06:19
Öwlüýäler: Ebül-Fadly Serahsi
EBÜL-FADLY SERAHSI

Uly öwlüýälerden biridir. Ady, Muhammed bin Hasen es-Serahsi, lakamy Ebül-Fadly-dyr. Serahsly bolany üçin Serahsi diýilipdir. Döwürdeşleriniň arasynda, haram we şübheli zatlardan gaça durmanda we köp ybadat etmekde öňde gelenlerden biridir. Ebu Nasr-y Serrajynyň talyby, Ebu Said Ebül-Haýryň bolsa ussadydyr. Allahü teala garşy söýgi beslemekde we Allahü tealany tanamakda öňde gelenlerden biridi. Talyplary terbiýeläp ýetişdirmekde örän başarjaňdy. Talyplaryndan biri bolan Ebu Said Ebül Haýra: "Beýle belent mertebelere nädip çykdyň" diýip soralanda: "Bir ýabyň gyrasynda durdym. Hojam Ebül-Fadl-y Serahsi-de ýabyň o tarapyna geçip barýardy. Şol wagt gözü maňa kaklyşdy. Hojamyň bu bakyşy sebäpli men bu mertebelere gowuşdym" diýip jogap berdi. Ähli adamlar Ebül-Fadl-y Serahsi hezretlerini söýüp hormatlardy. Ynsanlara garşy merhemetli, eli açyk, jomart, süýji dilli bir zatdy. Meşhur keramatlary we gymmatly sözleri bardyr. Ýaşaýarka boluşy ýaly ölenden soňrada onuň ylmyndan peýdalanmana dowam edilýär. Ebu Said Ebül-Haýrda her haçan daryksa ýa-da başyna bir müşgil iş düşse derrew hojasy Ebül-Fadlyň gabryny zyýarat edip, Allahü tealadan onuň hormatyna müşgilini asan etmesini islärdi. Allahü tealadan onuň ýüregine giňlik berip müşgilini asan ederdi. Talyplarynada kyn ýagdaýda şeýle hereket etmelerini maslahat bererdi.
Ebül-Fadl-y Serahsi (r.a.) kynçylyklara sabrederdi. Hiç kimiň ýanynda zeýrenmezdi. Ýagdaýyny Allahü teala arzederdi. Allahda onuň doga-dileglerini kabul ederdi. Ony tanaýan we oňa garşy söýgi besleýän biri şeýle aňladýar: "Ýaprak toplamak üçin tut agajyna çykypdym. Ebül-Fadl (r.a.) geçip barýardy. Agajyň aşagyna gelip durdy. Töwerekde hiç kim ýokdy. Menem görenokdy. Ellerini açyp: "Ýa Rabbi! Bilşiň ýaly bir ýyldan bäri jübüme pul girenok. Saçymy aldyrmak üçin bolsa pul gerek" diýdi. Haýran galmakdan ýaňa huşum başymdan uçdy. Çünki o sözüni tamamlap-tamamlamanka üstünde duran tut agajym durşy bilen altyna öwrüldi. Buny görüp: "Sübhanallah! Ýa Rabbi! Seniň jomartlygyň söz bilen taryp ederden has ötedir. Az zat isläne isleginden müň esse köp zat berýäň. Meniň bolsa baýlyk-da göwnüm ýokdur" diýdi. Ondan soňra tut agajy gaýtadan öňki görnüşine geldi.
Ebül-Fadl-y Serahsy (r.a.) tasawwuf ýolunda üstün mertebeli bolmak bilen bir hatarda fykyh, tefsir we beýleki ylymlaryňda alymydy. Bir gün bir adam onuň ýanyna gelip: "(O olary söýer, olaram Ony) (Maide-54) aýaty kerimesiniň tefsirini siziň agzyňyzdan diňlemek isleýärin" diýdi. "Bolýar. Agşam gel" diýdi. Agşam bolanda o adam geldi. Ebül-Fadl (r.a.) ertire çenli bu aýaty kerimäniň aýra-aýra ýedi ýüz tefsirini aýdyp berdi. Bir aýdanyny hiç gaýtalamady.
