12:20
Dünýäni toba halas eder -6/ dowamy
ÜÇÜNJI BÖLÜM

DÜNÝELERDEN DOLY DÜNÝÄ

1.

Gadymyýetden bäri möwjüni kemeltmän, durmuş bilen deňine akyp ýatan däli derýanyň çep kenarynda, süňňi palçykdan bolsa-da, binýady berkden tutulan, taryhçylar aýtmyşlaýyn wagtynda uly bir döwletiň merkezi bolup hyzmat eden, içinde baryp-ha Çyn-Maçyn bilen bäsleşen bazarlary bolan giň meýdanly, küňreleri henizem howalanyp duran, ýykyk-ýumruk, köne bir gala seleňläp otyr.
Agyr ýükdür, gara işdir, werzişdikleri üçin öň adamlara köp-köp hyzmatlar görkezen, tilsimaýy tehnikanyň köpelmegi netijesinde ýüzüne urlup köçä kowlan, yzlary kürrelidir-u-kürresiz kaňkaşyp ýören eşekleri, öz rysgallaryny özlerine çöpletdirmek üçin iliň üstüne goýberilen sygyrlardyr düýeleri, baýguşlaryň gijelerine eşidilýän iniňi üýşendirýän çakyr hem gorkunç seslerini hasap etmeseň bu gala-da ähli harabalyklar ýaly, ýaşaýşyň iň bir ýönekeýje alamatlaryndan hem mahrum.
Hemişe tozap, içine gum syrap durandygy üçin, ýerli halk ony «Gumly gala» diýip atlandyrýar.
Emma ine, birdenkä, has takygy tobaçylaryň Haraý dagyna aşanlaryndan üç gün soň, onuň içinde iňňän üýtgeşik, dürli dillerde saýraşýan guşlar şeýle bir köpeldi welin, bu üýtgeşikligi görmek üçin ýeke bir goňşy obalardan ýa etraplardan däl, hatda welaýatlardanam adamlar üýşüşip-üýşüşip geldiler we ony şol günüň özünde «Guşly gala» diýip, atlandyrmaga başladylar.
Tussumandan bolup geçen şol üýtgeşikligiň telim wagt bäri özlerini «dagda» eden heýhatly mesele bilen baglydygy welin hiç kimiň kellesine-de gelmedi.
Guşlaryň gelişlerem bir töwra boldy. Çünki, olaryň arasynda nädip yzlaryna eýerip gelendigine haýran galaýmaly, gulaklary tutaç ýaly, guýrugy inçeden uzyn, nä jynsdandygam näbelli, ebeteýsiz bir bela-da geldi.
Onda ganat-a ýok. Ýöne, tazynyňky ýaly tagaşyksyz art aýaklaryny däbşenekledip, öň aýaklaryny kelemenledip, howany ýüzýärdi, öz-özüni ýelkenlendirýärdi we göreni geňler galdyryp, guşlar bilen deňine gidişýärdi.
Emma ol olar ýaly saýranok. Saýrap bilenok. Oňa derek aram-aram agzyny açýar-da, jynssyz-jynssyz ses edýär. Birsyhlam özünden ýakymsyz, porsy ys çykarýar, howany hapalaýar. Zaýalaýar.
Guşlar welin oňa ünsem berenoklar. Barmysyňam düýenoklar.
Olaryň öňüni çekip gelýän owadan ak guş galanyň ýarysyny gum basan derwezesinden suwulyp girdi.
Beýlekilerem şeýtdiler.
Jynsy näbelli jandaram şeýtdi.
Duýdansyz gelişleri ýaly, olaryň soňky günlerde özlerini alyp baryşlaram bir täsin boldy.
Ýagny, birinjiden-ä, dürli görnüşdediklerine garamazdan, olar edil gelendäkileri ýaly top tutup, barysy bilelikde uçýardylar, golaý-goltumdaky oba-kentleriň üstünden aýlana-aýlana ýene-de köne gala dolanyp gelýärdiler.
Käte bolsa, şol gidişlerine gidýärdiler-de, telim günläp gara bermeýärdiler.
Şonda, köne galanyň degresinde oturan ilatyň içi gysýardy, tä olar dolanyp gelýänçäler günlerini guşlaryň ýoluna garap geçirýärdiler.
Ýöne, bu zatlar diňe daşyndan seredeniňde şeýledi. Guşlar içine girip, il ýatyp itler uklandan soň welin, galanyň daşam, içem düýpgöter özgerýärdi.
...Içinde-hä gözüňe söweýin ullakan köşk. Kaşaň zal. Zalyň içi kümüş kürsülerden doly. Sahnada tylla münber. Daşyna zer çaýylan şemdanlar içerini birkemsiz ýagtyldyp dur. Beýik hem inli penjirelere tutulan owadan parçalaryň öwüşgini gözüň ýagyny alyp barýar.
Guşlaram duran-duran ýerlerinde «gürre-gürre» silkinişýärler-de, hersi bir sypatdaky, jynsdaky, ýaş tarapdanam tapawutly adamlara öwrülýärler.
Guşlaryň öňüni çekip gelen akja kepderi bolsa, zybrym ak geýnen, ak ýüzli owadan gyza öwrülýär.
Olaryň arasynda tüýsüni üýtgedip bilmeýän ýekeje jandar bar, o-da aralary bilen süýrenjiräp gelen mahluk.
Bir görseň sebzepoş kişä, bir görseň Ömruzak Çardagla meňzäp duran daýaw, degenek jahyl bolsa, ak ýüzli owadan gyzyň daşynda «hozanak» bolup ýör.
Ol turuwbaşda gala ak kepderi bilen ýanaşyk giripdi.
Gije ýarymdan agansoň, galanyň daş keşbem bütinleý üýtgeýär: Küpürsäp ýatan boz topraga dereg-ä gözüňe söweýin gür-gara baglyk... Baglaryň aşagy ýaşylbaş ördeklerdir-gazlardyr-sonalardan doly, sabanyň sergin howasyna suwlary çalaja çaýkanjyraşyp duran serhowuzlar... Gyralarynda bolsa müň dürli öwsüp duran owadan guýruklaryny ýazyp-büzüp, «jakyrdaşyp» ýören tawuslar...
Mahlasy, şol wagt galanyň daşy behişdiň bir burçundan bölünip alnyp gaýdylan, getirlibem şol ýerde gurlan ajaýyp sahna meňzedi.
Bu zatlardan bihabar hem bolsalar, sebitiň adamlarynyň kalbynda şondan soň, edil sebzepoş kişi baryp gaýdandan soň tobaçylaryň kalbynda döreýşi ýaly, biri-birlerine bolan biliner-bilinmez mähir, muhabbet duýgulary döräp, ylahy söýginiň alamatlary duýlup başlady.

