23:11
Söýginiñ bir güni / hekaýa
SÖÝGINIÑ BIR GÜNI

Häzir daňdanky şapak ýiter-de, gözüňi deşip, ysgynyňy alyp gelýän Gün çykar. Günüň şeýle tiz gyzmagy diňe tomsuna bolup geçýän hadysadyr. Gyzýar-da, daş-töwrekdäki ähli zatlary erediberýär. Özem edil rentgen şöhleleri ýaly içinden geçmeýän zady ýok. Ýörite Günüň dogýan ýerine bakdyrylyp goýlan iki sany penjire hakda-ha aýdybam oturmaly däl. Şol penjireler aňry ýüzünde uklap ýatan ýigrimi ýaşlaryndaky gyzy daşarky dünýä bilen hem görüşdirýär, hem aýrylyşdyrýar. Günüň ýekeje şöhlesi edil gylyç ýaly penjireden geçýär-de, uklap ýatan gyzyň mele ýylana meňzeş örüm saçlaryna düşýär. Onuň tegelekden akýagyz ýüzünde duýlar-duýulmaz dartgynlylyk bar. Siňe seretseň, ol arasynda kese çyzyga çalym edýän uzyn gaşlaryny çytýan ýaly. Gyzyň pökgüje dodaklary haýran galaýmaly açyk ýagdaýda, şular ýaly açyk dodaklar diňe mahabat üçin surata düşýän nysakçy gözel zenanlar-da bolýandyr. Onuň dodaklarynyň aňyrsyndan iki sany alyn dişleri çala ýalpyldap görünýär. Gyzyň uzyn kirpikleri bolsa, düzüme goýlan çybyklar ýaly gymyldaýynam diýenok. Ol göwresine laýyk ak gollaryny kellesiniň daşyna aýlabrak ýatyr. Ejesi gyzyna elini uzyn salyp ýatmagy gadaganam edip gördi, ýöne gyzy soňky bir aýyň dowamynda ýüze çykan bu endiginiň goýlup-goýulmazlygynyň özüne bagly zat däldigini tekrarlady. Şeýdip ýatmagy ýigrendirmek üçin “ Uruşda ýaralanan esger ýaly ýatýarsyň” diýlen jümle-de hiç zady üýtgetmedi. Eger gyzyň özüne bagly bolsa, ol, hakykatdanam, elini uzyn salyp ýatmazdy. Kim irden turan badyna gurşup duran elleriň eýesi bolmak islär?! Eliňi uzyn salyp ýatsaň, aşaky bölekdäki gan ýokary bölege geçýär-de, ukudan açylan badyňa (käwagt, hatda, agyrydan uklap ýatanyň özem oýanyberýär) eliňi guruşdyrýar ahbeti. Bu ýakymsyz duýgy bolsa, gyzyň pursatsalym ysgynyny alýar. Ýöne diňe bulam däl. Daşarda howanyň elhenç gyzgyndygy, sagat dokuzyň ýarydygyna seretmezden, penjireden girýän petiş howa, köçäniň, gyzyň pikirine görä, örän ir başlaýan ala-şakyrdyly uly ýük maşynlary, goňşularynyň o çetden bu çete ýetýän aýdym-saz bilen öý işlerini ýerine ýetirmek dabarasyna girişmekleri-barysy gyzyň wagty bilen özüne gelmegine päsgel berýär. Ol özüne zor salyp, aýak üstüne galjak bolaýsa-da bolanok. Kükregine agyr daş goýlan ýaly, zordan demini alýar-da, ýazylgy duran ýerine täzeden ýykylýar. Şeýle ysgynsyzlygynyň sebäbini ol özüne yssy howanyň täsiri bilen düşündirýär. Başga edere iş tapmansoň, pyýala ýaly gara gözleri bilen ýatýan otagyna göz gezdiren bolmagam soňky bir aýyň dowamynda özem bilmezden dörän endikleriň birine öwrüldi.
