17:54
Dünýäni toba halas eder / kinoroman
DÜNÝÄNI TOBA HALAS EDER

PROLOG

Asly umman aňyrsy ýurtlaryň birinden bolan, N.B. atly bir ýaş alym günlerde bir gün öz tejribehanasynda henize çenli görlüp-eşidilmedik, geň-taň bir synag geçirdi.
Munuň üçin ol lagymlarda, ýaşaýyş jaýlarynyň teýzeminlerinde, hatda çöl beýewanlarda, gyrlarda, düzlerde öz günamalaryny özleri dolap ýören erkek hem urkaçy alakalaryň hersinden belli bir mukdaryny ýygnady we dört tarapyna simden dokalan maýda gözli tor aýlanyp, aşagy betonlanan, petigi azbest şiferler bilen mäkäm basyrylan giň hem ýagty ýatagyň içine goýberdi.
Ýadyrgamazlary ýaly, her burçda, her bölegiň öz öwrenişen, tebigy şertlerini döretdi. Kä ýerinde bagjagaz oturtdy. Gerek bolan wagty ulanar ýaly ýatagyň içine demirden, plasmassadan gaz turbajyklaryny çekdi. Gyşyna ýyladar ýaly, tomsuna salkyn bolar ýaly şemallandyryjy gurallar oturtdy. Elektrik yşyklary bilen ýagtylandyrdy.
Saýlama, ýokumly iýmitler berdi. Arassalanan suw içirdi. Bakdy. Sähelçe näsaglyk ýa başga bir düşünişmezlik ýüze çyksa, dünýä meşhur mal doktorlaryny çagyryp, seretdirdi. Bejertdi.
Iýip-içip, ýatyp-turup, arasynda-da tä, ysgyndan gaçýançalar jynsy gatnaşyklara meşgul bolmakdan başga güýmenjede galmady.
Şonuň netijesinde her elli günden alakalaryň täze bir nesli döredi durdy we ýataklaryň sanyny köpeltmekligiň zerurlygy ýüze çykdy.
Tejribesinden dogry netije gazanmak üçin, alym N.B. elbetde, ýene ýüz ýatak salmalam bolsa salardy, ýöne, beýtmeli bolmady.
Sapaly durmuş, mugt eklenç, elpe-şelpelik, ýadatdymy, ýüreklerine düşdümi, ýa alymyň öz iş depderine belleýşi ýaly, doklukdan ýaňa mesirgäp akyllaryndan azaşdylarmy, alakalar birdenkä özlerini alyp baryşlaryny üýtgetdiler.
Öňi bilenem günüň-gününe dowam eden, tükeniksiz uruşlar başlandy. Kim-kim bilen, nämäniň üstünde uruşýa, ony hatda tejribe geçirýän alymyň özem bilenok. Erkegi-urkaçysyny, urkaçysy-erkegini, kiçisi-ulusyny, ulusy-kiçisini saýgaranok.
Tot-tozandan ýaňa ýatagyň içinde dem almag-a beýlede dursun, asla golaýyna-da barar ýaly bolmady.
Şol ýagdaý birnäçe wagt dowam edenden soň, erkek alakalar urkaçy alakalardan aralaryny açdylar-da, biri-birleri bilen çörňeşmäge başladylar. Urkaçy alakalar hem olardan kem galmadylar. Biri-birleri bilen ysyrganyşdylar, sermenişdiler, ýalaşdylar, gezek-gezegine üstlerine aşyşyp, erkek alakalaryň özleri babatda edýän hereketlerini etdiler.
Şol hereketlere goşulmadyklary toparlaryň ikisem ýazgardylar. Ýanadylar. Azar berdiler. Jebir, sütem etdiler. Özlerine goşulmaga mejbur edip, goşulmadyklaryny bolsa öldürdiler.
Onsuzam birtaraplaýyn jynsy gatnaşyklara başlan alakalaryň baş sany şondan soň hasam kemelmek bilen boldy.
Uruş döwri zeper ýetendigi zerarly, suw hem gaz geçiriji turbalary, olaryň nurbatlary zaýalanyp, ýatagyň içini käte suw alsa, käte ýangyn döredi. Elektrik simleriniň çaknyşyp, uly-uly partlamalaryň dörän gezeklerem boldy. Şol zatlaram alakalaryň baş sanynyň kemelmeginde az orun eýelemedi.
Ýeke bir alakalaryň däl, eýsem, tutuş ýatagyň üstüne ýok bolup gitmek howpy abandy.
Günlerde bir gün geçiren synagyndan näme netije çykarjagyny bilmän, aljyrap ýören alymyň, ýatakdan göwresi gurap galan jesetleri ýatakdan çykaryp zyňmagy bilen, alakalaryň göternip bilmedik gülşenli günleri tamamlandy.
Şonuň bilen bilelikde tejribe-de tamamlandy.