***

...Ilkinji ýygnanyşygy tyllaýy münberiň aňyrsynda dolan Aý deýin ýüzünden nur saçyp duran Akguş açdy.
― Biziň bu ýere näme maksat bilen gelendigimizi, kim tarapyndan iberilendigimizi özüňiz gowy bilýäňiz... ― diýip, ol zemin dilleriniň hiç birine-de meňzeş bolmadyk bir dilde gürläp başlady. Şeýle-de bolsa oňa «düşünmedik» diýen bolmady. Hemmeler razylyk bilen baş atyşdylar. ― Biziň esasy borjumyz ― ýene bir gezek adamzada kömek etmek. Onuň boşap galan kalbyny mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde ylahy söýgüden doldurmak, aňyny şeýtany pygyllardan arassalamak...
― Şeýtanyň özüni ýok etmek diýsene... ― diýip ýogyn sesli bir adam dözümli gepledi. ― Näme üçin biz hemişe onuň bilen tutluşyp ýörüs. Adamlar ondan ejiz gelýälermi, diýmek, ony biziň özümiziň ýok etmegimiz gerek...
― Aslyýetinde Hudaýyň özi näme üçin ony bir demde ýok edip goýberäýmedikä? Näme üçin ony öz bendeleriniň başyndan müdimilik musallat edip sallady goýaýdyka?
Hemmeleriň nazary henizem şol bir sypatda mugruljyrap oturan betnyşana tarap gönükdi. Ol çalaja gozganjyrady. Onsuzam gorkunç görünýän agy sargylt, garasy gyzgylt gözlerini elek-çelek edip ýerinden turdy.
― Näme, bileňzokmy şony? Ýa bilibem bilmediksirän bolýaňyzmy? Bilesiňiz gelýämi? Bildireýinmi? ― Hemmeleriň bir gulaga öwrülendigini görüp, ol duran ýerinde «diriň-diriň» bökdi. ― Biler bolsaňyz, başda menem şeýtan däl-de, Hudaýyň eý görýän perişdeleriniň biridim. Adym Lýusifer, wezipämem külli äleme nur paýlamakdan ybaratdy. Ýöne, ine, Ol bir gezek barymyzy bir ýere ýygnady-da: «Men Adam atly täze bir mahluk ýasadym. Ol size görä kän akylly, aň-düşünjesi siziňkiden zyýada, şonuň üçinem, baryň-da, baryňyz şoňa tagzym ediň...» diýdi. Hemmeler etdi, diňe men etmedim. «Sen bizi otdan, ony bolsa toprakdan ýaratdyň, şonuň üçinem men ýanyp duran ot halyma topraga tagzym etmen diýdim. Bu halat ― uç-gyraksyz älem içre ― ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň agyzlaryny aýnadyşyp aýdyşlary ýaly ― iň güýçli diktaturanyň garşysyna dörän ilkinji oppozisiýady. ― Mahluk «gars-gars» gaşandy. ― Ine, şonda ol meni hakykatdanam ýok edip bilýärdi. Belki, ýok ederdi hem. Emma men ondan tä öz bellän güni bolan ― kyýamata çenli puryja bermegini soradym. Ol elbetde, rehimdar hem geçirimli. Şonuň üçinem Ol soran mütdedimi maňa bagyş etdi we: «Şonça möwriti nämä ulanjakdygymy» sorady. Menem «Seniň garşyňa ulanjak, ýolunda oturyp adamzadyň öňünden çykjak, yzyndan gelip tekgesine münjek, eti bilen derisiniň arasyna girip tüýsüni üýtgetjek, beýnisine aralaşyp aňyny bulaşdyrjak, saňa duşman etjek, şolary ýaradanyňa, uç-gyraksyz garaňky hem sowuk älemi ukudan oýaryp, içi-daşy goh bilen galmagaldan doljak pany dünýäni döredendigiňe puşman ederiň ýaly ýagdaý döretjek. Adamzady azap bilen güzapdan, keselçiliklerden, ölüm-ýitimlerden doly ýalançy dünýäden halas etjek, dünýäni öňki-öňküligine getirjek, seniň goýberen gödek ýalňyşlyklaryňy düzetjek», diýdim. Şeýle hem etdim. Indi bolsa heňňama ser salyp görüň: Kim köp ýeňiş gazanypdyr? Olmy ýa-da men? ― Şeýtan öň aýaklary bilen döşüne «güt-güt» kakdy. ― Elbetde men! Men-n!.. ― Egerde Ol güýjüne baýrynyp, durmuşy birnäçe gezek gaýtadan başlamadyk bolsady, onda biziň şol şertimiz baryp-ha bir wagtlar meniň ýeňşim bilen tamamlanardy. Aslynda ol şeýle bolupdam. Bu gezegem şeýle bolar. Men ýene-de ýeňiş gazanaryn. Çünki, adamlar şu çaka çenlem menlik bolupdylar, bu gezegem menlik bolarlar. Olara sizem, Hudaýam däl-de, diňe men gerek...
Şeýtan ozaldanam meňki bolsun diýerlik «şyky-şümmeti» bolmadyk betnyşan ýüzüni bürjeşdirip, üç ýola yzly-yzyna asgyrdy welin, arassa zalyň içinde agyr ys aňkap gitdi.
― Seniň öňem-ä Hudaýy ýeňen ýeriň ýokdur welin, bu gezeg-ä asylam ýeňmersiň. ― Has pessaý aýdandygyna garamazdan, Akguşuň soňky sözleri öňkülerindenem aýdyň, aýyl-saýyl eşidildi. ― Çünki, indi adamzat Hakyň öňünde toba edip, senden ymykly ýüz dönderdi.
Salyhatlydygy daşyndanam bildirip duran daýanykly, ýüzi-gözi nurana bir kişi ýerinden turdy-da, Akguşa garap:
― Şunuň «nokgy-nokgysyna» gulak gabardyp gymmatly wagtymyzy ýitirmäliň-de, esasy meselä geçeliň-le... ― diýdi. ― Özüni bolsa ýaňam aýdyşlary ýaly kowalyň şu ýerden güm edip... Gelende-de ät galypdyrys. Gyssagara aňmandyrys.
Bu pikiri bu gezek hemmeler goldadylar. Kowmak üçin ýerli-ýerden herekete-de geldiler. Emma ýygnagy alypbaryjy hökmünde Akguş muňa garşy çykdy.
― Degmäň! Goý, ol özüniň Hudaýdan bidin diken çüýrük çatmasynyň nädip çagşaýandygyny gözi bilen görsün... ― Soň ol çomuç deý dykyz hem ap-akja gollaryny howada galgatdy-da, sülüge meňzäp duran owadanja, süýem barmagyny şeýtana tarap çommaltdy. ― Howwa, seniň mütdediň gutardy. Şertiň möhleti doldy. Sen utuldyň. Şonuň üçinem, sen, bu gün bolmasa-da erte, owalebetde Biribaryň buýrugy bilen etmedik işiňi etmeli, adamzadyň öňünde dyza çökmeli, tagzym etmeli bolarsyň. ― Şondan soň Akguş öňlerinde duran wezipeleri, edilmeli işleri ýekän-ýekän sanap geçdi. Düşündirdi. ― Şu ýumuş bilen bu ýere gelen ýeke biz däl. Ähli yklym biz ýaly gaýry dünýälerden gelenlerden doly... Hemmesiniňem ― hemmämiziňem borjumyz bir, ýagny, ylahy söýgüni adam ähliniň gursagyna mümkin boldugyndan çalt hem gutarnykly guýmak üçin, biz bu işe öňi bilen, hemişe-de Hudaýa golaý durup gelen, ruhy-ahlak terbiýäniň bütinleý ýok bolup gitmezligi üçin dynuwsyz göreşen we köp-köp jepalar çeken dini hadymlaryny, döredijilik işgärlerini çekmegimiz, dertlilerini dertden saplandyrmagymyz, ýüreklerine aram, kuwwat guýmagymyz, ýatanlaryny aýak üstüne galdyrmagymyz, ysgynsyzlaryny daýandyrmagymyz gerek... ― Akguş uludan sowuk demini alanda ýumşak hem ak göwüsleri döşüniň üstünde «gümmezekläp-gümmezekläp» gitdi. ― Bu ýolda olar ýeke bir biziň üçin däl, halk üçinem, Hudaý üçinem, ähtibarly kömekçiler bolup bilerler.
Sözüni tamamlanyndan soň, Akguş hemmelere ak ýol arzuw etdi-de, akja eşikleriniň gasynlaryny «pasyrdadyp» münberden düşdi.
Bir zat diýjek bolandyr-da, şol aralykda şeýtanam içine gyzgyn içege ýuwdan ganjyk gürji ýaly «wagyr-wugur» etdi, emma, Akguşuň soňky sözlerinden soň ony hiç kimiň diňläsem gelmedi.
Asla, üns berenem bolmady.
2.

