19:48
K.Gossiniñ ömri we döredijiligi
K.GOSSINIŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI

K.Gossi (Gozzi), Karlo 13.12.1720-04.04.1806-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Ol, Wenesiýada dogulýar we şol ýerde aradan çykýar. K.Gossi italýan dramaturgy. Ol, öňden geýän aristokratik, soňra bolsa, garyp düşen, ýöne graflar (ýokary) gatlagyna degişli maşgalada eneden bolýar.
Ol 20 ýaşyna ýetende harby (Damasida) gullyga gidýär. 1747-nji ýylda gullukdan Wenesiýa dolanyp gelýär. Karlo Gossi ýaşlygyndan poýeziýa, teatr bilen gyzyklanypdyr. Ýaşlygyndan halk poýeziýasyny, halk ertekilerini, "del arte” komediýalaryna uly söýgi bildiripdir. Hat-da ol, "del arte” komediýalaryny "Italiýanyň şöhraty” hasaplapdyr.
Karlo Gossi öz pikirdeşleri bilen 1747-nji ýylda degişmeler akademiýasyny "Granelleskhi” (bu söz granello sözünden bolup, göçme manyda biderek, dereksiz-"çepuha” manynam aňladýar. Terjimede "däneler” diýen manynam berýär döretmägede gatnaşýar. Olar şeýle akademiýany döretmek bilen asly italiýaly bolup, Fransiýada ýaşaýan ýazyjylaryň Italiýa babatda alyp barýan magaryfçylyk işlerine garşy göreş yglan edýärler. Degişmeler akademiýasynyň göreşi esasan dramaturglar K.Goldoniniň, P.Kýariniň garşysyna bolupdyr. Şol göreşiň öňbaşçysy bolsa Karlo Gossi hasaplanypdyr.
Karlo Gossi Goldoniniň, Kýariniň poeziýalarynda, kimdir birininiň garşysyna ýazylan ajy gülküli (pamflet) eserlerinde gereginden artykmaç gödekligiň, tebigy bolmadyk joşgunlylygyň, halkyň ganyna siňip giden nikaply, toslamalaryň (improwizasiýa) ýoguna ýanjak bolmalarynyň garşysyna çykyş edipdir. Şol bir wagtyň özünde ol Goldoniniň zehinine hormat goýmak bilen onuň pýesalarynda lenç edilen (şablonlaryň) garaýyşlaryň köplügini, pýesadaky personažlaryň häsiýetlerini doly açmakdan bärden gaýydýandygyny belleýär. Ol Goldoniniň komediýalarynda dworýanlaryň ynamdan gaçmalarynyň görkezilmeginiň deregine olaryň şöhratlandyrylmagyna, şeýle hem onuň pýesalaryndaky artykmaç gödekliklere garşy bolupdyr. Goldoniniň "del arte” komediýalaryna, ertekiler dünýäsine degişli bolan pikiriniň nädogrydygyny hem belläp geçipdir.
Karlo Gossi teatr üçin ertekilere degişli bolan fýab (fýab-ertekiler dünýäsini) žanryny döredýär. Ol bu žanry döretmek bilen dramaturglar Goldoniniň we Kýariň garşysyna çykyş edipdir. Karlo Gossi şeýle žanry döretmek bilen çagalaryň hyýaly (fantaziýasyny) arzuwlaryny ösdürmekligi öňe sürüpdir. Bu ugurdan 1761-nji ýylda ilkinji "fýabasyny”- "Üç apelsine (pyrtykala) bolan söýgisini” ýazýar. Ol pýesa "San-Samuele” teatrynda ýörite çagalar üçin sahna çykarylypdyr. Soňra ol bu pýesanyň ssenarisiniň üstünde işlemek bilen oňa çagalar üçin has-da düşnükli bolar ýaly düşündirişli goşgujyklaram ýerleşdiripdir. Ertekiniň sýužetini ol, XVII asyryň ýazyjysy Ž.Baziliň "Pentomeron”ertekisinden alypdyr. Ertekiden emele gelen çagalar spektakly gönüden-göni Goldoni we Kýari üçin edebi ýaňsylama (parodiýa) bolup hyzmat edipdir. Bu ýagdaý "San-Samuel” teatrynda reforma geçirmeklige alyp gelipdir. Teatrda Goldoniniň we Kýariň pýesalaryna gelmekden tomaşaçylar ýüz öwrüp başlaýarlar. Oňa derek Karlo Gossiniň ertekiler dünýäsine (fýabyna) gelýän tomaşaçynyň sany artyp ugrapdyr.
