen öňe gitdi. Ahilkelek şäherini zabt etdi. Gürjüstanyň koroly Bagrat IV soňky demde gaçyp gutuldy.
Şol bir wagtyň özünde, esasy goşuna serkerdelik edýän Mälikşa we baş wezir Nyzamülmülk, aras derýasynyň kenary bilen süýşüp, häzirki wagtdaky Türkiýe-Eýran serhetlerinden geçdiler. Wizantiýa galasyndan güýçli gaýtawul gören Seljukly esgerlýeriniň ilkinji hüjümleri şowsuz gutardy. Wezir Nyzamülmülküň we Mälikşanyň gaýduwsyz söweşi esgerleriň ruhuny galkyndyrýardy, "Allahü ekber!.." diýip eşidilýän sözler güýçlýerine güýç goşýardy. Şol bir wagtyň özünde diýseň mergenligi bilen tanalýan ýaş şazada Mälikşanyň peýkamyndan çykan ok,  diwaryň üstündäki gala serdaryny ýere serdi. Ýolbaşçylary ölensoň duşmanyň içine aljyraňňylyk aralaşdy. Halys tapdan düşen Rim esgerleri, galany zyňyp gaçmaga mejbur boldular. Boýun egmedikler we Yslamy kabul etmedikler nähili gerek bolsa, şonuň ýaly-da jezalandyryldylar.
Ondan soňra, içinden derýalar akýan, bag-bossana bürenip oturan Sürmeli galasy basylyp alyndy. Şäheriň demirgazygyndäky Mer’em Nişin gabawa alyndy. Gala birgiden poplar, serkerdeler we olara bagly halk tarapyndan goralýardy. Diwarlar, uly-uly we ykjam daşlardan örülipdi, gurşunlar we demirler bir-biriniň içinden geçip gidýärdi. Şeýle-de galanyň bir tarapyndan akyp geçýän derýa, bu ýerden gala girmek üçin uly päsgelçilik bolup durýardy.
Mälikşa we Nyzamülmülk öňürti olary Yslama çagyrdylar. Musulman bolmasalar boýun egmelidiklerini, ýogsam bolmasa gan döküljekdigini duýdurdylar. Rimliler boýun egmedi. Derýadan geçmek üçin gämiler ýasaldy. Gije diýmän üznüksiz dowam edýän gandöküşikli söweş başlady. Seljukly esgerleri gezekleşip gala hüjüm edýärdiler. Arasy kesilmän dowam edýän gazawatda Mälikşa diwara dyrmaşyp barýarka typyp suwa gaçdy. Serdarlarynyň edermenligini görüp göwni galkynan müjahid gaziler (gazawat esgeri) diwarlary eýelemegi başardylar. Üstünde yslam baýdagyny dikdiler. Bialaç galan hristianlar boýun egmekligiň alamaty hökmünde ak baýdaklaryny göterip, janlarynyň bagyşlanmagyny towakga etdiler. Käbirleri bolsa, musulman bolup ebedi bagta gowuşdy.
Oglunyň we weziriniň gahrymançylyklaryny eşidip Alp Arslanyň begenjiniň çägi bolmady we olary ýanyna çagyrdy. Mälikşa we Nyzamülmülk ýollarynyň ugurlaryndaky galalary-da alyp, soltanyň huzuryna bardylar. Iki Seljukly goşuny Sepid Şähýerde birleşdi. Bu taýyny gysga wagtyň içinde basyp alandan soňra, Lal şäherine hüjüm etdiler. Lal şäheri mizemez we beýik galalardan hasaplanýardy. Galanyň diwarlary gündogar we günbatar taraplardan beýik daglaryň üstünde gurlupdy. Galany goraýjylaryň baştutany höçjet Gürjüdi. Şäheriň öňünden akyp geçýän derýanyň üstündäki köpri galdyrylanda, şäheriň ýeke-täk girelgesi hem ýapylýardy. Musulmanlary gören batlaryna hristian Gürjüler köprini ýokary galdyrdylar. Seljukly serkerdeleri şäheriň töweregini aýlanyp görenlerinden soňra, galany zabt etmegiň o diýen ýeňil düşmejekdigine göz ýetirdiler.
Hemişeler bolşy ýaly ýene umytly görünýän Soltan Muhammed Alp Arslan, çadyryny galanyň derwezesiniň öňünde dikdirdi. Gala geçer ýaly uly köpri gurdurdy. "Allah, Allah" diýen sesler bilen söweş başlady. Söweş gysga wagtda tutaşdy. Gürjüler, diwarlara söýelen merdiwanlardan durmaşyp gelýän müjahid gazileri (gazawatçylary) peýkamdan atýan oklary bilen saklajak bolup dyrjaşýarlar. Ölse şehit, galsa gazi bolmak hyjuwy bilen iman sili deýin okdurylyp gelýän müjahidleri saklamak diliňe aňsat. Soltan çadyrynda sežde edip Allahü tealaga ýalbarýardy, bize ýeňiş bagş et diýip, gözlerinden boýur-boýur ýaş goýberýärdi. Ahyrsoň, galadan elleri ak baýdakly aman diläp gelen iki adamy soltanyň huzuryna äkitdiler. Gelenler ynamdar emiriň ýolbaşçylygynda bir topar iberilmegini islediler.
Soltan ýanlaryna bir bölek atly goşup, Ebu Şemse we Emir bin Müjahit atlaryndaky iki serkerdäni iberdi. Gaziler diwarlar geçip, içeri girip-girmänkäler, gürjüler üstlerine topulyp hemmesini şehit etdiler. Bolan wakany Alp Arslana habar bermek üçin gelenlerinde, soltan namaz okap otyrdy. Müjahid Soltan bu wakany eşidip, gaty gynandy. Ýüzüniň ugruna atyna atlanyp hüjüme geçmegi buýurdy. Ýigitler sil deý öňe okduryldylar. Soltan Alp Arslan güýçli gaýtawul berlenligine garamazdan, ähli päsgelçilikleri ýeňip, gandöküşikli uruşdan soňra gazileri bilen şähere girdi. Hristianlar dyz çöküp, boýun burdular. Örän kän mukdarda olja ele geçirildi. Alyp bolmajak gala hasaplanýan Lal şäheriniň ele düşenligini eşidip, goňşy galalaryň baştutanlary Soltanyň ýanyna ilçilerini iberip, jizýe bermek bilen boýun egýändiklýerini duýdurdylar.
