16:24
12 самых красивых и востребованных актрис Центральной Азии
12 САМЫХ КРАСИВЫХ И ВОСТРЕБОВАННЫХ АКТРИС ЦЕНТРАЛЬНОЙ АЗИИ

Восхищать своей красотой и талантом могут не только голливудские актрисы.
Автор предлагает вам подборку из 12 по-настоящему талантливых и востребованных актрис Центральной Азии.


№ 1. Асель Сагатова (Казахстан)



Казахская актриса и модель. В ее активе фильмы: «Плач матери о манкурте», «Меч Махамбета», «Красная полынь», «Рэкетир», «Сердцеедки», «Прыжок Афалины», «Ирония любви», «Охота за призраком», «Подружки», «Ход Конём», «Рэкетир-2».
Замужем, растит сына.

№ 2. Алия Телебарисова (Казахстан)



Дебютировала в телесериале «Агайынды» («Братья»). Сыграла также в «Жаужурек мын бала», «Жас Улан» и др. Всего около 10 киноработ.
Последняя самая известная роль – главная героиня в фильме казахского режиссера Ильхама Джалилова «Приключения дочери Чингисхана».

№ 3. Асель Садвакасова (Казахстан)



Казахстанская актриса театра и кино, телеведущая, продюсер. Известна по ролям в фильмах «Саранча», «Астана – любовь моя», «Подарок Сталину», «Одноклассники», «5 причин не влюбиться в казаха» и другие.
В качестве продюсера выступала в фильмах «Келинка тоже человек», «Жена не стена», «Семьянин».

№ 4. Айгерим Назар (Кыргызстан)



Модель, актриса, общественный деятель, а по основной специальности – следователь. Большую популярность получила после съемок в кыргызском сериале «Камень, ножницы, бумага». Кроме того, на счету у Айгерим съемки в клипах звезд кыргызского шоу-бизнеса.

№ 5. Элина Абай кызы (Кыргызстан)


Дебютная роль, которая сразу принесла известность, в фильме «Боз Салкын». Элина снималась в фильмах «Как выйти замуж за Гу Чжун Пе», «Гаишники», «Влюбленный вор».
Одна из последних нашумевших ролей стала главная роль в картине Эрнеста Абдыжапарова – «Курманджан Датка. Королева гор».

№ 6. Мээрим Атантаева (Кыргызстан)



Кыргызская актриса и модель. Снималась в фильмах «Мунабия», «Курут», «Страшно красивый», «Умут шооласы».
В 2017 году была признана лучшей моделью Центральной Азии.

№ 7. Ситора Фармонова (Узбекистан)



Узбекская актриса, модель, телеведущая. Постоянная участница команды КВН «Азия MIX». Известна также по ролям в сериале «Общага», фильмах «Байконур», «Мой брат — холостяк».

№ 8. Дилноза Кубаева (Узбекистан)



Узбекская актриса, на счету которой съемки более чем в 20 фильмах. Первая ее роль — в фильме 2005 года «Приезжий жених».
После были фильмы «Барон», «Кара», «Мой ребенок» и другие.

№ 9. Зарина Низомиддинова (Узбекистан)



Одна из самых популярных актрис узбекского кино. Из-за выдающихся форм на родине ее называют «узбекской Ким Кардашьян».
Сыграла роли в таких фильмах, как «Я звезда», «Прошу, посмотрите на меня», «Скромная девушка», «Дядя», «Современные сваты» и т.д.

№ 10. Тахмина Раджабова (Таджикистан)



Таджикская актриса, телеведущая, снялась в 30 фильмах. Для роли в фильме «Двенадцать лет ожидания» за два месяца похудела почти на 10 кг, а потом вновь поправилась.
Известность ей принесли фильмы «Планета меняет цвет», «Один день весны», «Желание жить» и другие.

№ 11. Саера Сафари (Таджикистан)



Таджикская актриса, которая получила огромную популярность не только у себя на родине, но и за рубежом. Ее партнерами по съемочной площадке были российские актеры Егор Бероев, Наталья Рудова и другие.
Снималась в таких фильмах, как «Салам, Масква», «Без границ», «В ожидании моря» и другие.

№ 12. Нодира Мазитова (Таджикистан)


Мисс – Таджикистан 2016, актриса и модель. Известность получила, снявшись в фильме «Sex и философия».

