13:34
Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meñburny
JELALEDDIN TÜRKMEN ÝA-DA JELALEDDIN MEÑBURNY

"Özüm ölsem ruhum goldar sizleri"
"Göroglydan"



Türkmen halkynyň geçmişinde käbir meseleler bolup, olar öz islegiňe görä däl-de, wagtyň, iň esasy-da, ylmyň dabaralanmagynyň hatyrasyna özleri kagyz ýüzüne geçirilmegini soraýarlar. Bu entek bärden gaýdýar. Ol kanunalaýyk talap bolmaly? Aslynda taryhçylar-halkyň hakydasyny saklaýjylar saýylýar. Biz-ilkinji nobatda mundan müňlerçe ýyllar ozal ýaşan pederlerimiziň öňünde jogapkärdirs. Bu jogapkärçilik başyndan nijeme külpetleri geçiren halkymyzyň buýsançly taryhyny dogruçyl beýan etmekden ybarat.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar (A.: TDNG, 2017, 31 sah.)” kitabynda: “Oguz han, Görogly beg, Togrulbeg, Çagry beg, Soltan Sanjar, Alp Arslan, Baýram han, Keýmir serdar, Nurberdi han ýaly beýik şahsyýetlerimiz, halk gahrymanlary hiç haçan ejize ganymlyk etmändirler. Beýik pederlerimiz durmuşda aýdyň maksat tutunyp, diňe şol maksada sary okgunly hereket edip, mydama ýeňiş gazanypdyrlar” halkymyzyň taryhynda ýaşap geçen şahsyýetlere çuňňur baha berýär.
Türkmen halkynyň taryhyndaky şahsyýetleriň ykbaly bilen gyzyklanyp ugranyňda şeýle pikirlere çümýärsiň. Aslynda biziň günlerimize çenli milli taryhymyzyň örän köp meseleleri özüniň birtaraplygy bilen tapawutlanyp geldi. Eýsem-de, bu şahsyýet meselesine hem degişli. Geçmişe birtaraplaýyn çemelemek, ýagny  “synpyçylyk” teoriýasyna körzehinlik bilen eýermek häzir hem dowam edip gelýär. Ine, şu ýerden ylymdaky ýaranjaňlyk, tarapgöýlik başlandy. Aslynda adamzat taryhy nesillerden her näçe daşlaşdygyça, ol özüne bolan gyzyklanmany ýokarlandyrýar. Bu gyzyklanma atlary rowaýata öwrülip giden şahsyýetler bilen hem baglanşyklydyr.
Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolunmagy bilen mekdep okuwçylary Nuh aleýhyssalym, Oguz han, onuň ogullary (Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han), Görogly, Gorkut ata, Tomiris (Ömür han), Zerinaý, Syrak, Seljuk ibn Dukak, Togrul we Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Il Arslan, Tekeş şa, Muhammet şa we beýlekiler hakynda ilkinji düşünjäni alyp ugrady. Türkmen halkynyň taryhynda atlary entek köp babatlarda mälim bolman gelýän şahsyýetler barmak basyp sanardan kän.
Soňky 815 ýyl bäri türkmen halkynyň taryhynda Jelaleddin Meňburnynyň şahsyýeti diňe ony döreden halky-türkmenleri däl-de, eýsem, musulman gündogarynyň taryhy bilen iş salyşýanlaryň hemmesini, şol sanda adaty okyjylary gyzyklandyryp gelýär.
Eýsem, onuň gysga ömründe geçen joşgunly we ynjalyksyz ýoly dürli wakalardan doly bolupdy. Jelaleddin-ýeňiş gazanypdy, ýeňlipdi. Nijeme gezekler töwekgellik edipdi. Ajala gol bulap, gözsüz batyrlyk eden ýerleri hem bolupdy. Dünýäniň uzak müňýyllyklarda ýaşap geçen hemme hökmirowanlaryna mahsus bolan diýdimzorluk, sütem hem görkezipdi. Ýöne… Duşmanyň öňünde welin kiçelmändi. Öz yzyna ynam bilen düşenleri-de peseltmändi. Egbar ýagdaýa salmandy.