Soltan Alp Arslan sanlyja aýyň içinde örän kän şäherleri we galalary feth edenden soňra, şol jelegaýlarda iň pugta, iň mizemez gala saýylýan, Wizantiýalylaryň elindäki Ani galasyna baka ýörişe geçdi. Alp Arslanyň Kars we Ani galalaryna tarap gelýänligi baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda dumly-duşa ýaýrady. Kars çaýynyň gaýrasyndaky Newre we Seelwürde galalarynyň halky muny eşidip, hristianlygy zyňyp musulman bolandyklary barada habar iberdiler. Alp Arslan bu habara iňňän şat bolup, buthanalaryň deregne mesjitler saldyrdy. Dini Yslamy öwrenmekleri üçin medreseler gurduryp, alymlara tabşyryp berdi.
Soltan Muhammed Alp Arslan Ani galasyny guşatmak üçin taýynlyk görüp ýörkä, wezir Nyzamülmülk bir ýylyň içinde ele geçirlen şäherleriň, galalaryň we topraklaryň ady ýazylgy fetih-namany taýýarlap, Bagdatda ýaşaýan halyfa iberdi. Fetih-namada basylyp alnan erler bilen birlikde, söweşlerde 30000 duşmanyň öldürilenligi, 50000 adamyň ýesir alnanlygy, kän mukdarda olja ele geçirenligi barada aýdylýardy. Şeýle hem ýeňilmezek müjahid Soltan Muhammed Alp Arslanyň, Wizantiýanyň gündogardaky iň güýçli galalaryndan Anä hýereket edenligini, şol sebäpli doga edip, ruhy taýdan goldaw bermeklerini isleýändiklýerini aýan edýärdi.
Soltan goşuny bilen Anä gaty golaýlaşypdy. Ermeni Bagrat dinastiýasynyň öňki paýtagty Aniniň daş görnüşi, görenleriň ýüregine wehim salyp, olary eýmendirýärdi. Belent daglar kimin howalanyp duran diwarlary bardy. Iň uly depelerde galalar gurlupdy. Şäheri üç tarapdan ýaý mysaly gurşap alan Arpçaý derýasy towlanyp akyp ýatyrdy. Beýleki tarapda bolsa, giň we çuň edilip gazylan çukurlaryň içine suw goýberlip geçilmez ýaly edilipdi. Giriş-çykyşlar çukurlaryň üstünden guralan köprüler arkaly amala aşyrylýardy. Beýle şertlerde galany alyp bolmaz öýdüp, şu wagta deňiç duşmanlarynyň hiç haýsy Anini gabamaga, hatda ýan-ýakynyna golaýlaşmaga-da milt edip bilmändi. Buthanalaryň sany-sajagy ýokdy, ilaty-da gaty gaba görünýärdi.
Müjahid Soltan Alp arslan çadyryny şäheriň gabat garşysyndaky meýdanda dikdirdi. Esgerlerine ýüzlendi: "Ýigitlerim! Batyrlarym! Siziň ýaly gahrymanlara hökümdarlyk edýänligim üçin men çäksiz bagytlydyryn we Allahü tealaga hamd edýärin. Ilki tagta geçenimde, ýurduň gözýetimini gaplap alan ynkylap bulutlaryny gylyçlaryňyzyň lowurdaýan ýyldyrymlary bilen dep edip, watanyň agzybirligini ýola goýduňyz. Yslam älemi bu gün hem, garşymyzdaky duşmana Allahü tealanyň dinini aýan etmegimize we bu ugurda jihady fisebilillah üçin garpyşmagymyza garaşýar. Beýle bolsa, hak iş bolan Watany goramak we ylaýy kelimetullahy ýaýmak kibi iki mukaddesi işi berjaý etmek mertebesi bize düşýär. Duşmanymyz köplük, galalary pugta hem bolsa, siziň ýaly gazawat meýdanlarynda bişişen, şehit bolmak yşgy bilen ýanyp-tutaşýan müjahitleriň ilkinji zarbysyna döz gelip bilmejekdiklerini bilýärin. Sebäbi siziň öňüňizde watanlaryny däl-de öz janlaryny halas etmekden başga zadyň pikirini etmeýän birtopar gorkaklar bar.
Siz bolsa, ömrüň bir kölege mysaly wagytlaýyndygyny, esasy mertebäniň Allahü tealanyň ýolunda jihad edip, jan bermekdigini bilýän ýigitler.
Ynha Soltanyňyz, Allahü tealanyň ady bilen ädimini gazawat meýdanyna atýar. Şu gylyjy tutup duran elim güýçden gaçýança garpyşjakdyryn...
Dinini, watanyny, Soltanyny söýýänler yzym bilen gelsin!..."
Bu ýüzlenmeden soňra, gahryman yslam esgerleri ägirt söýgi we ullakan tolgunma bilen Soltanlarynyň yzyna eýerip "Allah! Allah!" diýip gygyrşyp Ani galasyna hüjüm etdiler.
Doly deý ýagýan oklar bilen başlanan göreş, suwdan geçip diwarlara dyrmaşan müjahitleriň görlüp-eşdilmedik batyrgaý uruşlary bilen dowam etdi. Hristianlar soňky demlerine çenli galalaryny goraýardylar, müjahitleri içeri goýbermejek bolup jan edýärdiler.
Soltan agaçlardan beýik germewler ýasatdy. Üstüne peýkamçylar we daş zyňýan gurallar erleşdirildi. Gala we diwarlara günlerçe äpet-äpet daşlar atyldy. Hristianlara göz açdyrylmaýardy. Gije-gündiz dynuwsyz dowam edýän söweşlerden hristianlaryň soňunyň golaýlanlygy köre hasady. Aniniň häkimi we baştutany Bagrat we Grigoriý içki galada gizlendiler. "Baş bolmasa göwre läş" diýleni, şondan soňra halkyň urşup kän gelen tarapa gaçyşyp ugradylar. Müjahitler diwarlardan geçip, daşky galany ele geçirdiler. Soltan Alp Arslan gazaply çaknyşyklar netijesinde içki galany hem zabt edenden soňra şükür seždesini edip: "Elhamdülillah! allahü teala, olaryň synmaz diýen şäherlerini feth etmegi bize hamd etdi.
Soltan Muhammet Alp Arslan Anini alandan soňra, birazrak wagt düzgün-tertip we dikeldiş işleri bilen meşgullandy. Halkyň bir bölegi musulman boldy. Olar buthanalaryny mesjide öwürdiler. Soltany Yslamyýeti öwrenmekleri üçin medreseler gurduryp, bu iş üçin alymlara wezipe berdi. Serkerdeleriň birine şäheri goramagy tabşyryp, ep-esli esgeri-de ygtyýaryna berdi.