Алёна ПОСТЕЛЬНЯК.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 148 | Добавил: Nurdan | Теги: Alýona Postelnýak | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 37
0
36 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Serdar aga,şony "koroldan beter korolçy" diýip ulansak bolýarmy?Durnukly söz düzümi bolansoñ başga dile terjime edeñde manysy ýitäýjek ýaly.Dogrusy,türkçe ulananyma bimaza boldum azajyk.

0
37 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, bu jümle barada Internet akga şeýle belleýär:
Fransuz ýazyjysy Fransua Rene Şatobrian (1768-1848) özüniň 1816-njy ýylda ýazylan "Hartiýa laýyk Monarhiýa" atly pamfletinde bu jümläniň Fransiýada korol Lýudowik XVI (1774-1793) tarapyndan "Etreplus royaliste que le roi (ýa-da ...que le roi-méme)" - "Korolyň özünden beter roýalist (monarhist) boljak bolmaly däl" diýen görnüşde aýdylandygyny ýazypdyr.

Çeşmesi:https://dslov.ru/pos/p230.htm. 29.06.2021ý.

0
35 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@myhman :-).Köşeşdik dogan :-)

0
34 myhman   [Mowzuga geç]
agalar, uýalar, ýeňňeler,

biraz köşeşeliň, uludan demimizi alalyň, sowuk suw owurtlalyň.

suratdaky gyzlar owadan. söz ýok.
öňem bir tilkiň "turşudyr" diýşi ýaly etmegem dogry däl;
ýa özüňkini gowy görkezjek bolup, iliňkini pese düşürmegem dogry däl.
bizde-de owadan gyzlar juda kän. hatda seresap bolmasaň, ýoldan çykarjaklar (rolda bolsaň ýanýodalara seredip ünsüňi bölmeli däl diýjek bolýan, ters düşünmäň :-)).

umuman, dünýäň hemme ýerindäki gyzlar owadan. ýöne biz öz Leýlimiziň Mežnuny. Leýlä-de Mežnunyň gözi bilen seretmeli.
näme diýýäler "görk - 10, 9-y - don" diýýälermi!? indi-hä, çişik bolmasa, makýaž bilen surat ýaly edýäler.

şol 12-iň içinde näme üçin bir türkmeniň ýokdugy hakynda, şoňa sebäp bolan zat hakynda, oňa-da sebäp bolýan zat hakynda... elbetde, herkimem azda-kände bilýämikä diýýän. menem "şolaň içinde ýekeje-de türkmen ýok" diýemde, şo zatlary bilýädim. aslynda şoňüçinem diýdim.

0
33 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Suratlara seretseñ-ä bulañ hijisinde-de üýtgeşik jadylaýjy gözellik ýok(türkmen gyzlarynyñ haýsyny alsañam şulardan kem ýeri ýok)Bulara suratdaky keşbi boýunça däl-de kinolarda döreden keşplerinde görkezen ussatlygna seredip baha bermeli(berendirler).

0
31 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Hakykatdanam häzirki döwürde pikirleriñ üýtgäp bilýändigine her kimiñ öz pikriniñ özi üçin dogrudygyna garamazdan "meñki dogryçylar" "akyl satýan,gerekmi?"diýýänler gün-günden artýar.
"Kraldan çok kralcılaram" ûstüne.Nobatguly agañ Osman Öde bilen söhbetdeşliginde aýdan sözi ýadyma düşdi.Biri "saña akyl bereýin" diýse "aý pylan däde gowsy sen maña aýlyga çenli 5 manat pul karz ber" diýýän diýipdi pahyr.(ýatan ýeri ýagty bolsun).Elbetde sözme söz aýdamok.
Aý nätjek,öz ýûzüñe aýna tutmagam hemme kişiñ başarjak zady däl.Dileg edeliñ,ykbal bu ýaramaz gylyklarymyzyñ ýalñyşlygyny bize ýowuz sapaklary bilen öwretmesin!

0
32 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Kraldan çok kralcı" - "Koroldan beter korolçy" ýa-da "Более роялист чем король" gowy aforizm ekeni.

0
30 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
23nji teswire jogap.Hyýalkeşä ulanyjylardan myhmanlar kop mydamada şu saytda gaharlanmañ geregi yok.
Duşündirip bildimmi egindeş...
Sen gaytadan 30njy teswiri okay

0
28 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Isle bärden gaýtsyn, isle añyrsyndan seretsin, pikrimi aýdyp galaýyn.