BIRINJI BÖLÜM

Dünýe bilen dertdeş adam

1.

...Türkmen şahyry Ömruzak Çardagly, bir gün ir bilen öz öýüniň ýuwunhanasyna gireninde, ýüzüne-gözüne seredip, ol ýerde garrylygyň, has takygy ölmüň buşlukçylaryny gördi.
...Gara başa gar düşüpdir. Sakgaldyr-murty gyrawlapdyr. Gözleriniň atymy haýallap, jikgelerinde çyzyklar emele gelipdir. Maňlaýy gasyn atyp, çekgeleri çylgym-çylgym bolupdyr.
Zereň boýy peseňkirläpdir.
Ol howul-hara, göwünli-göwünsiz ýuwundy-da, aşhanada biş-düş bilen başagaý bolup ýören aýalynyň ýanyna bardy. Öňüne geçdi. Boýnuny süýndürip, ýüzüni eýläk-beýläk öwürdi.
― Hany, gowuja seret, men birazajyk garraýypdyrynmy ýa göwnümemi?
Arzyman äri oýun edýändir öýtdi. Şonuň üçin sözlerini degişmä sapdy.
― Wiý, sen näme, ýaňy bilip ýörmüň o zatlary?..
Demli duran çaý bilen buldurap duran heýgenegiň başyna geçen şahyryň sesi öňküsindenem has sus çykdy.
― Düýn-öňňinem göwnümize oglan-oglanjyk ýalydyk welin...
Adamsynyň çynydygyna gözi ýeten aýal, onuň ýüzüne söýgi hem söýünç bilen garap oturyşyna:
― Saňa akyl öwredere-hä çakym ýok welin, şahyr, «ölmeseň garrarsyň» diýip, könelerem ýöne ýere aýdan däldirler. Çünki, tebigatda bir durkuna durýan zat ýog-a. Ýöne, sen gamlanma! Ýaşan ömrüňi, mert ýaşadyň, «bigaýrat ýigit» diýdirmediň, wezipä, azaşan – şöhrata, «gaňrylyp» alynýan suwutsyz baýraklara kowalaşyp, döredijiligiňi har, çagajyklaryň hor-zar etmediň. ― Aýal uludan demini aldy. ― Allah näme, gadarlan bolsa, mundan buýana-da şon deý ýaşarsyň enşalla... ― Arzyman äriniň ýüzüne bakyp, birenaýy ýylgyrdy. ― Dünýe garraýa, şahyr ikimiz dagy näme... Beterinden saklasyn...
Aýaly bilen ylalaşýandygynyň alamaty hökmünde şahyr haýallyk bilen, birnäçe gezek baş atdy. Töwir etdi. Sesini çykarmanam ýerinden turdy.
Arzymanam turdy. Ýüwrüp baryp girelgedäki asawaçdan adamsynyň üstki eşiklerini aldy. Geýdirdi. Gapa çenli ugratdy. Ömürboýy eden endigine görä, bu gezegem onuň bilen edil, hemişelik hoşlaşan ýaly hoşlaşdy.
Çykyberen wagtam sag eliniň kiçijik hem ýumşajyk aýasyny usullyk bilen adamsynyň arkasyna goýdy.
― Bar, şu günem bir gaýrat et...
Onuň beý diýmeginiň sebäbi, bu gün Ömruzagyň iň soňky iş güni.
Ertirden aňry ol hormatly dynç alyşdaky adamlaryň hataryna girer.

2.