Şunlukda, Wizantiýa Imperatorlygynyň gündogardaky iň mahabatly şäheri, müjahit gazi Alp Arslan tarapyndan feth edildi. Bu habar Wizantiýa baryp ýetende, hristianlaryň bary biçak gynandylar. Munuň tersine Yslam dünýäsi bolsa, begenjinden uçaýjak bolýardy, Yslamyň ýüzüniň tuwagy Soltana we goşuna dogalar bilen hemra bolupdylar.
Nyzamülmülk, Ani ýeňşi barada fetih-nama ýazyp, ýagdaýy Bagdatdaky halyfa mälim edipdi we halyfyň öwgüleridir-dogalaryna sebäp bolupdy.
Soltan Alp Arslan Aniden soňra Karsa ýöneldi. Zozmazdan öňinçä, ýerli häkim Gagike (Haýike) ilçi iberip, musulman bolmagy ýa-da raýatyna girip jizýe tölemegi teklip etdi. Eger, teklibi kabul etmese kän gan akjakdygyny duýdurdy. Haýik, alyp bolmajak gala hasaplanýan Anini alan Türkleriň neneňsi güýçlendigine bireýýäm göz etiripdi. Türk ilçilerini gara lybaslar geýip garşylady. Munuň sebäbi soralanda bolsa: "Dostum Soltan Togrul Beg aradan çykandan soňra ýas tutup, gara lybasa bürendim" diýip jogap berdi. Soltana wepaly boljaklygyny we salgyt töläp, hökümdarlygyny dowam etdirmek isleýändigini ýaňzytdy. Ilçiler haýran galyp, ýagdaýy Soltana ýetirdiler. Alp Arslan Karsa baryp Haýik bilen parahatçylyk şertnamasy baglaşdy, oňa mylakatly sözler aýtdy.
Şeýlelikde, Soltan Alp Arslanyň 1064-nji ýyldaky Kawkaz ýörişi üstünlikli tamamlanypdy. Gürjüstan we Ermenistan durşy bilen Seljuklylaryň golastyna geçipdi, Kars häkimi bilen ylalaşyga gelnipdi, Wizantiýalylaryň ýoňsuz kän galalary ele geçirlip, içine-de Türk esgerleri ýerleşdirilipdi.
Soltan Kawkaz ýörişinden soňra, paýtagta dolanmak üçin yzyna gaýtdy. Ýolda Yspyhana we Kirmana darap geçdi. Kirmanda işlerini tertibe salyp, Mara geldi. Onuň, ýurduň gündogaryna hereket etmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bardy. Garahanly we Gaznaly hökümdarlay bilen dostlugyny jebisleşdirmek isleýärdi. Şo matlap bilen, ogly Mälikşany Garahanly soltanynyň gyzy Terken Hatyna öýlendirdi. Gazna hökümdarynyň gyzyny-da beýleki ogly Arslan şaga alyp, garyndaşlygy pugtalaşdyrdy. Şunlukda, birazragam bolsa, gündogardan abanaýjak howpuň öňüni alypdy. Iki kuwwatly Yslam döwletiniň ylalaşyga gelmegi, hemmäniň köňlüne aram berdi. Musulmanlaryň begenjiniň çägi ýokdy.
Ylaýy kelimetullah üçin iki ýüz müň adamlyk hristian goşuny bilen söweşmelidi. Ählisiniň kellesinde eke-täk pikir bardy: Duşman iki ýüz müňi beýlede goý, bäş ýüz müň hem bolsa, Allahü tealanyň emirlerini berjaý edip, gadagan eden zatlaryndan gaça dursalar we başlarynda duran serdaryň yzyna eýerseler, ýeňşiň özlerine ýar boljakdygyna pugta ynanýardylar.
Rim Imperatory Alp Arslany şeýle az wagtyň içinde garşysyna çykar öýtmänsoň, Rahwa obasynyň beýleki tarapynda goşunyna serenjam berip ugrady.
Soltan Alp Arslan, söýgüli pygamberimiz Muhammed aleýhisselamyň sünneti şerifine doly tabyn bolanlygy sebäpli, içlerine ynamdar serkerdelerinden Saw Tekini hem goşup, 25-nji awgust perşenbe güni Romanos Diogenosyň ýanyna Ibni Muhelbanyň baştutanlygynda ilçiler toparyny iberdi. Ilçiler Wizantiýa Imperatoryna: "Yslamyýeti kabul etmegini, muňa razy bolmasa, musulmanlara garaşly döwlet bolup jizýe (salgyt) tölemegini ýa-da söweşe taýýar bolmalydygyny" aýan etdiler.
Iki ýüz müň adamlyk goşunyna bil baglap, esgerleri ýörän mahaly daglary lerzana getirýändir öýdüp ýören, söweşde hökman ýeňiş gazanaryn diýip pikir edýän ulumsy we tekepbir Imperator ilçileriň üstünden güljek boldy: "Hemedan has owadanmy ýa-da Yspyhan? Men esgerlerim bilen Yspyhanda, atlarym bolsa hemedanda gyşy geçireris. Akynçylaryňyzyň ýurduma edenlerini Yslam ýurtlaryna etmän yzyma dolanmakçy däldirin" diýdi. Özüne galsa, Seljukly topraklaryny basyp alyp, Malazgirt galasynda edişi ýaly ýaş diýmän garry diýmän baryny bir ujundan gylyçdan geçirjekdi, Mekge, Medine ýaly mukaddes ýerleri we beýleki Yslam ýurtlaryny ýer bilen egsan etjekdi!.. Muny diýseň, Yslam ilçiler toparynyň tekepbir korola beren jogaplary böwrüňe diň salmaga mejbur edýärdi: "Atlaryňyzyň hemedanda gyşlajaklygy-ha hak weli, ýöne siziň gyşy nirede geçirjekdigiňizi bilip biljek däl!.."
Yslam ilçileri teklipleri ret edilensoň düşelgä gaýdyp geldiler we Soltany ýagdaýdan habardar etdiler.
Soltan alp Arslan alymlary we serkerdelerini ýygnap, duşman bilen haçan çaknyşmalydygy barada maslahat geçirdi. Her serkýerde öz pikirini aýtdy. Goşunyň ymamy Buharaly Muhammed: "Soltanym! Siz, Allahü tealanyň beýleki dinleri ýeňjekdigi barada söz beren dini bolan Yslam dini üçin jihad edýärsiňiz. Ähli musulmanlaryň bize doga edýän güni bolan Juma güni söweşe gireliň. Jenaby Hakyň saňa üstünlik gazandyrjakdygyna ynanýaryn" diýdi. Onuň aýdanlaryny makul görüp, Juma güni öýlän namazynyň yzýanyndan söweşe başlamaly diýen karara bardylar. Söweş soň nähili alnyp barylmalydygy, serkerdeleriň nähili hereket etmelidigi belli edildi. Şol gije bir topbak esger duşmanyň düşelgesine golaýlaşyp, ertire çenli ok atmaly we tekbir getirip ("Allahü ekber" diýip gygyryp) ýüreklerine wehim salmaly edildi.