Duşmanlary, ýagny mongollar, onuň bilen döwürdeş käbir türki gelip çykyşly emirler hem oňa ýurdunyň islän künjeginden mal-mülk hem teklip edipdiler. Emma, hakykat ýüzünde, türkmeniň gowgaly zamanda döreden ogly ýurdunyň, halkynyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny bu dünýäniň hiç-bir behişdine çalyşmandy. Watan sözüni özüne mukaddes tug edinipdi. Watanyň satylmaýandygyny, çalyşyp bolmaýandygyny  soňky nesillere görelde hökmünde goýup gidipdi.
Ol beýik şahsyýet, ýanbermez serkerde hökmünde türkmeniň hakydasynda müdümi orun aldy. Onuň aňyrsy-bärisine göz ýetmeýän sähralary, deňizdir derýalary, dürli dilli we  ymmatly halklary öz içine alan soltanlygyň ujypsyz bölegini dolandyran döwri halkymyzyň hakykatdan-da ykbalynyň keç zamany bolupdy. Käbir alymlar Jelaleddiniň aşa gazaply, rehimsiz bolandygyny, örän köp meseleleri täk özüniň çözendigini belleýärler. Bu pikir ol hakynda döredilen çeper eserlerde hem şöhlelendirildi. Emma orta asyryň senenamaçylarynyň, esasan köşk taryhçylarynyň hem käbiri öz wagtynda soltanyň abyraýyna şikes ýetirmäge çalyşdylar. Biz bu hakynda entek anyk maglumatlar esasynda durup geçeris.
Ýöne gadymy geçmişiň we şu günüň asyl hakykatyny ýatdan çykarmaly däl. Türkmen halkynyň dumanly geçmişindäki “türkmen adyny” göteren hanlaryň hem-de serdarlaryň öz adyny dünýä halklarynyň taryhyndaky zalym hökümdarlaryň (tiran-B.A.) sanawuna ýazany entek ýok.
XIX asyryň ortalaryndan ýurdumyzyň günorta etraplarynda töweregi gurşap alan döwletleriň zulumyndan dynmak üçin iki başyny deňläp, orta çykan Myrat serdary, Oraz ýaglyny, Gowşut hany, Nurberdi hany, ogly Berdimyrat hany ýönekeý halk hanlyga göteripdi. Olaryň hiç-haýsysy özbaşdak, ýeňilkellelik bilen hereket etmändiler. Bir söz bilen halka daýanypdylar, halk hem öz serdarlaryna ynanypdylar! Asyryň ortalarynda bolup geçen Sarahs, Garrygala we Mary-Gajar uruşlarynda türkmenleri ine, şol ynam ýeňdiripdi. Ýurdumyzyň demirgazyk-gündogr etraplarynda ýaşap geçen, Hywa hem-de Buharanyň zalym hökümdarlaryna garşy çykan atlary geçmişiň sahypalarynda müdümilik galan serdarlar hem muňa mysaldyr.
Emma Günbataryň taryhy we çeper edebiýatynda Gündogaryň orta asyrlarda ýaşan şahsyýetlerine başgaçarak çemeleşýärler. Döwürdeş amerikan ýazyjysy Pamella Sarjent bu babat-da şeýle ýazýar: “Kesgitli taryhy şahsyýetler gazabyň şöhlelenmesi boldular. Gunn, Atylla, Çingiz han… Bu atlaryň bir gezek ýatlanmagy damda erbet garşylyk döredýär”. Ýazyjynyň pikiriçe ol, ýa-da beýleki şahsyýet hakynda onuň duşmanlary eser döretseler keşbe birtaraplaýyn çemeleşýärler. Hususan-da, ýazyjy: “Çingiz han hakynda aýdylanda, ol hakynda ýazylan uly eserleriň onuň duşmanlary, ýa-da ol tarapyndan basylyp alynan ýurtlaryň adamlary tarapyndan döredilendigini ýatda saklamaklyk hökmandyr” diýip, düşündirýär.