...Şahyr Ömruzak Çardaglynyň bolsa, henizem ajal bilen jan dalaşyny gurap ýatyşy...
Ha gije, ha gündiz, aram-aram ajal onuň gözüne her dürli sypatlarda görnübem gidýär.
Özem öýde ýeke, oýaly ukuly ýatan wagtyny peýläp gelýär.
Onuň iň gorkunjam gyzylymtyl ― mämişi köýneginiň üstünden ak halat, ak sopbaç geýnen, eli ýigriminji asyryň ellinji, altmyşynjy ýyllarynda oba feldşerleriniň göterýän nikellenen, tegelek demir gapyrjakly, ýüzi dörtburç, bişirilen gyzyl kerpije meňzeş gelniň sypatynda gelýäni.
Şoňa gözi düşdügi Ömruzak sesiniň çykmaýanyndan, göwresiniň gymyldamaýanyndan bihabar, uly-ili bilen gykylyklap, çabalanyp başlaýar.
Gelin bolsa göwni bir ýaly ýylgyryp dur. Ýylgyrsa-da ýüzi-gözi sowuk. Mähirden-muhabbetden nam-nyşan ýok. «Ýör» diýen manyda eňegini daşary ülňäp, aýagy bilen ýeri «tabyrdykladyp» dur.
...Bir günem, ýaňy bir ymyzgandy welin, gapy kakyldy. Eýýäm düýşüň bir gyrasyndan girip ugran şahyr muňa erbet tisgindi. Gapyny kakanyň kimdigini ýüregi bilen syzmakdan ýaňa, howsala düşüp başlady. Hälem bolsa şol wagt gapynyň iç ýüzünde Magtym bir zatlara güýmenip otyrdy. Geleniň kimdigini, näme maksadynyň bardygyny o-da aňan bolmaly. Tasap ýerinden turdy-da, towsup baryp, gapyny açdy. Açyşy ýalam ýaman algydar ýaly ýüzüniň şol bir terzini bozman, it ýylgyrşyny edip duran «feldşeriň» üstüne gygyryp başlady: «Nämä geldiň?! Näme üçin geldiň?! Näme gerek?! Kim çagyrdy? Bar, ýok bol! Gaýdybam garaňy salaýma şu gapa.» Ajal agzyny açyp-açmanka-da gapyny «gürpüldedip» ýapdy. Temmeledi.
Şahyr dodaklaryny çalaja gymyldadyp «Häý, şun-a oňardyň oglum... Sag bol...» diýdi. Gözünem açdy welin, öýde hiç kim ýok. Penjirä seretse ýaňy bir zulmat gyzaryp ugran ekeni.
Şondan soň Ömruzak Magtymy her gije ýanynda ýatyrdy. Düýşlerinde kimi, nämeleri görýänini gürrüň berdi. «Sen ýokkaň şol gelin gelip meni äkidäýmesin oglum...» diýdi.
Garaz, şahyryň ýagdaýy kynlaşdy.
Eger-de bir gudrat bilen ýagdaý öz-özünden üýtgäýmese, garrylykdyr ― beýleki derdi-belalaryň uran agyr ýüküni mundan buýana hem çekip-çydardan, Ömruzagyň ozaldanam «jygyldap» gelýän arabasy juda egbar göründi.
...Ömruzagyň öz bagtynamy ýa külli adamzadyň bagtynamy, belki olaryň ikisine-de bilelikdedir, alynky sahypalarda şaýat bolup geçişimiz ýaly, şeýle gudrat hakykatdan-da gopdy.
...Ol zatlaryň barybir başa barmajakdygyna göz ýetiren akylly adamlaryň maslahatyna eýerip, BMG-niň HET-e gözegçilik edýän ýolbaşçylary Haraý dagynda bolup geçjek ylahy wakany ýazgy etmekligiň, surata, wideo düşürmekligiň, ol barada habar ýaýratmaklygyň gadagandygy hakda görkezme bermedik, tobaçylara hatda jübi telefonlaryna, goşar sagatlaryna çenli monahlaryň ýanynda goýup gitmekligi öňünden tabşyrmadyk bolsadylar, onda ýer ýüzünde şeýle gudratyň hakykatdan-da bolup geçendigini uly il hem, olar bilen bir hatarda Ömruzak hem bilerdi.
...Ýöne şeýle uly möçberde bolup geçýän ylahy üýtgeşmeleri halkyň duýmagy üçin, hiç hili tehnika we tilsimat gerek däl. Çünki, ylahy duýgy hemişe-de Günüň nury, ýyldyzlaryň şöhlesi, ýaz ýagmyrlary, ak garyň arassa tozgajyklary, howanyň zerrejikleri bilen, adamzadyň üstüne, asmandan inýär. Sepelenýär. Edil kenege ok guýlan ýaly «jüňküldäp» kalbyna guýulýar.
Netijede sanlyja günüň içinde adamlaryň dünýä, durmuşa, haka we nähaka, haýyra we sogaba, ýagşa we ýamana, aga we gara bolan garaýyşlary üýtgäp başlady. Kalplarynda ýumşaklyk, birek-birege bolan söýgi döredi. Uly-kiçä, kiçi-ula bolmalysy ýaly garap ugrady. Gyzlar assa geplemäni, gelinler seýkin ýöremäni öwrendiler.
O zatlar dagy näme, Hudaýyň öýüniň öňi sähelçe wagtyň içinde toba etmäge gelenlerden ýaňa «hyň» berdi.
Mundan sähelçe wagt öňem öz ammarlaryna uly höwes hem buýsanç bilen üýşüren ýaraglaryna indi gözleri düşen harbylar ur-tut olary howpsuzlandyrmak, toba etmek üçin Hudaýyň öýüne tarap howlukmak, dagy-duwara şular ýaly zatlaryň gyrasyndan görünmezlige Biribaryň öňünde söz bermek bilen boldular.
Şeýtany-hannaslyk edip ýeri, suwy, howany zaýalan senagatçylaram, kosmosy posly demirlerden dolduran öndürijilerem nädende öz ýalňyşlyklaryny çalt düzedip biljekdikleri barada biri-birleri bilen maslahatlaşmaga durdular.
Ähli ýurtlaryň ýolbaşçylary ýer ýüzüni alan, dünýä ummanlarynyň içinem dolduryberen zir-zibilleri haýdan-haý ýygnap, gaýtadan işlemekligiň ugruna çykdylar.
Syrtpuruşlardyr ýalamaçyl zenanlara çenli öňki eden bihaýaçylykly hereketleri üçin uýalmakdan ýaňa hatda biri-birleriniňem ýüzlerine seredip bilmän, aşak bakyşyp ýörler.
Edýän tobalarynyň bolsa yzy üzülenok.
Uly-kiçi, sylag-hormat, gyz-gelin haýasy, nika pugtalygy ýaly ruhy-ahlak terbiýeleri hem kadalaşmak bilen boldy.
Garaz hemme zat gowulyga tarap ugur aldy.
Ylahy söýgi ýüreklere näçe çalt ornaşdygysaýam, gaýdyp gelen düýp hem dürs terbiýäniň köki çuňlaşdy.
Ugurdaş hem beýleki dünýälerden kömege gelenlere Akguşuň aýdyşy ýaly ýardamçy bolup biljek, ýöne, garrandygy ýa-da bimardygy sebäpli düşekde ýatan hakyky döredijiler hem goltuklaryndan göterilen ýaly, asgyryşyp, üsgürişip, aýak üstüne galdylar.
Ömruzagam şolaryň biri.
Emiň-ýomuň nireden gelendigini, kim tarapyndan gönderilendigini takyk bilmese-de, telim ýyl bäri dulunda goş basyp ýatan derdi-belalarynyň birdenkä «gürüm-jürüm» bolandygyndan, düýn-öňňüinlikde şäheriň üstünden bir süri guşuň ala-gykylyk bolşup magrypdan-maşryga sary geçişleri ýaly göwresinde gurp, dyzlarynda kuwwatyň dörändiginden, şeýle-de ýüreginiň üýtgeşik bir mähir bilen gozganjyrap başlandygyndan, hususan-da, görer gözleriniň göz-görtele jöwherlenip başlanlygyndan çen tutup, şeýle hem heläkçilikli hadysalaryň azalandygy, käbir yklymlarda-ha asyl galyşyberendigi barada telewideniýe, radio arkaly berilýän habarlardan çen tutup, Ömruzak Çardagly dünýä möçberinde bir uly üýtgeşikligiň bolup geçendigini aňdy.
Ýagdaýyny ogluna, aýalyna buşlamak üçin, iki elinem ýere diräp, usullyk bilen ýerinden galanda, aýlarboýy hereketsiz duran dyz çanaklary «şakyrt-şakyrt» etdi.
Syrkawlarynyň düşekden turanyny gören, Magtymdyr Arzymanyň begençleriniň çägi bolmady. Derrew dogan-garyndaşlaryna jaň edip, janly soýdular. Hudaý ýoluna sadaka berdiler.
Birküç gün geçenden soň: «Adamçylykdyr, belki, bilmezlikden dagam günä gazanylan bolaýsa dagy...» diýip, Ömruzak garaşsyzlykdan soň ýaz kömelegi ýaly güberçekläp çykan metjitleriň iň golaýdakysyna tarap «hyk-çoklap» ugrady.
HET-iň ýüzlenme ýaýradan döwrem ýarawsyzlyk zerarly ol ýere baryp bilmändigi üçin gynandy.
Barandan soň metjidiň içiniň-daşynyň ýeke bir erkeklerden däl, eýsem aýal-gyzlardan ýaňa hem hyryn-dykyndygyny görüp welin, dünýäleriň hakykatdan-da üýtgäp ýörendigine ýene bir gezek göz ýetirdi.
Erkekleriň arasynda düýn-öňňinjigem özi ýaly dogruçyl şahyrlary, ýazyjylary we başga-da öz sözüni aýdyp bilýän birnäçe döredijilik işgärlerini gadagançylyga salyp, gara sanawa girizip, Bükdüzow ýaly dünýä derejesine dalaş edip ýören alymlary bendi edip, ýok eden gara donly çinownikleriňem, hökümet işgärleriniňem bardygyny, aýallaryň arasynda bolsa özüniň iň soňky gezek işläp gaýdan edarasyndaky «gara sygyr» lakamly «otdel kadr» gelniň näme üçindir bu ýerde-de eli kagyz-galamly, gapa golaý ýerde durandygyny görüp, iňňän geň galdy.
Herhal ol munam gowulyga ýordy.
Eli galama uzap ugrandanam Magtymy ýanyna çagyrdy-da:
― Sen oglum, indi meni gaýrat et-de, garry öýümize taşla ― diýdi. ― Görýän welin dünýä döwran dolanaýjak ýaly...
Magtym muňa kakasynyň özündenem beter begendi. Bir diýen zady şu boldy.
― Bor, kaka, ýöne, birinjiden-ä doly daýanýançaň ejem ýanyňda bolsun, ikinjidenem gaty ýadaman işlejek bol.
― Bor, oglum...