Musulman-Türk goşunynyň her haýsy ýüz adama taý geljek edermen ýigitlerinden Sanduk Beg, Trankogly, Bekçiogly Afşin Beg, Uwanogly Zawly Beg, Porsuk Beg, Artyk Beg, Tutan, Ýakuty, Göwheraýin, Atsyz, Arslantaş, Ahmet Şa, Dilmaçogly Mehmet, Aksungur, Mengüjük, Abdülmälikogly Muhammed, Bozan Beg ýaly gahryman serkerdeler öz ýerlerine gaýdyp baryp, müjahitlere "Jenaby Hakyň ismi şerifini belende götermek, dini Yslamy ýaýmak" terzindäki niýetlerini öwran-öwran gaýtalamalyklaryny, buýruk berilmänkä hüjüme geçmeli däldiklerini, aman sorana el galdyrmaly däldiklerini, "Allah, Allah" diýip söweşmelidiklerini aýdyp, esgerlerini tolgundyrýan gürrüňler geçirdiler.
Şol gije, tabşyryk alan müjahidle, duşmanyň alkymyna diýen ýaly baryp, daňdana çenli ok atyp, tekbir getirip, Wizantiýalylaryň ýüregne gorky saldy. Barynyň jany bir suw, asyl gözlerine uky girse nätjek.
Ol gije daňyny çirim etmän atyranlaryň biri-de müjahit Soltan Alp Arslandy. Gözlerinden ýaş döküp, Allhü tealaga ybadat etdi. Soltanlyk otagyndaky ýere ýazylan halylary ýygnap, päk topraga mübärek alnyny goýup, sežde etdi. Gözýaşlary bilen gumy ölläp: "Ýa Rebbi! Seniň diniňi ýaýmak, ismi şerifiňi belende götermek üçin ýaşaýaryn. Habibi ekrem we Nebiýi muhtýerem sallalahü aleýhi we sellem efendimiziň (Muhammet pygamberimiziň) hatyrasy üçin, hezreti Ebu Bekr, Ömer, Osman we Aly radyýallahü anhüm efendilerimiziň hatyrasy üçin, Kur’any kerimde taryplan gürrüňini beren Eshaby kiramyň hatyrasy üçin şu Yslam duşmanlaryny mat edip, goşunymy şat eýle. Öwlüýäniň ruhlaryny bize hemra eýle!.." diýip nyýaz etdi. Uzyn-uzyn dogalar edenden soňra, atyna atlanyp, dynjyny alýan müjahitleriň arasyny aýlanyp gördi. Serkerdeler edil tabşyryk berlişi ýaly ýerli-ýerine baryp, hersi öz ýigitleriniň arasynda süýji uka gidipdirler. Öňdäki hatarlarda buýruk boýunça hereket edýän ýigitleriň sesleri gijäniň ümsümligini bozýardy. Nobatçylaryň gözleri eserdeňlik bilen  duşman tarapyň her bir hereketini sypdyrman yzarlaýardy. Hemmäniň öz işiniň başynda bolmagy Soltanyň göwrümini giňeltdi.
Daňyň düýbi çyzylmanka müezzinler ýakymly owazlary bilen azany Muhammedini okap ugradylar. Alp Arslan ullakan lezzet almak bilen müezzinleri diňledi. Ölüm, gabyrdaky durmuş, Eshaby kiramyň Yslamyýeti ýaýmak üçin çeken ezýetleri barada oýlandy. Belki bu onuň ahyrky söweşidir. Onda-ha eý görýän jihad ýolunda şehitlik mertebesine gowuşardy. Gözlerinden iki damja ýaş syrygyp gaýtdy. Goşunyň täret alşyna tomaşa etdi. Hemme kişi giň giden çöketlikde hatara düzülip otyrka, soltan hem goşun ymamy Buharaly Abdülmälikogly  Muhammediň yzynda durup sünneti okap başlady. Kamat getirilenden soňra, ymamyň "Allahü ekber" diýmegi bilen ägirt goşun, Allahü tealanyň huzurynda parza durdy. Ymam Fatihadan soňra jihad baradaky aýaty kerimelerden käbirlerini okady. Müňlerçe müjahid esgerleriň bir wagtyň özünde rüküga egilip, sežde edişleri we gaýtadan dogrulanyp oturyşlary gaty haýbatly görünýärdi. Edil diýersiň, ägirt dag ýere ýazylyp ýatan ýalydy. Namaz okalyp, doga etmäge gezek ýetende, esgerleriň bary el açyp, Allahü tealadan ýeňiş  bagş etmegini, bu ugurda şehit ýa-da gazi bolmagy nyýaz etdiler. Didelerden ýaşlar döküp, dogalar edilenden soňra, müezzin özüniň galyň we ýakymly dawudy sesi bilen Haşr süresiniň ahyrky aýaty-kerimelerini okady. Namazdan soň, her topardaky esgerler, ajyny-süýjüni bile paýlaşyp ýören egindeşleri bilen razylaşdylar. Hemmäniň dodaklary, şehitligiň öňýany uly söýgi bilen Allahü tealanyň adyny ýatlap pyşyrdaýardy.

OŇA ÝEŇIŞ BAGŞ ET!