Dünýäniň islendik halkynyň, şol sanda türkmenleriň taryhyndaky beýik şahsyýetler hakynda ylmy, publisistik we çeper eserleri döretmek örän kyn. Bir söz bilen-töwekgelçilik! Bu babat-da, alymyň alnynda iki borç ýatyr. Ilkinjiden, delilleri bolşy ýaly ýoýmazlyk. Ikinjiden, aslynda taryh ylmy hudaýlykly ylym bolup, ol islendik meselä örän sagdyn paýhas bilen çemeleşmegi talap edýär. Rus ýazyjysy Ýuliýan Semenowyň (1931-1994 ýý.) kesgitlemesi bilen aýtsak “taryh-bu haçan-da hemme deliller ýazylanda ylymdyr”. Onsaňam, töwreginden-gahar-gazapsyz, howessiz we meýilsiz ýazylmaly! Bu başgaça taryh däl, eýsem, ýaramsaklyk bilen ýazylan reportaž bolýar. Ýaramsaklyk bolsa-dili ýasy türkmeniň ýörelgesi girenok!
Türki halklarynyň gadymy geçmişine soňky dowam eden sowet zamanynda “makiawelçilik” (Makiawelli, italýan ýazyjysy:1469-1527 ýý.) ideýasy bilen garalyp gelinmegi, biziň müňýyllyklaryň dowamynda gazanan gymmatlylarymyzyň tas ýitirilmegine getiripdi. Aslynda taryh ylmynyň hem bu ideýanyň örän berk örülen “toruna” düşmegine öz maksadyna ýetmek üçin hiç-hili serişdelerden gaýtmaýan, hususy bähbidi üçin halkyň ahlagyny, buýsanjyny, namysyny, iň soňunda geçmişini  depelänler sebäp bolupdy.
Geçmişdäki islendik şahsyýet birtaraplaýyn beýan edilmäge mynasyp däl. Aslynda şahsyýetiň belentligi öz halkyna näderejede hyzmat edip bilendigi bilen kesgitlenilýär. Biz hem şu ýazgymyzy taýarlanymyzda hut şu ýörelgeden ugur aldyk.
Biziň pikirimizçe Jelaleddin Meňburnuň yslam ymmatly soltanlaryň we hökümdarlaryň arasynda  “tagtsyz soltan” unwanyna eýe bolmagy, onuň ilkibaşda ykbalynyň örän çylşyrymly bolandygyny tassyklaýar. Eýsem “tagtsyz” hökmürowan bolup bilermi?
Akademik W.A.Gordlewskiniň (1876-1956 ýý.) maglumatlary boýunça Jelaleddin 1200-nji ýylda Gürgençde şa maşgalasynda dünýä inipdir. Bellenmeli ýagdaý, biziň wagtymyza deňiç taryhy edebiýatlarda, “sözlüklerde”, çeper eserlerde we uly-kiçi neşirlerde onuň doglan ýylyny görkezmeýärler. Eýsem, akademik W.A.Gordlewskiý haýsy çeşmelere esaslanyp Jelaleddiniň doglan ýylyny anyk görkezdikä diýen sowal ýüze çykýar. Emma takyk sene görkezilen çeşmäniň köki nirede? Emma Jelaleddiniň bary-ýogy 31 ýaşamandygyny takyk aýdyp biljek.