Otagyň içi ýagty. Keseligine uzap gidýän gylyja meňzeş Gün şöhlesiniň yzy edil Akmaýanyň ýoly ýaly kiçijek ak tozanjyklar bilen örtülen. Ondan ünsüňi çepräge sowsaň, mekdep partasyny ýatladyp duran pesräjik stol bar. Stoluň üstünde stakan, stakanyň düýbrägindäki ak reňkli suwuklyk bolsa çalaja köpürjikläp dur. Suwuň çalaja köpürjiklemegi gyzyň içýän dermany sebäpli bolýan hadysa. Ol agşamlaryna ( Soňky bir aýyň dowamynda, elbetde) tigri ýatladyp duran ak reňklije kellagyryny aýyrýan dermanlardan içmegi çykardy. Stoluň ortarasyndaky ikiýangapdalyna açylyp, ýüzi aşak bakdyrylyp goýlan kitap meşhur latynameriklay ýazyjy M. A. Asturiasyň “Jaýlananlaryň gözi” atly romany bolmaly. Soňky üç hepdäniň dowamynda gyz bu kitaby elden goýman okaýar. Okaýar-da, daşky dünýä bilen hem görüşdirýän, hem aýrylyşdyrýan penjirelere gözüni dikip ýatýar. Kelle tarapynyň penjireleriň gabat garşysynda bolmagy üçin ol ýatmaly ugrunam wagtlaýyn üýtgetmeli bolýar. Bolmasa türkmençilikde kybla tarapa diňe amanadyny tabşyran adamlaryň kellesini bakdyryp ýatyrýarlar. Gyz mana düşüp başlan döwründen bäri bu adata belet. Ýöne penjireleriň kybla tarapdan goýlanyna ol günäkärmi? Soňky döwürlerde gyzy penjirlere diňe başaşak seredip ýatmak rahatlandyrýar. Şonda onuň pyýala ýaly gözlerem hereketsiz doňup galýar. Hamana kimdir biri gyzyň gözlerini asmandan surata düşürýän ýaly, ol esli wagtlap kirpigini çalman garaşýar. Şu dünýäde adalatsyzlyga sezewar bolan ynsanlaryň tä haky ýerine düşýänçä, o dünýäde gözüni açyp ýatýandyklary baradaky gadymy indeý rowaýaty başaşak seredip ýatan gyzyň diňe asmany görkezýän penjireleriniň aňyrsynda käte ap-ak buluda, käte-de gysgajyk tomus ýagşyna öwrülip ýitip gidýär. Gyzdan soňky bir aýyň dowamynda bir pursadam ýitmeýän zat-özünden bir ýaş uly, garaýagyz oglana bolan söýgüsi. Gyz ony şeýlebir söýýär welin, ony ýatlanda, kellesine agram düşýär, köçedäki uly ýük maşynynyň sesi hasam gatalýar, goňşy öýden çykýan aýdym söýýän ýigidiniň özüne ýollaýan we ykbalyň birhili-birhili täsin ýollar bilen gulagyna ýetirýän habarlaryna öwrülýär, aýdym gynançly bolsa, howa öňküdenem beter gyzýar-da, gyzyň demligini daraldýar. Bedeninden ysgyn gidip, gözüniň öňünde garynja mysaly ýyldyzjyklar peýda bolýar. Ol arkan ýatyşyny üýtgetmän, sandyraýan elleri bilen daş-töweregini sermeleşdirip, el telefonuny tapýar-da, hökman söýýän ýigidine jaň edýär:
-Mekan! – Ol bu ady şeýlebir näzik tutýar welin, şol näzikligiň aňyrsyndaky hamraklyk enesine gysmyljyraýan köşejikleriň bolşuny ýatladýar. “Jana!” Gyz telefonuň aňyrsyndaky oýaly-ukuly bu jogaba gobsunyp gidýär. Özünden bir ýaş uly Mekan atly şo ýigidiň entek düşek ýylysy gitmedik demi ýüzüne çabran ýaly gowşaýar. Gyzyň pökgüje dodaklarynda süýji ýylgyryş peýda bolýar. Soň näme gepleşendikleri gyz ýerini galdyryp, aşhana barýarka-da, aşhanadaky saçagy ýygnap, gap-çanaklary ýuwýarka-da, öýüň beýleki işlerine güýmenip, günortanlyk naharyny taýýar edýärkä-de ýadyndan çykmaýar. Sagat bolsa eýýäm on iki, tiz wagtdanam işe barmaly. Ol öýleriniň golaýyndaky çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär. Soňky döwürler işdeşlerem onuň bilen mesawy gürleşip, uzak oturyp bilenok. “Durmuşa çykmaly gyzlarda bolýan zat. Toýdan öň horlanýarsyň, işdäň tutulýar” diýip, ýaňyrak durmuşa çykan Täzegül ýylgyryberýär. Galan wagtlar uklap, diňe tok uranda açylýan ýaly, ol “Güljahan mugallym” diýlip, ady tutulsa, özüne gelýär. Çagajyklar hiç zada düşünýän däldirler welin, soňky wagtlarda mugallymyna bir zadyň bolýandygyna, onuň öňküliginiň ýokdugyna – ha düşünýärler. Aýratynam, gyzjagazlar düşünýär. Oglanlaryň hol beýleräkde başagaý bolup, top oýnaýan wagtlary gyzjagazlaryň birki sanysy gelip, mugallymyň maňlaýyna elinem degren bolýar. Ýöne Güljahan mugallymmy olara näme bolýandygyny aýtjak?! Ol bu gezegem ýanyna gelen gyzjagazy gujagyna aldy. Daş – töwerekdäki baglara syn edip oturşyna, “ Köýnegiňi täze tikdirdiňmi?” diýen soragyna ýuwaşja ýylgyrdy. “Çaga bolsalar-da uly adamlardan has üşükli, has synçyl” diýen pikir gujagyndaky gyzjagaz bilen gürleşmek işdäsini oýardy.