1
29 Haweran   [Mowzuga geç]
Pikir diýeniñ gyşaranyny duýsa (duýdursalar), bärden gaýtsa (ýa añyrdan seretse) we muny özi duýsa (nädogry pikire uýup, nädogrydygynam bilmän geçip gitmekden uly betbagtlyk ýok bolsa gerek dünýäde) dogry pikiri kimden çykandygyna garamazdan, oña gol ýapmagy herkes oñarmaýar. Bu bir senetdir. Inçe senet...
Biz-ä başardygymyzdan käbir zatlar barada pikirimizi aýdanymyzda, munuñ ýalñyşdygyny düşündirip, dogry pikire yş açyp berseler, şol duran ýerimizde nädogry pikirimizi aýak astyna alyp, yşa tarap ýöränimizi kem göremzok. (Bu öz pikiriñ yzynda dogrudygyna ýa ýalñyşdygyna garamazdan durup bilmezlikdir, yrgalykdyr öýdemok).
Adamyñ pikirem, sözem üýtgäp durýan zat (adatça adamyñ her dört-bäş ýyldan öñki edýän pikirinden başgaça pikirlenýändigi aýdylýar). Bir üýtgewsiz (üýtgemän gelen we soñam üýtgemän galjak), ýalñyşsyz zat, söz - Allanyñ sözi, Kurandyr.
Hemme ýerde hemme zat barada pikiriñi aýtjak bolup ýörmän, ilki meseläni hemmetaraplaýyn öwrenip, soñ pozitiw pikiriñi beýan etmeli. Bugünki dogry hasap edip aýdan pikirimiz ertir ýalñyşam bolup bilýär, hiç hili gymmaty ýogam bolup biler ýa-da kimdir biriniñ göwnüne degibem bilýäñ.
Adamyñ pikiri üýtgäp durmaly, täzelenip durmaly. Aslynda biziñ hemme görýän-eşidýän zatlarymyz, okaýan kitaplarymyz öñki kem pikirimiziñ üstüni dolýar ýa-da nädogry (köne) pikirimizi "dogrulaýar" - täzeleýär. Şoñ ü.n howlukmaly däl, "7 ölçäp 1 kesmeli", ýa-da Kerim şahyrçalap aýdanda "1000 setir okap 1 setir" galdyrmaly :) Bizem muny ýalñyşa-ýalñyşa öwrendik (öwrenip soñuna çykma ýok, häzirem öwrenip ýörüs, ölýänçä öwrenip ýörmeli).

1
27 Revo   [Mowzuga geç]
Indi, türkmen kinogärçilerine, bütündünýä kino älemler saçagynda, dadymlyk gury çöregem galmadymyka diýýärin. Gowy senariýa tapsalaram, gowy artist ýetişdirselerem, iň soňky tehnologiýalaryň kömegi bilen kinolaryny surata çekselerem, ýene-de daşary ýurt kinosöýijileri tarapyndan, türkmen kinosyny goldanam, görenem tapylmaz. Sebäbi, bütündünýä kino äleminde - türkmen kinosy diýen kategoriýa ýok. Her bir kinonam bütündünýä kino muşdaklarysyz göz öňüne getirmek mümkün däl. Birwagtky, bütündünýä kino älemine ýolsyz ýerden ýol ýasan, Alty Garlynyň ýodasy dowam etdirilen bolsa, onda, kino äleminde biz ýada bizden soňky nesillerimiziň birzatlar gazanmagam ahmaldy...

-1
25 gomulgen   [Mowzuga geç]
Taak
1nji kel
2njiñ dishi bolmalysyndan öte sary
3nji çişik
4nji tüylek
5nji wäşş
6njy hargulak
7njiñ yüzünden 3 çorba çykya
8nji stilistini çalyşmaly
9nja pagta yygdyrmaly
10nja banya gerek
11nji äñini plastiki operasiya etdirmeli
12njä-de banya zyyan etmez

0
24 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Men ä hudaýlygymy sözleýän soñky döwûrde gören kinolarmyñ (agyz dolduryp gördüm diýer ýaly känem dälle welin) ählisiniñ soñundan geçýän haty okaýan.Biziñ kinolarymyzyñ senarýasynyñ şu wagta çenli üns berenlerimde-hä Myrat Hudaýgula degişlidigini görýän.Ýalñyşmasam öñler (aýatda diri wagty) Nobatguly aga "iñ köp gapysy kakylýan" senarist bolupdyr öýdýän.
Galyberse-de ýazylan esere okyjy hökmünde baha berip bolşy ýalşy görlen kino da tomaşaçy hökmünde baha berip bolar,deñeşdiribem bolar.