...Ikinji jahan urşunyň yz ýany, frontçy daýhan maşgalasynda doglan, Ömruzagyňam çagalyk ýyllary, Türkmenistanyň çetki obalarynyň birinde geçdi.
Mekdepde geçilýän okuw sapaklarynyň içinde iň gowy görýäni edebiýat bolsa-da, näme üçindir pelekýat ylmy, ýagny, astronomiýa hem ony edil magnit ýaly özüne çekýärdi.
Hamala şol ýerde iň bir eziz zadyny galdyryp gaýdan ýaly, gyşyn-ýazyn, hususan-da, asmanyň açyk çaglary, işiklerindäki emelsizräk gurlan tagta teläriň üstüne çykyp, Akmaýanyň ýoluna, uýalaryny alyp gaçan «Ýedi doganyň» yzyndan kowgy barýan bir toplum atlydan ybarat «Ülkere», dünýeden ir öten dosty deýin gara ýeri guçup ýatan «Ömrüzaýa», wepaly ýar tapan gussasyz ýigidiň bagty kimin ýaldyrap duran «Ýaldyraga», ir örüp, birtopar bendäniň ganyna galan «Kerwengyrana» bilesigelijik hem süýjümtik bir söýünç bilen bakar oturardy. Şol wagt onuň gözüne asman durşy bilen sorag alamaty bolup görünýärdi. Jogap agtarýardy. O zatlara jogap tapmak üçin bolsa uly ylym, okuw, irginsiz zähmet gerekdi.
...Agşam ir batyp, indem jahanyň ýagtylyp gelýändigini adamlara buşlamak üçin parlap gelýän «Daň ýyldyzy» dogdygam, gerinjiräp ýerinden turýardy-da, «pallaýa-pallaýa» öýe girýärdi we mekdebe çenli sähelçe hem bolsa gözüniň awusyny almak üçin, ilkagşamdan ýazylyp goýlan düşegiň üstüne özüni oklaýardy.
Şondan soň, tä agşama çenli, onuň ýaşajyk hem çylşyrymly ömrüniň edebiýat bölegi başlaýardy.
Mekdep partasynyň arkasynda ukusyz gözlerini açalak-ýumalak edip oturyşyna, giden bir söweş meýdanyna meňzeş, leşgerlerden ýaňa «hyň» berip duran asman bilen edebiýatyň arasynda nähilidir bir meňzeşlik gözleýärdi.
Her niçik hem bolsa, ony daşyndan synlap ýören obadaşlary, hatda hut öz ata-enesi hem ol okuwa «müneçjimçilik» ugrundan gider öýdýärdiler.
Emma ol hemmeleri haýran galdyryp, mekdebi tamamlanyndan soň resminamalaryny şol wagtky ýeke-täk uniwersitetiň «Türkmen filologiýasy» bölümine tabşyrdy.
Girdem. Gowam okady. Okuwynyň daşyndan gazet-žurnallar bilenem gatnaşdy. Ilkinji goşgujyklaryny çap etdirdi.
Iki ýylyň içinde özüni gelejegine umyt bildirtýän, ýaş şahyr hökmünde «halk köpçüligine» tanatdy.
Şonuň hakykatdan-da şeýledigini edebiýatçylara ykrar etdirdi.
Ahyrky kursda okaýarka, abraýly neşirýatlaryň biri onuň goşgular ýygyndysyny gelejekki ýyllaryň meýilnamasyna goşdy.
Şahyr üçin köp dil bilmekligiň artykmaçlyk etmejekdigine gözi ýeten ýigit rus diliniň daşyndan ürç edip, iňlis, arap, pars dillerinem öwrendi.
O zatlar dünýäniň iň uly kitaphanalary bilen aragatnaşyk açmaga, meşhur alymlaryň açyşlary bilen günübirin tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Daşyndan birneme ulumsyrak, gedem görünýän, gürleşdigiň saýam mähri-girýany bar ýaly özüne çekip barýan bu oba ýigidini paýtagtyň alymlaram erbet görmediler.
Garaçyny bilen iki oduň arasynda elewräp ýörşüni görüb-ä oňa hasam golaý durdular.
Onuň özem hiç haçan, hiç ýerde, hiç kimiň gybatyny, hiç kim barada göwniýetmezçilikli gürrüň etmedi. Özüni ulumsy tutmady. Kim bolsa-da, bilmeýän zadyny soramaklygy kemlik bilmedi.
Mahal-mahal bolsa oglanlykdan bäri endik eden edähedine eýerip, gijelerine ýatakhanasynyň balkonyna çykdy-da, gaty oturgyjyň üstünde bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp oturyşyna, asmany synlady. Şol bir wagtkylary ýaly, nämedigini özi-de bilmezden, bir zatlary gözledi. Sallanyşyp duran sorag alamatlaryny eli bilen bir gyra süýşürip, olaryň aňyrsyna seredesi, barmaklary bilen barlap göresi geldi.
...Asman welin erjellik bilen dymýardy.

