12:21
Dünýäni toba halas eder -4/ dowamy
5.

...Elbetde, her bir rowaýatyň, hatda ertekiniň hem aňyrsynda haýsydyr bir hakykatyň ýatýandygyny ylym inkär edenok.
Ylym ― takyk ylymlaryň diňe dini taglymatlar bilen aýakdaş giden wagty oňyn çözgütleri gazanyp bilýändigini hem inkär etmeýär.
Şonuň üçinem, halasgärler rowaýatlar dogrusynda çykaran netijelerini hasam çuňlaşdyrmak üçin, alymlar, ahyrzamana barada pygamberleriň nämeler aýdyp geçendikleri bilen gyzyklanyp görmekligi makul bildiler.
Gerekli maglumatlar uzak garaşdyrmady.
Garalýan mesele dogrusynda Muhammet pygamber şeý diýipdir:
― Şol gün golaý gelende ogul-gyz ata-enesine gulak asmaz. Olardan öňürti we gaty geplär.
― Uly-kiçini, kiçi-ulyny sylamaz;
― Şägirdiň ― halypasyna, okuwçynyň ― mugallymyna göwni ýetmez, öwrenmän ussat bolasy geler;
― Gyz-gelinden utanç-haýa göteriler. Aýal ata çykar, gyz gyrnak öz bikesini özi dograr;
― Bet işler, ýalan sözler, ýaramaz gylyklar rowaç bolar. Töhmet iň bir geçginli «haryda» öwrüler.
― Dogan-garyndaşdan gadyr-gymmat gaçar. Bir agza bakmazlar. Agzybir bolup bir hatarda oturmaklyk ýat bolar.
― Sygyr ― mal, saman ― pul, suw ― hödür, galam ― gylyç bolar;
― Söwda şeýle bir öser, äri aýalyna kömekçi bolar;
― Birek-biregiň deňinden salamsyz geçiler, salam beriläýende-de, ýaşyna däl-de, wezipesine seredilip berler;
― Hudaýa iman getirýänler azalyp, şeýtany hannaslar köpeler;
― Kuran okamaklyk geň görler;
― Adamlar jaý salmakda biri-birleri bilen ýaryşarlar;
― Uly wezipelerde, şol orna nämynasyp adamlar oturarlar.
...Ine, bu bolsa, heýhat hakda Isa pygamberiň aýdanlary:
― Zamana ahyr bolmazynyň öň ýany tebigy betbagtçylyklar köpeler;
― Ýer ýüzi boýunça açlyk düşer;
― Dini ygtykatlaryna ygrarlydyklary üçin, meniň ymmatlarym ejir çekerler;
― Gorkaklyk, namartlyk, dönüklik, biwepalyk, binamyslyk adaty bir zada öwrüler;
― Ýalan ýalawaçlar geler, galp ylymlar ýaýrar;
Dünýäniň iň uly döwletleri biri-birlerine garşy giderler, uly-uly uruşlar, dawalar, topalaňlar (rewolýusiýalar), terrorçylykly hereketler, (HET-iň belligi) turar...
...Bu pentlerden başga-da, Isa pygamber adamzadyň soňky nesillerine şeýle sargyt edipdir: «Egerde, öz ýaşap ýören durmuşyňyzdaky bolup geçýän üýtgeşmeleri synlap, şolaryň arasyndan meniň aýdan alamatlarymy aňlap bilmekligi başarsaňyz, onda heýhatyň golaýlandygyny bilip bilersiňiz...»

***

...Şondan soň halasgärler Isa pygamberiň iň soňky pendinden ugur alyp, hem şonuň özüniň, hem Muhammet pygamberiň ahyrzamananyň alamatlary hökmünde aýdanlaryny, şeýle hem dini rowaýatlardaky beýanatlary şu günki bolup duran hadysalar, halkara hem döwletara, ykdysady hem syýasy gatnaşyklar, ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýelerini, ata-enä, ula-kiçä bolan sylag-hormat meselesi, hususan-da, «Ezraýyl we çopan» baradaky rowaýat bilen haýkyryşýan we heýhatyň bigüman gopjakdygyndan, onda-da geçmişdäki ýaly bölekleýin däl-de, tutuş ýer ýüzi boýunça gopjakdygyndan habar berýän, şu günüň ýaraglanyşyklary we arşy-aglaýa edilýän gazaply hüjümleri, syrtpuruşlaryň öz birtaraplaýyn jynsy gatnaşyklaryny kanunylaşdyrmak, Konstitusiýa taýdan döwlet derejesinde resmileşdirmek üçin, günüň-gününe, elleri şygarly, uly-uly ýygnaýyşlar gurnap ýörüşlerini, birin-birin deňeşdirip gördüler.
Eý, Huda-aý!..
Hemmesi dogry!

***

...Şu zatlar barada geçirilen soňky mejlisiň jemi hem, Filozowyň öz çykyşyndaky: «Şu zatlaryň sebäbini biläýenimizde-de edibiljek zadymyz ýok. Çünki, hüjüm edýän tebigat. Tebigatyň garşysyna bolsa adam gidip bilmeýär» diýen kesgitlemesine syrykdy.
― Tebigat bolsa Hudaýdyr!.. ― diýip, kimdir biri iň soňunda oturan ýerinden suňşurdy. ― Onuň garşysyna ― asylam gidip bolmaz!..
«Diýmek, onda, hiç hili çykalga ýok-da...» diýen soragy orta atmak üçin, bulanjyrap ýerinden turan Stiweniň agzyny açanam şoldy welin, iň yzky hatarda oturan, HET öz işine başlaly bäri sessiz-üýnsüz gelip, gidip ýören, keselbendiräkdigi daşyndanam bildirip duran, gün görmeýän ösümlik ýaly ýüzi solgun, ejizje bir kişiniň:
― A-how, adamlar... ― diýen, naçarlaç sesi eşidildi. ― Heýhatyň gopjagy çyn bolsa, özem Hudaý tarapyn bolsa, hiç hili çäre-de bolmajak bolsa, onda beýdip, salkyn jaýyň içinde agzymyzda aş-gatyklaşyp oturmalyň-da, duran-duran ýerimizden öýli-öýümize dagalyň-da, çagajyklarymyza gowşalyň. Tä kyýamat ahyr bolýança olary gujajyklarymyza gysyp oturalyň. ― Ol soňky sözlerini halys aglamjyrap aýtdy. ― Ýogsam, birdenkä, Ýer çym-pytrak bolaga-da, herimiz bir bölege düşüp, her gezek gabat gelenimizde biri-birimize gol bulaşyp ýörmeli bolmalyň...