3.

...Şeýdip, şahyr ýene-de işläp başlady.
Işledigisaýam işläsi geldi. Höwesi artdy. «Köp işlemen» diýip, ogluna beren sözi dagy dessine ýatdan çykdy gitdi. Girse-çyksa goltugyndan tutaklap ýören Arzymana-da: «Maňa kömek etjegiň çynyň bolsa, agtyklaryň ýanynajyk git. Men indi gowy. Näçe işlesem şonça-da gowulaşýan» diýdi.
Gepe-söze düşüş, akylly aýal äriniň aýdanyny iki gaýtalatmady.
Esasy zat indi Ömruzagyň eserlerini gazet-žurnallaram, neşirýatlaram çap edýärdiler. Radio, telewideniýä çagyryp poeziýa, proza, şekillendiriş sungaty, kino, teatr, halkara syýasaty, dünýäniň agyp-dönip durşy, birdenkä ýüze çykan soňky özgerişlikler barada çykyşlar etdirýärdiler, pikir alyşmalar gurnaýardylar.
Bu zatlar onuň öz işine bolan höwesini hasam artdyrýardy.
Tas, sandan çykyp barýarka diýen ýaly, yzyna gaýdyp gelip giň dünýäniň, adam ähliniň ykbalyna dahylly bolarlyk derejä ýetirendigi üçin Barhudaga müňde bir alkyşlar aýtdy, dogalar okady, töwirler etdi.
Gün-günden ýüreginiň joşguny artyp, başyna jahyllyk heseri urdy. Edil ýigitlik çaglaryndaky ýaly ýumry döşli, ökjesi pes, goýny yssy, gujagy giň gyz söýesi, söýlesi, onuň bilen gök maýsaly, gülälekli ak meýdanda gol tutuşyp, aga-ýana gezesi, ýadan wagty ýanyn ýatyp ýaňagyndan dişläsi, aşagyna agar çäkmenjigini düşenip dalaşasy, inçe bilinden tutasy, ak säherleri ak goluny ýassanyp ýatasy, iň bolmanda ymyzganasy geldi.
Elbetde, «Adam garrasa-da göwün garramaz» diýen bir nakylam bar, ýöne, şahyr Ömruzak Çardaglynyň düşen haly ol nakyl bilen bagly däl. Ol köpçülikleýin edilen tobanyň netijesinde adamzadyň başyndan inen ylahy söýginiň emri bilen bagly.
«Yhlasa ― myrat» diýlişi ýaly, bir gün agşamaralar adamzadyň aňyna täsir edäýjek täze bir eseriň üstünde işläp otyrka, iş stolunyň gyrasynda duran ýönekeýje el telefony «jyňňyrdady». Seretse ne at, ne belgi, hiç zat ýok.
Şeýle-de bolsa, şahyr trubka elini ýetirmeli boldy.
― Howwa?..
Aňyrdan ýakymlyja hatyn sesi eşidildi.
― Maňa şahyr Ömruzak Çardagly gerekdi welin...
― Siz eýýäm onuň bilen gepleşip otyrsyňyz.
― Wiý, şeýlemidi asyl... Bagyşlarsyňyz, bilmändirin...
― Zyýany ýok, a sen kim?
― Menmi? Men... Men siziň muşdagyňyz...
«Muşdak» sözi näme üçindir şol wagt şahyryň gulagyna «magşuk» bolup eşidildi. Ömrüni edebe hormat goýup geçiren şahyr muňa birhili boldy. Geň gördi. Kimdir biri özüni oýnajak bolýandyr öýtdi. Gaharyna telefonyny öçürjek bldam welin, wagty bilen jogap bolmanyndan şahyryň aljyrandygyny aňandyr-da, ýakymly sesiň eýesi derhal düşündiriş bermäge durdy:
― Men neme... Men siziň döredijiligiňiziň muşdagy, halypa. Poeziýaňyzyň aşygy. Okyjyňyz. Men siziň eserleriňizi öňem okadym, häzirem okaýan. Kitaplaryňyzyň çykyp ugranyna, habar beriş serişdelerinde häli-şindi çykyş edip durýandygyňyza guwanýas. Agyr syrkawlykdan sag-aman gutulandygyňyza bolsa uly il bolup begenýäs. Oňa biz Hudaýyň sizi bize ikinji gezek gaýdyp berdigi diýip düşünýäs... Umuman, siz özüňizi bagtly adam hasap edip bilersiňiz, halypa. Çünki internet saýtlarynda, «paýntda, akauntda» hem häzir diňe siziň eserleriňiz okalýar.
Köpden bäri okyjylaryndan döredijiligi barada hoş söz eşitmän ýören şahyr, muňa monça boldy. Begendi. Göwrümi giňedi. Döredijiligine bolanhöwesi öňkülerindenem güýçlendi.
― Örän minnetdar. Olaryň ählisine köp-köp dogaýy salamlar bolsun. Siziň talabyňyzy ödemek üçin men indi öňkimdenem has önjeýli işlemeli borun.
― Sizden tamamyzam şeýledir, halypa. ― Ol birdenkä gyssanyp ugrady. ― Bor onda, halypa, men sizi ýadadaýmaýyn...
Bilbil ýaly saýrap duran maşgalanyň tussumandan beý diýmegi şahyryň lapyny keç etdi. Ýöne, syr bildirmezlige çalyşdy.
― Wiý... Wiý... O näme diýdigiň boldy? Biz entek tanşybam-a ýetişemzok... Sen entek maňa adyňam aýdaňog-a... Ekranda belgiňem görünmed-ä...