Şol gün, zamananyň halyfy hemme musulmanlara Alp arslana we goşunyna doga etmegini emr edip, Juma güni mesjitde okalar ýaly şeýle doga taýýarladypdy:
"Ýa Rebbi!... Yslamyň baýdagyny belende göter we oňa kömegiňi gaýgyrma. Küpür bütinleý ýok bolar derejede olary ýeňlişe sezewar et. Saňa tabyn bolmak üçin janlaryny gaýgyrmaýan, ganlaryny döküp, seni razy etmäge çalyşýan müjahit gullaryňa güýç-kuwwat ber. Ýurtlaryny penaňda sakla, özlýerine ýeňiş gazandyr. Emir-ül-mü’minin, şolaryň şasy beýik hezreti Muhammed Alp Arslanyň dilegini kabul eýle! Dini Yslamy ýaýyp, mertebeli adyňy belende götereri ýaly, ony goldawyňdan mahrum etme! Sebäp ol, diňe seniň razy bolmagyň üçin asuda durmuşy terk etdi. Barça mal-dünýäsini seniň ýoluňa sarp etdi, hatda janyny hem bu ýolda pida etmek üçin taýýar. Kitabyň Kur’any kerimde: "Eý, iman edenler! Size, janyňyzy alyp barýan azapdan halas etjek amatly ýoly görkezeýinmi? Allahü tealaga we Pygamberine ynanýan bolsaňyz, Onuň ýolunda mal-mülküňiz we janyňyz bilen jihad ediň" (Saf süresi: 10, 11) buýurýarsyň. Sen sözüňden dänmersiň. Allahym! Ol nähili edip, seniň çakylygyňa eýerip, dini Yslamy goramakda gowşaklyk etmän emriňi berjaý eden bolsa we bu ýolda gijesini-gündizini gaýgyrman işlän  bolsa, sen hem oňa ýeňiş bagş et! Ony duşmanlaryň hilegärliklerinden daş tut we gora! Allahym! Onuň ähli kynçylyklaryny ýeňilleşdir we kapyrlary tar-mar edip, Yslam esgerlerini ýeňiji eýle! Ämin!..."
1071-nji ýylyň 26-njy awgusty. Juma güni... Müjahit Soltan Muhammet Alp arslan, hatara düzülýän esgerleri, düzgün-nyzamy gözden geçirdi. Serkerdelere nähili hereket etmelidigi baradaky görkezmesini ýene bir gezek ýatlatdy.
Juma güni, gün depeden agypdy... Tolgunşyk soňky hetde ýetipdi. Şeýle hem, juma- mü’minleriň baýramydy. Sähel wagtdan başlajak söweşde kim bilýär kimisi Allah ýolunda gurban boljakdy we diýseň küýsän şehitlik mertebesine gowuşyp, hakyky baýram etjekdiler.
Soltan Alp Arslan we gahryman goşuny, hemmesi agzybirlik bilen Juma namazlaryny okadylar. Gözlerden ýaşlar dökülip, dogalar edilenden soňra Alp Arslan gar kimin ak eşiklerini geýip, öz eli bilen atynyň guýrugyny çigdi-de, kybla öwrülip ýüzüni ýere berip sežde etdi. Jenaby Haka hamd edip, gözlýerinden boýur-boýur ýaş döküp otyrşyna, "Allahym! Seni özüme wekil edip alýaryn, beýikligiň öňünde ýüzümi ýere berýärin, seniň ugruňda seniň razylygyň üçin söweşýärin. Allahym! Goşunyma ýeňiş bagş et! Günälerim zerarly olary syndyrma! Allahym! Nietim päkdir. Maňa kömek et. Sözlerimde ýalan bar bolsa meni galkyndyrma!..." diýip ýalbardy. Soňra dikelägetdin bir bökende atyna mündi. Dogumdan gözleri ýanyp durdy. Birsalym sessiz-üýnsüz goşunyna seredip durdy-da: "Beglerim! Ýigitlerim! Dini Yslama hyzmat etmek üçin ýaryş edýän gazilerim!" diýip söze başlady. Müjahitler atlarynyň üstünde soltanyň her bir sözüni sypdyrman tolgunmak bilen diňläp otyrdylar. Alp Arslan uly hyjuw bilen: "Ynha, şehitlik kepenini geýdim. Allahü tealanyň razy bolmagy üçin, edil siziň ýaly nöker hökmünde söweşjekdirin. Eger, şehitlik mertebesine gowşaýsam, bu ak eşigim kepenim bolsun! Elbetde bu ýagdaýda oglumyz Mälik şa başyňyza geçer!..." diýen badyna, ýaý kirişi kimin dartylyp duran müjahitleriň bary biragyzdan: "Allah, seni bize köp görmesin Soltanym" diýdiler. Barynyň gözleri uçganaklap durdy. Haýdan-haý duşmanyň üstüne okdurylmak isleýärdiler.
Alp Arslan esgerlerine atalyk mähri bilen birlaý göz gezdirip: "Kapyrlaryň sany kän, ýaraglary artykmaç: Sanymyz az, ýöne Allahü teala biziň bilen!.. Edil şu wagt, ähli musulmanlaryň mesjitlýüerde biziň üçin doga edýän wagty, özümi duşmanyň üstüne zyňasym gelýär. Ýa-ha ýeňeris, ýa-da bolmasa şehit bolup Jennete gideris. Bu gün bu ýerde soltan ýok, men hem sizler ýaly söweşjeň esgerleriň biri. Isleýän adam yzyna gaýdyp biler, biz olara haklarmyzy halal etdik (biz olardan razydyrys)!..." diýen mahaly, ýagşy yssyny-sowugy gören gaziler ýene biragyzdan: "Haşa... Ölsegem bile öleris, ýöne yza dolanmarys" diýdiler. Soltan Alp Arslan soňky sözüni aýtmak üçin sag elindäki gylyjyny ýokary galdyrdy: "Jenaby Hak gazawadyňyzy mübärek eýlesin!... Ullakan çöketligiň içi müjahitleriň" Ämin! Ämin!" diýen seslerinden Ýaňa güwläp gitdi.
Şo bada kös urlup, jeň marşlary çalynyp ugrady. Gamyşgulak bedewler çarpaýa galyp, ýerinde durmajak bolýardy. Aýaklary bilen ýer peşäp, tanaplaryny üzäýjek bolýardylar. Nökerleriň bary demlerini alman durdylar. Soltan: "Ýa Rebbiý Bismillah!, Allahü ekber!.." diýip gylyjyny öňe uzatdy. Hüjüme diýip buýruk berlen ýigitler ýaýdan sypan ok kimin öňe okduryldylar. Gögi "Allah! Allah!" sedalary bilen ýaňlandyryp, iki ýüz müň adamlyk ägirt Rim goşunyna tarap uçup barýardylar. Soltanlarynyň: "Batyr gazilerim! Uruň ýigitlerim! Allahyň haky üçin uruň!"... diýen sözlýerini eşidip, dünýäni unutdylar.