Ilk-ä oňa hemmeler oýun edýändir, öýtdüler. Onda-munda gülki seslerem eşidilen ýaly boldy.
Oňa çenlem ― belki wraçdyr ― biri onuň ýanyna ylgap diýen ýaly bardy-da, gyssagara o ýerini, bu ýerini, hatda gabaklaryny galdyryp gözleriniň içine seretdi-de, öz-özi bilen gürleşýän ýaly, ýuwaş, emma dogumly gürledi.
― Hekim çagyryň...
Hekim örän çalt geldi. Syrkawa gözi düşendenem:
― Äkitmek gerek... ― diýdi. ― Ol indi siziň bilen işleşip bilmez.
Turuwbaşda topara nähilelik bilen goşulandygy belli däl, görgüli üýtgändir-dä, şu ýere geleli bäri syr bildirmän ýör ekeni.
...Ony hakykatdanam öýüne ― çagalarynyň arasyna ugratdylar.
...Apyla-sapyla sowulandan soň, Stiwen häliden bäri aýdybam bilmän, ýuwdubam bilmän, owurdynda «owmuşlap» duran sözlerini zala tarap «paýradyp» goýberdi.
― Diýmek, onda, hiç hili çykalga, alaç, çäre ýok-da?!...
― Bar! Çykalga-da bar, çäre-de bar!..
Dindarlar toparynyň arasyndan turan, arapdygy uzyn ak eşiginden, baş atgyjynyň üstünden kellesine goýlan gara mata halkajykdanam bildirip duran, garaýagyz, dolmuş, murtlak kişi şol dem Stiweniň gözüne Hudaýyň hut özi ýaly bolup göründi.
― Howwa?!. Ol näme?..
― Toba...
― Toba?..
― Howwa! Hut toba. Dünýäni diňe şol halas eder. Egerde, adamlar Allahyň resullaryna boýun sunup, wagtynda toba eden bolsadylar, onda, geçmişdäki hadysalaryň birem bolmazdy. Şolaryň goýberen nogsanlyklaryny bu gün biziň düzetmegimiz gerek. Galyberse-de sebäbini biläýeniňizde-de Alla tarapyn gelýän ahyrzamananyň garşysyna göreşip bolmaz.

― Siziň diýýäniňizem bolmaz!.. ― Hemmeler ses çykan tarapa üşerilişdiler. Edil Stiwençe bolmasa-da, agyr göwreli, çal saçy gerdenine düşüp duran, aýagy gök jinsili, ýaşyl penjekli, eli owadan hasaly, orta ýaşlaryndaky görmegeý kişi münbere tarap hyýalam etmedi-de, sözüni duran ýerinde dowam etdiriberdi. ― Elbetde, bolar, bolsa, ýöne, bolmaz...
Stiwen ynjyly gürledi.
― Düşnükliräk aýtsaňyzlaň, jenap...
― Jenap Teo. Teodor Teo. Gollandiýadan. Hudožnik.
― Örän ýagşy, aýdyberiň. Aýdanlaryňyzy delillendiriň, düşündiriň.
― Arap gardaşymyzyň aýdýany dogry. Men onuň bilen ylalaşýan. Ýöne... Bu gün hiç kim toba etmez. Çünki, adamzat indi toba ederden geçdi. Hudaýdan daşlaşyp, şeýtanylylykda şeýtanyň özündenem geçirdi. Öň dost bolan bolsa, bu gün onuň bilen guda garyndaş boldy. Gyz aldy, gyz berdi. «Süňňi alyşdyrma» etdi. Şonuň üçinem, ol-a toba etmez, edäýeninde-de Hudaý onuň tobasyny kabul etmez. Günäsini geçmez...
― Geçer! Kabulam eder, geçerem!.. Çünki, Ol, geçirimlidir. Rehimlidir. Iň gowy görýän zadam tobadyr. Şu çaka çenli alamat baryny görkezip, heýhaty yza çekip ýörşem, hut toba garaşýandygy, öz döreden dünýäsini, eziz bendelerini bir demde ýok edip goýberiberesiniň gelmeýändigi üçindir. ― Arap gardaş uludan, sowuk demini aldy. ― Egerde adamzat derhal toba etse, Hudaý heýhaty-ha bir yzyna gaýtarar, üstesine, adamzada owalebetde berlen, ýöne, nirededir bir ýerlerde şeýtana ogurladan «ylahy söýgüsinem» gaýtaryp berer.
Bir ýaş alym özüniň kimdiginem, kärinem, hünärinem aýtmady-da, oturan ýerinden gollaryny galgadyp başlady.
― Ylmyň ― tehnikanyň şeýle ösen döwründe, şu rowaýatlardyr ertekilere salgylanyp, şular ýaly ýönekeý zatlar barada pikir ýöreden bolup oturmak bize uslypmydyr?..
Stiwen oňa tarap owsun atdy-da, ýüreginden syzdyryp:
― Eýsemde bolsa, siziň öz alternatiwaňyz barmy? Adamzady heýhatdan halas eder ýaly başga bir çäräni teklip edip biljekmisiňiz?..
― Bizde ýarag, tehnika, ganatly raketalar köp. Egerde asmanyň jümmüşinden haýsydyr kometa ýa astro meteorit bizi nazarlap gaýdaýanynda-da, ony Aýyň deňinden geçmänkä, öňünden çykyp, partladyp bilýäs. ― Ýaş alym ýerinden turjak ýalam etdi-de, ýene-de oturdy. ― Geçen gezekkimiz ýaly.
Stiwen ýüzüni bir gyra sowup gepledi.
― Birinjiden-ä siziň ol diýýäniňiz heýhat däl-de, häli-şindi gaýtalanyp duran kosmiki hadysalaryň biridi. Ikinjidenem, şu bolup duran hadysalaryň heýhatdan nyşandygyny, sebäpkäriniň bolsa adamlaryň hut özüdigini, Hudaýyň diýeliňmi, Tebigatyň diýeliňmi, bu gün-erte gazaba münjekdigini, adamzadyň akmaklygy, aşa gedemligi zerarly öňem telim gezek ýüz beren heläkçiligiň ýene bir gezek gaýtalanaýmagynyň bigümandygyny geçirilen gözlegler, agtaryşlar subut etdi. Galyberse-de, biziň Tebigat bilen uruş etmek, garşysyna göreşmek meýlimiz ýok. Gaýry bir çykalgamyzam ýok...