Hol beýleräkde oglanlar ala – goh bolup top oýnaýardylar. Olaryň daş – töweregindäki tozandan ýaňa nämäni depýändiklerem görnenokdy. Oglanlaryň aýaga çolaşyp ýören kiçirägi zol – zol ýykylýardy-da, ýene top deperin umydy bilen beýleki oglanlaryň yzyndan ylgaýardy. Onuň iki – üç ädimden ýere ýazylyp durmagy Güljahan mugallymyň gujagyndaky gyzjagazyň gülküsini tutdurýardy, ol oglanjygyň gum bolan köýnegini kakyşyna we ýene ýykylansoň, bar eden aladasynyň puç bolşuna jykyrdap gülýärdi.
- Sen ony tanaýaňmy? – diýip, Güljahan mugallym gyzjagazyň gulagyna pyşyrdady. Gyzjagaz şatlykdan ýaldyraýan gözlerini galdyryp, mugallyma egnaşyr äňetdi.
- Ady näme? – diýip, mugallym birinji soragynyň jogabyny almanka gaýtalady.
- Meýet. – diýip, gyzjagaz näme üçindir ýere seretdi. Güljahan mugallym onuň elindäki plasteline birinji gezek şo wagt üns berdi. Gyzjagaz plastelini bir ýumrugynda berk saklap oturşyna, gowuja mäjumlaýardy. Mugallym birden şähdaçyk ýagdaýda:
- A men Mekan atlylary gowy görýän! – diýdi. Gyzjagaz ýene egnaşyr mugallymyna göz aýlamaly boldy. Ýöne bu gezek gyzjagazyň gözlerinde şatlyk däl-de, sorag bardy. Çagalar, hakykatdanam, ululardan üşükli bolýar. Ol pursatsalymyň içinde mugallymyň barybir soragly gözlerini jogapsyz goýjagyny bilip, gaýtadan elindäki plastelini mäjumlamaga güýmendi. Kim bilýär, belkem, çagalar bir gezek seredende, ulularyň bir sagat gürleşibem aýdyňlaşdyrybilmejek hakykatyna göz ýetirýändirler? Ahmal. Ýöne haýsysy bolaýanda-da, olar bilen gürleşmeg-ä hezil. Ine, häzirem Güljahan mugallym gujagyndaky gyzjagaza özünden bir ýaş uly, garaýagyz ýigit bilen nähili tanşandyklary barada gürrüň bermekçi. “ Birinji duşuşyga baranymda, men ony tanamokdym. – diýip, mugallym söze başlady. – Ol dünýäni unudyp, aýdym diňläp duran ekeni. Men ol meni görer umydy bilen gapdalynda garaşyp durdum, ýöne ol kellesini galdyraýsa dägy nädersiň?! Gün bolsa şo pursat aşaklap – aşaklap, tas ýere düşüpdi, – diýende, mugallymyň köpmanyly ýylgyrýandygy äşgär bolup gitdi. Ýöne ol syr bildirmän, gyzjagazyň saçbagyny düzeden boldy-da, gürrüňini dowam etdi. – Men Günden goranmak üçin elimi gözümiň deňine ýetirdim. Gözlerim bolsa yssydan ýaňa ýaşarmaga çenli baryp ýetdi. Ol oglan ahyry kellesini galdyrdy. Kim bilýär, närazy garaýşym ýüreginden parran geçendir-dä. “Indi-hä, geläýersiň, alla” diýip, garaşyp durşuma, özüme zor salyp ýylgyrjak boldum. Ýöne ol men tarapa seredip durdy-da, ýene aýdym diňlemäge başlady. Ýerinden gymyldaýynam diýenok. Ýüregimi bire baglap, oňa tarap ýöneldim. Olam maňa tarap ýöredi. Ýakynlaşdygymyzça, aýdymyň sesi barha güýçlendi. “ Ýüregim, ýüregim...” Bir şo ýerine düşünip galdym...” Gürrüňiň şu ýerinde gyzjagaz mugallyma bakyp, ýylgyrjak boldy. Ýöne mugallymyň gözleri adatdakydan has ýalpyldaýardy. Dodaklary bolsa berk ýumlandy. Gyzjagaz onuň dem alman diýen ýaly saklanşyndan bir kynçylygyň bardygyny, mugallyma şo pursadyň agyr düşýändigini aňdy. Onsoň mugallym ýuwdundy-da, ýasama ýylgyrdy, şonda çep gözünden ýekeje gözýaş dönüklerçe syrylyp aşak gaýtdy.