Jelaleddin soltan Muhammediň  uly ogly bolmak bilen, ejesi Aýjäjek türkmen kabylasyndan gelip çykypdyr. Kim ol türkmen kabylasy? Entege deňiç bu barada döwürdeş we ondan soňky alymlar maglumat bermän geldiler. Şonuň üçin rus ýazyjysy W.Ýandan (W.G.Ýançewskiý:-1874-1954 ýý.) başlap neşir edilen proza eserlerinde (Ataýew E. “Jeň tozy”, “Zulmat tününde”) Jelaleddin “Muhammet şanyň türkmen aýalyndan bolan ogly” adyny göterip geldi. Ýeri gelende aýtsak Jelaleddiniň keşbi ilkinji gezek türkmen okyjysynyň öňünde ýokarda ady agzalan rus ýazyjysynyň eserleriniň neşir edilmegi bilen janlandy. W.G.Ýançewiskä orta asyryň ýazuw çeşmeleri bilen hasaba alanyňda ol hakyndaky ilkinji gürrüňleri, rowaýatlary toplap çeperleşdirmeklik doly suratda bolmasa hem başartdy. W.G.Ýançewskiniň ýatlamalarynda ýazyşy ýaly: “Jelaleddin meniň bütin ömrüme iň hormat goýýan gahrymanym bolupdy”.
Şeýlelik bilen, bellenmeli ýagdaý Aýjäjek hatyn soltanyň başdaş zenany. Biz muny Jelaleddiniň soltan Muhammediň uly ogly-ilkinji perzendi bolandygy bilen düşündirýäris. Emma köşkde tutýan ýagdaýyna, geljekki soltanyň ejesidigine garamazdan ol zordan ikinji ýeri eýeläpdir. Bu şol ýyllarda türkmen asylzadalarynyň arasynda bütewliligiň hem-de agzybirligiň ýokdugyny görkezýär. Mundan diňe köşkde gulluk eden parslardyr jöhitler däl, eýsem, beýleki türki kabylalar, aýratyn-da gypjaklar peýdalanyp geldi.
Aslynda şa köşgünde gulluk eden araplara, parslara, jemşitlere, täjiklere, jöhitlere garanyňda türkmenler dürli köşk hilelerinden daşda durupdyrlar. Bu, elbet-de olaryň hemmesine degişli bolmandyr. Gürgenç köşgünde Türkan hatynyň (?-1233 ý.) baştutanlyk edýän gypjak asylzadalarynyň täsiri ýokary bolupdyr. Olar dürli hileler bilen sähraýy türkmen beglerini diňe uruş howpy dörän ýagdaýynda, galyberse-de serhet galalarynda peýdalanmaklygy soltana maslahat beripdirler.
Könelerimiziň gürrüň bermegine görä islendik türkmen kabylasyna garamazdan öýüniň törüne ilki öwlady (seýit, hoja, magtym, şyh) geçiripdir. Ýöne ýerden “türkmen öwlatdan gorkar” pähimi döränok. Onuň yz ýany bilen ýazyr-garadaşlyny oturdypdyr. Soňlugy bilen beýleki toparlaryň wekilleri ýerleşipdir. Özi bolsa gapa golaýrak ýerde ornaşypdyr. Ahal sebtinde toýa gatnaşmak nesibesi çeken ilerki “daýylarymyzyň” biri örän inçelik bilen hadysany gözden sypdyrman, toý eýesine: “How, türkmen garyndaşlar, eşidişime görä sizde garaçyda bir, garakçyda, baýda bir, töre-de, han bilen serdaryň-a gürrüňi hem ýok. Deňlikdä, garaz! Bu näboluş…” diýip, ýüzlenipdir. Emma, öý eýesine derek (her-halda uslyp däl) onuň hyzmatda bolup ýören inleriniň biri: “Aý, daýy, häli birden, güpür-tapyr bolaýsa, diýmek, ýagy çozaýsa öwladyňam ýerinden galmaz, ýazyryňam, ýene biz turmaly bolarys. Onsaň, häki gapa golaýrak oturýarys” diýip, nagt jogabyny beripdir.