***

Okuwyny gutarandan soň, ony uniwersitetiň özünde alyp galmakçy boldular.
Emma, ol özüniň ilkinji kitabyny meýilleşdiren neşirýatyň çakylygyny kabul edäýenini kem görmedi.
Ýöne, ol o ýerde-de uzak işlemedi.
Uniwersitetde harby okuw geçendigine görä, bir ýyl gulluk edip gelenden soň, ur-tut Ylymlar akademiýasynyň Dil we Edebiýat institutyna ylmy işgär bolup işe geçdi.
Aspirantura girdi. «Türkmen nusgawy edebiýatynda asman jisimleri» atly mowzuk boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.
Oňa çenlem yzly-yzyna iki kitaby çapdan çykdy.
Edebiýat meýdanyna ýaňy gelen ýaş şahyr üçin bu uly bagtdy, şowlulykdy. Şeýlelikde öýlendirmek üçin şu çaka çenli iňirdäp gelen ata-enesine razylyk bermäge pursat döredi.

***

...Çöl ýerinde önüp-ösen, çopan gyzy Arzyman, şäher ýerinde gözüne sürme, gaşyna wesme çekip, dyrnaklaryny gyzyllap ösen okuwly şäher gyzlarynyň aglabasyndan akylly bolup çykdy.
Gününden zeýrenmedi, «gazanjyň az», «jaýyň ýok» diýip, ärine igenmedi. Gaýtam goltgy berdi. Gerek bolsa edaralarda jaý süpürdi, naharhanalarda işledi, garaz, hiç zady özüne kiçilik bilmedi.
Käbir aýallar ýaly: «Men iliň hyzmatyny etmen» diýmedi. Gedemlik edip içerisiniň peýdasyndan geçmedi.
On ýyla golaý onda-munda kireýine ýaşap mydar edeninden soň, Ömruzaga dört çagaly adam hökmünde bäş otagdan ybarat jaý berdiler.
Ol wagt Ömruzak eýýäm SSSR Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy, Türkmenistanyň Lenin komsomoly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi bolmaga ýetişipdi. Moskwanyň «Molodaýa gwardiýa» neşirýaty bolsa, arasyna üç ýyl salyp, onuň öz terjimesinde yzly-yzyna ilki goşgular, soň poemalar ýygyndysyny çap edipdi.
Ýakyn gelejek üçin has göwrümliräk kitabyny neşir etmekligi göz öňüne tutýardy.
Beýleki neşirýatlaram Ömruzagyň öz gapylaryny açaryna garaşýardylar. Çagyrýardylar.
Doganlyk respublikalaryň neşirýatlaram ilkinji kitaby bilen soýuz möçberinde üstünlik gazanan ýaş türkmen şahyryny öz önümçilik meýilnamalarynda görmek isleýändiklerini aýdyp, Aşgabada, şahyryň hut öz adyna hat ýazýardylar.
Şol zatlardan ganatlanan Ömruzak özüniň kitabynyň arapça, iňlisçe nusgalarynam taýýarlap ýördi.
Öňde bolsa oňa has uly üstünlikler, beýik-beýik sepgitler garaşýardy.

3.