“ Ol uzyn boýly, garaýagyz oglan ekeni. Töweregime gelip: “ Siz maňa bir zat diýdiňizmi?” diýip sorady. Men geň galan kişi bolup kellämi yraladym. Ol tasdanam yzyna öwrülip, ýene öňki ýerine baryp durýardy. Hakyky paňkelle – diýip, birden jak-jaklap gülende, gujagyndaky gyzjagazam oňa goşulyşdy. “Paňkeýýe, paňkeýýe” diýip gaýtalady. “ Siz maňa garaşýaňyz! “ diýip, yzyndan gygyryp aýtdym. “ Men? Size garaşýanmy? “ diýip, ol Amerikany açan ýaly haýran galdy. “ Hawa, maňa garaşýaňyz. Ýa, siz Mekan dälmi?” diýenimde, onuň başga biri bolup çykmaga gorkan bolmagy mümkin. “ Mekan, Mekan” – diýip, ol öz ýanyndan bir zatlar samyrdady. “ Mekan bolsaňyz, menem Güljahan “ – diýip, ýüzümi torsardyp jogap berdim. Dogry-da, meniň oňa Günüň aşagynda, tanar diýen umyt bilen garaşanym-garaşanym, ol bolsa kime garaşýandygynam bilenok. Üstesine, tanamandygy üçin ötünjem soramady” – diýip, Güljahan mugallym şo wagtky gaty görmesi henizem gutarmadyk ýaly öýkeli gepledi. “ Onuň şo pursat aljyraýşyny bir görsediň, baý, gozgalaň tapd-ow ýigidimiz. Duşuşyp duran ýerimiz köçäniň ugrudy. Onsoň uly ýük maşynlarynyň kiçiräk takyra girenlerinde, çykarýan sesinden ýaňa adymy eşitmedik bolmagam mümkin” – diýende, gyzjagaz ýene egnaşyr mugallymyna äňetdi:
- Kimiň?