Ilkinji "fýabydan” soň, 1761-1765-nji ýyllar aralygynda ýurdyň dokuz teatrynda ertekiler dünýäsine degişli spektakllar görkezilip başlanýar. 1761-nji ýylda Karlo Gossiniň "Garga” ertekisi sahna çykarylýar. Garganyň üsti bilen adam häsiýetlerini ýüze çykarmaklyk italýan dramaturgiýasynda görlüp-eşdilmedik belentlige galýar. Bu spektaklda nikaply ýüzleriň köpüsi açylýar. Şeýle hem sahnada toslama ýugrulan herketlerem belli bir derejede azaldylýar. 1762-nji ýylda Karlo Gossiniň "Şa-sugun” tragikomediýasy (ertekisi) sahnada goýulýar. Bu tragikomediýada maşgaladaky arassa söýgi wasp edilýär. Öz ýan ýoldaşyna wepaly bolan zenan Anžella ähtiýalan adamsy ministr Tartalýanyň garşysyna goýulýar.Bu ýerde adamsynyň komediýa ýugrulan nikabynyň aýrylyp, wakanyň tragediýa öwrülýändigi görkezilýär. Karlo Gossi 1762-nji ýylda "Turandot” fýabasyny ýazýar. Ol bu eserinde hyýaly häsiýetlerden gaça durup, bu ertekiler dünýäsine hakyky häsiýetleri ýerleşdirýär. Bu pýesada-da nikaply çykyşlar azaldylyp, komiki ýagdaýdaky esasy çykyşlarda, esasy hereketlerde ulanylypdyr. Karlo Gossi "Turandoty” Lasežanyň "Hytaý şazadasynyň gelni” (1729) operasyndan täsirlenip döredipdir. Ol bu eserinde diňe bir Lasežanyň operasyndan peýdalanman eýsem, Nyzamynyň poeziýasyndan peýdalanandygam aýdylýar. Pýesanyň esasy maksady öý hojalykçy aýalyň, zenanyň hakyna tutma gul däldigini aýtmak bilen olaryň şeýle deňsizlikden boşamalydygy meselesini öňe sürýär. Pýesadaky Turandotyň keşbi Şilleri haýran galdyrypdyr. Ol Karlo Gossiň ertekisin-däki Turandotyň keşbini özüçe işläp, Weýmariň teatry üçin taýýarlaýar.
"Turandot” Karlo Gossa uly şöhrat getirýär. Şol döwürde ol ähli garşydaşlaryny sahna göreşinde ýeňlişe sezewar edip, ýeňiji hökmünde ýokary galypdyr.
Karlo Gossiň "Sant-Anželo” teatrynda "Ýylan-Aýal” (1762) pýesasy goýulýar. Bu pýesasynda ol özüniň "Garga”, "Şa-sugun” pýesalarynda ulanan ugruny gaýtalamak bilen tolgundyryjy fýaby-ertekiler dünýäsini döredipdir. 1763-nji ýylda ýazan "Zübeýda” (erteki-tragediýasy) pýesasynda sahnada örän owadan bezegli (feeri) tragediýa görnüşli eser döretmegi maksat edinipdir. Onuň bu pýesasynda hyýaly zatlara, hyýaly pikirlere artykmaç ünsi çekmegi pýesanyň gahrymanlaryny durmuşy hakykatdan daşlaşdyranlygy üçin jüpüne düşmän, tomaşaçy tarapyndan gowşak garşylanypdyr.