Emma bar zat başgaça boldy.
Çünki, soňy SSSR ýaly uly döwletiň dargamagyna alyp baran «Üýtgedip gurmak» syýasaty döwründe yglan edilen aç-açanlyga, demokratiýa, halkyň öňe çykan ogullarynyň biri hökmünde Ömruzak hem goşulman durup bilmedi.
Türkmenistanyň çägindäki ýerüsti hem ýerasty, suwüsti hem suwasty baýlyklarynyň halkyň özüne degişli bolmalydygy, türkmen diline döwlet dili hukugynyň berilmelidigi, umuman-a Türkmenistanyň hiç kime garaşsyz, özbaşdak döwlet bolmalydygy barada ýerli metbugatda, radioda, telewideniýede yzygiderli çykyşlar etdi.
Şu dünýä bilen ugurdaş, ýagny, parallel we beýleki dünýäleriň efir tolkunlaryny gözläp, ýöne maddy we ruhy goldaw ýetmezçiligi zerarly işini doly ugrukdyrybilmän ýören türkmen alymy Galandar Bükdüzow barada ýazan we Moskwanyň merkezi gazetleriniň birinde çap etdiren göwrümli makalasy ýeke bir Türkmenistanda ýa soýuzda däl, eýsem onuň bütin dünýä möçberindäki meşhurlygyny artdyrdy.
Ömruzagyň şol makalasynda ýazmagyna görä, adamlaryň ugurdaş we beýleki dünýäler bilen saçakly gatnaşyp ugrajak döwürleri gaty bir daşam dälmişin. Şonuň hut şeýle boljakdygyny Bükdüzow örän ynamly aýdýarmyşyn.
Ýene bir geň zat: Tejribehanasy gerekli gurallar bilen doly enjamlaşdyrylyp bolandan soň, Bükdüzow ýogalan ýeri, wagty takyk belli bolan merhumyň ruhuny yzarlap, onuň haýsy dünýä düşendigi ýa entegem gitmän, dürli sebäplere görä şu töwereklerde köwejekläp ýörendigini aýdyňlaşdyryp biljekmişin.
Bu makala ýewropaly, hatda amerikaly alymlaryň arasynda hem uly gyzyklanma döretdi.
Olar Ömruzagyň özüne-de, Bükdüzowa-da yzly-yzyna jaň etdiler, hat ýazdylar. Sorag-jogap alyşdylar. Duýgudaşlyk bildirdiler.
Şeýle üýtgeşik temanyň üstünde işleýän alymyň ýeke galdyrylmaly däldigini öwran-öwran nygtadylar. Eger-de, ýerli häkimiýetler şeýle äpet adamyň şolar ýaly umumadamzat bähbitlerini araýan täsin işini goldamaýan bolsalar, onda özleriniň üýşüp, bu işe hemaýat etjekdiklerini aýtdylar.
Bu meselede hasam Moskwaly alymlar erjellik görkezdiler. Bir soýuzyň içinde bolubam, şolar ýaly uly zehini goldaman, gaýtam bukup gelendikleri üçin türkmen ýolbaşçylaryna nägilelik bildirdiler.
Dogan hökmünde, hiç kime ýetirmän, Bükdüzowa özleriniň hossar çykjakdyklaryna söz berdiler.
Ýöne, kelleleri kürsi dawasyna gyzan käbir dyzmaç syýasatçylaryň gan gatyşykly ýadawsyz tagallalary netijesinde, döwlet düw-dagyn boldy-da, Bükdüzowa kömek etjek alymlaryň özlerem kömege mätäç boldular galyberdiler.
Üstesine-de, tä garasy ýitýänçä soýuzyň eteginden aslyşyp gelen ýerli ýolbaşçylar öňlerine «me» diýlip oklanan özbaşdaklygy gumy-sumy bilen garbap aldylar-da, gülmän-yşman, özlerini özbaşdaklygy gazanan, SSSR-i dargatmak üçin assyrynlyk bilen işlän, aslyýetinde partiýa hataryna-da hut şol maksat bilen giren, hakyky gahrymanlar diýip yglan etdiler, Ömruzak ýaly şol zatlar üçin başdan aýak göreşen adamlary bolsa, näme üçindir gadagançylyga saldylar.
Sahnada diňe ýaranjaňlar, çemeçiller, adyň, baýragyň, şan-şöhradyň ýesirleri galdylar.
Edebiýatam, sungatam, teatrdyr kino hem, umuman ähli medeniýet ulgamy bir adamyň ― «özbaşdaklygy halka gazanyp beren» adamyň hyzmatyna gönükdirildi.