• Ýaşlyk Ýyllary: Jelaleddin Meňburny

Soltan Muhammet Ala ed-Din (1200-1220 dol.ýyl.) Anuşteginler neberesiniň wekili bolmak bilen, Abul Muzaffar Tekeşiň (1172-1200 dol.ýyl.) kiçi ogludyr. Biz soltanyň doglan ýylyny entege deňiç anyklap bilmeýäris. Anuşteginler neberesi  öz ugruny oguzlaryň begdili kabylasyndan (Ýyldyz hanyň üçünji ogly; häzirki gökleň toparynyň gönüden-göni aňyrsy) alyp gaýdýar. Bellenmeli delil, owşar, gyzyk we garkyn hem Ýyldyz hanyň nesilleridir.
Şonuň üçin Aýjäjek hatynyň ilkinji nobatda begdiliden, galyberse-de, galan üç garyndaş kabyladan gelip çykan bolmagy mümkündir.
Türkmenleriň, şol sanda beýleki ymmat halklaryň ozaldan gelýän däbine laýyklykda maşgala gurlanda (öýlenmek, ýa-da durmuşa çykmak) öz derejäňi saklamak zerurlugy hökmany tutulýar. Bu ilkinji nobatda, höküm sürýän şanesillerine mahsus bolupdyr. Ol, ýa-da beýleki bir şazada öz derejesine muwapyk maşgala bilen adagly edilipdir. Ol maşgala hökmany öz urugyňdan bolmalydyr. Şonuň üçin Aýjäjek hatyn ýokarda sanalan kabylalaryň haýsy hem bolsa birindin, biziň pikirimizçe begdiliden gelip çykan bolmaly. Onuň aňyrsy belli bir derejede anuşteginler neberesine galtaşýan urug bilen baglanyşyklydyr.
Türkan hatyn mongollaryň çozuşyndan ozal Horezmde oturymly ýaşan gaýy taýpasyna degişli kimaklardan gelip çykypdyr. Ýöne Türkan hatynyň ýaşan wagtyny anyk kesgitlemek kyn. Emma, onuň XII asyryň ikinji ýarymynda dogulandygyny we 1233-nji ýylda dünýeden ötendigini bellemek bolar. Türkmen senenamaçysy Muhammet en-Nesewiniň ýazyşy ýaly «ol  mertebesi göterilip başlanyndan soň  “Jahan hudabendi”- Jahanyň eýesi unwanyny alypdyr.
Türkan hatynyň ýemek kabylasy we oňa garyndaş toparlar ýurt-da höküm sürýän begdili kabylasy bilen ýakynlaşypdyr. Şunlukda soltanyň ýurdy we raýatlary köpelmek bilen bolýar. Bu bolsa, şanesli saýylýan begdilileriň, şol sanda Jelaleddiniň tarapdarlarynyň ýagdaýynyň gowşamagyna getirýär. Şu ýerde bellenmeli ýagdaý 1220-nji ýylda soltan Muhammede ilkinji gezek janyna kast etmekligi guran gypjaklaryň uran kabylasy bolupdy.
1210-njy ýylyň sentýabr aýynda (607-nji hijri ýyly, rabi) türkmenler garahytaýlylaryň üstünden ýeňiş gazanylýar. Bu ýeňiş bilen baglanşykly soltan Muhammediň başlangyjy bilen  “Isgender-Nuba” baýramçylygy girizilýär. Ýeňişlere beslenen soltan özüne “Isgender-i Sany” (“Ikinji Aleksandr Makedoniýaly”) lakamyny alýar. Ol özüne Zulkarneýniň nubasyny (dabaraly marş sazy) girizip, ony çalmaklygy ýesir düşen häkimlere we hanlara buýrýar. Bu nubany taýajyklary dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelen 27 altyn litawrda (nagara) Gün doganda we ýaşanda dabaraly çalypdyrlar.