― Häzirlikçe men şu «anonumligimde» galaýyn, soň ýene-de habarlaşar duraryn...
Şol wagt telefonyň ol ujundan horazyň sesi çasly eşidildi-de, şahyr söhbetdeşiniň soňky sözlerini aňşyrmady.
Oňa çenlem gepleşik kesildi.
...Her niçik hem bolsa bu ýagdaý şahyryň howalasyny ýene-de bir gez beýgeltdi. Şonuň üçinem, indi onuň ýeke bir ruhy taýdan däl, eýsem beden taýdanam sagdynlygyny has berkidesi geldi.
Şol maksat bilenem, ol öňürt-ä «jygyllyga» gidip, hökümet işgärleriniň sport baýramçylyklarynda geýýän owadan, ak zolakly ýaşyl sport eşigini, şeýle hem ykjamja ak «krasowka» satyn aldy.
Güneşli günleri gözi gamaşmaz ýaly, ýüzüniň ýarysyny tutup duran ullakan, gara äýnegem edindi.
Şeýdibem her gün ir ertir, giç agşam golaý-goltumdaky köçelerde, mähelleli meýdançalarda gezmeläp başlady. Agşamlaryna öýünde her dürli maşklar etdi.
O zat bilenem oňman, öýüniň golaýyndaky şäher stadionyna gatnady. Ýodajyklarynda ylgady. Bedeniňe maşk etmek üçin gurnalan ýörite enjamlarda has çylşyrymlyrak maşklaram ýerine ýetiriberdi.
Ýöne, her ýere gitse-de, telefonyny welin gapdalyndan goýmady.
Göwnüne galdyryp gitdigi yzynda «muşdak» gyz jaň edäýjek, jaňyny alyp bilmese-de özüni ulumsylykda, gadyrbilmezlikde aýyplajak ýaly duýdy.
Bolsa-da, «muşdagam» kän-ä garaşdyrmady.
― Alýo-o... Büý-ä ýene-de mendirin halypa.
― Hä-ä... Tanadym, tanadym.
«Muşdagyň» sesi näz-kereşmeli çykdy.
― Howwa-la, şu wagt tanarsyňyz-la...
― Hä? Soňuna näm bolupdyr öň?..
― Aý, ine internete seredip görýän welin, tüweleme, siziň okyjylaryňyzyň sany gün-günden köpelip gidip bar... Aglabasam gyz-gelinler. Ana, şolaram jaň edip başlaberseler-ä...
― Men seniň sesiňi müň gelin bilen ýüz-müň gyzyň içindenem tanaryn, Gülkeşde.
«Muşdak» allaniçiksi boldy.
― Hi-iýh!.. Gülkeşde?..
― Hä, näme?..
― Aý hi-iç-le... Men ýöne siziň eýýäm meni kimdir biri bilen bulaşdyryp başlanyňyza geň galdym-da...
― Ýok, ýok, beýle däl. Men ýöne, häki bir dilime geldi-de, aýdaýdym.
― Beýle geň at ýöne ýere-hä diliňize gelmeli däl.
― Dogry. Şol meniň iň gowy görýän aýdymymyň ady.
― Ýeri, bolýa-da, halypa. Ýöne, men size bir sowal-a bermän durup biljek däl.
― Aýdyber.
― Siz näme üçin meniň gyzdygymy ýa gelindigimi, ýaşdygymy ýa garrydygymy soramadyňyz? Meniň mekdep okuwçysy ýa sesi ýakymly garry kempir bolup çykaýmagymam ahmal ahyry.
― Dogry. Ýöne, birinjiden-ä sen şolaryň haýsy biri bolanyňda-da, adam şekilli gürleşmek meniň borjum. Sungatyňa hormat goýup jaň eden adamyň ýaşyny soraberseň, peşgeş berlen atyň dişine sereden ýaly bir zat bolar. Ikinjidenem men bilýän, sen ýaş. Ýöne gyz däl. Gelin. Äriň ýok. Durmuşyň bulaşypdyr, ýanýoldaşyň duşmandyr. Özüň welin gowy maşgala. Tüýs şol «behişdi» diýýänleri.
Gelin «jykyr-jykyr» güldi.
― Siz bu zatlary nireden bilýäňiz?.. Nädip bilýäňiz?..
― Süňňüm syzýa. Ýüregim duýýa. Hemişe däl, ýöne köplenç şeýle...
― Ýüregiňiz sizi bu gezegem aldamandyr, halypa. Aýdanlaryňyzyň hemmesi dogry. Duşan ýigidim erbed-ä däldi welin, ýa-ha men onuň göwnüni tapyp bilmedim ýa-da ol mendenem gowusyna duşan bolmaly.
― Senden gowy gelin bolmaz. G... G... Gül...
― Bilmedim-dä, halypa, şeýle-hä boldy.
Ömruzagyň göwnüne bolmasa, gepleşik kesilen ýaly boldy.
― Alýo-o! Alýo-o!..
― Hä-ä... Men bärde, halypa... Eşidýäňizmi?.. Häý, biziň şu düzelmän geçen «warayk» wyşkamyz gursun... Eşidýäňizmi?..
― Eşidýän, eşidýän...
― Eşidýän bolsaňyz ýene-de kesilmänkä hoşlaşaýalyň... Geçen gezek duýdurmandyryn, biziň wyşkamyzyň şular ýaly keseli ba. Wagtal-wagtal kesilmese güni geçenok.
― Bor, bor...
― Wiý, duruň entek: siz-ä bir zad-a diýjekdim... Hä... Howwa... wa... ýadyma düşdi. Siziň ýeke bir süňňüňizdir ― ýüregiňiz däl, diliňizem duýgur ekeni... Çekinmäň-de aýdyberiň, meniň adym hakykatdan-da Gülkeşde...