Karlo Gossiň "Bagtly gedaýlar” (1764) pýesasy onuň "Turandot” pýesasyna golaý bolandygyna garamazdan hyýaly öňe sürmeleriň gowşaklygy sebäpli üstünlikden peýdalanmandyr. Onuň "Gök elhençlikler” (1764) erteki pýesasy şazada we onuň gelniniň arasyndaky tolgundyryjy söýgüniň agyr, dartgynly taryhy suratlandyrylýar. Karlo Gossi döreden bu eserini ussatlarça beýan edenem bolsa, özi ondan hiç hili kanagat almandyr. Yzly-yzyna jüpüne düşmedik ertekiler dünýäsine degişli fýabe žanryndan el çekmeli diýen karara gelen Karlo Gossi başga žanrda işlemekligi ýüregine düwüpdir. Ol şeýle etmekligi ýüregine düwenem bolsa, "Gök guş” pýesasynda fýaba žanryndan daşlaşman, ýaňsylamadyr, satira ýugrulan ýiti häsiýetli durmuşy wakalary açyp görkezmek bilen Wenesiýada bolup geçýän jemgyýetçilik-filosofiki wakalary tomaşaça ýetirýär. Ol bu pýesasynda Italiýan aristokratiýasynyň konserwatiw garaýyşlaryny we Fransuz ensiklopediýaçylarynyň garşysyna ajy, gülkili (pamflet) ýagdaýyň üsti bilen beýan edipdir.
Karlo Gossi "Dzeim jynlaryň şasy, ýa-da Ynamly gul” (1765) pýesasy "Gök guş” ertekisine golaý bolmak bilen ýurtdaky dowam edýän syýasy ýagdaýy, konserwatiw garaýyşlary ýaňsylaýar. Pýesanyň düýp mazmuny adamlaryň bagtsyzlygynyň nireden gelip çykýandygyny, olaryň şeýle ýagdaýa düşmeginiň sebäbini düşündirjek bolupdyr. Ol bu zatlary öz göz ýetiriş, duýuş jähtinden tomaşaça ýetirmekligi öňe sürüpdir. Karlo Gossi "Dzeim jynlaryň şasy, ýa-da Ynamly gul” fýabasyndan (ertekisinden) soň, ol teatr üçin erteki ýazmasyny bes edipdir. Sebäbi tomaşaçylaryň ertekä bolan islegleri azalyp-dyr. Karlo Gossiniň erteki žanry tomaşaçy tarapyndan ilki başda nähili gowy garşylananam bolsa, onuň örüsi Wenesiýadan daşyna çykmakdan bärden gaýdypdyr. Onuň deregine Goldoniniň komediýalaryna bolan isleg Italiýada has artypdyr.
Karlo Gossi fýaby žanrynda pesa ýazmagyny bes edenden soň, kyssadaky (proza) ýazylan tragikomediýa döretmeklige baş goşýar.Onuň bu görnüşde ýazýan pýesalary "Ýapynjaly we gylyçly” ispan komediýalaryna golaý bolupdyr. Karlo Gossiniň şeýle dramalary Italiýada "Ikinji usul” (wtoroý manery) pýesalary atlandyrylyp başlanýar. Onuň şeýle usulda ýazan ilkinji pýesasy "Ýaş ýigit dostmy, ýa-da Dabara dostlygymy” (Kawaler-drug, ili Toržestwo družby-1762) sahna eseri bolupdyr. Onuň şol žanrda ýazan "Çimeno-Gaplaň” (1786) iň soňky pýesasy hasaplanýar. Bu pýesa ýazylandan birnäçe ýyl soň sahna çykarylypdyr. Umuman onuň şu žanrdan ýazan pýesalarynyň sany 23-e ýetipdir. Onuň "Hakykatdan söýýän zenany” (1771), "Filosof-şazada gelni” (1772), "Söýgi melhemi" (1777) atly pýesalary uly şöhratdan peýdalanypdyr. Karlo Gossi özüniň "Ikinji usul” atlandyrýan pýesalaryny esasan aktýor A.Sakkiniň ýolbaşçylyk edýän truppasy üçin we aktrisa T.Riççi üçin niýetläp ýazypdyr.