Şondan soň biliner-bilinmezrägem bolsa, ikisini ugurdaş alyp gitmek barada öňünden gepleşilenem bolsa, iki taglymat ― dini hem takyk ylym çaknyşdy.
Ýöne, barybir ýene-de Stiweniň: «Başga-da bir görnüp duran çykalga ýok...» diýen sözüne gaýdyp gelmeli, şonuň bilen ylalaşmaly boldular.
...Ýöne, umumadamzat tobasyny kim, nähili göz öňüne getirýär?
Onuňam çäresini tapdylar. Ýagny, ýüze çykan ýagdaýy, HET-iň geçiren işlerini we gelen netijesini jikme-jik düşündirip ýüzlenme ýazmaly hem-de ony häzirkizaman habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, ýer ýüzüne ýaýratmaly. Hemmeleriň biragyzdan toba kylmaklaryny haýyş etmeli.
― Haýyş däl, talap etmeli!..
Arap gardaşyň ol sözi aýdan adama beren jogaby nagt boldy.
― Talap etmek bolmaz! Çünki, talap ýa gorky bilen etdirilen toba kabul bolmaz. Ol meýletin, ak ýürekden bolmalydyr.

7.

Şol çaka çenli edilen işler, çykarylan netijeler hakynda ýazylan ýüzlenmäni taýýarlamagam, ara alyp maslahatlaşmagam gaty bir uzaga çekmedi.
Ony derhal dünýäniň ähli dillerine geçirdiler we dürli ýollar arkaly ýer ýüzüne ýaýratdylar.
Entegem ýabany durmuşda, hususan-da, Amazonka jeňňelliklerinde ýaşap ýören, ýarym-ýalaňaç «ind» taýpalaryna bolsa kimsini wertolýotly, kimsini üç-dört adamlyk kiçijik samolýotly, käbirlerini gaýykly, käbirlerini bolsa paýu-pyýada ilçi edip iberdiler.
...Emma, barybir bolmady.
Gollandiýaly suratkeş Teodor Teonyň öňe süren çaklamasy çyn bolup çykdy.
Biribara onsuzam mynajat edip ýören, imanly mömünleri hasap etmeseň, ýer ýüzünde ýaşap ýören ýedi ýarym milliarddanam agýan adamzat ähliniň ýekejesem toba etmek üçin Hudaýyň öýüne barmady. Hiç kimiň heýhaty golaýlaşdyrarlyk derejede günä gazanan adam hökmünde görnesi gelmedi.
«Indler» bolsa, aýpalta ýaly dyrnaklary bilen «hyrt-hyrt» gaşanyşyp oturyşlaryna: «Hudaý bize degmez, sebäbi biz oňa degmedik. Onuň bilen öjügişen özüňiz, özüňizem oňuşyň...» diýipdirler.
Ilçiler hernäçe wagyz etselerem, olar şol bir diýenlerini gaýtalapdyrlar.
Ýüzlenmede adamlar ýeke bir ruhy-ahlak taýdan çüprändikleri üçin toba etmeklige däl, eýsem senagat akyndylary, zäherli tüsse zyňyndylary bilen suwy, howany, topragy zaýalaýan öndürijileri önümçiliklerini bes etmeklige hem çagyrylýardy. Şol zatlar heýhatyň esasy sebäpkärleri hökmünde görkezilýärdi.
Emma, senagatçylaram halasgärleriň aýdanlaryndan başdepän gaýra gaýyşdylar. «Biz ony edip bilmeris, edäýenimizde-de halk kyn güne düşer, eşiksiz, iýmitsiz galar. Hä diýmänem başky mekanyna ― gowaklara dolanmaly bolar. Dogry, düzgün boýunça biz size boýun bolmaly bolarsam, ýöne, goý, öňürti bizden öňňeler öz önümçiliklerini bes etsinler, ýogsam, iki ortada biz-ä batyp galarys, beýlekiler bolsa gülläp öserler gider oturarlar» diýdiler.
Adamzadyň üstüne heýhatyň özündenem beter howp salýan atom, wodorod, neýtron ýadro bombalaryny we uruş maksatly gaýry ýaraglary, tehnikalary öndüriji kärhanalaryň, zawoddyr fabrikleriň eýeleri, şol zatlary olara buýrujylar bolup durýan harbylar hem, hatda käbir ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylaryna çenli: «Birinjiden-ä biz öz ýaraglarymyzy uruş üçin däl-de, goranyş maksatlary üçin öndürýäris. Ikinjidenem birdenkä gaýry planetalardan çozuş bolaýsa dagy siz näme bilen goranjak? Ýa-da mundan bäş ýyl ozal, Arşyň jümmüşinden Ýeri nazarlap gelýän meteoriti Ýer ýüzüniň birleşen harby güýji bilen, ol entek Aýa-da ýetmänkä üsti bäş-dört astronawtly arş gämisi bilen öňünden çykyp, kül-uşak edenimiz ýadyňyzdan çykdymy?» diýdiler. Yzyndanam edil senagatçylaryň diýişleri ýaly, hersi öz gezeginde ýaraglanyşygy öňi bilen beýlekileriň bes etmegini, önümlerinem öňürti şolaryň zyýansyzlandyrmaklaryny talap etdi. «Şolar şeýtsinler, bizem onsoň görübereris» diýdiler.
1986-njy ýylda Prezident M.S.Gorbaçewiň ýaragsyzlanmaklyga bir taraplaýyn gol goýmagynyň dünýäniň iň iri döwletiniň synmagyna sebäp bolan uly töwekgelçilik hökmünde tymsal getirdiler.
Ýüzlenmäni okap, halys göze-başa düşenleriň birem syrtpuruşlar boldy.
Olar öňküje edähetlerine eýerip, bu gezegem köçä çykdylar we BMG-niň baş binasyna tarap ýumruklaryny çeneşip duruşlaryna: «Siz bizi heýhat bilen gorkuzjak bolmaň! Talaplarymyzy berjaý etmeseňiz, hukuklarymyzy kanunlaşdyrmasaňyz, biziň üçin heýhat şol!..» diýşip, çirkin-çirkin gygyryşdylar.