Ýeke bir Türkmenistanda däl, dargan soýuzyň ähli respublikalarynda hem ýagdaý bütinleý üýtgedi.
Her kim öz aladasy bilen garabaşyna gaý boldy.
Hiç kimiň Bükdüzowa elem ýetmedi, asla ýatlaryna-da düşmedi.
Daşary ýurtly alymlaryň sesi bolsa Bükdüzowa ýetmeýärdi. Has takygy ýetirmeýärdiler.
Döredijilik işgärleriniňem, alymlaryňam örüleri daraldy. Bar zat ýerli ýolbaşçylaryň erklerine baglanyp galdy.
Soň-soňlar, daş gulakdan eşidilişine görä, Galandar Bükdüzowa hem şolar «hossar çykypdyrlar». Gerekli enjamlarynam alyp beripdirler-de, ýurtbaşynyň baryp-ha ikinji jahan urşunda Orsýetiň bir ýerlerinde wepat bolan atasynyň ruhuny yzarlap tapmagyny, materiallaşdyrmagyny we aňrujy ýagdaý bolsa ony hossarlary bilen duşuşdyrmagyny talap edipdirler.
Bükdüzow muňa höwes bilen razy bolupdyr. Buýrugy berjaýam edipdir, ýöne, salgysy ters düşüpmi ýa günäsini götermek gow-a däl welin, ejesi pahyr bir ýalňyşlyga ýol beripmi, gözlenýän adam ― gözleýän adamyň atasy däl bolup çykypdyr.
Telim wagt bäri döwlet işini bir ýana goýup, diňe şol iş bilen meşgullanyp ýören köşk emeldarlarynyň muňa gaharlary gelipdir we: «Oppozisiýa ýan bermek üçin, sen şuny bilgeşleýin etdiň» diýip, Bükdüzowy derhal ýygnapdyrlar, tejribehanasyny bolsa ýapypdyrlar.
...Şondan soň ne ýerde, ne gökde, Bükdüzowy «gördüm-bildim» bolmady.
Her dürli gürrüňler welin ýaýrady. Biri: «Ol «mama» keseli» bilen keselläp türmede ýogalypdyr» diýse, başga biri: «Daşary ýurda gaçyp gidipdir» diýdi. «Ruhlary yzarlaýan enjamlaryna daýanyp asmana uçupdyr» diýenlerem boldy.
«Hany biziň alymymyz nirede? Tapyp beriň? Ony bize görkeziň! Boşadyň!» diýşip, eli baýdakly köçä çykan welin bolmady.
...Gadagançylyga düşen döredijileri bolsa ýeke bir çykyş etmekden däl, eýsem iş-güýçdenem mahrum etdiler.
Bükdüzow hakynda makala ýazan adam hökmünde, şahyr Ömruzak Çardaglynyň gün-güzerany hasam kynlaşdy.
Hiç ýerden iş bermediler. Hatda garawulçylygam rowa görmediler. Bir söý bilen bir ýere işe ýerleşäýse-de, üç-dört aýyň içinde yzyndan ýetip, boşatdyrdylar.
Ýöne, ol barybir işden elini sowatmady. Döredijiliginden daşlaşmady.
Şol döwür Arzyman onuň arkasynda dag ýaly durdy. Mylakatly sözler bilen göwnüni göterdi. «Gamlanma, şahyr, bu-da geçer» diýdi. Ýokary okuw jaýlarynyň birinde tehniki ugurdan okap ýören uluja ogly Magtymam «Azajyk gaýrat et, men okuwymy gutaryp işe başlamsoň saňa iş geregem bolmaz. Döredijiligiň bilen boluberersiň» diýdi.
Belki ýaşlyk edendirler, entek mekdepde okap ýören ikinji ogly Gadyr bilen deňeçerräk ýaşdaky iki gyzy welin seslerini çykarmadylar.
Esasy zadam ― Ömruzagyň özi ruhdan düşmedi. Gaýtam tijendi. «Şu işsizlik döwrüni Hudaý maňa «işlesin» diýip berendir» diýen düşünjä uýdy.
Ýeke bir Ömruzak däl, gadagançylyga düşen döredijileriň köpisem şol pikire gulluk etdiler.
Netijede, gadagançylykda ýatan erkin, türkmen edebiýaty emele geldi.
Ömruzak üçin ýene bir bähbitli bolan zat ― oglanlykdan bäri asmanyň ýüzünde sallanyşyp duran sarymtyl sorag alamatlary hem, gaty bir aýdyň bolmasa-da, her hili sudurjyklara, şekiljagazlara öwrülmäge başlady.
Göwnüne käte onuň özi, käte bolsa asman oňa tarap süýşýän, golaýlaşýan ýaly bolup göründi.