-1
26 Haweran   [Mowzuga geç]
Baha beribem, deñeşdiribem bilmersiñiz. Barybir bärden gaýdar, birtaraplaýyn bolar.

0
22 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Kinomy? Bizde kino barmy?
Her täze ýylda bir uly göwrümli, telewizora niýetlenen "kino" çykaryp, oña-da "hemme zat gülala-güllük" senarýa ýazyp, tas ähli rollarda diýen ýaly mimikasynam oýnadyp bilmän agaç ýaly sömelip duran "meşhur" bagşylaryny oýnadýan milletiñ owadan zenan aktrisalarynyñ dünýä çykmagyna garaşmak aşa arzuwçyllyk dälmi?! Güldürmäñ meni. Wiý, bagyşlañ soñky döwür 8-nji martda da kino çykaryp başladyg-a :)

0
23 Haweran   [Mowzuga geç]
Kinony we teatry "ýepbeklemeli" bolsa, menem öñ adama ýeñ beremokdym. Daşyndan bir zat diýmek añsat, at dakmak añsat, "iliñki şeýle, biziñki beýle" diýmek añsat... Islendik meselede-de şeýle.
Bu sektorda işläp ýörenler biler nämäñ nämedigini... Ýüküni çekmedik bilmez. Bize galmandyr. Her kim öz akylynyñ kesjek zady barada, öz ezberlän ugry boýunça gürlese gowy bor. Kim kinoindustriýany bilýär, kim artist professional hünär derejesini gündelik ýokarlandyryp durmasa (günde teatrda, kinostudiýada bolup, janlandyrýan keşbiniñ üstünde, pul gazanýan käriniñ üstünde, öz üstünde işläp durmasa... (jemgyýetçilik işleri b.n, köpçülikleýin-medeni çäreler b.n ol pahyrlara bu zatlar boýunça işlemäge maý barmy, mümkinçikik barmy näme) aktýorlyk hünäriniñ öz-özünden pese düşýändigini bilýär, kim kino düşürmek ýa-da spektakl goýmak ü.n näçe pul gerekdigini (ýa-da şo puly berýälermi, nirden almaly, berläýende, ortarada film düşürlip gutarýança "ogurlanman", oñ-muñ jübüsine girmän sarp edilýärmi), näçe serişde, nähili egin-eşikler, tehnika, enjamlar, tükeniksiz sabyr-takat, ýadawsyz zähmet gerekdigini bilýär? Bilemzok gerek? (Baýbaýoow). Ýa-da filmden geljek girdeji çykarlan çykdajyny ödeýärmi? Girdeji bir edip bilýärmi? Bolanda kimleriñ jübüsine girmeli? Girdeji getirmeýän, daşary ýurt tw-lary, kinoteatrlary tarapyndan satyn alnar ýaly etmek üçin kino we teatr sektoryny häkimiýetiñ "nogtasyndan" aýyrsañ gowumy ýa öz erkine goýberip kommersiýa etmelimi? Kommersiýa edeñde özlerini özleri ekläp biljekmi? Baýlara, pulmesilere-hä edebiýatyñam, sungatyñam-kinoñam geregi ýok, garyplaram näme 10 manada teatra bilet almaga dözmeýän (ony alandan bir kile kartoşka alany gowy) garyp görgüli kino görmäge teatra geler öýdýäñizmi? Gelmäge wagty bir barmy olañ, ertirden-agşama gara güzeranyñ ugrunda...
Doly erkinlik berip islän kişi islän kinosyny çykarsyn, islän teatr islän oýnuny goýsun diýlende, halkyñ göwnünden turýan, halkyñ agysyny aglap biljek kinodyr sahna eserlerini döredip biljeklermi beri? Ýa "it eýesini pişik bikesini tanaman" oturjaklarmy... Belli däl.
Iñ bärkisi, islendik bir kino görenimizde, film gutaranda soñundaky ýazgylary okaýanymyz näçe? Filmi kim goýupdyr? Kim senarisini ýazypdyr, kim prodýuseri, kim operator, kim baş rolda-kim epizodda, kim kinoçylaryñ çaýyny gaýnadypdyr? Kim azap edipdir, kim azap etmän gapdalda durup kölege sowadypdyr? Kim janygyp oýnanda gadry bilnipdir ýa-da ýokarda bir teswirçiñ aýdyşy ýaly ýüzüniñ mimikasynam üýtgedip bilmeýän birini (jañ b.n we ş.m) getirip kime "oýnat" diýildi? Eger-eger okamarysam, bilmerisem. "Gerekmi beri.." diýeris köpümiz... Film gutardygy başga kanala geçip gidýäs.
Şoñ ýaly-da bar zat...

