19:19
K.Goldoniniñ ömri we döredijiligi
K.GOLDONiNiŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI

K.Goldoni 25.02.1707-nji ýylda Wenesiýada dogulýar, 06.02.1793-nji ýylda Parižde aradan çykýar. Ol italýan dramaturgy bolmak bilen italýan teatrynda reformator hökmünde çykyş edýär. Onuň gelip çykyşy gurply buržuaz maşgaladan. Ol özüniň ilkinji pýesasyny 11-ýaşynda ýazypdyr. Onuň şol ýazan pýesasy şu günlere çenli saklanýar. Şol pýesany ýazandan bir ýyl soň, Džiliniň "Don Pilonyň uýasy” höwesjeňler spektaklynda gyz maşgalanyň keşbini döredipdir. 1720-ýylda Makiawilliniň "Mandragora” spektaklyna tomaşa etmek bilen ilkinji gezek hakyky aktýorlaryň çykyşlary bilen tanyş bolýar. Ol şu komediýa tomaşa etmek bilen italýan teatrynyň düýpli reforma mätäçdigine göz ýetirýär. Şu ýerdenem onuň belli bir ideýasyz spektakllara garşy göreşi başlanýar. Sebäbi, XVIII asyryň ikinji ýarymynda "Del arte” komediýalarynyň ýagdaýy juda aşak gaçypdy.
Karlo Goldoniniň teatr sungatyna bolan isleginiň güýçlidigine garamazdan atasynyň bar wagtynda bu ugra baş goşmaga onda hiç-hili ýagdaý bolmandyr. Sebäbi, atasynyň bar islegi ony adwokat (aklawjy) etmekden ybarat bolupdyr. 1731-nji ýylda ol Paduýede hukuk ylmynyň doktory ady alandan soň, Wenesiýada adwokatlar toparyna işe kabul edilýär. Ol şol ýyllarda kiçi göwrümli pýesalary we intermediýalary, çynlakaý, hakyky librettolary, operalary döredip başlaýar. Şeýle hem öňki awtorlaryň döredip giden tragediýalaryny, tragikomediýalaryny täzeden işleýär. Onuň şol döwürde aktýor G.Kazaliniň haýyşy boýunça täzeden işlän "Welizariý” (1734) tragediýasy uly şöhratdan peýdalanýar. Bu tragediýa Wenesiýanyň "San-Samuele” teatrynda aktýor Dž.Imeriň ýolbaşçylyk edýän truppasy tarapyndan goýulýar. Ol bu truppada özüniň heniz professional-dramaturg däldigine garamazdan, 1734-1743-nji ýyllar aralygynda on ýyla golaý öz adwokatçylyk işiniň daşyndan işläpdir. Karlo Goldoni şol döwürde dürli žanrlarda özüni synap görmek bilen "del arte” žanryna ünsi güýçlendiripdir. Şol döwür uly şöhratdan peý-dalanýan toslamaçy-aktýor A.Sakki üçin ýörite ssenariler döredipdir. A.Sakkiniň ýanynda Truffaldino lakamy bilen ikinji keşpde çykyş eden Dzanni üçin "Truffaldinonyň 32 gezek bagtsyzlygy”, "Howply gije, ýa-da bir gijäniň dowamynda bolup geçen 104 hadysa” (ikisem-1740) toslamany döredipdir.