***

...Telefonda gepleşen adamynyň ýüz-keşbini saýgaryp bilmek ukyby şahyr Ömruzak Çardaglyda öňden bäri bardy.
Özüniň şol ukybyny ol Gülkeşde babatda hem synap görmekçi boldy. Şonuň üçinem, Gülkeşdäniň indiki gezek jaň ederine mähetdel:
― Seni nähili keşpde göz öňüne getirýändigimi bilesiň gelýämi... ― diýip, joşgunly gürledi.
― Weý, elbetde bilesim gelýä...
― Birdenkä ýalňyşaýsam dagy gaty görmersiň gerek?..
Gelin ýene-de kereşmeli gepledi.
― Wiý, adymy aýdanda ýalňyşman, keşbimi aýdanda ýalňyşsaňyz beterem gaty görerin, näme gaty görmän...
― Olar ýaly bolsa men goýaýyn bu oýny.
― Ýok, ýok, goýmaň. Aýdyň. Iň bolmanda synanyşyp bir galyň. Ýalňyşsaňyz soň öýkämi ýazyberersiňiz-dä...
Gelniň oýun edýändigine şahyr indi düşündi.
― ...Onda şeýle... Özüň-ä çepiksije...
― Dogry...
― Garaýagyzrak diýseňem boljak.
― Hm-m...
― Saçyňam gara, ýöne zil gara-ha däl.
― ...
― Gözleriňem şonuň ýaly...
― ...
― Biliň inçe. Göwsüň kiçi. Boýuň ortadan sähelçe ýokarrak... Jaýty burunrak. Dodaklaryň ýokarak. Ýerleşen ýerlerini bilip bilemok, ýöne ýüzüň üstünde üç sany meňmi, halmy, bir zatlar-a bar... Şolaryň haýsam bolsa biri täzelikde çykypdyr. Kirpikleriň uzyn. Gür gaşlaryň arasy ýakyn. Uçup gelýän garlawaja meňzeýär. ― Şahyr sesini kesip trubka diň saldy. Gelin bir zatlar diýer öýtdi. Emma onuň dem alşyndan başga zat eşidilmedi. ― Men-ä indi bes edäýjek Gülkeşde.
Gelin birhaýukdan soň dillendi.
― Şeýdäýjekmisiňiz?..
― Howwa-da... Besdir-dä... Indi senem aýt, men nirede ýalňyşdym?...
― Aýtsam-a... Birinjiden-ä men jaýty burun däl. Göwsümem edil siziň diýşiňiz ýaly bary-ýogy bildirmän-ä duranok. Galan diýenleriňiz dogry...
― Bolýa-la... Esasy zat gaty görmedik bolsaň bolýa...
― Ýok. Gaty görerlik zat ýok. Ýöne, meniň sizden ýene bir haýyşym bar.
― Howwa?..
― Aram-aram sesini eşidýänsiňiz, meniň bir aýbygadym horazym bar, şonam bir suratlandyryp beräýseňiz.
― Aý ýok, Gülkeşde, men indi şujagaz abraýym bilen oňaýyn. Onsoňam men aýtdym-a höwün, hemişe beýle bolup duranok, diýip.
Oňa çenlem telefonyň antennasy bulaşyp başlady. Adynyň tutulanyny aňan ýaly gyssagara bir ýerlerden gelen horazam şol dem «çykyş etmäge» durdy.
Hä diýmänem gepleşik bütinleý kesildi.

