22:37
«Gatnaşyklaryň aýnasy» usuly
«GATNAŞYKLARYÑ AÝNASY» USULY

“Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary” atly makalalar toplumyndan

Siz, köplenç, kime: öz dostuňyza ýa-da halamaýan adamyňyza bakyp ýagşy niýet bilen ýakymly ýylgyrýarsyňyz? Elbetde, dostuňyza bakyp şeýle ýylgyrýansyňyz. Siziň şahsy tejribäňiz ýüzüňiziň mähirli we ýakymly bolmagy, mylaýym ýylgyrşyňyz adamlarda biygtyýar sizi görmäge höwes döredýändigini görkezýär.
Bu özüňe çekmäniň nähili psihologik usuly bar?
Adamlaryň köp bölegi halamaýan adamlaryna däl-de, öz dostlaryna tüýs ýürekden we hoşniýetli ýylgyryp bakýarlar.
Eger adamyň siziň bilen aragatnaşykda ýüzi mylaýym we ýakymly, ýylgyryşy açyk bolsa, bu, köplenç:
«Men – siziň dostuňyz» diýen duýduryşdyr.
Dost bu sözüň göni manysynda biziň üçin haýsy-da bolsa bir ähmiýetli meseleler boýunça pikirdeşimizdir.
Adamyň esasy islegleriniň biri howpsuzlyk, goraglylyk babatdaky islegidir. Hut dostumyz şol goraglylygy ýokarlandyrýar, ýagny biziň örän möhüm isleglerimiziň birini kanagatlandyrýar.
Oňyn (oňat) duýgular adamda kanagatlanmak duýgusyny oýarýar.
Adam hemişe özünde oňat duýgulary döredýän adama (zada) tarap ymtylýar.
Eger kimdir biri oňat duýgulary döredýän bolsa, ol, islese-islemese, attraksiýany emele getirýändir.
Görkezilen usulyň täsiriniň biziň hyzmatdaşymyzyň bu oňat duýgulary isleýändigine ýa-da islemeýändigine bagly däldigini bellemek gerek. Bu usuly kimiň ulanjakdygy möhümdir. Siz bu zerur bolanda ýylgyrmagy başarýarsyňyzmy? Şeýle zerurlyk söhbetdeşimizde oňat duýgulary döretmek, onda özümiz barada oňat garaýşy emele getirmek gerek bolanda ýüze çykýar. Bu onuň siziň garaýşyňyzy goldamagy, buýrugyňyzy ýa-da haýyşyňyzy zor bilen däl-de, meýletin ýerine ýetirmegi üçin zerurdyr. Bu hemişe-de zerurdyr. Biziň gatnaşygymyzda çalaja ýylgyryş hem açyk, ýakymly, hem hoşniýetli, hem makullaýjy, hem duýgudaşlyk bildirýän ýylgyryşdyr. Eger size «buýurma boýunça» ýylgyrmak kyn bolsa, onda size ilkibaşda öýde ýeke özüňizkäňiz aýna bakyp, öz keşbiňizi synlap ýylgyrmagy öwrenmegi teklip edýäris.
Ýolbaşçylaryň söz gorunda tabynlygyndaky işgärleriň artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny (belli bir derejede ulaldyp hem bolsa) görkezýän ýakymly sözler seýrek duşýar. Bu näme bilen düşündirilýär?
Öwgüli, hoşamaý sözler söhbetdeşimiziň özünde görmek isleýän artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny az-kem ulaldyp görkezmek üçin ulanylýan sözlerdir. Şu manyda biz öwgüli, hoşamaý sözlere işewürlik aragatnaşyklarynda attraksiýany emele getirmegiň usullarynyň biri hökmünde garaýarys.

Babahan Aganazarowiç BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog.
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Babahan Berdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]