Karlo Goldoni özüniň döredijiliginiň birinji ýarymynda sahnada reforma geçirmeklige eden synanyşyklarynyň ilkinjileri aktýorlaryň ýüzlerine geýýän nikaplaryndan, toslamalaryndan dynyp, sahna hakyky edebi Komediýalary, tragediýalary salmak we sahnada hereket edýän her bir gahrymanyň şahsy häsiýetlerini açyp görkezmeklik öňe sürlipdir. Ol özüniň bu reformasyny geçirmekde sahnada çykyş edýän nikaply komediýalaryň aktýorlary we şeýle tomaşa öwrenişen tomaşaçylary kem-kemden öwrenişdirmek meselesinem göz öňünde tutupdyr. Şeýle reformalary geçirmekligi ol, öz ýazan "Dünýewi adam” (1738), "Akylly zenan” (Mott-1739), "Bergidar” (1740), "Hemme zady ýerindäki zenan” (1740) pýesalarynyň üsti bilen amal aşyrmaga başlapdyr. Şu agzan pýesalarymyzyň ilkinjisinde eseriň gahrymany wenesiýaly Momolo edebi ýazgydaky ýaly nikapsyz çykyş edipdir. Galan personažlar nikaply-toslamalary özünde jemleýän "del arte” komediýasynyň aktýorlary ýaly sahnada peýda bolupdyrlar. Ýokarda atlaryny bellän pýesalarmyzyň dördünjisinde nikaplar doly aýrylyp, sahnadaky hereketler edebi ýazgynyň doly görnüşinde peýda bolup, gahrymanlaryň şahsy häsiýetleri doly açylyp görkezilipdir.
Karlo Goldoniniň bu reformatorçylyk başlangyjynyň arasy 1743-nji ýylda kesilýär. Sebäbi, ol Wenesiýadan aktýor A.Sakkiden alan haty üçin Pize şäherine gitmeli bolypdyr. A.Sakki öz hatynda Karlo Goldoniden iki sany sse-nariýe ýazyp bermegini haýyş edip şol ýere çagyrypdyr. Şol sebäpden onuň dramaturgiýa döredijiligi Pize şäherinde täzeden başlanýar. Ol şol ýerde "Iki aganyň hyzmatkäri” (1745), "Arlekinanyň ýitirilen we tapylan ogly” (1746) atly dünýä belli komediýasynyň senarisini döredipdir. Onuň "Iki aganyň hyzmatkäri” komediýasynyň ssenariýesi 1749-njy ýylda hakyky edebi komediýasyna öwrülýär.
Karlo Goldoni 1747-nji ýylda Liwornoda antreprenýor (hususy teatryň eýesi) J.Medebak bilen tanyşýar. J.Medebak ony Wenesiýadaky "San-Andelo” teatryna işe çagyrýar. Şu ýerdenem onuň Wenesiýadaky öňki başlan reformatorlyk işiniň ikinji tapgyry täzeden başlanýar. Onuň reformatorlyk işiniň ikinji tapgyry 1748-1753-nji ýyllary öz içine alýar. Geçen şu az wagtyň içinde ol hakyky professional derejä ýetmek bilen öz eklenç çeşmesini teatr sungatyndan görýär. Karlo Goldani özüni işe çagyran Dž.Medebak üçin her ýylda 8-sany komediýany ýazmaly bolýar. Ol şeýle üstünlikli işlemek bilen öz başlan reformasyny tamamlaýar.
Karlo Goldoni "Hilegär dul zenan" (1748), "Ahlakly gyz” (1749) ýazmak bilen iki žanryň-buržuaz durmuşyndan bolan komediýa žanry italýan edebi dilinde ýazylypdyr, žanrlaryň ikinjisi ýönekeý halkyň durmuşyndan alynan komediýa bolmak bilen wenesiýan dialektinde (şiwesinde) ýazylypdyr.
Karlo Goldoniniň döredijiligi ýyl geçdigiçe ösüp, 1750-1751-nji ýyllarda özüniň iň ýokary dejesine ýetipdir. Ol şol ýyllarda 16-sany çürbaşy hasaplanýan pýesa ýazmaklygy başarypdyr. Şol ýazylan komediýalaryndan "Kofehana”, "Antikwar maşgala”, Pamela”, "Hakyky dost”, "Päk ýüreki hilegär”, "Gybatkeş zenanlar” pýesalary öz täsirini biziň günlerimize çenli ýi-tirmän gelýär. Onuň şondan soňky ýazan "Mülkdar” (1752), "Yşka düşen hyzmatkär gyz” (1752), "Maşgala agzalalygy” (1757), "Bilesigeliji zenan” (1753), "Myhmanhananyň hojaýyny” (1763) pýesalaram tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, Karlo Goldoniniň şöhradyna-şöhrat goşupdyr.