4.

Gepleşikleriň arasy ýygjamlaşdygysaýy, birek-birege öwrenişdiler. Ýaş tapawutlary ýitdi diýen ýaly.
Şeýle-de bolsa, gürrüňçilikleriniň gerimi edebiýat, sungat, durmuş, birnäçe ýyllap adamlary dagdy eden hadysalar, dile düşen heýhat, HET, dünýäniň birdenkä üýtgäp gitmegi, bar zadyň özgermegi baradaky umumy gürrüňleriň, pikir alyşmalaryň çäginden aňry geçmedi.
Umuman hemme zat bolmalysy ýaly sypaýyçylyk bilen dowam etdi durdy.
Ýöne ine, şol, ýürege düşgünç horaz welin... hezil bermedi.
Käte dagy şeýle bir golaýa gelip, şeýle bir çirkin gygyrýa welin, Ömruzagyň kellesine biygtyýar: «Näme üçin Gülkeşde muňa «haý-küş» etmeýärkä ýa palawa müçe edip dynmaýarka» diýen pikir gelýärdi.
Ahyram bir gün çydam käsesi doldy-da, şol soragy gylyny gyşartman gelne berdi.
― Kowsam, daş atsam gaýtam beter edýä. Dyrnaklary bilen ýer peşäp, ganatlaryny kakyp öz-ä bir masgara bolýa, menem it masgarasy edýä.
― Ol näme, öýüňe girýämi?...
― Ýok, ol girenok. Men özüm daşarda oturyp gepleşýän...
― Nämüçin?
― Wiý, siz bilýäňiz-ä biziň anten ýagdaýymyzy. Daş çykmasaň tekiz tutanog-a bu artyp galan.
― Beh... Ýeri, onsoň ol diňe gepleşip otyrkaň şeýdýämi ýa garaňy gördügi üstüňe çöwjäp durmy?..
― Diňe gepleşýän wagtym şeýdýä...
― O nämüçin beýdýäkä?
― Gabanýa.
― Gabanýa?..
― Howwa, ... gabanýa.
― Kimden gabanýa?
― Kim bilen gepleşsem, şondan gabanýa... ― Endigi bolsa gerek, Gülkeşde ýene-de «jykyr-jykyr» güldi. ― Erkeksireýändir-dä... Ýogsam joralarym bilen gepleşenimde-hä beýdenok. Gelip trubka diň salýa-da, geçiberýä...
― Beh... ― Ömruzagyň ýüregi ynjap gitdi. Nememi onsoň, seň o horazyňy kejikdirýän nemeler köpmi?
― Gepleşýän erkeklerimmi?
― Howwa...
― Aý ýok, köp-ä däl. Bir-ä siz, birem Bazarbaý diýen kursdaşym jaň edýä. Goňşy welaýatdan.
Şahyryň sesi edil bir zatdan göwni galan çagaňky ýaly «manyk-munnugrak» çykdy.
― Kän jaň edýämi o saňa?
― Aý ýok, aram-aramrak...
― Näme hakda gürleşýäňiz?
― Aý, şü... siz bilen gürleşýän zatlarymyz-da... Käwagtam bir studentlik döwürlerimizi ýatlaşýas...
― Ýatlaşara zat bardyr-da onda?
― Hiý, ýaşlykda-da bir ýatlama bolmazmy, halypa...
― Hm-m... Onyň-a dogry.
Şahyr dymdy. Gürrüňe täzeden başlaýança-da ilk-ä bir ýerlerden ýetip gelen horaz «tükezzybanyna» tutup başlady. Yz ýanyndanam anten ýitdi.
Köp gezeklerde bolşy ýaly, bu gezegem hoşlaşmaga ýetişmediler.
Edilen gürrüňleriň täsirinden çykabilmän, şahyr öz mähriban diwanynyň üstünde boýnuny burup köp oturdy. Agyr oý-pikirleriň içinde ýüzüp ýörşüne ol özüniň Gülkeşdäni horazdanmy ýa Bazarbaýdanmy, haýsyndan gabanýandygynam bilebilmedi.

Dowamy bar >>
Категория: Romanlar | Просмотров: 112 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
12 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Zenanlar juda gowy söhbet edipdir.

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Nesip bolsa.(düşünerläý olam)

0
10 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Nesip bolsa, ýol uzak.. sataşarys bir edebiýat duşuşyklarda ýa çàrelerde.. Okap bererin şonda..
(Menden däl Moýsepitden çykmasa bolýar indi o sõzler.. Olam zenanlaryñ bu içdõkmelerine düşünàýedi- dà...) :)

0
9 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şeýlemi?! Meñ goşgumy okamagyñyza begendim. Şol ýerde bolmak islärdim dogrusy.
Gelneje, menem siziñ gözelligiñiziñ we sesiñiziñ muşdagy.
Suwjuk diýäýmäñ ýöne :)

0
8 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Seniñ hem şu goşgyny has gowy gõrdüm...Arada bir çàrede okadymam..

Ilki gözleriñde uçgun göründi,
Soñ ýuwuldy ýañaklaryñ ýaşyña.
Ençe çarşenbäni garşylap-sowan,
Bireýýäm çal sepen gara başyña
Balañ ýene gam getirdi duýdansyz,
Nem ýetirdi kirpikleriñ tygyna.
Indi bolsa ahmyryndan basylyp,
Dymýar ýüzün tutup ýeliñ ygyna.

Ötünçler,ýazyklar goýmaz erkine,
"Giräýsem"diýýändir ýarylmaz ýer-de.
Ejesiniñ aglaýşyny synlansoñ
Şondan uly jeza bormy perzende?!

Mahym NURGELDIÝEWA.

..şonda diñlanleriñ hersinde birhili õkünçmi..utanmakmy..ýaly alamatlar duýdum..(her kim õz ejesine gatnaşygyny yatlandyr- da,elbetde..)

-1
7 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Biraz gõdegrägem bolsa... Has Türkmeniñ goşgularyny halayan. Onuñ liriki gahrymany yasama däl. Oz bolşy bar. Õz garaýşy bar- hiç kime meñzemeýan duyguçyllygy bar... Seni gozgap bilýàr.. Yzyna düşürip bilýàr... Lermontowyñ lirikasy, Yeseniniñ duýgucyllygy bar.. onda.
Şu saytdaky goşgularyny gaýta- gaýta okaýan. Metbugatda kän gabat gelemok. (elbetde, õzi bilýandir). Emma, ýaşlaryñ kõpüsi ol goşgular bn tanyşsalar - gürrüñsiz halardylar... Goşgular okalsa gowy. Oñem eşidişim ýaly:
"Goşgy yazylanda däl, OKALANDA GOŞGUDYR".