Güljahan mugallym birbada näme diýjegini bilmän, gözüni tegeledi. Soňundanam “ Mekanyň” diýip, düşnükli edip aýtdy. Gyzjagazy mugallymyň gujagynda oturmak ýadadan borly ýa-da onuň yssydan ýaňa demliginiň daralyp başlan bolmagam mümkin, ol şobada mugallymyň gujagyndan boşady-da, gyzjagazlar tarapa elini uzatdy. Mugallymyň ilkinji duşuşyk baradaky ýatlamalary şeýleräk tamamlandy, ýöne ol diňe gyzjagaz üçin tamamlandy. Aslynda, Güljahan mugallym özünden bir ýaş uly, garaýagyz ýigide bolan söýgüsini bir minudam unutmaýardy. Ol soňky wagtlar çagalaryň garagolyna gaharlanybam bilenokdy, birden gaty-gaýrym söz aýdaýsa, söýgüli ýigidi görüp, ondan göwni geçäýjek ýaly, ýaňy bir käýýäp başlanyndan, şo ýigit ýadyna düşýärdi-de, tapba saklanýardy. Şular ýaly aljyraňňy durmuşynyň başga haýsy wagtda bolandygy onuň ýadyna düşenok, ýöne şol aljyradan ýerleri bolandyr diýilýän çagalykda-da ol oturanlaryň öňüne bir nahary iki gezek çeken däldir, suwly bedräni hapa atylýan bedre bilen çalşan däldir, iň beterem synpdaky ähli oglanjyklaryň ady Mekan bolan däldir. Ýöne Güljahan mugallym örän owadan gyz. “Adamyň gözi owadan bolsa, ýüzem owadan bolarmyş” diýilýän gürrüň çyn bolmaly. Güljahan mugallymyň gara gözleri göreni jadylap goýaýýar. Ýigitler onuň gözlerini şadyýandygy üçin, joralary garagoldygy üçin, zenanlar dözümsizligi üçin, ulular bolsa paýhaslydygy üçin söýýärler. Köçeden ýöräp barýan wagty beýlekilerde diňe gowy duýgulary galdyryp bilýän zenanlar seýrek bolmaly. Güljahanam şolaryň hemmeler tarapyndan biragyzdan ykrar edilenleriniň biri. Ol ulugyzlara toý we maşgala durmuşyny ýatlatsa, ýaş gelinlere gyzlyk döwrüni ýatladýar. Güljahan mugallymyňky ýaly geýinmek käbir gyzlaryň daşyndan, käbiriniň bolsa içinden arzuw edýän zady. Onuň köýnegini haýsy biçüwde tikdirendigi baryp mekdep döwründen bäri gyzlaryň başy çatyşsa, hökman ara alyp maslahatlaşýan meselesine öwrülip gitdi. Ol haýran galaýmaly ýagdaýda haýsy reňkiň ýörgünli boljakdygyny illerden öň bilýär, bilýär-de, şol reňkde üýtgeşik biçüwli köýnek tikdirýär. Onuň tikinýän her bir köýneginden nähilidir bir milli öwüşgini tapmak mümkin. Daşary ýurt biçüwini milli egin – eşiklerimiz bilen utgaşdyryp bilýändigi ony beýleki zenanlardan ep-esli tapawutlandyrýar. Göräýmäge, millilik ýokundysy bolmadyk ýakasy tegelek açylan uzyn köýnekdir welin, ýeňlerine keseligine örülen alaja aýlanandyr. Hiç kimiňkä meňzemeýän nysaklary gepinde – sözünde üýtgeşik adalgalar bolmadyk bu gyzyň özüniň oýlap tapýandygyna ynanmak birbada kyn düşýär. Ýöne gürleşdigiňçe, onuň mylaýym sesiniň aňyrsyndaky duýgurlyk, sada sözleriniň aňyrsyndaky sowatlylyk äşgär bolýar. Ol kem – kemden görke girýän, barha lowurdaýan göwher ýaly akylyňy haýran edýär. Şonda onuň jadyly gözleriniň dowamy bolan jadyly gülküsi eşidiläýse dagy, gahary gelip duranam köşeşiberýär. Şeýle hazynanyň eýesi bolmaly, Güljahan mugallymdan bir ýaş uly, garaýagyz ýigide gözi gitmeýän az – azdyr. Asla, şo ýigit nireden peýda boldy diýsene?! Aýdylýan gürrüňlere görä-hä, ol başga welaýatdan bolmaly ýa-da goňşy şäherden, käbir gürrüňlerde goňşy obadanam bolup çykýar. Ol bir-de Güljahan mugallymlaryň öz garyndaşy, bir-de goňşularynyň salgy bereni, bir-de ejesiniň jorasynyň ýekeje ogly, birde-de telefon üsti bilen tapylan ýigit. Ýöne Güljahan mugallymyň telefon, internet bilen kän ugrunyň ýokdugyny