Bu özboluşly dabarany ýazyjy W.Ýan: “Biz beýik rumly Isgender Zulkarnaýnyň mertebesini göterdik. Indi bizde täze Isgender, edermen Muhammet, beýik Horezm döwletiniň…” diýip, çeperçilikli beýan edýär. Bu meselede ylmy, ýazuw we çeper çeşmeler çapraz gelmeýär. Hut şu ýeňişden soň soltan Muhammediň “daň ýyldyzy” doguldy. Soltan öz täsirini Horezmden uzaklara, Horasana, Yraga, Azerbeýjana ýaýradyp ugraýar. Muňa garamazdan ol  öz “öýünde”-Gürgenç köşgünde gowşak, nalajedeýin soltanlygyna galýar.
1212-nji ýylda soltan Muhammet Garahanylar döwletiniň (840-1212 ýý.) merkezi Samarkanda ýöriş edip, pitneçi körekeni, ýagny uly gyzy Hansoltanyň adamsy Osmany jezalandyrýar. Bellenmeli delil,Osman ibn Ybrahym 1206-njy ýylda garaşlylygy kabul edipdi. Soltanyň adyndan pul çykarypdy.
Emma garlyk türkmenleriniň (Garahanyň ogly Bilge Gül Kadyr Kagan) esaslandyran döwleti horezmşalar bilen oňşukda bolmandyr. Bu türkmen döwleti yslamýeti ilkinji bolup kabul edendir. Magrypda we Maşrykda ymmatlaryň halasgäri we arkadaýanjy saýylýan soltan Muhammet Osmana gyzy Hansoltany bermek bilen garyndaşlyk açypdyr. Emma, Osman, tersine pitne turuzdy, hakyky jezasyny hem aldy.
1215-nji ýyla çenli soltan Muhammediň hökümdarlygy diňe Horezme däl, eýsem, Mawerannahra (arapçadan:“Derýanyň aňyrsyndaky ýurt”, Amyderýa-Syrderýa aralygy-B.A.), Günorta Türkmenistanyň etraplaryna (Abywerd we Nusaý etraplary), Owganystana, Eýrana we Azerbeýjana ýaýraýar. Uzakdaky Omanda onuň adyna hutba okalypdyr. Şol ýyl ozaldan geýän däp-dessurdan çykylyp, Jelaleddiniň we Rukn ed-Din Gursanjynyň ýerine, soltanyň kiçi ogly Kutbeddin Ozlagy mirasdar hökmünde yglan edýärler. Mirasdar şazada “Soltan Abul Muzaffar Ozlag şa, soltan Sanjaryň ogly, ymmatlaryň Emiriniň kömekçisi” tugrasy berilýär.
Ozlag şazadanyň ejesi Türkan hatyn bilen bir kabyladan (aşyra) bolup, ol hem Aýjäjegi ýek görüpdir. Bu düşnükli! Soltanyň her bir kanuny-nikaly aýallary, eger-de köpsanly örän täsirli gyrnaklaryny hem hasaba alanyňda, olaryň hersi öz perzendini tagta geçirmegiň aladasyny edipdir. Sebäbi Gürgenç köşgüne hazirki adalgada aýdylyşy ýaly hemişelik “ýazylmaklyk” üçin başga ýol ýokdy. Ýöne bu çylşyrymly hem-de örän ynjykdan hileli meselede Türkan hatyndan ugurtapyjysy we mekiri bolmandyr.
Ýazyjy W.Ýan bu delili: “Biziň ulumsy agtymyz Jelaleddniň türkmenler bilen pyşyrdaşyp, biz gypjaklary çapyşdyrmaga taýynlanýanlygyna görä, horezm ýurduny dolandyrmaga Jelaleddiniň deregine ýeriň giňinde başga biri belleniläýse näderkä diýen mesele ugrunda oýlanyşyp görmek gerek” diýip, beýan edýär.