1
20 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Düşünmez ýaly zat ýok. Hemme zat ýönekeý:
Biziň türkmen halkymyz gyz-gelnini (namysyny) özüniň göwher monjugyndan-da zyýat hasaplap gizläp goýýar. Olary (ýa gözelligini) köpçülige görkezmek nämä gerek :-)

2
21 Nurdan   [Mowzuga geç]
Iñ gowy çykalga şu teswir bolaýmasa D))

0
17 Nurdan   [Mowzuga geç]
Iñ ýönekeýje mysal: mundan iki-üç ýyl öñ Züleýha Kakaýewanyñ "Bilezlik" aýdymy festiwalda çykyş edeninde uly meşhurlyk gazanyp abyraý getiripdi. Diýmek, biziñ Kino sungatymyzda ýetmeýän zat aktrisa däl-de başga päsgelçilikler bara meñzeýar,

1
16 Nurdan   [Mowzuga geç]
Bizde oýnatmaga rol ynanyp, taýynlap bilseñ hat-da, şundaky 12-nji nomerda durana gaýra, dur diýdirjek aktrisalarmyz, mümkinçiliklerimiz bar ýalam welin, Emma batyrgaý, täzeçillik getirip biljek, dünýä derejesinde aýgytly ädim ädip biläýjek ýürekli režissýorlar gytlyk edýärmika diýdirýär

0
18 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Olaryňkam düşnükli bolaýmasa.. Metjitde juma günleri ymamlaryň meýilnama boýunça wagyz edişleri ýaly, olara-da "şuny görkeziň, muny aýyryň" diýip guýulýandyr-da.

1
19 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Dark-Wolf, Umuman-a siziñ aýdyşyñyz iñ dogrysy ýaly. .

3
13 mango   [Mowzuga geç]
kino gyt.
artist gyt.
çilim gyt.
mahorka bol.
osoň gazede mahorka dolap, tüsseläp oturmaly...
ýanyp bilmeseň başga etjek zadyň ýok. :-)
ýa-da maýa aýmedowa bilen öwünmeli...
olam garrady....

1
12 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
1-nji gazak aktrissany dagy eýýämhaçan ýüzüni görenimden "hä bumy" diýipdirin. Ýogsa, meň gören kinomda baş rolda-da däldi, 3 minutlyk gysgajyk kadrda geçýärdi. Kinoň ady "Sayyan".

1
8 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Bärde türkmen aktrisalarnyň ýoklugy, türkmen kinolarynyň Aziýanyň kinoteatrlarynda (hala terjime edilip, hala terjimesiz) görkezilmezligi. Bu sanawdaky gyzlaryň bolmanda 1-2 kinosy daşary döwletlerde görülen we seslenme alanlar.
Özbek kinolary dagy gaty gowy garşylanýar. Muňa mysal edip Дилноза Кубаеваnyň surata düşen kinolaryny aýtsa bolar.

0
9 Haweran   [Mowzuga geç]
A terjime edip ile görkezer ýaly ibaly filmlerimiz (hili pes) bolmasa näme etmeli?

1
11 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Ana, dogry aýtdyň agam. Şonuň üçin tanalmaýanymyza we sanawa girip bilmeýänimizi ahmyrlyja boýun almaly.

0
15 Haweran   [Mowzuga geç]
Üns ber: zehinli aktýordyr artistlerimiziñ, režissýorlarymyzyñ, senaristlerimiziñ, operatorlarymyzyñ ýokdugyny aýdamok... Tomaşa ederlik kinolarymyzyñ ýokdugyny aýdýan... )

2
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Birinjini haladym. On ikinjini haladym. Dördünji özûne çekdi. Şony türk aktrisasy Neslihan Atagüle meñzetdim. 9-njyñ ýûzündenem beter figurasy özüne çekýär.
Tûrkmenlerde şeýle bir owadan gyzlar gelinler bar obada ýaşap gündelik hysyrdylary bilen bolup ýören. Olar özlerinde adatdan daşary owadanlyk bardyram öýdenoklar. Şeýle gyzlañ gelinleñ öñünde dyzyña çökäýesiñ gelýär.