Hemişe bolşy ýaly, raýdaşlyk üçin bu gezegem olara ýalamaçyl gyzlardyr gelinlerem gelip goşuldylar.
Geň zat! Ýaramazçylygyň alamaty hökmünde henizem sudurlary bildirip duran Sodom we Gomorra şäherleriniň ornunda şol gün ýer goduklady.
Hadysalaryň sany köpeldi. Möwji artdy. Ýer ― Sarsaýyla, suw ― Garkaýyla baş bermedi.
Dana dünýä dälirän derwüşe döndi.

8.

...Öňki eden işlerindenem gaty bir göwünleri suw içmän ýören halasgärleri, ýüzlenmä gelen ýaňky ýaly gümürtik jogaplar hasam kejikdirdi.
Ýöne, ruhdan düşmediler.
«Belki, biz entek halk bilen düşünişip bilen däldiris, ine, düşündiriş işlerini güýçlendirip, olary göreşe goşulmaklyga yrarysam welin, olar bize büs-bütin başgaça jogaplar ibererler» diýen umytda boldular.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan şeýle hatlary, günlerde bir gün hakykatdan-da geldi. Ine şol hat:
«Hormatly alymlar! Siz öz ýaýradan ýüzlenmäňizde heýhatyň golaýlap gelýändigini, şu günki hadysalaryňam şondan nyşandygyny aýdypsyňyz, hem köneki rowaýatlara, şeýle hem pygamberleriň aýdanlaryna esaslanyp, oňa adamlaryň hut özleriniň sebäpkärdiklerini subut edipsiňiz.
Heýhaty gaýtarmak üçin ýeke-täk çäre hökmünde külli adamzady toba çagyrypsyňyz.
Dogry edipsiňiz.
Bu örän çynlakaý çözgüt. Dogry çykalga... Emma, bilşiňiz ýaly hormatly alymlar, hiç kim toba etmedi.
Etmezem!..
Etmezlerem!..
Çünki, birinjiden-ä olar size ynananoklar. Onuňam sebäbi siz bu gün bir zat diýýäňiz-de, ertesi, düýbünden başgaça saýraberýäňiz.
Mysal üçin, ençeme wagtlap: «Asmanyň azon gatlagynda deşik döräpdir, gitdigiçe-de ulalýar, şol zerarly basym ýer ýüzi boýunça maýylganlyk emele geljek. Demirgazyk buzly okeanyň buz daglary eräp, gury ýerlere yňjak, dünýäni suw aljak, zamana ahyr boljak» diýip, halky halys «gypjyn-gypjyn» etdiňiz. Şol deşigiň sebäpkäri hökmünde bolsa, «frion», «dezodorant» ýaly himiýa senagaty önümçiliklerini, aýallaryň zynatçylyk serişdelerini görkezdiňiz. Şol zatlaryň haýal etmän önümçilikden aýrylmagyny talap etdiňiz.
Birdenem ürken at ýaly arkan serpildiňiz-de, hamala öňki sözleriňizi dini taglymatlara esaslanyp aýdan ýaly: «Dat-bidat! O diýdigimiz bu diýdigimiz däl, takyk ylma şular ýaly ýagdaýda maýylganlygyň däl-de, baky doňaklygyň boljakdygyndan habar berýär» diýşip, öňküňizdenem has batly ses bilen gygyryşmaga başladyňyz.
Ýöne, şol, soňky maglumatyňyzam ahyrzamana bilen baglanyşdyrmaklygy welin, ýadyňyzdan çykarmadyňyz.
Siz bir ürken bolsaňyz, halk şonda iki ürkdi.
Ikisinde-de ýüregi çakyldy.
Üçünji gezek ýüreginiň çakylmagyndan welin gorkýar.
Hut şonuň üçinem ol toba edenok.
Siziň diýýän deşigiňiz welin, şol ýerde ýogam ekeni. Aslynda beýle zat hiç haçan döremäýenem, bolmaýanam ekeni. Bolaýanda-da, tebigatyň özi ony ýüzüniň ugruna ýamap goýberiberýän ekeni.
Siz welin halkdan ötünjem soramadyňyz. Bagyşlaňam diýibilmediňiz.
Elbetde, başga-başga, has zerur proýektleriň taslamalary ara düşendir-dä, kem-kemden «baky doňaklyk» baradaky gürrüňleriňizem ýatyşyp galdy.
«Deşikli» meseläniň aňyrsynda bolsa, soň-soňlar, ynamdar çeşmelerden eşidilişine görä, ägirt uly gazanç, «biznes» ýatan ekeni.
Ýagny, siziň şolar ýaly her gezekki, ýerine ýetirýän «aşyr atdy» oýunlaryňyzdan soň, dünýä derejesindäki öndüriji baýlaryň bir-ä öňküsindenem has tüçjarlaşýan, beýleki biri bolsa has lütjek düşýän ekeni.
Elbetde, o zatlardan siziňem...
Ýeri bolýa-da, o gürrüňleri goýalyň-da, siziň soňky döwürleri oýlap tapan, emma iňňän gizlin saklanýan «klimat urşuňyz» barada hem bäş-üç agyz aýdyp geçeliň.
Şol emeliňizi ulanyp, siz bir ýurtda-ha barypýatan gurakçylyk döredip, başga bir ýurtda bolsa ygally, hasylly ýyl döredip, dünýäniň ähli ýurtlaryny şoňa elgarama edip bilýäňiz.
Dara-direlikde at tutuşyp oturmalyň welin, halk arasynda muňa takyk mysallaram ýok däl.
Ine, halk näme üçin size ynananok, toba edenok, hormatly alymlar!
Bu bolup duran hadysalaryňam kimdir biriniň bähbidini arap, siziň hut özüňiziň turzup ýören topalaňlaryňyz däldigini ol nireden, nädip bilsin. Näme üçin toba etsin?
Şol zatlardan dagy näme bähbit arap ýörendigiňizi bilemzok welin, siz soňky döwürlerde Darwiniň taglymatynam ret etdiňiz-de: Adam maýmyndan azmandyr-da, megerem başga planetalardan gelen, boýlary bäş metre barabar adam-hudaýlar tarapyndan, işçi güýji hökmünde, «biologiki robot» görnüşinde ýaslypdyr diýen täze bir pikiri öňe sürüp başladyňyz.
Şeýdip, siz-ä öz diliňiziň keýpini görýäňiz welin, halk kime ynanmaly?