Atlar boýunlaryny sozuşyp, ýel deý okdurylyp barýarka ýiti ses ýaňlanýar: "Ok atyň!". Şo bada ýaýdan goýberlen oklar, yzly-yzyna kapyrlara tarap uçup gidýär. Duşman oklardan galkanlary bilen goranýardylar. Yslam goşunynyň sag we çep ganatlary bilen bilelikde, olara garanyňda azrak güýç bilen merkezden hereket edýän Soltan Alp Arslan, bar güýçlerini orta goýup, Wizantiýa goşunyna agram salyp ugradylar. Iki goşun ýüzbe-ýüz boldy, aldym-berdimli söweş başlady. Gykylyk barha artýardy. Müjahitleriň "Allah, Allah" diýen sesleri bolsa hemme seslerden zarply çykýardy. Soltanlarynyň "Uruň batyrlarym!." diýen sesini eşidip göwni göterlen ýigitler gözi ýok ýaly gylyç işledýärdiler. Çöketligiň içi güpürdilerden, gykylyklardan kişňeýän atlaryň seslerinden ýaňa ses-üýn alşar ýaly däldi. Söweş meýdany birsellemiň içinde patlap gaçan kellelerden, kesilen el we gollardan, başsyz galan göwrelerden doldy. Wizantiýalylaryň öň hatarlary ýok edilenden soňra merkezdäki esasy güýç bilen ýüzbe-ýüz boldular. Merkezdäki Korol , öňdäki güýçleriniň gyrlyp gutaranyny görüp durdy. Goşunyny durşy bilen jeňe sürdi. Soltan Alp Arslan edil şoňa garaşyp duran ýaly yşarat etdi. Surnaýyň ýiti sesi gulaklary kamata getirdi. Tälim berlen ýüwrük atlar kişňeşip çarpaýa galdylar-da yzlaryna öwrüldiler. Yslam esgerleri öňden planlanyşy ýaly çaltlyk bilen düşelgä tarap yza çekilýärdiler. Wizantiýalylar "Türkler gaçýar" diýen pikir bilen olaryň söbügine düşdi. Deňsiz-taýsyz musulman türk nökerleri, atlarynyň üstünde yzlaryna öwrülip, ýaýlaryny çekýärdiler, ellerinden geldigiçe duşmana ýitgi çekdirjek bolýardylar. Kowha-kowuşlyk başlapdy. Yslam esgerleri bukuda garaşyp ýatan Trankoglunyň ýigitlerine ýakynlaşypdylar. Birdenkä ikä bölündiler-de, meýdanda uly boşluk emele getirip, biri saga biri-de çepe öwrülip daýyrdaşyp gitdiler. Trankogly: "Ok sal!" diýip buýruk beren bada müňlerçe ok Rimlileriň üstüne şuwlap gitdi. Mergenlik bilen atylan oklar duşmanlary palaç seren ýaly etdi. Yzýanyndan ikinji... üçünji... oklar hem nyşana baka uçup gitdi. Rimliler pikir etmedik, hatda ýatyp-turup kellelerine gelmejek duzaga düşüpdiler. Entek nämäniň-näme bolanlygyna düşünmän, äm-säm bolşup durkalar, müjahitler bireýýäm sagdan we çepden halkalaýyn gabap, arkalaryna aýlanypdylar. Trankogly ýigitleri bilen gylyçlaryny ýalaňaçlap, daşy doly gabalan duşmanyň hatary barha seýrekleşýärdi. "Allah, Allah" haýkyryşlary we serkerdeleriň "Haýdaweriň ýigitler!" diýen sözleri bilen ruhy göterlen gaziler, gylyçlaryny dyngysyz işledýärdiler. Birdenkä Wizantiýa goşuny mese-mälim azaldy. Urgudan ýykylanlar atlarynyň aýak astynda galýardylar. Ürküp çarpaýa galan atlar üstlerindäkileri ýere pylçap urýardylar. Gürzüsini götermäge synanyşyp duran rysar , sowudyny parran böwsüp ýüregne çümen naýza bilen bilelikde ýere serilýärdi. Rimliler paltalaryny bularlara pursat tapman, kellelerine gütläp degen tokmaklaryň zarbyndan aýňalman bu dünýä bilen hoşlaşýardylar. Topragyň üsti gandan ýaňa çaýkanyp durdy... Käbirleri zarp bilen ýokary göterlen Türk gylyçlaryndan gutulmak üçin sümere deşik agtarýar. Käbirleri-de ýykylan ýerlerinden ellerini galdyryp aman dileýärdi. Boýun egenler gutulýardy, boýun egmedikleriň başary gylyçlaryň nyşanasy bolýardy...
Agşama ýakyn Malazgirt meýdany Bizans esgerleriniň läşinden geçip bolmajak ýagdaýa gelipdi. Ulumsy Bizans imperatory, goşunynyň bu gözgyny halyny görüp, Şazada Andronikos Dukasyň ýolbaşçylygyndaky  ätiýaçlyk güýçleri öňe sürmek isläpdi, emma näçe gözlese-de Şazadany tapmandy. Şazadanyň söweş meýdanyndan gaçandygyny eşiden wagty, gaharyndan dälimek hetdine ýeten çäresiz Imperator, ýakynlaryny ýanyna alyp, hazynasynyň duran ýerine yza çekilip ugrady. Bu ýagdaý, haçly esgerleriň göwnüçökgünligine ýol açdy. Türkmenleriň egri gylyçlaryndan gutulmak üçin "assa gaçan namart" diýenlerini edip, sozanguýruk ýasadylar. Korol  gaçyp barýanlary saklajak bolup şunça jan etse-de başartmady. Merkezdäki güýçler bilen ölümi göze alyp goranyp başladylar. Şahynşah (Şalaryň Şasy) beýik müjahid gazi Alp Arslan bu wagt görenleriň huşuny başyndan uçurýan hereketleri bilen söweşiň iň gyzgalaňly ýerinde ýalaňaç egri gylyjyny durman işledýärdi, hatda wagtal-wagtal jany howp astynda düşýärdi. Soltanlaryny görüp ýigitleriň ruhy göterilýärdi. Şol wagt biriniň soltanyň atynyň jylawyndan ýapyşyp: "Soltanym! Mübärek göwräňizi howply ýerlere atyp, bizi ýetim goýmaň! Hossarsyz galjak musulmanlara rehmiňiz insin!" diýip ýalbarýan sesi eşdildi. Bu ýigit, söweş başlaly bäri garaba-gara soltanyň yzynda, ony howplardan goraglap ýören serkerde Aý Tigindi... Ýeňilmezek Soltan oňa: "Eý, Aý Tigin! Musulmanlaryň asudalygy meniň aladaly günlerimdedir" diýip jogap gaýtardy-da, esgerlerine öwrülip: "Uruň Hudaň haky üçin!..." diýip haýkyrdy. Musulman Türk esgerleri gaýtadan gaýrata galyp, Wizantiýa goşunynyň jümmüşlerine baka siňip gitdiler.