Jelaleddiniň mirsdarlykdan çetleşdirilmegi, ilkinji nobat-da, köşkde az sanly, eýýämhaçan täsirini gowşadyp ugran begdili toparyna urgy bolýar. Jelaleddini bolsa  “öýkeletmezlik” maksady bilen, soltan Muhammet Gazna welaýatyny (Günorta Owganystanda-B.A.) peşgeş berýär. Akademik  Z.M.Buniýatow: “Haçan-da, soltan Ala ed-Din Muhammet öz ogly Jelaleddin Meňburna Gaznany, Bamyýany, Gury, Bistamy, Tekinabad (Tekeabad-B.A.), Zemindewary we Hindistan bilen serhetdeş obalary dolandyrmaklygy berende, oňa wezir hökmünde Şems el-Mülk Şyhab ed-Din Alp el-Harawy bellenildi” diýip, teswirleýär.
Emma, Jelaleddine Gaznada asuda dolandyrmak miýesser etmeýär. Soltan Muhammet şazadany bolup biläýjek dildüwşikleriň  “ruhlandyrjysy”, şol sanda guramaçasy hökmünde kabul edip, ony Gürgençde, soňlugy bilen Samarkantda golaýynda, öz emeldarlarynyň arasynda saklaýar. Onuň daş-töweregi şugullar bilen gurşalýar. Jelaleddiniň her ädimi gündelik soltana habar berilip durulýar. Soltan bilen şazadanyň gatnaşygy Muhammet Hazar deňziniň çola Abeskun (häzirki wagt-da ýitip giden-B.A.)  adasynda amanadyny tabşyrýança örän ýiti häsiýete eýe bolupdyr. Sebäbi soltanyň Jelaleddinden başga ýurdy iň kyn ýagdaýdan alyp çykyp biljek ogly ýokdy. Bardy! Emma, olar entek ýaşdylar. Haçan-da Rukn ed-Din Gursanjy mongollara ýesir düşende Tuly han ondan “dyz epip aman sorasa, boşatmagy hem-de hormatlamagy” söz berende, ýaşajyk şazada mert ölümi saýlapdyr. Rukn ed-Diniň şol wagt bary ýogy 12 ýaşy bardy.
Biziň pikirimizçe Horezmşalar döwletiniň ilkibaşdan düýbüniň gowşap ugramagy, soňlugy bilen bolsa mongollaryň ýörüşiniň netijesinde synmagynyň esasy sebäpleriniň biri soltan Muhammet bilen Jelaleddiniň oňşuksyz gatnaşyklary bolmaly. Soltan tekepbir, özdiýenli, ençeme ýeňişleri gazanan hem bolsa, ol mongol harasadynyň öňünde durup bilmedi. Olar bilen ilkinji çaknyşyklarda Muhammediň ruhy gutarnykly öçüp, ugruny ýitiripdi. Tersine, Jelaleddin mongollaryň ýeňilmezek duşman däldigini duýupdy. Bu duýguny ol kakasyna siňdirmäge çalşypdyr. Emma soltan Muhammet ozalky mirasdaryň her bir teklibini özüne garşy gurulýan hile hökmünde kabul edipdi.
Daşy berk “saklawly” şazada muňa garamazdan asla ruhdan düşmeýär. Gürgenjiň golaýyndaky Tyllaly bag (käbir çeşmelerde “Bagy-Hürrem” ) köşgünde sany kän bolmadyk esgerleriň harby taýarlyk işlerini alyp  barýar. Jelaleddin ilkinji nobatda esgerleriň fiziki we ruhy ýagdaýyna üns berýär, ýagny, olaryň iýmitlenşi, egin-eşikleriniň berk hem-de ýylylygy hakynda alada edýär. Şazada wezir Şyhab ed-Din Alp el-Harawa Gürgenjiň bazarlarynda satylýan gullardan satyn almagy, Garagumyň we Demirgazyk Horasanyň obalaryndan öz islegine görä (hakyna tutma-B.A.) esasan 18-45 ýaş aralygyndaky gulluk etjek ýigitleri toplamagy tabşyrýar. Ol gullara azatlyk berýär, harby tälimler alnyp barylanda dürli beden jezalaryny (ekzekusiýa) gadagan edýär.