Sizemi ýa Darwine?
Kimi öz nesilbaşysy saýmaly? Maýmynlarymy ýa bäş metrlik adam-hudaýlarymy?
Eýle bolsa onda ol Hudaýyň hut öz ýaradany, külli adamzadyň aňyrsy hasap edilýän Adam atany nätmeli?
Üç atalylykdan-a oýun bolmaz.
...Käbirleriňiz welin, beterinden-beterini tapýaňyz. Ýagny ― belki onuňam aňyrsynda özleriňiz üçin kemje-kerdem bolmadyk bir «şeýtelli» bähbitjagazlaryňyz bardyr-da ― adamzat ähliniň şu çaka çenli ykrar edip gelen ylmy düşünjesine, üstesine, gözüniňem görüp duran zadyna garşy gidip: «Ýer togalak däl, degirmen görnüşindäki, ýasy planeta...» diýen ýaly, bir bolgusyz gürrüň tapdyňyz.
Has geň ýeri ― onuň içem, ir zamanlar bolup geçen tebigy heläkçilikden gutulmak üçin jümmüşine siňip giden, hemmetaraplaýyn ösen, ata-babalarymyzdan dolumyşyn.
Ummanlaryň düýbem şolardan ýaňa «hyň» berýärmişin.
Ençeme wagt bäri hiç kime guýruk tutdurman, dünýä ylymlarynyň baryny çaşynyň gözüne sereden ýaly edip ýören sypjyk NLO-laram, ýa-ha şolaryň hut özlerimişin, ýa-da şolar bilen «saçakly» gatnaşyp ýören gaýry planetaly astronawtlarmyşyn.
Bar, şeýlemişem, häzirkizaman pikir azatlygy şol zatlara rugsat berýärmişinem diýeli, ýöne, birinjiden-ä näme üçin şol alymlar şo zatlary öň äşgär etmändirler-de, edil heýhatly mesele meýdana gelenden soň aýdyp ugrapdyrlar. Ýa şol zatlaryňam heýhata degişli ýeri barmyka? Bar bolsa ol nämekä? Näme üçin olar şol zatlary siziň geçirýän mejlisleriňizde gün tertibine getirmedilerkä?
Ikinjidenem, şolar ýaly ösen siwilizasiýalary bolan ýakyn garyndaşlarynyň aýaklarynyň aşagynda «müňedekleşip» ýörendiklerini bilip durkalar, «şol ýerde-de ýaşaýyş bar bolaýmasyn» diýşip, uç-gyraksyz asmanyň içinde asuda gezip ýören Aýyň, Marsyň etegine el urjak bolşup, elewreşip ýörmeleri nämekä?
Ýa-da şu günki hadysalaryň netijesinden gorkup, käbir ketde baýlaryň hojalyk başyna bir ýerasty gaçybatalga ― bunker gurduryp, içinem ýüzýyllyk tetärikden dolduryp ýörüşleri, birdenkä heýhat gopaýsa dagy, özli-özleri bolup göterilibererleri ýaly, şol ýerlerden gaçybatalga gözläp ýörüşlerimikä?..
Ine, şolaryň şonsuna welin halk hiç düşünip bilenok.
Şol düşnüksizligem, olaryň size bolan ynamlaryny azaldýar.
Büý-ä bir!..
Ikinjidenem, ýokardan sykajaga salyberseler senagatçylaram, ýarag öndürijilerem, şol zatlary buýrujy harbylaram önümçiliklerin-ä günübirin bes ederler welin, ýöne toba-ha barybir etmezler. Etselerem diňe ruhy-ahlak terbiýesi taýdan ederler. Çünki, o zatlary oýlanam, dünýä inderenem olar däl. Zawoddyr ― fabrikleri guranam olaryň özleri däl.
Ýüzlenmäňizde özüňizem ýanjap-ýanjap ýazyşyňyz ýaly, arş gämileri bilen uçup baryp, asmanyň arassa göwsüni «parran» dilýänlerem, Biribaryň mülküne aralaşýanlaram, ony basgylaşyp ýörenlerem olar däl. Uçursyz köp uçurylýan şol gämileriň sandan çykyp, zaýalanyp, zibile öwrülmeklerinden ýaňa älem-jahanyň syrtlanyň sürenine öwrülmegine-de olar günäkär däl.
Siz öz ýüzlenmäňiziň bir ýerinde, düýn-öňňünem behişdi hasaplanyp ýörlen bakja we gök önümleriň bol hasyl almak üçin, berilýän dermanlyk dökünlerden ýaňa, soňky kyrk-elli ýylyň içinde ýeke bir tagamlarynyň däl, eýsem, tüýsleriniňem üýtgändigini, «mutantlaşandyklaryny» ýüregiňizden syzdyryp ýazypsyňyz. Ene topraga şonça kast edendikleri üçin oba hojalykçylary nebsi şeýtanylykda, hannaslykda aýyplapsyňyz.
Şol iýmitleri iýmeklerini dowam etdiriberseler, basym adamlaryň özleriniňem «mutantlaşjakdyklaryny» ýaňzydypsyňyz. «Ýene-de sähelçe wagtdan soň kimdir biriniň aýaly guýrukly gyz ýa toýnakly ogul dogursa geňem galmaň, Hudaýdanam görmäň» diýipsiňiz.
Janyýangynlylyk bilen aýdan sözleriňiz dogry. Aladaňyz ýerlikli. Ýöne, ekinlerem, ene topragam şol güne salan «pestisitlerdir-gerbisitleri», we gaýry dermanlyk dökünleri oýlap tapanam daýhanyň özi däl.
Zir-zibiller dogrusynda gozgan meseläňizem hele-müçek zat däl. Häzir ol hakykatdan-da, ýer ýüzi boýunça iň uly hyllalla öwrüldi.
Hudaýyň ýaradan owadan we tämiz dünýäsiniň hem görküni, hem terligini bozup duran şol emeli nejasatlardan ýaňa ýeke bir ýeriň ýüzi däl, eýsem ummanlaryň içem leýs bolup ýatyr.
Görnüşleri örän «baý» bolan şol zir-zibilleriň içinde iň howplusam siziň örän jaýdar belleýşiňiz ýaly, «plastmassalardan» ýasalan dürli ululykdaky suw gaplary, hojalykda ulanylýan gap-çanaklar, ruçkalar, äýnekler, gurjaklar we şuňa meňzeş barça plastiki önümlerdir.