0
6 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Menem haýran şahyrlarym bar..(kõplere mahsus bolşy ýaly).Arassa duýgulary paylaýandyklary ün G.Ezizowyñ,K.Rejebowyñ poeziyasyny halaýan! Pozitiw duýga çagaryş bar olarda.
" Sen oña çüý okla, tiken, awy saç,
Diñe gül dõreder ŞAHYR ÝÜREGI ".

0
5 Orhideýa   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, hawa, şol hekaýa bolmaly. Soñunyñ beyle tamamlanmagyndan habarym ýokdy... Ol soñlama başga bir hekaýany yatlatdy- daşary ýurt edebiýatyndandy õź- à.. yadyma ďüşenok ady. Ýõne, şol "Men, sen, o we telefon" õýdýan- aýdyşyñ ýaly...
Şahyra haýranlyk- her okyjy üçin - normadyr dp pikir edýan. Çünki, ol seni gozgap bilýànligi ücinem ŞAHYR. Emma, aşa õte geçmeler suwjuklyk ýaly gõrùnýandigini @ Moýsepit ýañzytdy..))
Birwagt ŞAHYRA, onuñ eserlerine haýran bolup, Welmyrat aga maşgalasynyñ gõz dikip oturan soñkuja guba düýesini Magtymgulynyñ kitabyna calşypdy ahyry..

0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ahmet Halmyradyñ şol hekaýasyny menem okapdym.Siz ýatlatdyñyz welin täzeden okadym.Ady "Geñ söýgi".
Bir gün bir zenan redaksiýa ýalñyşyp jañ edýär."Kitaphanamy?"diýip soraýar.Alan ýigidem "Ýok ýöne şoña meñzeş"diýýär.Özüniñ şahyrdygyny goşgy diñläsi gelse jañ edip biljekdigini aýdýar.Şeýdip gûrleşip başlaýarlar.Gyz özi hakda hiç hili maglumat berenok.Oglanam soranok.Soñam gyz jañ etmesini goýýar.Oglanyñam elinde gyzyñ belgisi zady bolmansoñ jyda düşýärler.Şol hekaýada gürrüñlerem gahrymanyñ içki duýgusam agras we ýûrege ýakyn açylyp görkezilýär.
Şuña meñzeş başga bir hekaýany dünýä edebiýaty žurnalynda okapdym.Awtory ýada düşenok.Ady ýalñyşmasam "Men,sen,ol we telefon" bolmaly.
Oglana dostlary öýlenmelidigini aýdýar oglanam "Heriñiz bir san aýdyñ.Şol aýdan sanyñyzy jemlän belgä jañ edip maña durmuşa çykmagy teklip etjek "diýýär.Diýeninem edýär.Gûrleşen zenany oñ degişmedigine düşünýär.Soñ yzygider budka baryp şol zenana jañ edip başlaýar.Özleri barada maglumat berýärler.Yzygider jañlaşýarlar.Soñ oglanyñ işi ûýtgeýär we zenanyñ işleýän ýerine işe geçýär.Ýöne ol zenanyñ mundan habary ýok.
Indi oglan zenany hem gaýybana hem gönüden göni tanaýar.Özüniñ şol kişidigini aýdanok.Soñ durmuş gurýalar.Barybir oglan özüniñ şoldugyny aýdanok.Durmuş guran günleri hem zenan hemişeki wagtda (gije sagat 12-iñ ýary öýdýän) "gaýybana dostundan"jaña garaşýar.We garaşýan jañy gelenok.Şeýdibem hekaýa gutarýar.
Şahyr we muşdagynyñ jañlaşmagy babatda özümiñem iki sany başdan geçirmäm bar:
1.Haýranlyk duýýan şahyrym bilen telefonda ilkinji gezek jañlaşmagym.
Nähili tolgunandygymy bilsediñiz?Tas dilim tutulupdy."Siziñ bilen tanyşmak iñ uly arzuwymdy"diýipdim.Olam agras jogaplar beripdi.Şu zeýilli suwjuklyk asla bolmandy.Bir ýylyñ içinde bary-ýogy iki gez jañlaşypdyk.Olam bolsa bolsa 7-8 minutdyr.Ikinji gezekde özüne bagyşlap ýazan goşgym gazetde çap edilen wagty jañ edipdi.
2.Goñşy obadan bir gyz nesilde çap edilen goşgularymy yzygider okaýan eken.Işdeşimden nomurymy alypdyr.Ilki smsleşip ugradyk.Soñ jañlaşyp başladyk.Gyz bolansoñ ýygy-ýygydan jañlaşýas,gülüşip degişýäs.Olam goşgy ýazýar.Hatda duýan ýaly şu wagt sms ugradypdyr :)
Umuman a gyz bilen gyz ýa da oglan bilen oglan jañlaşsa has arkaýyn bolunýar.

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Netijede sanlyja günüň içinde adamlaryň dünýä, durmuşa, haka we nähaka, haýyra we sogaba, ýagşa we ýamana, aga we gara bolan garaýyşlary üýtgäp başlady. Kalplarynda ýumşaklyk, birek-birege bolan söýgi döredi. Uly-kiçä, kiçi-ula bolmalysy ýaly garap ugrady. Gyzlar assa geplemäni, gelinler seýkin ýöremäni öwrendiler.
O zatlar dagy näme, Hudaýyň öýüniň öňi sähelçe wagtyň içinde toba etmäge gelenlerden ýaňa «hyň» berdi."

Bu- da romanyñ iñ gymmatly pikirleriniñ biri..

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Ahmet Halmyradyñ bir hekaýasy bolmaly.. Onuñ hem gahrymany bir nàtanyş zenan bn tel.arkaly tanyşyp, diñe tel.arkaly uzak, syrly gatnaşyk saklaýalar.. Soñ... zenan ýitýàmi .. nàmemi.. Garaz, ol hekaýadaky tanyşlyk okyjyda syrly hem bolsa, arassaja duýgy galdyrýar.
Bu ýerde... @Moýsepit bn ylalaşasyñ gelýàr: biraz.. düýrükdiriji ýasamalyk bar ýaly..
Ýone, gowy pikirleri bar romanyñ.. "Biziň esasy borjumyz ― ýene bir gezek adamzada kömek etmek. Onuň boşap galan kalbyny mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde ylahy söýgüden doldurmak, aňyny şeýtany pygyllardan arassalamak..."

0
1 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Шахырын Гулкешде б.н телефонда гурлешилйэн ери гаты сувджук, ясама.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]