Ebül-Fadlyň ölümi ýakynlaşan wagty: "Sizi nirede depn edeli?" diýip soradylar. Jogap bermedi. "Sizi, birnäçe öwlüýäň ýatan ýeri bolan pylan gabrystana depn etsek bolarmy?" diýip soranlarynda "Meni o ýerik depn etmäň. Ol ýerde uly zatlar ýatyrlar. Men özümi olaryň ýanynda ýatmana laýyk göremok. Şu depede günäkärligi açyk belli bolanlaryň gabrystany bardyr. Meni şol ýere depnediň. Men özümi şoňa laýyk görýärin" diýdi. Ölen wagty tabytyna ýalňyşlyk bilen başgasynyň ýapynjasy ýapyldy. Jynaza namazy okalmanka mesjidiň gapysy açyldy. Göze görünmeýän biri: "Eýesiniň kimligi belli bolmadyk ýapynjanyň ýapylmasy dogry däldir" diýdi. Bu sözden soňra tabytyň üstünden o ýapynjany aýyrdylar.
Ebül-Fadl-y Serahsi (r.a.) şeýle diýdi: "Geçmiş yzda galdy. Ony diňe sapak almak üçin ýatlap pikir edip bolar. Gelejege bil baglap bolmaz. Çünki bundan soňra ýaşap-ýaşamajagymyz belli däldir. Şu ýagdaýda bil baglap bolaýjak wagt ýaşap ýören wagtymyzdyr. Şu pursat biziňkidir. Edip biläýjek işimizi şu wagt etmelidiris. Olam geçip barýandyr. Ýagny boş geçirer ýaly wagtymyz ýokdyr. Gyssagymyz özümizde bolmalydyr."
"Gul bolmagyň iki sany esasy bardyr. Hemişe Allahü teala mätäçdigiňi bilip kabul etmek we Muhammed aleýhisselama ýürekden bagly bolmakdyr."

Muhammed Bin Aliýýan En-Nesewi
Uly öwlüýälerden biri. Bismeläniň öňde gelen alymlardan biridir. Ebu Osman Haýri we Jüneýd-i Bagdadynyň söhbetlerini diňledi we olardan ders aldy. Muhammed bin Aliýýan Allahü teala göwün berenleriň (marifet ähliniň) ymamydy. Güýçli we keramatly bir alymdy. Keramatlaryny hiç haçan gizlin tutmazdy. Muhammed bin Aliýýanyň doglan ýyly we ölen ýyly bilnenok. Dördünji asyrda ýaşap geçenligi bilinýär.
Şeýle aňladylýar: "Bir gün bir sorag aklyna geldi. Oturyp-turup pikir etdi ýöne, jogap tapyp bilmedi. "Hoja Ebu Osman Haýriden başga hiç kim bu soraga jogap tapyp bilmez" diýdi. Soragyna jogap almak üçin ýaşaýan ýerinden Nişapura gitdi. Soragyna jogap alýança, ýolda hiç zat iýip-içmedi."
"Muhammed bin Aliýýan şeýle diýdi: "Harama girmekden gorkup mübahlaryň köpüsüni terk etmek ahyret arzuwynyň açarydyr."
"Gözüňe görünýän ähli nygmatlary gysganman saňa bereni söýmezlik mümkinmi? Oňa uýman, nädip ony söýýän diýip bilýäň."
"Allahü tealanyň öz gulundan razy bolanlygy haýsy alamatdan belli bolar" diýip soralanda, şeýle diýdi: "Eden ybadatlaryň rahat ýerine etirmek we olardan lezzet almaň, işlän günäleriň saňa agyr gelmesi." "Jomart, öz jomartlygyny az görmese we jomartlygyny kabul edeni özünden üstün görmese sopy bolup bilmez."
"Kim garyplar bilen söhbet etse( syr saklamak nebsiň jomartlygy, göwnüňi giň tutmak, çekilen dertleriň garşylygynda geljek nygmatlar hakynda söhbet etsin."
"Garyplaryň iň garyby Allahü tealany tanamadyklar, Oňa gowşup bilmediklerdir."
"Gowylyk etmek we gowy niýetli bolmak diniň gözegçisi, ynsanyň goragçysy, müminiň garawulydyr".
"Bar bolan zatda jomartlyk etmek, özündäki bütin işleri kemli görmekdir."
"Sogap gazanjak bolup ýa-da azap çekmekden gorkup Allahü teala hyzmat edenler hantamaçylygyny we gysgançlygyny belli ederler. Gul öz eýesiniň işini bir peýda gazanmak üçin däl, eýesi buýrany üçin etmelidir."