Diýşiňiz ýaly o zatlar hatda bäş ýüz ýyldan soňam doly görnüşde çüýräp gitmeýärler we özünden zäher bölüp çykarmak arkaly birsyhly howany zaýalap durýarlar.
Munuň, tebigatyň garşysyna edilýän kastdygyna şek ýok.
Gury ýerde bolsun, gäminiň ýa gaýygyň üstünde bolsun, syýahatda dynç alyşda bolsun, eliniň tersi bilen çem gelen ýere zyňyp ýörendigi üçin elbetde, halk günäkär, edil şonuň üçin oňa toba edäýende-de gelişmän durmaz, ýöne, ýene-de ýaňky sorag ýüze çykýar: Şol zatlary oýlap tapan, önümçilige goýberen kim?
Heýhatyň gös-göni sebäpkärleri hökmünde görkezilýän şol zatlaryň aňyrsynda kim-kimleriň durandygyna bilip duran halkam bir hiý, toba edermi?
Eder, ýöne, öňürti özüňiz edeniňizden soň eder.
...Owalebetde Biribar adamzady özüne kybapdaş ýaradypdyr diýen düşünje bar. Şeýle hem Ol özüniň Ýaradyjydygyna görä, adama döredijilik ukybyny beripdir. Okasyn, öwrensin, döretsin, össün diýipdir. Synaga salypdyr.
Başda siz hut şeýle hem etdiňiz.
Oba hojalyk işgärleriniň gol zähmetlerini, öý hojalykçy aýal-gyzlaryň el zähmetini we başga-da birnäçe durmuş hysyrdylaryny ýeňilleşdirmek üçin köp zat etdiňiz.
Ýöne, Hudaýyň çekip beren çäginde saklanyp bilmediňiz. Hetden aşdyňyz. Tilsimaýy taýdan özüňizi kämil duýanyňyzdan soň, Hudaýyň üstüne sürnüp başladyňyz. Derejesine dalaş etdiňiz. Gaharyny getirdiňiz. Heýhata gol buladyňyz.
Şeýdibem şu güne düşdüňiz.
Medisina babatda hem siziň Hudaý halarlyk eden işleriňiz kän. Ir döwürler tutuş ýer ýüzüni gyrgynçylyga salýan, millionlarça adamyň ölmüne sebäp bolýan garahassaçylyk, mergi ýaly elhenç epidemiýalary, garamygy, gyzamygy, keljurunlygy, trahomany ýok etdiňiz. Adamzadyň ömrüni orta asyrlarda kyrk-elli bolanlygyndan ― segsen-togsan ýaşa çenli uzaltdyňyz.
Ýöne, kelläňiziň gyzgynyna gidip barşyňyza «surrogat», diýdiňiz, «klonlama» diýdiňiz, bu ugurda hem Hudaý bilen erjeşmäge başladyňyz. Siz hatda urkaçy maýmyn bilen erkek adamy, ol netije bermäninden soň erkek maýmyn bilen aýal adamy çakyşdyrmaklyga çenli baryp ýetdiňiz.
Siz näme, öz döreden mahluklaryňyz Hudaýyň ýaradan bendelerinden akylly bolar öýtdüňizmi?
Ýa şeýtan hakykatdan-da Hudaýy ornundan kowup, ýerinde «joňkaryp» oturandyr, ýurt eýesiz galaýandyr öýtdüňizmi?
Diýmek, heýhatyň ýetip gelýändigi üçin, biri toba etmeli bolsa, öňi bilen siz etmeli!..
...Adamzadyň, hususanda şu günki ýaş nesliň ruhy-ahlak terbiýesiniň geçmişdäkilere görä kän çüprändigi dogrusynda hem örän rast zatlary ýazypsyňyz.
Bir wagtlarky söýgülilerine: «Ölsem seniňki, ölmesem ýeriňki» diýip, şol diýenlerinde-de durup bilýän inçe billi, sagdyn sagryly, ýuka dodak, ter mämeli gyzlara, uruşda wepat bolan äriniň ojagyny saklap oturybilýän wepaly gelinleriň ornuny atasy öýünde binika çaga dogrup, namys etmäge derek ata-enesiniň ýüzüne: «Meniň bilen işiňiz bolmasyn, kim bilen ýatyp, kim bilen turmalydygymy özüm gowy bilýän...» diýmäni hiç zatça görmeýän gyzlar, bar aladalary «gözellik salonyna baryp dodaklaryny galňaýtmak, göwüslerini gabartmak, syrtlaryny gümmezekletmek bolan gelinler eýeländiklerini örän ökdelik bilen beýan edipsiňiz.
Nikasyz ýaşaşmak, binika çaga dogurmak, köp ärlilik, pula ten satmaklyk, biwepalyk, dönüklik, uýatsyzlyk ýaly adamzadyň düýp terbiýesine ters gelýän zynaýy işler dagy adaty bir zada öwrülendigini hem tüýs ýürekden gynanyp, beýan edipsiňiz.
Hut şol zatlar zerarlam heýhat ýerinden gozganandygyny aýdyp, köpçüligi toba çagyrypsyňyz.
Ruhy-ahlak terbiýäniň şol derejä çenli çüprändigi zerarly, adamlaryň hapalanan energiýalarynyň çüýrän beýnilerinden saçlarynyň içi bilen syzyp çykyp, otrisatel energiýa öwrülendigi, zir-zibillerden, zäherli tüsselerden göterilýän, özündenem has mojuk başga bir energiýa bilen garyşyp, arassa hem tämiz asmana aralaşýandygy, älem-jahanyň ýüregini bulaýandygy, beýnisini bulaşdyrýandygy, öýkenini zaýalap, dem almasyny kynlaşdyrýandygy, asgyrtýandygy, üsgürtýändigi, sazlaşygyny bozup, ony agyr hassanyň halyna salýandygy, hut şol ýagdaýyň hem hemişe heýhata sebäp bolup gelendigi baradaky düşündirişleriňizem örän düşnükli beýan edilipdir.
...Ýöne, şol zatlar, ýagny, ruhy-ahlak terbiýäniň pese gaçandygy üçin özüňiziň günäkärdigiňizi welin, hatda ýaňzytmansyňyzam.