2
4 myhman   [Mowzuga geç]
bäh, bir türkmenem ýog-aý.

merkezi aziýada bary-ýogy bäş sanyjak ýurt bar. iň owadan... 4-siniň, ýa 3-siniň biri bolmasa-da gynanjak welin, 12 içine ýekeje türkmeniň çykmazlygy hasam agyr degýä.

2
7 Haweran   [Mowzuga geç]
Dogrusyny aýtmaly bolsa, biz beýlekilere garanda daşaryk biraz ýapygrak bolanymyza we öz medeniýetimizi ýeterlik ýaýyp bilmeýänimize.. awtor türkmen aktrisalaryndan habarsyzrak bolmaly (bulam öz günämiz) Ýogsam bolmasa, Şemşat Kasymowa, Dilşat Meläýewa, düýnjik maglumaty berlen Şeýda Gurbanowa http://kitapcy.com/news/2021-06-27-16305 , Gülälek Akmyradowa, Maýa Annaýewa, Mähri Annageldiýewa, Senem Durdyýewa, Ogultäç Hanyýewa, Gözel Hajyýewa, (ýaş wagty... aý, şü iki daýza häzirem bir gyzça owadan-la!), Darýa Selýuminowa, Maýa Ýolamanowa, Adelina Nazarowa, Aýna Jumaýewa, Lýubow Ýemelýanowa, Alina Andronowa, Aýjemal Nurýagdyýewa, Şemşat Mämmedowa, Anna Hommadowa, Gülnabat Abdullaýewa, Dinara Muhtarowa, Zyýada Kakalyýewa, Abadangözel Annadurdyýewa, Oguljeren Çaryýewa, Şirin Ataýewa, Keýik Amanowa, Gülnar Orazgeldiýewa, Aýsenem Geldiýewa, Gerek Hojamämmedowa, Jemal Agamyradowa, Oguljennet Horasanlyýewa, Kümüş Annasatowa, Sülgün Täşliýewa, Aýnabat Silapowa, Selbi Babilowa, Aýjahan Berdiýewa, Maýsa Nazarowa, Nurjemal Hydyrowa, Ogulgerek Şyhyýewa, Aýtäç Mergenowa, Dilaram Nurmamedowa, Menglitäç Döwletowa, Umida Hemraýewa, Olga Wasilýewa, Gözel Annahanowa, Ogulşeker Gurbanowa, Ýazdursun Rahmanowa, Aýgül Saparowa, Aýgül Pürsiýanowa, Leýla Doulowa, Gültäç Babaýewa, Irina Ýuşina, Kristina Wsýagina, Mähri Azizowa, Selbi Şihiýewa, Ýelizaweta Şaripowa, Dursunjemal Gazakowa (kim şu sözüme ynanmasa, turkmenteatrlary.gov.tm saýtynyñ "Artistler" bölümine https://www.google.com/url?sa=....l=https girip, suratlara seredip göräýsin), başga-da kän...
Hatda görk-görmegi pesräk hasaplanylaýjak ýaş aktrisalarymyzam makaladaky kepderijikler ýaly "sypap-sermäp bezezeñ, makiýažlasañ"... şulardan pes ýagy bolmazmyka diýýän. Türkmen zenanlary tebigy taýdan alanda-da owadanlygy beýleki garyndaş halklara görä biraz öñde bolmaly.

Umuman üns gerek, ýeterlik wagyz (propoganda) gerek, serişde gerek, pul gerek...
Ýokarda ady tutulan aktrisalarymyzyñ haýsysyny alsañam, islenik bir çeper filmiñ baş gahrymanynyñ keşbinde çykyş etdirse bolar.

1
14 Nurdan   [Mowzuga geç]
@myhman, hawa, menem şoña gynandym.

2
3 meylishalyk90   [Mowzuga geç]
Mena 12-nji haladym, düşen kinosy görmekligi özine çekýär!)))

2
5 Myrat4556   [Mowzuga geç]
umuman täjik aktrisalary beýlekilerden has owadan

1
10 Haweran   [Mowzuga geç]
Awtor ýene Orta Aziýa doly belet däldigini görkezipdir. Türkleriñ "Mehmetçik Kut'ül Amare" taryhy serialynda iñlis jansyzy Wiktoriýanyñ keşbini janlandyran gazagystanly aktrisa Ýewa Dedowa (1992 ý.d) ýokarda suraty görkezilenleriñ hemmesindenem owadan bolsa gerek.

1
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Temalarda surat goýup bolýan hili bolmasy gowy bolupdyr.

1
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Gowy makala.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]