bilýänler soňky gürrüňi barypýatan jypdyrma hasap edýärler. Onuň kimlerden we haçan, haýsy sebäbe görä peýda bolandygy barada Güljahan mugallymyň özünden beter köp pikir edýändikleri welin mese – mälim. Ýigidiň ýüzüni bir gezek görmedik adamlaryň ony dünýädäki iň ajaýyp oglan hasap edip ýörenem, gawunyň gowusyny iýýän şagal hasap edip ýörenem bar. Ýigit bilen gyzyň toýdan öň görşüp ýörmeýändigi üçin Güljahan mugallym ony beýlekilere görkezip bilenok. “Özüňiz bir görüşýäňizmi?” diýen soraga-da diňe ýylgyryp oňaýýar. Özleri welin, hakykatdanam, görüşýärler. Onda-da her gün diýen ýaly toý baradaky süýji arzuwlaryny eşidip, ýeke – täk nikalaşdyryja öwrülip giden suw çüwdüriminiň öňünde görüşýärler. Suwuň töweregi bolany üçin çyglydan sergin öwüsýän howadan gapdal gyradaky ýaşyl otlaryň, kiçijek gurbagalaryň hem-de batgalygyň ysy bilen birlikde erkek adamlaryň sepinýän atyrynyň ysy gelýär. Güljahan mugallymyň bu tanyş ysa ýüregi bökýär. Pökgüje dodaklary bolsa ýylgyrjagynam bilenok, ýylgyrmajagynam. “Geldi!” Şujagaz jümle aňyna dolan badyna suw çüwdürimi birden asmana galýar-da, ýokarda ýeňiljek tans edip, ýene aşak inýär. Onsoň hereketleriň däl-de, diňe sesleriň dünýäsi başlanýar. Onsoň ähli zatlar adamlar bilen birlikde nirädir bir ýere gürüm-jürüm bolýarlar-da, töwerekde diňe Güljahan mugallym bilen ondan bir ýaş uly, garaýagyz ýigit galýar. Olar şo pursat hemişelik surata düşýän ýaly birsalym geplemän durdular. Soňundan:
- Salam, Güljahan! – diýip, ýigit şadyýan seslendi. Şondan soň gapdaldaky suw çüwdüriminiň pagşyldysy eşidildi, kimdir biri uzyn sykylyk atdy, maşynlaryň dynuwsyz signal sesleri gaýtalandy. Güljahan mugallymyň gözüniň alnyndan iki sany – biri kelteräk, biri uzynrak garalar geçip gitdi. Ol ýigide däl-de, öz-özüne salam berýän ýaly ýuwaş gepledi. Onsoň hal – ahwal soraşdylar. Ýöne soraýanam, jogap berýänem näme gepleýänini oňly aňşyranokdy. Diňe endik boýunça jogabyň gutaran ýerinde saklanýardylar. Asman bolsa gara ýapynjasyny atyndy-da, aşyk – magşuklaryň ýüzlerini şöhlelendirer ýaly, Aýy orta çykardy. Sergin şemal Güljahan mugallymyň ak ýüzüne düşýän zülplerini gozgady. Gyjygy tutan gyz zülplerini gulagynyň deňine ýetirmek üçin elini galdyranda, ak goşaryndan dözümli tutuldy. Ol häzir ýigidiň özüne ýakynlaşjakdygyny, onuň atyr ysy garyşyk gelýän deminde erejekdigini syzýardy. Oňa goşarynyň goýberilmän, edil burça gabalan ýaly daşynyň alynjakdygam, ýakynlaşdyklarysaýy berk gysylýan eliniň ýeňiljek agyryp, bedenine ýaýrajakdygam ýaraýardy. Basymrak şol lezzetli agyryny başdan geçirmek üçin gowşak garşylyk görkezen bolýardy. Iki aýagynyň üstünde durmaga ysgyny galmadyk beden eräp ýetişmänkä, ýigit ony gujagyna garbap aldy. Olar şeýdip eslije wagt duranlaryndan soň, çaltlyk bilen hoşlaşdylar. Aýdylmaly täzelikler eýýäm, kim bilýär, nirelere ýeten aşyk ýigidiň yzyndan gitdi. Aýdylmaly süýji wadalar henizem duşuşygyň täsirinden çykybilmeýän gyzy öýlerine çenli ugratdy. Hawa, söýgi duşuşyklarynda aýdylan sözler, umuman, az ýadyňda galýar. Ýöne öýe baran dessine söýýän ýigidi bilen habarlaşmalydygy Güljahan mugallymyň ýadynda. Olar ýarygijä çenli duşuşykda aýdyp ýetişmedik täzelikleri barada gürleşerler. Geljekki är – aýal durmuşynda ýüze çykaýjak wakalaryň käbirini göz öňüne getirip gülşerler. Çagalar baradaky göwün ýüwürtmeler Güljahan mugallymyň iň söýgüli bölegi. Ol