"Bu ýoluň başyndakam, nebis sebäpli başa gelip biljek bela-beterleriň nämelerdigini we nireden geljekdigini bilýärdim. Nebsime garşy ýüregimde hemişe kine bardy. Günleriň birinde bogazymdan tilkijigiň sesi ýaly bir zat çykdy. Allahü teala meni, o bogazymdan çykan zady tapar ýaly etdi. O zadyň nebisligine göz ýetirdim. Aýagymyň aşagyna alyp depgiläp başladym. Emma, her gezek depenimde has beter ulalýardy. Oňa: "Eý, saňa näme bolýar. Ähli zatlary urup-ýenjek mahalyň heläk bolýar. Sen bolsa has beter ulalýarsyň?" diýdim. Maňa şeýle jogap berdi: "Men ýaradylan wagtym ters ýaradylypdyryn. Başga zatlary agyrdyp-ynjydan hereketler maňa ynjalyk we keýp berýär. Beýleki zatlara ynjalyk beren hereketler bolsa maňa ezýet berýär."
"Mürüwwet( diniňi goramak we nebsiňi tanamak, öz kemçilikleriňi görüp müminlere hormat goýmakdyr."

Hasen Bin Süfýan En Nesewi
Horosanda ýetişen meşhur hadys we fykyh alymlaryndan biridir. Lakamy, Ebül-Ab-bas eş-Şeýbani, en-Nesewidir. 213-nji (m.828) ýylda Horasanyň Nesa (Nusay) şäherinde doguldy. Bu sebäpdende oňa "Nesewi" diýip lakam dakdylar. 303-nji (m.916) ýylda ýetmiş ýaşap Nesa şäheriniň ýakynynda ýerleşýän Balüz obasynda dünýäden ötdi. Ylym öwrenmek üçin köp ýerleri gezdi. Horasanda, Bagdatda, Müsürde, Basrada we Hijazda şol döwrüň alymlaryndan ylym öwrendi. Ýahýa bin Main, Şeýban bin Ferruh, Kuteýbe, Abdurrahman bin Selamet Jümehi, Sehl bin Osman, Hibban bin Musa we beýleki alymlardan ylym öwrendi. Ibn-i Ebi Şeýbäniň eserlerini onuň öz agzyndan diňledi. Fykyh ylmyny öwreden hojasy Ebü Sewriň "Müsned" atly eserinide onuň öz agzyndan diňledi. Tefsir ylmyny Mu-hammed bin Ebi Bekr Mikdemiden we Sad bin Ýezid el-Ferradan öwrendi. Özi bolsa( Ibn-i Hüzeýme, Ýahýa bin Mensur el-Kady, Hafyz Ebü Ali, Muhammed bin Ibrahim el-Haýimi, Ebü Bekr el-Ismaili, Ebü Hatim bin Hibban, Ebu Amr bin Handan, Ebu Ahmed bin Gatrif we öz agtygy Ishak bin Sad bin Hasen ýaly alymlara ylym öwredipdir. Nadr bin Sümeýliň talyplaryndan edebiýat ylmyny öwrenipdir. "Müsned-i kebir", "El-Jami el-Müjem" atly eserleriň ýazyjysydyr.
Hasen bin Süfýan öz döwründe Horasanyň meşhur hadys alymlaryndan biri diýlip kabul edilipdir. Hadys we fykyh ylmyndaky üstünligi nakyl ýaly edilip aýdylypdyr. Ýetmiş ýaşa gelenligine seretmezden, ýat tutan hadys-y şerifleriniň hiç haýsyny ýatdan çykarmandyr. Ibn-i Jerir Taberi we ýene birnäçe hadys hafyzlary (ýat tutujylar.) Hasen bin Süfýanyň ýanyna gitdiler we birnäçe sany hadys-y şerifiň tutanaklarynyň ýerini üýtgedip aýtmak bilen ony synap görmek islediler. Olaryň aýdyp beren ähli hadys-y şerifleriniň senedlerini (tutanaklaryny) ýerli-ýerinde goýup dogry şekilde olara aýdyp berdi.
