00:54
Ömür ýyldyzy
ÖMÜR ÝYLDYZY

Duýýan, käte sen aýratyn golaýym,
Buýur, mydam hyzmatyñda bolaýyn,
Boz çägede galan tylla zire deý,
Düşläp tellerine gökje ýylagyñ-
Topragyñdan aýdym çöplär gulagym!

Sowa sakla bir manysyz gabykdan,
İl kalbyna akdyrmawer läbik deý,
Bilýärin, şeýle bir çar bağlar dörär,
Bolsam bolaýyn men kıçı şänik deý-
Saña öser pikirlerim gämik deý.

Gowulyk edesim gelýär şu pursat,
İçine dağlar Siñdiren gursak-
Kemeri gaýasy, çeşmesi bilen,
Peýdamyz değsin illere barsak,
Eşdemol, diýse-de şeýtanlar " ters ak! "

Diýýarler Ýyldyzlar ömürden nyşan"
Haýsysy dogrudur, Haýsysy ýalan,
Erteki tapmaça aydasym gelýär,
Yhlasy y görseñ bolarmyñ hoşal,-
Ol mydam bilinci aklyga guşan!

Hol topbak ýyldyzlar belkide kowmum,
Ýylpyldap, beğenip tanandyr kowmum,
Gögünde, Zeminde üzñelik tapman,
Telwaslar içinden meni görüpler,
Bir ýyldyz düşmekçi,
Ol meniñ oğlum!..

Ýaşaýyş pelsepe - Ýaşaýyş matal,
Her kime bir ykbal Nesibe atan,
Bu ýagşy günlerden ýagşylyk gözläp,
Men senden duýýaryn ýakynlyk Watan,
Hem şeýle ykbala nesibäm atan...

Oguljemal ÇARYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Nurdan | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 3
0
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
Hawa, elipbiýe geçirienimde ýalñyş gidipdir, düzeldildi, Gelinleriñ ajaýyby, sagboluñ!

1
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Saña öser pikirleriñ*-pikirlerim bolmalydy öýdýän...
Iş-aladaly bolsañam gyssanmaçlyk bilen bize ýagşy zatlary ýetirmek üçin jan edýäñ.Yhlasyña döneýin @Nurdan uýam.

1
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ajaýyp zenandan ajaýyp goşgy.Ylhamyñ egsilmesin Oguljemal eje!!!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]