4.

...Arzymanyň aýdyşy ýaly, dünýäde bir durşuna durýan zat ýok.
Bu ýeke bir adamzada ýa tebigata däl, eýsem syýasata-da, döwlet gurluşlaryna-da degişli.
Şoňa görä, niýeti-päli takdyryna tartyp, halkyna özbaşdaklyk «alyp beren» döwlet ýolbaşçysam günlerde bir gün ýurduny täzeledi.
Ýerine täze adam saýlandy. Ýurda maýylganlyk aralaşdy.
Birneme gowuşgynsyzragam bolsa, gadagançylygam assa ýuwaş aradan aýrylyp barýan ýaly bolup göründi.
Işsiz oturan döredijileriň aglabasyna iş berildi.
Ömruzagam baryp-ha ony tamamlan wagty iş hödürlenen ýerine ― Uniwersitete täzeden çagyrdylar.
Ýöne, elmaýyşlyk şondan aňry geçmedi. Tussaglykdan özleri çyksa-da, döredijileriň eserleri çykmady.
Gaýtam, näme üçindir dünýeden bir wagtlar ötüp giden adamlaryň iň bir naýbaşy eserlerinem hiç hili günä ýöňkemezden, «tussag» etdiler.
Umuman, döredijilik dünýäsiniň daşyny ýene-de gara duman gaplady.

5.

...Ine-de ol pensioner.
Emma, ol köpleriň edişi ýaly, hormatly dynç alyşa çykandan soňam, işlejek bolup göze-başa düşüp ýörmez.
Işgärler bölüminiň başlygysyrap, her gün ir ertir, giç agşam gapynyň agzynda eli depderli, galamly, hemmeler tarapyndan «gara sygyr» diýlip atlandyrylýan garaýagyz, tultuk gelniň agdarlan tezek ýaly ýüzüni bolşundanam beter «küsserdip» aýdýan: «giç geldiň», «ir gitdiň» diýen ýaly, içi iriňden doly igençli sözlerini eşitmez.
Döwletiň berýän hakjagazyna kaýyl bolup, diňe öz döredijiligi bilen meşgul bolar.
Şeýtmäge mümkinçilik bolsa onda bar.
Ýagny, gyzlary çykyp, ogullarynyňam hersi özbaşdak jaý alaly bäri bäş otagdan ybarat garry öýüniň içinde bir özi.
Çünki, uly gelni bilen agtyklaryna has öwrenişendigi sebäpli Arzymanam köplenç şolaryň ýanynda bolýar. Ýöne, günde-günaşa diýen ýaly gelip, habar tutup dur. Içerini aýryşdyrýar, naharjygyny bişirip, kirini ýuwup gidýär. Üstesine, günde telim gezek telefon arkalam gepleşip dur.
Adamsyna asudalygyň ezeliniň howa ýaly zerur zatdygyny Arzyman adamdan sorap bilmeli däl.
Maddy tarapdanam, diňe döredijilik bilen meşgul bolmaga Ömruzagyň mümkinçiligi bolar.
Hökümediň bellän pensiýe puly, onuň ýaly arak içmeýän, çilim çekmeýän, agzy arassa adamyň depesinden dik düşer.
Ara-çola kömegi degäýmese, çagalaryndan pul soramaz.
Jany bolsa sag. Bedeninde agyry-ynjy ýok. Işjeňligi artdygysaýam garrylyga bolan ynamy, söýgüsi artdy. Öz ýanyndan ony adam ömrüniň iň bir hasylly çagy hasap etdi. Şolar ýaly ajaýyp çagdan zeýrenip goşgy ýazandyklary üçin kellesiniň gyzgynyna nusgawy şahyrlaryň barysyny ejiz, nerme-näzik hasap etdi. «Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar» diýendigi üçin, gaýybanasyndan hatda Magtymgula dagam igeniberdi. «Gojaýdym begler, gojaýdym» diýip, zar çekendigi üçin Göroglydanam göwni geçeňkirläberdi.
Öňünde duran derwaýys işlerini birýüzli edip, bir gyra süýşürenden soň, öňki-soňkularyň barysyna göz edip, garrylyk barada ajaýyp, göwrümli bir poema ýazmaklygy ýüregine düwdi. Bir ýere ol onuň adynam belläp goýdy: «Ýaşasyn garrylyk!..»

Dowamy bar >>
Категория: Romanlar | Просмотров: 109 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]