Agşamara... Howa garalyp barýar... Koroldyr-esgerleri agşamyň garaňkylygyna duwlanyp söweş meýdanyndan gaçjak bolup synanşýardylar. Söweş meýdany müňlerçe ölüden, ýaralylardan we ýesirlerden ýaňa hyň berýärdi. Wizantiýanyň ähli ýaraglary, ulanylan serişdeler we hazynalar musulmanlaryň eline geçdi, Wizantiýa Imperatory-da ýesir alyndy.
Agşama deňiç dowam eden uruş, musulman Türkleriň eňşi bilen tamamlanypdy. Malazgirt çöketleginde ýüz müňden gowrak Wizantiýalynyň mazary galdy. Soltan Muhammed Alp arslan Allahü tealanyň rugsady bilen taryhyň iň uly meýdan söweşlerinden birinde ýeňşi gazanandan soňra, ýüzin düşüp şükür seždesini etdi we begenç gözýaşlary döküp, jenaby Haka hamd etdi.
Imperatoryň hazynalaryny Soltanyň öňüne getirip goýdular. Emma, onuň bularda gözi eglenmeýärdi. Şehit düşen esgerleri barada oýlanýardy. Alymlardyr-serkerdeleri ýanyna alyp uruş meýdanyny aýlandy. Şehitler üçin Fatihalar okalyp depin edildi, ýaralylaryň ýarasy daňyldy. Şol wagt hem Soltana Wizantiýa Imperatorynyň ýesir düşenligini habar berdiler.
Ertesi eňilmezek Soltan Romanos Diogýenesi çadyrynda ör turup, myhman ýaly edip garşylady. Imperator utanjyndan başyny galdyryp bilmän  durdy. Soltan ony ýanynda oturdyp: "Eý, Imperator! Ýanyňa ilçi iberip, parahatçylyk teklip etdim. Kabul etmän: "Kän pul harjap, goşun ýygyp şunça ýoldan geldim. Ahyrsoň gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Ýurduma edenlerini Yslam ýurtlaryna etmän yza dönmen" diýip güýjüňe buýsaňdyň. Bu kellekeserligiň netijesini neneň görýäň?" diýip sowal berdi. Imperator: "Döwletiňi syndyrmak üçin dürli taýpalardan goşun jemledim. Indi bolsa ýurdum eliňde, özüm öňüňde. Isläniňi edip bilersiň!" diýdi. Soltan: "Eger, sen ýeňiş gazanan bolsaň meni näderdiň?" diýip soranynda: "Sen meniň ýa-da adamlarymyň ygtyýarynda bolsadyň, ýa kelläňi aldyrardym, ýa-da dar agajyndan asdyrardym" diýip jogap berdi. Soltan: "Hakykatdan-da dogry aýdýaň. Eger, bu aýdanlaryň tersini aýdan bolsaň, ýalan sözleýäniligiň mälim bolardy. Indi saňa näme etmegimi isleýäň?" diýip sorady. Ol: "Ýa meni öldürersiň! Ýa-da bolmasa... Emma bu barada pikir etmek hem ham-hyýaldan başga zat däl. Ýok, bu mümkin däl!..." diýdi. Soltan: "Näme mümkin däl?" diýip soranynda: "Bagyşlanyp ýurduma gaýtarylyp berilmegim" diýip jogap berdi. Soltan: "Başdan bäri seni bagyşlamakdan özge bir niýetim ýokdy" diýeninde, Imperatoryň muňa hiç ynanasy gelmedi. Begenjinden: "Başlaryna geçelim bäri Wizantiýanyň ähli hazynasyny goşun düzmek we söweşe taýýarlyk görmek üçin harjap gutardym. Emma, bir çemçe ganymy ötenligiň üçin Wizantiýa ülkesine eýelik etmäge hakyň bar" diýdi-de tüýs Wizantiýalylygyny etdi otyryberdi.
Ahyrsoň iki hökümdaryň gürrüňdeşligi şertnama baglaşmak bilen tamamlandy. Bu şertnamanyň käbir maddalary şeýledi:
1. Wizantiýa Imperatory, azat edilenliginiň muzdy hökmünde bir ýarym million altyn tölemeli.
2. Wizantiýa Imperatorlygy, Seljukly Döwletine her ýyl üç ýüz altmyş müň altyn salgyt tölemeli.
3. Gerek bolanda Seljukly Döwletine on müň nöker iberip harby taýdan kömek bermeli.
Bu maddalaryň kabul edilmegi bilen; Wizantiýa Imperatorlygy Türkleriň raýatyndaky döwlete öwrülýärdi we Anadolyda ençe asyrlar dowam edip gelýän häkimetlerini ýitirýärdiler. Şunlukda, Anadolynyň gapylary hakyky eýelerine açylmalydy. Malazgirt ýeňşi Türkler üçin uly öwrülşik pursaty boldy. Şu ýeňişden soňra Anadolynyň her ýeri feth edilip, musulmanlar ýerleşip ugrady. Malazgirt ýeňşi Soltan Alp Arslanyň Türk milletine eden iň uly sowgadydy, taryha altyn harplar bilen geçipdi.
Soltan Alp Arslan halyf bihabar galmaz ýaly, Yslam hökümdarynyň adatlaryna eýerip, fetihnama ýazdyrdy we Bagdada iberdi. Bagdatda uly dabaralar geçirilip, ýeňiş barada musulmanlara habar berildi. Halyf müjahid Soltana hat ýazyp, ony görlüp-eşidilmedik bu ýeňşi bilen ýürekden gutlady. Oňa: "Dünýä hökümdarlarynyň ulusy, musulmanlaryň kömekçisi, dininiň parlak täji, Yslam ýurtlarynyň soltany..." diýen ýaly mahabatlandyryjy sypatlar berdi.
Soltan Alp Arslan Imperator Diogýenesi iki ýüz goragçy bilen birlikde Wizantiýa iberdi. Imperator Siwasyň serhetlerine ýetenlerinden soňra Türk esgýerlerini yzyna gaýtardy.
Wizantiýa halky Romanos Diogýenesiň ýesir düşenligini we Türkmen Soltany bilen şertnama baglaşanlygyny bireýýäm eşdipdi. Onuň bu şertnamasy Wizantiýada goldaw görmändi, söweşi taşlap gaçan Şazada Dukas "Mihail VII" diýen at bilen Imperator diýlip yglan edilipdir. Diogýenes (1071-nji ýylyň 24-nji oktýabry) Mihailiň korol  bolanyny içine sygdyryp bilmän töweregine adam jemläp tagt ugrundaky göreşe baş goşdy, ýeňilenden soňra gözlýerini oýup jezalandyrdylar.