...Şu meselede siziň araňyzda kino senagatyny, telewideniýäni, soňky sanlyja ýyllaryň içinde möwç alan internet tilsimatyny mysal getirmek bolar. Edrenji hem wejeralykly filmleriň, telewideniýedäki käbir näsypaýy gepleşikleriň, internetdäki baş-başdaklyklaryň bu babatdaky oýnan hem-de oýnap ýören rollary bu gün gizlin zat däl.
Ýöne, şu meselede ol tehniki tilsimatlary oýlap tapyjylaryň däl-de, ony ulanyjylaryň, ýagny, käbir döredijilik işgärleriniň günäleriniň has artyk bolaýmagam ahmal.
...Sözümiziň soňunda bolsa, siziň hemmäňizi bir aýakdan sürmeýändigimizi, asla takyk kimdir birini göz öňüne tutmaýandygymyzy hem hakykatyň hatyrasyna aýdasymyz gelýär.
Biziň: «Siz alymlar...» diýip ýüzlenýän, dünýäni endireden adamlarymyzyň aglabasy siziň araňyzda ýokduram. Asla aýatda diri hem däldirler. Şeýle-de bolsa, siz häzir şolaryň ornunda oturan adamlar. Şolaryň ylmy mirasdüşerleri. Işlerini dowam etdirijiler.
Başda ýasalan bombalary zyňjak ýerine samolýotly äkidip, üstüne zyňmaly bolan bolsa, soň oňa ganat bitirdiler-de, oturan ýerlerinden düwmejikler arkaly atyp oturmaly etdiler.
Daş gulakdan eşidişimize görä, siz indi şolaryň sesdenem çalt uçýan hilini oýlap tapypsyňyz.
Mundan bu ýana ondanam has mojugyragyny oýlap tapjakdygyňyza bolsa söz ýok.
Şonuň üçinem, «Çopan we Ezraýyl» baradaky rowaýatyňyzy ýene bir gezek ýada salyň-da, biziň bilen ylalaşaýyň...
Siz şeýtseňiz halkam şeýder...”
Bu hat öňem öz eden işlerinden göwni içmän ýören halasgärleri hasam aljyraňňylyga saldy... Şonuň üçinem hatyň mazmunyny indiki mejlisde maslahatlaşmagy karar etdiler.

9.

...HET-iň Düzgünnamasyna laýyklykda, şondan soňky maslahat Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçirilmelidi.
Şeýle hem edildi.
Bellenen güni, bellenen sagatda halasgärleriň hemmesi bir adam ýaly bolup, şäheriň iň beýik, daşy doýgun, goňrumtyl-gyzyl binasynyň kaşaň zalyna ýygnanyşdylar.
Olara HET-iň ýerli, gaýybana agzalary hem gelip goşuldylar.
Gün tertibinde duran mesele şu: «Tobany nirede, nädip we haçan etmeli?»
Stiwen ýaňy bir gün tertibini yglan edip, oňa-muňa söz bermäge başladam welin, gyzyl binanyň çat maňlaýyndaky gür gara baglygyň çür depesinde henize çenli görlüp-eşidilmedik, dürli görnüşdäki, biri-birlerinden owadan, dürli dillerde saýraşýan guşlaryň uly bir sürüsi peýda boldy.
Olar tüweleý deý bir duran ýerlerinde aýlana-aýlana uzyn bir sütüne öwrüldiler-de, birdenem «şaglap» aşak indiler.
Gelişleri ýalam çym-pytrak boldular-da, hersi baryp, agyr heňňamlary gören, her biri on gujaga-da ýa sygar, ýa sygmaz, gabyklary garrygyz gawunynyň paçagy ýaly gasyn-gasyn bolup duran gojaman agaçlaryň pälwan ýigidiň eginleri deý terezilenip duran dal pudaklaryna ýeke-ýekeden, emaý bilenjik gondular.
Dessine-de, olaryň daşyny ýukajyk, çal duman gaplap aldy-da, içinden üsgürinjiräp, ardynjyrap, hamala ýatymlyk oduna gidip gelen ýaly üsti-başyny kakynjyrap, garaýagyz, daýaw, hindileriň milli geýmindäki, goçuň şahy kimin towlanjyrap duran murtlarynyň uçlaryny ýeňsesinde çatybermeli bir sebzepoş kişi çykdy we baglaryň daşyna aýlanan gyzyl «çar bagyň» açyk duran, haşamly ýaşyl derwezesinden geçip, göni mejlisler zalyna tarap ýöneldi.
Hersi girelgäniň bir tarapynda dim-dik duran, elleri uzyn tüpeňli, özündenem has garaýagyz, ýaş esgerleriň çat maňlaýlarynda durup salam berdi.
Esgerler duran ýerlerinde «tarp-tarp» etdirip aýaklaryny ýere urdular. Gollaryny öňe uzadyp howada galgatdylar. Mahlasy, harbylarça «aleýik» aldylar.
Sebzepoş olara özüniň HET agzalary bilen görüşmelidigini aýtdy.
Maslahatyň açyk gapylar syýasaty esasynda geçýändigine görä, esgerler ony saklajagam bolmadylar. «Geçiberiň» diýen manyda tumşuklary bilen «üm» etdiler-de, öňki duruşlary ýaly duruberdiler.
Del myhmana gözleri düşenden, topar agzalarynyň barysy birden ördüler.
Agyr göwresini ýaýkyldadyp, aýy ýaly abşanaklap gelýän Stiwen sebzeroşy sahnanyň ortarasynda garşy aldy we onuň bilen gadyrly görüşdi. Özüniň kimdigini aýtdy. Maslahata gatnaşmaga gelendigi üçin, myhmana minnetdarlyk bildirdi. Topar agzalaryny özi bilen tanyşdyrmagyny haýyş etdi. Oturmaga ýer görkezdi.
Egerde, zalda oturanlaryň arasynda türkmen şahyry Ömruzak Çardaglyny tanaýany bar bolsady, onda, sähelçejik reňk tapawudy bar diýäýmeseň, onuň şol sebzepoş kişä şeýle meňzeş ekendigine haýran galardy.
...Sebzepoş welin oturmaga meýlem etmedi. Örän alysdan gelendigini, özüniňem juda gyssagdygyny aýtdy, kimdigini soramazlyklaryny haýyş etdi. Söz sorady.
Stiwen onuň golundan tutup münbere eltdi. Üstünde duran ululy-kiçili mikrofonlary ýekän-ýekän elläp çykdy. Ahyram olaryň has berdaşlyrak birini süýndürip, myhmanyň agzyna golaýlatdy.