Karlo Goldoni Dž.Medebak bilen baglanyşan şertnamasynyň wagty gutarandan soň, onuň bilen işleşmekden daşda bolýar. Sebäbi, Dž.Medebak onuň pýesalaryndan özüne gelip düşýän gazanjyň köplügine garamazdan Karlo Goldoniniň aýlyk hakyny ýokarlandyrmandyr. Şondan soň, Karlo Goldoni Wendramina degişli "San-Luka”teatryna işe geçýär. Şeýlelik-de, onuň 1753-1762-nji ýyllary öz içine alýan reformatorlyk özgertmeleriniň üçünji tapgyry başlanýar. Bu döwürde onuň pýesalarynyň žanr sany öňkülerden has artypdyr. Öz döwrüne bap gelýän dürli häsiýetli komediýalary ýazmak bilen birlikde, şygyrýetde ýazylan tragikomediýalary Gündogar häsiýetleriniň üsti bilen bermäge çalyşýar. Onuň komediýalaryndan halk durmuşyny öz içine alýan "Aşpezler” (1755), "Çatryk” (1756), "Täze jaý” (1760), "Keçeňekler” (1760), "Senýor Tederobrýuzga” (1761), "Kodžin tersleşigi" (1761) halky bolmak bilen olar esasan wenesiýan şiwesinde ýazylypdyr. Bu pýesalar Renessans eýýamynyň däplerine öwrülen pýesalaryndan has daşda bo-lup, sözüň doly manysynda heniz XVIII asyrda hiç bir ýurtda görülip-eşidilmedik realizm derejesine galypdyr. Karlo Goldoniniň şeýle pýesalary döretmegine esas bolan zatlaryň biri onuň eserlerine yzygiderli edilýän hüjümler sebäp bolupdyr. Esasanam Karlo Gossiniň hüjümleri uly täsirini ýetiripdir. Sebäbi, Karlo Goldoniniň nikaply çykyşlardan daşlaşmagy özüni "fýabylar” (ertekiler) dünýäsiniň hökümdary hasplaýan Karlo Gossi üçin örän ýokunç degipdir. Wenesiýan tomaşaçysy tarapyndan götergilenip gelen Karlo Gossi öz garşydaş dramaturgyny ähli zatda aýyplapdyr.
Karlo Goldoni Parižiň "Italýan komediýalary” teatrynyň çagyryşyny kabul edip, 1762-nji ýylyň 23-nji fewralynda Wenesiýaly tomaşaçylar bilen hoşlaşýar. Ol Wenesiýadan Pariže göçýän adam hökmünde özüne hudožnik Anjoletto lakamyny berýär. Şol lakam bilenem ol Pariže barýar.
Karlo Goldoniniň Pariže barmagy bilen, onuň döredijilik reformasynyň dördünji tapgyry başlanýar. Ol özüni işe çagyran "Italýan komediýalary” teatry bilen yzygyderli işlemegini togtadyp, Italýan pýesalaryny sahna çykarmaklygyny goýýar. Karlo Goldoni şol döwürde dürli teatrlar bilen baglanyşan şertmasy esasynda pýesa we komiki operalary ýazmaga başlaýar. Onuň şol döwürde ýazan ýörgünli komediýasy "Ýelpewaç” ("Weýer”-1763) bolupdyr. "Ýelpewaçdan” soň, "Iňňirdili ýagşylyk ediji” (1771) atly komediýany ýazýar. Bu komediýany ol fransuz dilinde ýazmak bilen Molýeriň mekdebiniň häsiýetlerini, tärlerini ulanypdyr. Uly üstünlik bilen dowam eden bu komediýasynda baş keşbi aktýor P.l.Prewil döredipdir. Komediýa özünde "gowy häsiýetleri” jemlese-de, XVIII asyr Fransuz teatrynda söweşiji satira ugrukdyrylan iň gowy, iň ýörgünli komediýalaryň biri bolupdyr. Ol bu komediýadan soň, fransuz dilinde "Gysganç jalaý” (1776) komediýasyny ýazýar. Emma, bu komediýa üstünlikden peýdalanmandyr.