Romanos Diogýenesiň şowsuzlygy we ölümi netijesinde, baglaşylan şertnama güýjüni ýitirdi. Soltan Alp Arslan birnäçe serkerdelerine we Seljukly Şazadalaryna Anadolyny almaly diýip tabşyryk berdi. Iki ýylyň içinde gahryman musulman Türk esgerleriniň Ege we Mermer deňizleriniň kenarlaryna, hatda Üsküdara çenli gelip, anadolyda aýak basmadyk ýerleri galmady.
Soltan Alp Arslan, Malazgirt ýeňşinden soňra, Mawerannehre ýetmegi ýüregine düwüp, 1072-nji ýylda ullakan goşun bilen ýola düşdi. Türkmenleriň baryny bir döwletde berkarar etmek isleýärdi. Goşunyň başyny çekip, Buhara ýakyn geldiler. Amyderýanyň ugrunda ýerleşýän Hana galasyny gabawa aldylar. Galanyň baştutany, batyny sapyk (nädogry ýoldaky) topara degişli bolan Ýusup el-Horezmi,  galanyň mundan soňra goranyp bilmejekdigine göz etirip, boýun egýändiklýerini mälim etdi. Haýyn Ýusup, Alp Arslanyň huzuryna getirlen wagty duýdansyz ýerden Soltana topulyp, hanjar bilen ýaralady. Ýusuby şo bada öldürdiler. Emma, Soltan Alp Arslan  hem ýaralaryndan gutulyp bilmedi. Dördülenji gün diýlende, 1072-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda: "Heram-haçan duşmanyň üstüne çykanymda, esgerlerimiň känliginden, goşunyň ululygyndan göwnüme daglar ersip giden ýaly boldy. "Men dünýäniň hökümdary. Kim maňa garşy çykmaga milt edip biler?" diýen pikir kellämden at salyp geçdi. Ynha şonuň netijesinde jenaby Hak meni ejiz bir guly bilen jezalandyrdy.
Kellämden geçen bu pikirler, öňki günlerimde goýberen säwliklerim, eden ýalňyşlarym sebäpli Allahü tealadan ötünç sorap, toba edýärin. Lä ilähe illallah Muhammedün resulullah!..." diýip şehit boldy. Reý (Tähranyň golaýlarynda) şäherinde topraga berildi.
Soltan Alp Arslan soltanlygy boýunça Yslam dinine hyzmat etdi. Dinine örän wepalydy. Yslamyýeti içden ýykmaga çalyşýan gizlin duşmanlara, batyny we şaýy hereketlerine garşy göreş etdi. Hatda bir gezek: "Näçe gezek aýtdym. Biz bu ýurtlary Allahü tealanyň rugsat bermegi bilen ýaragyň güýji bilen aldyk. Tämiz musulmanlardyrys, bidkatyň nämedigini hem bilmeýäris. Şol sebäpli, Allahü teala päk nibetli Türkleri eziz eýledi" diýipdi.
Alp Arslan beýik taryhy eňişleri bilen birlikde, medreseler gurmak, ylym adamlaryna we talyplara wakyf girdejisinden aýlyk baglamak, gurluşyk we suwaryş enjamlaryny gurnamak ýaly hyzmatlar etdi. Onuň döwründe; Ymamy Gazaly, Ymam-ül-Haremeýn, Ebu Ishak eş-Şirazy, Abdülkerim Kuşeýri, Ymamy Sarahsy ýaly uly alymlar ýetişdi. Soltan Alp Arslan, Ymamy a’zamyň guburyny, Harizm Mesjidini, Şadýah gamasyny we ýene ençe eserleri gurdurdy.
Gahryman serkerdämiz Alp arslan, Merw şäherine depn edilipdir. Hakim Senainiň: (Alp Arslanyň göklere çykan başy we Merwde toprak bolan göwresi( diýip ýazan mersiesi, Onuň Merwde depn edilendigini kepillendirýär.

RUHUŇ ŞAT  BOLSUN EÝ OGUZ NESLINIŇ BEÝIK SERKERDESI!
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 117 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Täç Işan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
2O nji yanyar, 1994 ý

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Alp Arslanam bagtlay, meň doglan günimde doglupdyr

0
5 Jeksparro   [Mowzuga geç]
@Haweran, nirede okadyň özüni öwüp bilmedik şahyryň agzyna tezek dykdyrandygyny!?

0
4 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Sagja bol-a...

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Alp Arslan - beýik hökümdar, beýik şahsyýet, milli gahrymanymyz... Muña şek bolup bilmez.
Emma ony öwlüýäleriñ hataryna goşmak ýalñyşmyka diýýärin. Bir delil b.n düşündirmäge synanşaýyn: meselem, onuñ şahyrlaryñ uly mejlisini geçirendigi, şüweleñde özüni wasp edip okalýan şygyrlaryñ içinde haýsy göwnüne ýaramasa, şol şygryñ awtoryny masgaralap, köpçüligiñ öñünde agzyna tezek dykdyrdandygy barada maglumatlar bar. Bir hökümdar, bir gahryman, bir adam özüni wasp etdirip, öwdürip biler... Bu - adama mahsus kemçilikler. Göwnüne ýaramasa agzyna nejasadam dykdyryp biler. Belkäm, hantamaçylykly pikir b.n hökümdara ýaranyp goşgy düzen şahyrsumak muña añryýany bilen mynasypdyram, ýa bolmasa ony muña agyr durmuş şertleri ýa-da biziñ bilmeýän (bilibem bilmejek) başga bir makul sebäpleri bardyr. Ýöne her näme bolanda-da, bu eýýäm orta asyryñ despotik hökümdarlarynyñ edäýjek zatlary. A munuñ tersine, Allanyñ welilerinde bolmaly ýekeje aýratynlygy bar bolan biriniñ durmuşynda özüni öwdürmek, şahsyýetini kultlaşdyrmak ýa-da garşysyndakyny masgaralamak (meselem, agzyna tezek dykmak ýaly) ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetler bolmandyr.
Taryha we taryhy şahsyýetlere hemmetaraplaýyn baha bermek gerek.

1
2 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Haweran, termini "Şahsyýetler" diýip üýtgetdim. "Öwlüýäler" atly kitabyň ahyrky bölümleri Türkmeniň Soltan-şalary hakynda ýazylypdyr. Menem näme diýjegimi bilmän öňki gelşi ýaly açyberdim, ýöne, dogry aýtdyň, bulary öwlüýäler kategoriyasyna goşup bolmaz. Mundan beýläk "Şahsyýetler" diýip dowam ederis-dä

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Dogram edipsiñ. Dowam ediber. Men umuman pikirimi aýtdym.
Maglumatlar welin gymmatly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]