şonda köplenç dymýar. Eger telefonuň aňyrsyndan adamyň ýüzüni görüp bolýan bolsa, onuň näme üçin dymýandygam düşnükli bolardy. Şonda Güljahan mugallymyň gyzaran ýüzüni görerdiler, haýaljak urýan ýüreginiň kapasa salnan kepderi ýaly gürsüldeýşini eşiderdiler. Ýigidiň “Iň azyndan bäş sany çagamyz bolsun!” diýýän ýerinde näzijek ýylgyrşynyň şaýady bolardylar. Güljahan mugallymyň söýüşýän günleri, ine, şular ýaly tertipde geçip dur. Olar ýüzlerçe bolsa-da, edil bir gün ýaly, hemmesi birmeňzeş günleri biri – birinden aňsat tapawutlandyryp bolanok. Ertirlik, iş, duşuşyk, agşamky söýgi söhbetleri we ýene bir zat. Özem şol bir zat soňky bir aýyň dowamynda söýgi söhbetlerinden soň başlaýar. Ýap-ýaňyragam sagatlarça söýgüli ýigidi bilen gepleşen gyz oňa “Gijäň rahat bolsun!” diýmek üçin täzeden jaň etdi. Haýran galaýmaly, her gezek ýigidine şular ýaly adaty zatjagazy aýtmak üçin jaň edýän bolsa-da, ýüregi ýerinden gopaýjak bolýar. “Telefonuň abonenti öçürilendir...” diýen habara düşünýänçä, şo habary operator gyz eýýäm üç dilde dagy aýdyp bolandyr. Ol gulaklaryna ynanman, gaýtadan söýgüli ýigidiniň belgisine aýlaýar. Güljahan mugallymyň jaň etmäge başlandygyny bilen ýaly operator gyzam bu gezek wagty bilen jogap berenok. Halys gününe goýulmajagyny bilensoň, ýene “Telefonuň abonenti öçürilendir” diýen habar eşidilýär. Onsoň üçünji gezek, soň dördünji gezek... Şeýde – şeýde bu ýagdaý onuň ýadan elleri ysgynsyz ýere sallanýança dowam edýär. Şondan soň telefon gyzyň ýüregi bilen birlikde gaty betonyň üstüne gaçýar-da pytrap gidýär. Ol aýak üstünde durubilmän, ýere çöküp, telefonunyň pytran böleklerini ýygnamak isleýär. Gözüniň öňüni tutan gözýaşlary onuň wagty bilen bu işi amala aşyrmagyna päsgelçilik döredýäni sebäpli, eslije wagtlap sowuk betony sermeläp oturýar. Güljahan mugallym soňundan telefonuny ýygnaram, wagtyny – sagadynam düzeder. Aglandygyny bildirmezlik üçin ýüzünem ýuwar, dişlenmekden ýaňa çalaja oýuk gan bolup duran dodaklaram öňki tabyna geler. Gözlerindäki gamgynlygy bolsa, gijäň bir ýarymynda görüp duran barmy?! Onuň gursagyny ýaryp gelýän nämälim hasratyny aňyp duran barmy?! Ol häzir, barybir, ýer titremäniň aşagynda galyp, kül owram bolan süňkleri bilen zordan gymyldaýan adam ýaly ýuwaş ädimläp, düşegine geçýär ahyryn. Düşegine geçensoň, ýaňy dem almaga öwrenşen çaga ýaly ilki ýuwaşrak, soň biraz ulurak, onsoň uludan dem alýar ahyryn. Aşyk – magşuklaryň ýüzlerini ýagtyltmaly Aý Güljahan mugallyma bolan duýgudaşlykdan ýaňa ýukalyp-ýukalyp, ýitip gider-de, gözüňi deşip, ysgynyňy alyp gelýän Gün çykar. Günüň şeýle tiz gyzmagy diňe tomsuna bolup geçýän hadysadyr, gyzýar-da daş-töwerekdäki ähli zatlary erediberýär. Özem rentgen şöhleleri ýaly içinden geçmeýän zady ýok. Ýörite Günüň dogýan ýerine bakdyrylyp goýlan iki sany penjire hakda-ha aýdybam oturmaly däl. Şol penjireler aňry ýüzünde uklap ýatan ýigrimi ýaşlaryndaky gyzy daşarky dünýä bilen hem aýrylyşdyrýar, hem görüşdirýär.

Bägül ATAÝEWA.

"Garagum" žurnaly, noýabr 2018 ý.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 111 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
Bu hekaya 2018 noyabr Garagum zurnalynda çap boldy

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gaty gowja hekaýa.Zenan ýüreginiñ açylyşy.Okap oturkañ ýylgyryp oturýañ :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]