Karlo Goldoni şol komediýadan soň ömrüniň ahyryna çenli Fransuz dilinde "Memuar” (1787) ýazýar. Onuň ýazan "Memuary” üç kitapdan (tomdan) ybarat bolupdyr. Onuň ýazan bu kitaby şu güne çenli italýan, fransuz teatr sungatynyň taryhy babatda bahasyna ýetip bolmajak çeşme bolmaklygynda galýar.
Karlo Goldoni özüni krepostnoýçylyk gurluşyň, onuň galyndylarynyň barlyşyksyz duşmany hasaplapdyr. Şol bir wagtyň özünde-de ol özüni ýurdy magaryflaşdyrmagyň, ýurdy nähili dolandyrmaklygyň görnüşlerini halk köpçüliginiň özüniň guramalydygynyň tarapdary bolup çykyş edipdir. Ol özüniň "Mülkdar” komediýasynda mülkdarlaryň we olaryň oba daýhanlaryna bolan täsiriniň dargap ugrandygyny açyp gökezýän bolsa, "Ýaranjaňlar” komediýasynda dworýanlaryň uly wezipeleri eýeleýändigine garamazdan, olaryň parahordygyny, gysgançdygyny, baýlyk toplamak üçin hiç zatdan gaýtmaýandygyny, ýokary wezipeli adamlaryň öňünde gereginden artyk ýallaklamagy başaryp bilýändigini, "Uruş” dramasynda bolsa, basybalyjylykly uruşlaryň gyrgynçylykdan, wagşyçylykdan, weýran edijilikden başga zat getirmeýändigini ýokary derejede suratlandyryp bilipdir.
Karlo Goldoni "Myhmanhananyň hojaýyny” komediýasynda dworýan-laryň ellerini serip, dilegçilik edýändiklerini görkezse, "Kofehana” komediýasynda dürli hilelere baş goşýandyklaryny, olaryň birek-biregiň üstünden töhmet edýändiklerini, birek-biregi çaknyşdyrýandygyny, "Päk ýürekli hilegärinde” diňe baýlygyň ugrundaky sergezdançylygy, "Ýaş ýigit we zenanynda”, "Akylly zenanynda” (Motynda), "Daça durmuşynda”, "Oýunçysynda” bolsa, dworýançylygyň maşgala taýdan dargaýanlygyny geregiçe suratlandyryp tomaşaçylara ýetirmegi başarypdyr.
Karlo Goldoni öz eserlerinde diňe bir dworýançylygyň bulaşyk häsiýetlerini açmak bilen çäklenmän, eýsem ähli buržuaz gatlagyň uly kesele ýolugandygyny dramaturgiýanyň ähli serişdeleriniň üsti bilen ýaýratmakdan çekinmändir. Şol bir wagtyň özünde buržuaziýanyň käbir öňdebaryjy wekilleriniň, intelligensiýasynyň akylly-başly hereketlerini, olaryň halk baradaky ala-dalaryny, ynsanperwerçilikli işlerini hem dogruçyllyk bilen goldapdyr. Onuň şeýle obrazlary, keşpleri döredende asly "del arte” komediýalaryndan galan nikaply (Pantolonyň atlaryny göterýän) öňden gelýän mirasdan el çekip, nikaply däl-de hakyky adam ýüzlerini görkezmekligiň demokratiýa çekilýän ýoldugyny, şol ýoluň bolsa, aşaky gatlakdan bolan halk köpçüligi üçin zerurdygyndan ugur alypdyr.