Öz döredijiliginden göwni suw içmedik Karlo Gossi ömrüniň soňky 20-ýylyny näbelli ýerlerde geçirmek bilen ähli zatdan daşda bolup, ol barada gördüm-bildim habary Italiýada eşidilmändir. Muňa garamazdan Wenesiýan respublikasynyň ýeňilmegini (dargamagyny) örän agyr görüpdir. Hat-da Fransiýada bolup geçýän rewolýusiýanyň näme-nämediginede düşünmändir. Şu zatlara garamazdan onuň iň soňky ýazan edebi eseri hasaplanýan "Haýyrsyz memuarynda” (1797) XVIII asyr Italiýadaky teatr durmuşy dogrusynda gyzykly we kabul ederlik maglumatlaryň bardygyny Karlo Gossini öwrenijiler kesgitläpdirler.
Karlo Gossi öz ýaşan döwründe köp gapma-garşylykly dramaturg hasaplanypdyr. Ol magaryflaşma eýýamynyň oýlaptapyjylykly magaryflaşma düýbünden garşy bolupdyr. Hyýaly (fantastikany) pýesalary bolsa, durky bilen goldapdyr. Halk poýeziýasyna ýykgyn edipdir. Bu ýagdaý köp sanly magaryfçylar tarapyndan goldanylmandyr. Karlo Gossi konserwatiw garaýyşlarda saklanmak bilen buržuaz dünýäsini ýirgenipdir. Hususy eýeçiligi, söwda gatnaşyklaryny öz pýesalarynda oňa garşy goýupdyr. Ol öz pýesalarynda adamçylyga mahsus bolan dostlugy, söýgüni, wepalylygy, gaýratlylygy, durgunlylygy öňe sürüpdir. Karlo Gossi hudožnik, dramaturg hökmünde Arzuwçyllyk (romantizm) eýýamyna ýol açypdyr, oňa tarap ýol salypdyr. Onuň Arzuwçyllyk eýýamyna çekýän ýoluny nemes dramaturglary A.W.Şlegel, L.Tik, E.A.Gofman, fransuz dramaturglary Ž.de Stal, Ş.Nodýe, F.Şal, P.N.Mýusse gyzgyn garşylap-dyrlar. XIX asyr Rus dramaturglaram onuň döredijiligi bilen gyzyklanypdyrlar. Rus dramaturgy A.H.Ostrowskiý Karlo Gossiniň dramaturgiýasy bilen gyzyklanyp, onuň "Hakykatdan söýýän zenanyny” özi terjime edipdir. 1885-nji ýylda onuň ertekileriniň üstünde işläp, olary rus ertekilerine golaýlatmagy A.D.Mysowskaýa maslahat beripdir. Karlo Gossiniň dramaturgiýasy režissýor W.E.Meýerholdy özüne çekipdir. Ol, 1914-1916-njy ýyllarda teatr žurnalynyň üsti bilen onuň pýesalarynyň tarypyny geregiçe ýetiripdir. Karlo Gossiniň ilkinji fýabesi bolan "Üç apelsine (pyrtykala) bolan söýgüsiniň” sýužeti esasynda opera döretmegi S.S.Prokofýewe maslahat beripdir. Režissýor E.B.Wahtangow tarapyndan "Turandot” (1922) fýabasynyň (ertekisiniň) sahna çykarylmagy uly üstünlik getiripdir. S.O.Obrazsowanyň ýolbaşçylygynda "Şa-Sugun” (1943) ertekisiniň Merkezi gurjak teatrynda sahna çykarylmagy teatryň repertuarynda iň oňat ýerleriň birini eýelemek bilen çagalara hezil bermesini şu günlerem dowam etdirip gelýär.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 73 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
..."Bernarda Albanyñ oýi"- bu spektakl "Mollanepes" teatrynda hakykatdan hem şowly çykypdy. Hakykatdan hem biziñ şol spektaklymyz kõp halklaryñ şu eser boýunça goýan spektakllaryndan kämil eken (Muña hàzirem guwanýan).