― Baş üstüne!..
― Edip ýören ähli işleriňizdenem, geçiren derňewleriňizdenem, çykaran netijeleriňizdenem habarymyz bar. Tobaly mesele babatda uçran şowsuzlyklaryňyzam bilýäs... ― diýip, sebzepoş gadymy sanskrit gatyşykly hindi dilinde gürläp başlady. ― ...Ýöne, soň, eýesi näbelli hatyň täsiri bilen siz dogry ýola düşdüňiz. Toba ― hakyky, çyn söýginiň çeşmesidir. Söýgi adamzadyň kalbyny ýagtyldýan nurdyr. Onsuz kalp garaňky gördür. Çyn söýgi...
― Bagyşlaň welin, hormatly myhman, syrtpuruşlaram özleriniňkini çyn söýgi, edähetleriniň kanunylaşdyrylmazlygyny bolsa, çyn söýginiň basgylandygy, kanuny hukuklarynyň depelendigi hasap edýärler. Ýalamaçyl zenanlaram şonuň ýaly...
Sebzepoş ses çykan tarapa nazaram aýlamady-da:
― Men ylahy söýgi barada aýdýan... ― diýip, sözüni dowam etdiriberdi. ― Oňa bolsa, diňe ak ýürekden edilen toba arkaly ýetip bolýandyr... ― Sebzepoş agramyny bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atmak üçin göwresine çalarak leňňer berdem welin, halasgärleriň göwnüne bolmasa, tutuş bina yranjyrap giden ýaly boldy. Munuň hakykatdan-da şeýle bolandygyny subut etmekçi bolýan ýaly, şol dem binanyň petiginden asylgy äpet lýustranyň nepis şelpejikleri akar çeşmäniň durnagöz, arassa suwy deý bir enaýyja «şildireşdiler». ― Myhman gollaryny howada galgadyp, dabaraly seslendi. ― ...Uly tutum başlandy. Siziň ýüzüňizi toba tarap öwrendigiňiz eýýäm arşy-aglaýa ýetişdi. Jümle-jahana jan girip ugrady. Mähnet göwre herekete geldi. Siz indi wagt ýitirmäň-de, derhal Dalaý ― Lamanyň ýanyna gidiň. Özüňizem ulagsyz pyýada gidiň. Ýoluň jebrini çekip baryň. Şu günki maslahatyňyzyň gün tertibinde duran meseläňiziň çözgüdinem şol ýerde bilersiňiz. ― Myhman usullyk bilen münberden düşdi. ― Indi bolsa men gideýin, gadyrdanlar. Çünki, men ýeke däl. Barmaly ýerlerimiz bolsa kän. Edilmeli işler ondanam köp. Iň soňky aýtjak sözüm: ak ýürekden etjek tobalaryňyz Hak dergähinde kabul bolup, owalebetde özüňize berlen, emma, orta ýolda bir ýerlerde şeýtana ogurladan ylahy söýgüňize ýa, Rebbin, eýe bolgaý siz!..
Hoşlaşýandygynyň alamaty hökmünde sebzepoş sag goluny ilk-ä zala, soňam prezidiuma tarap bulaýlady.
Bu gezek zal bilen bilelikde prezidiumda oturanlaram «ala şakyrdy» bolşup, ýerlerinden turdular. Tä zaldan çykýança, myhmanlaryny üznüksiz el çarpyşmalar astynda ugratdylar.
...Şol dem hemmeleriň kalbynda myhmana bolan üýtgeşik mähir, doganlyk duýgulary döredi. Dünýäleri giňäp, ýürekleri aram tapan ýaly, nijem bir wagt bäri gerdenlerinden basyp duran agyr ýük aýrylan ýaly boldy.
Şähdiniň gelendäkisine görä has açylyşandygyndan çen tutsaň, şol duýgynyň myhmanda-da dörändigini çak etmek mümkin.
Myhman bilen egin deňläp daş çykan Stiwende şol duýgy has güýçliräk dörän bolsa gerek, ömründe bir gezegem erkek adam bilen gujaklaşyp görmedik halyna, ol daş çykyşy ýaly sebzepoşy garsa gujaklady.
O-da şeýtdi.
Asman mähri bilen Zemin mähri tapyşdy. Alaja deý alyşdy. Garyşdy.
Bu süýjülikli pursatyň näçe wagta çekendigini aýtmak kyn.
Stiweniň gysby goltugyndan sogrulyp çykan sebzepoşyň gara ýaşyl derwezeden ätleýşi ýaly, gür gara baglyk ýene-de çal dumana duwlandy.
Oňa siňip giden sebzepoşyň garamtyl-çal sudury Stiweniň gözünden ýitip-ýitmänkä-de, hälki gonan guşlar «güsürdeşip» galdylar-da, dik asmana göterildiler. Şol ýerde sozulyp-büzülip ýörüşlerine özlerini bir pursatlyk myhman alan «çar bagyň» içinde heýhat bilen baglanyşykly, umumadamzat meselesi çözlüp duran gyzyl ymaratyň daşyndan bir mertebe öwrüm etdilerde, asmanyň aftap burçuna sary yňdaryldylar ötägitdiler.
...Alasarmyk halda, abşanaklap gelen Stiwen sahnanyň ortarasyna bardy-da, endigine görä abşarylybraga-da durdy. Biri-birleri bilen bir zatlar barada jedelleşip, henizem söm-saýak bolşup duran halasgärlere garap: bir elinem galdyrdy-da:
― Başlandy-y!.. ― diýip, diýseň pessaý, ýöne, iňňän guwançly gygyrdy.
Agyr göwresine hernäçe kyn düşse-de, dowamly el çarpyşmalar ony şol bir duran ýerinde sarsman, ýene-de esli wagt durmaga mejbur etdi.

Dowamy bar >>
Категория: Romanlar | Просмотров: 65 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Juma aga, heýhatly waka bilen şu güni suratlandyrýan bolsa-da, geljegiň senarýasyny ýazyp oturan ýaly duýulýar.
Gozgan meselelerem örän jaýdar, ýerlikli. Aglaba böleginiň, şu günüň özünde çözülmeklige mätäçlik çekýän meseleler.
Eseriň dilem, pikir ýöredilşem, umumy mazmunam ajaýyp bolupdyr. Tüweleme, ýazyjynyň ellerine saglyk...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]