Hasen bin Süfýan hadys-y şerif öwrenmek maksady bilen Müsüre gitmek üçin bir näçe adam bilen ýola düşüpdi. Ýolda azyklary gutarypdy. Çäresiz ýagdaýda galanlaryndan soň töwerekden bir zatlar gözläp tapmaly diýen netijä geldiler. Iýip-içer ýaly zat gözlejek adamy belli etmek üçin öz aralarynda bije atdylar. Bije Hasen bin Süfýana çykdy. O ýakyndaky mesjide girip iki rekat namaz okady. Allahü teala ýalbaryp doga-dileg edip başlady. Kömek etmesini diledi. Dogasyny dynan wagty bir ýaş ýigit mesjide girip: "Hasen bin Süfýan nirede" diýip gygyrdy. "Men" diýenden soň ýaş ýigit onuň ýanyna ýakynlaşyp: "Emir Tolon saňa salam aýtdy. Gaty görmesin diýdi. Saňa we kerwendäki her kime ýüz dinar pul iberdi. Ine alyň" diýip pullary berdi. Hasen bin Sufýan: "Bu nirden çykdy" diýip soranda ýaş ýigit şeýle aňlatdy: "Emir Tolon her gün biraz dynjyny alýar. Dynç alyp otyrka uklapdyr we bir düýş görüpdir. Düşünde bir atly gelip naýzasy bilen ony dürtüpdir we oňa "Hasen bin Süfýanyň we ýoldaşlarynyň dadyna ýetiş. Tur olara kömek et. Olar pylan mesjitdedir. Üç günden bäri aç-suwsyz otyrlar" diýipdir. Emir Tolon oýanan soň derrew bulary size iberdi. "Gyssagly pul iberenden soňra Emir Tolonyň özüde gelip bular bilen görüşdi. Şol mesjidiň töweregindäki ýerleri satyn alyp, hadys-y şerif öwrenmäne gelenler peýdalanar ýaly oňartdy.

Ebu Zeýd El-Merwezi
Şafii mezhebiniň fykyh alymlarynyň iň ulularyndan biridir. Ady Muhammed bin Ahmed bin Abdullah bin Muhammed el-Merwezi el-Faşani, lakamy Ebu Zeýtdir. 301-nji (m.913) ýylda Merwiň Faşan obasynda doguldy. 371-nji (m.981) ýylda Rejep aýynyň 13-nji güni Merw şäherinde dünýäden ötdi.
Haram we halallygyndan şübhelenilen zatlardan gaça durardy. Dünýä malynda gözi ýokdy. Ýaşlygynda örän garyp bolanlygy üçin sowuk gyş günlerini paltosuz geçirerdi. Bu kynçlyklara garamazdan ylym öwrenmek üçin Yraga, Şama we Mekgä gitdi. Muhammed bin Abdullah es-Sadi, Ebu Ishak el-Merwezi, Ömer bin Allek el-Merwezi, Ebul Abbas et-degawli, Muhammed el-Münkediri we başgada uly alymlar bilen görüşip söhbet etdi. Mekke-i müker-remede Muhammed bin Ýusuf el-Ferebriden "Sahih-i Buhari" atly eseri diňledi. Heýsem bin Ahmed es-Sabbag, Abdulwahid bin Mişmas, Abdulwehhab el-Meýdani, Ebu Abdullah el-Hakim, Ebu Abdurrahman es-Sülemi, Ebu Bekr el-Berkani, Muhammed bin Ahmed el-Mehamili, Ebul-Hasen Dare Kutki, Ebu Muhammed Abdullah bin Ibrahim we başgada bir näçe alymy okadyp ýetişdirdi.
Ebu Zeýd el Merweziniň (r.a.) zehini örän güçlüdi. Şafii mezhebiniň inçe syrlaryny bilýärdi. Öz döwrüniň iň uly alymydyr. Şol döwürdäki bütin talyplar ondan peýdalanyp ylym öwrenipdirler. Onuň, diniň emirlerine doly uýýandygy, ylymly, edepli we faziletlidigi bütin döwürdeşleri tarapyndan kabul edilýärdi. Ebu Bekr el-Bezzaz şeýle diýýär: "Ebu Zeýd el Merwezi bilen birlikde Nişapurdan Mekke-i mükerrimä gitdik. Ony üns bilen yzarladym. Biedeplik edenini hiç görmedim. Melekler onuň bir ýalňyşyny tapyp günä ýazandyrlar öýtmeýärin".
Mekke-i mükerremede Käbäniň ýakynynda ýedi ýyl ýaşady. Makam-y Ibrahim we töwereginde bolup ylym öwredýärdi. Hiç kimden aýyp gözlemezdi. Iliň aýyplaryny biljek bolmazdy.