Diñe telewersiýalar däl, bu eser boýunça başga milletleriñ goýan iki sany spektakllaryna daşary ýurtlarda janly ýagdaýda tomaşa edipdik.
Bir-ä, Tatarystanda geçen halkara festiwala gagauzlaryñ getiren spektaklyny synlapdyk. Birem Gazagystana festiwala gidenimizde gõrüpdim. (biz o gezekler başga spektakllar bn çykyş edipdik).
Ynanyñ- şonda buýsanç bn uludan dem aldym- biziñkileriñ wersiýasy gaty gowudy (kõplenç daşary ýurtlarda birhili çekinibräk, beýlekilerden "dõwümiz pesräk" gezýardik, hemişe başga milletleriñ zatlaryny has kàmil hasaplamak,õzùmize ynamsyz, kembaha garamak ganymyzda bar ýaly..)
ÝELIZAWETA GARAYEWANYÑ bir özem (ol Bernarda Albany ñ roluny doredipdi) ruhy bilen tutuş sahnany doldurýardy..
@eatayew33, şol spektakl barada sõzleriniz üçin minnetdar! Garsiýa Lorkanyñ" Bernarda Albanyñ oýi", Karlo Gossiniñ "Turandot", Ýewripidiñ "Medeýa" Şekspiriñ we dünýä belli dramaturglaryñ kõpüsiniñ eserleriniñ gahrymanlary biziñ sahnamyzda türķmençe gürläpdiler we häzirki dõwürde hem gepleýärler...))

0
2 eatayew33   [Mowzuga geç]
Arada bir waka boldy. Men hiç birini tanamaýan kompaniýamyň arasyna düşdüm. Sungat adamlary eken. Kino we teatr bilen baglanyşykly adamlar. Öz aralarynda gyzykly gürrüň edýärdiler. Soňky döwürde teleýaýlymlarda, teatrlarlarda alynan, goýberilýän kinodyr spektakllar barada hezil edip jedelleşýärdiler. Hiç birinden habarym bolmansoň, sesimi çykarman otyryn. Ahyry, ýüregine düşendir-dä, olaryň biri:
— Dost, heý, teatra baryp gördüňmi?!— diýdi.
Men başymy atdym.
— Iň gowy gören oýnuň haýsy?
— "Bernardo Albanyň öýi". Onuň başga ýurtlaryň goýanlarynam, orslaryň telewersiýasynam görüpdim, ýöne biziňkileňki ýaly şeýle güýçlisine duşmandym.
— Howwa, ony menem sahnalaşdyrdym. Karlo Gossi gowy ýazýar.
Men güljegimem bilmedim, gülmejegimem.
Bolýa, sen ýönekeý teatr söýüjisi bolsaň, owarram, ýöne režissýor bolup...
Jogabym oňa ýaramady, ýöne töwerekdäkileň hiç biri jogabyma düşünmänsoň, köşeşdi, ýene duşuşmagy teklip etdi.
@Orhideýa ýaly teatrallarymyzyň bardygy ullakan kompensasiýa!

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Bu dramaturgyñ "Turandot " eserini "Mollanepes" teatrynda Tàçmàmmet Màmmetweliýew sahnalaşdyrypdy.
Meýerholdyñ stiinde..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]