Karlo Goldoni öz dramaturgiýasynda esasy gahrymanlary (položitel) halkdan çykan ýönekeýje adamlardan döredipdir. Ol gahrymanlar hyzmatkärlerden we hyzmatkär aýallardan bolup, öz akyllylygy, başarjaňlygy bilen hojaýynlaryndan saýlanypdyr. Şol sebäplem şeýle keşpler tomaşaçyny özüne çekipdir we özüne bimar edipdir. Karlo Goldoniniň "Iki aganyň hyzmatkärindäki” baş gahryman Truffaldino öz artykmaç şadyýanlygy bilen komediýada tebigy bolmadyk, emeli hilegärlik edip öz hojaýynyndan, jenabyndan akyllydygyny tomaşaça mälim edýär. Şeýle häsiýetli gahrymanlar "Çalasyn hyzmatkär gyzda” Ardžentina, "Hojaýynyna berlen hyzmatkär gyzda” Korallina hem öz hojaýynlaryndan akyl babatda has artykmaçdyklaryny edýän here-ketleri, gep uruşlary arkaly tomaşaça ýetirýär. Karlo Goldoniniň şöhrat gazanan "Myhmanhananyň hojaýyny” baş gahryman Mirandolyna özüne tebigy taýdan berlen akyly ulanmak arkaly dürli hilelere baş urmak bilen, myhmanhanada işleýän hyzmatkär gyz Fabrisiýonyň üsti bilen myhmanhana gelýän tanymal baý adamlaryň pullaryny alyp bilýändigini görkezýär.
Karlo Goldoni özüniň demokratiýa bolan söýgüsiniň ýokarydygyna garamazdan Fransiýada bolup geçýän buržuaz rewolýusiýasynyň manysyna kän bir düşünibem durmandyr. Ol özüniň ömrüniň soňky otuz ýylyny Fransiýada geçirmek bilen ýurduň şasy (koroly) Lýudowik XVI tarapyndan pensiýa (lapaka) hem bellenipdir. Şol sebäplem, Fransiýada yzygiderli bolup geçýän rewolýusiýalardan, çaknyşmalardan daşda durupdyr.Ol Parižde Ýakobin hökmürowanlygynyň möwç alan wagty aradan çykypdyr.
Karlo Goldoni italýan we dünýä teatr taryhyna ummasyz goşant goşan, täze eýýamyň Italiýan edebi komediýalarynyň düýbüni tutujy dramaturg hasaplanýar. Karlo Goldoni ýaşan döwründe 267-sany pýesany dünýä teatrlaryna miras galdyran beýik dramaturg hökmünde taryha girdi. Onuň teatr sahnasy üçin miras galdyran eserleriniň 155-si komediýa, 18-si tragediýa we tragikomediýa, 94-si operalar üçin ýazylan librettodyr.
Karlo Goldoni öz pýesalarynda italýan halky üçin, onuň edebi döredijiligine ägirt uly goşant goşmak bilen halkyň aň-düşünjesiniň ösmegi ugrunda, ençeme meseleleri gozgap bilen ägirtleriň hatarynda tanalýar. Karlo Goldoni Italiýan komediýalarynyň üsti bilen çuňňur ideýa-mazmunly realistik dramaturgiýany döretmegi başarypdyr. Onuň teatr repertuaryna goşan goşandynyň hasabyna uly bir nesil, italýan aktýorlarynyň nesli peýda bolupdyr.
Karlo Goldoni aradan çykandan birnäçe on ýyllyklar geçenden soň, ondan galan mirasy täzeden dünýä indermek işine aktýor we komediograf F.Bon uly goşant goşupdyr. Karlo Goldoniniň janköýerleriniň biri P.Ferrari onuň komediýalarynyň sýužetlerini täzeden işläpdir. Hat-da Karlo Goldonini öz döreden komediýalarynyň birinde baş gahryman hökmünde çykyş etdiripdir. XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda Italiýanyň uly abraýdan peýdalanýan aktýorlary E.Duze, T.di Lorenso, I. we E.Gramatiklar, E.Nowelli, E.Dzago, F.Benini Karlo Goldoniniň ölmez-ýitmez gahrymanlaryny täzeden janlandyryp ugrapdyrlar. Onuň wenesiýan şiwesinde ýazan pýesalarynyň di-linde aktýorlar Ç.Bazedžo, M.Mikellussi keşpler döredipdirler. Häzirki zaman režissorlary G.O.Kosta, Dž.Streler, L.Wiskonti, K.Lodowiçi Karlo Goldoniniň pýesalaryna ýüzlenipdirler.