"Ebu Zeýd el-Merwezi şeýle aňlatdy: "Mekgede ýedi ýyly geçirip, watanym Merwe dönmegi ýüregime düwdüm. Emma ýol uzak we muşakgatlady. Özümem gaty garrapdym. Bu ýoly nädip geçerkäm diýip gaýgy edip otyrkam irkilipdirin. Düşümde Hezreti Pygamberimizi gördüm. Mesjid-i haramyň ortasynda otyrdy. Ýanynda bir ýigit bardy. Men ýagdaýymy Oňa arzetdim. O, ýanyndaky ýigide ýylgyryp bakdy we oňa: "Ýa Jebraýyl! Watanyna barýança muňa ýoldaş bol" diýdi. Men Hezreti Resulullahyň ýanyndaky zatyň, ýaş ýigit sypatyna giren Jebraýyl aleýhisselamdygyna göz ýetirdim. Hiç hili kynçylyk görmän derrew Merwe geldim.
Şeýle diýdi: "Kimde-kim agyr işlerden çekinip, boş bolmak isleýän bolsa, hiç bolmanda ýeňil işleri etsin, boş bolmasyn."
"Allahü teala ahyretde müminlere berjek iki nygmatynyň mysalyny dünýädäkiler olara beripdir: Birinjisi( Jennede girme nygmatyna mysal bolmasy üçin, dünýädäkiler mesjitlerde oturma nygmatyny berdi. Ikinjisi( Jennetde didaryny görmek nygmatyna mysal bolmasy üçin, dünýädäkiler mümin gardaşlarynyň ýüzüne muhabbet bilen seretmek nygmatyny berdi."

Abdurrahman Bin Muhammed Serahsi
Hanefi mezhebiniň fykyh alymlaryndan biridir. Lakamy Ebu Bekr Serahsidir. 439-njy (m.1047) ýylda wepat etdi. Kadyl-kudat (kazylar kazysy) Ebu Abdullah Damiganiniň talyplaryndan biridir. Fykyh ylmyny Ebul Hasen Kudriden öwrendi. Soňra Horasan ülkelerine gitdi. Ebul-Hüseýin Abdülwehhab bin Mensur bin Müşteri tarapyndan Basra kazysy edilip bellenildi. Ibn-i Müşteri alymlary gorap saklaýan we olara köp kömek berýän Şafii mezhebine bagly biridi. Serahsi Basra baranda Ebul-Ferej bin Fesabuhs wezirdi. Onuň lakamy Züs-Seadetdi. Faziletli we edebi bir zatdy. Serahsi Basra kazy edilip bellenen wagty ony ýakyndan tananokdy. Ylymdaky üstinligini bilmedigi üçin, ony kazy edip iberen Ibn-i Müşterä şeýle bir hat ýazdy: "Bu ýere täsin we garyp bir adamy ibermeli däl ekeniň. Bu ýerde baý we alym kişiler bardyr." Bu haty alan Ibni Müşteri, haty ýanyndakylara görkezip: "Onuň ylymdaky we dindäki üstünligini wezire bildirmek gerek" diýdi. Adamlar: "Ony öwmek we üstünligini bildirmek gerek däl. Ony derrew tanarlar we üstünligini kabul ederler. Şu wagt tanamadyk bolsalaram ýakynda onuň üstünligine göz ýetirerler" diýdiler. Hakykatdan-da ertesi gün wezirden ýene hat geldi. Bu hatda Serahsiniň üstünligine göz ýetirendiklerini we öňki ýazylan hat üçin ötünç soraýandyklaryny ýazýardy. Onuň üstünligini aňlan wezir, köpden köp hezzet-hormat etdi. Wezir Ebul Ferej alymlara uly hormat goýardy. Olara elinden gelen kömegi bererdi. Serahsi iki gezek Basra kazysy edilip bellenildi. Birinji gezek bellenende öz islegi bilen bu wezipeden aýryldy. Soňradan ikinji gezek ýene o wezipä bellenildi. Ybadatlary bilen meşhur bolupdyr. Ölen gününden öňki gije, ýatsy namazy üçin kylan täreti bilen ertire çenli namaz okady. Ertir namazynam okandan soňra wepat etdi. "Tekmilet-üt-tejrid" we "Muhtasar" atly eserleriň ýazyjysydyr.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 89 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Täç Işan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Eý, Alla. Bular nähili adamlarka. Bulaň takwalygyny diýjekmi, edepliligini diýjekmi, sowatlylygyny diýjekmi, tutanýerliligini diýjekmi. Şu adamlaryň hormatyna biziňem günälerimizi örtsün.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]