Karlo Goldoniniň döredijiligine Italiýadan uzaklarda-da ýüzlenipdirler. Dünýäde ady belli magaryfçylar Wolter, Didro, Lessing, Gýote, Russiýanyň beýik dramaturglary Gogol, Suhowo-Kobilin, Ostrowskiý onuň dramaturgiýasyna uly hormat goýupdyrlar. Hat-da, Ostrowskiý Karlo Goldoniniň "Kofehanasyny” ilkinjileriň biri bolup rus diline geçiripdir.
Karlo Goldoniniň rus tomaşaçysyna tanyşlygy onuň ýaşap ýören döwründen başlanýar. 1759-nji ýylda Moskwada, Peterburgda komiki häsiýetli "Arkadiý Brentede”, "Graf Karamella”, "Dünýä ýüzlenmek”operalary toma-şaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. 1772-nji ýylda M.Hrapowiskiý tarapyndan rus diline terjime edilen "Iňňirdili ýagşylyk edijisi” komediýasy 1775-nji ýylda "Ýagşylyk ediji gödek ady bilen rus sahnasyna çykarylýar. Rus sahnasyna "Iki aganyň hyzmatkäri” (1789), "Hakyky dost” (1794), "Kezzap” (1796) komediýalary tomaşaçylara ýetirilýär. Bu barada döwrüň teatr öw-renijileri, dramaturglary, teatr tankytçylary, ýazyjylary az bolmadyk ýazgylary galdyrypdyrlar.
Karlo Goldoniniň "Myhmanhananyň hojaýyny” komediýasyny ilkinji gezek 1827-nji ýylda "Mirandolina” ady bilen A.A.Şahowskiý terjime edipdir. Bu terjimeden soň, "Myhmanhananyň hojaýyny” rus diline bäş gezek terjime edilipdir. Şol terjimeleriň biri A.K.Džiwelegow tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Sowet döwründe Karlo Goldoniniň pýesalary M.L.Lozinskiý, S.S.Ignatow, T.L.Şepkina-Kupernik, N.K.Geýoriýewskaýa, N.N.Sokolawa tarapyndan yzygyderli terjime edilipdir. Onuň "Myhmanhananyň hojaýyny” komediýasynyň baş gahrymany Mirandolinyň keşbini Rus, Sowet aktýorlaryndan M.G.Sawina, W.F.Komissaržewskaýa, O.W.Gzowskaýa, E.M.Granowskaýa, K.N.Ýelanskaýa, W.P.Mareskaýa, O.L.Knipper (A.P.Çehowyň aýaly) döredipdir. Bu komediýa diňe MHAT-da üç gezek 1898-nji, 1914-nji, 1933-nji ýylarda sahna çykarylypdyr. Her saparam uzak wagtlap sahnadan düşmändir. Pýesadaky ýaş ýigit di Rippafratyş keşbini K.S.Stanislawskiý ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.
Karlo Goldoniniň Rus tomaşaçysy üçin "Ýelpewajy” (1914) režissýor A.Ýa.Tairow tarapyndan Moskwanyň "Kamerniý” teatrynda, "Iki aganyň hyzmatkäri” (1921) Leningradyň Uly drama teatrynda, (1940) Moskwanyň "Satira” teatrynda, "Zenanlary” (1929) 2-nji MHAT-da, "Myhmanhananyň hojaýyny” (1940), "Şowhunly wakasy” (1944) Mossowet teatrynda (soňky ikisem) režissýor Ýu.A.Zawadskiý tarapyndan sahna çykarylypdyr.
Karlo Goldoniniň komediýalary öňki SSSR-iň çäginde bolan Ermenistanda, Gruziýada, Gazagystanda, Özbegistanda, şol bir wagtyň özünde biziň ýurdumyz Türkmenistanda-da "Iki aganyň hyzmatkäri” (1933-nji, 1976-njy ýyllarda) sahna çykarylypdyr. Onuň eserleriniň sahna çykarylyşy öz ýurdy Italiýany göz öňünde tutmanyňda öňki SSSR-iň çäklerinde dünýäde iň köp ýüzlenilen sahna eseri bolupdyr.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 20 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]