Emma, soltan bilen uly ýer eýeleriniň arasyndaky gapma-garşylyk aradan doly aýrylmady hem-de döwletiň içinden gowşamagyna getirdi. Soltan Muhammet tarapyndan “merkezleşdirilmek reformasy” ozalky uly ýer eýeleri- Guruň soltanynyň, Mawerannahryň hanynyň, Horasanyň emiriniň, Ýazyryň hanynyň ýerlerini eýelän onuň öz garyndaşlary we emeldarlary tarapyndan garşylyga duçar boldy”.
Goşunda adaty sowuk ýaraglar-gylyç, naýza, serdesse, peýkam, şonuň ýaly-da dürli görnüşli galkan bardy. Emma, şazada wezirata-hökümete, hususan-da beýik wezir Nyzam el-Mülk Muhammet ibn Nyzam el-Mülk Bah ed-Din Mas’sud el-Harawa ozaldan hereket edýän, emma könelişen gala gabawynda ulanylýan manjanygyň (majanak, katapulta), matarisiň (“pyşdyl”), salalimiň (hüjüm basgançaklary), jamalukatyň (taran)we dabbabatyň (iki gatdan ybarat dört tigirli gabaw diňi) has kämilleşen taslamasyny işlemegi, goşunda çawuşlaryň (harby aňtaw Mukaddam çawuşiýe) we aňtaw toparlaryň (jasusiýa) sanyny köpeltmegi teklip edýär. Şonuň ýaly-da, goşunda ýene bir wajyp emel-ruhy ýolbaşçy-ýygyn kazysy (kaziý-i haşam wa laşkar-i hazrat; kadi al-asakir) hem bolupdyr.
Emma wezirat beýlede dursyn, hat-da döwletiň “Diwan al-ard” (Baş ştab) müdirligi, ne-de onuň ýolbaşçylary (sahyb diwan el-jaýş, ýa-da arid el-jaýş), şeýle-de goşun kazysy (kadi al-asakir) mirasdarlykdan çetleşdirilen şazadany diňlemek hem islemeýärler. Onsaňam hormatly “Nyzam el-Mülk” lakamyny göterýän wezir şazadany kabul edende, kürsüsinden hem turmaýar.
Jelaleddiniň döwlet goşunynda ilkinji reformalary geçirmäge synanyşyklary hem başa barmandy. Onuň ilkinji we esasy sebäbi, goşunyň baş serkerdesi soltan Muhammediň özi bolup, ol şazada tarapyndan girizilmek meýili bolan islendik täzeçiligi ret edipdir. Ikinji sebäbi, horezmlileriň ýeňişli  “gazabyndan” diňe Bagdat halyfy An-Nasyr (1180-1225 ýý.) eýmenmeýärdi. Sebitdäki ýurtlar boýun egdirilipdi. Olaryň emirleri, şol sanda çagalary Gürgenç köşgünde girew hökmünde saklanylýardy. Şonuň üçin soltana goşunyň kämilligi gaty bir hökman däldi.
Eýsem, türkmenleriň Horezmşalar döwletinde hemişelik goşun bolup, oňa soltan gwardiýasy, şäherleriň we galalaryň goragçy garnizony, döwlet emlägini  (köprüler, ýollar we düşlegler, serhet, gümrük, poçta we ş.m.) goraýan toparlar girýärdi. Döwürdeş senenamaçylaryň ýazmagyna görä ümmülmez territoriýany eýelän Horezmşalar döwletiniň ätiýaçda 500 müňden gowrak goşuny bolupdyr. 1211-1212-nji ýyllarda garahytaýlylar bilen bolan uruşda soltan Muhammet pyýada goşuny hasaba almanyňda 400 müň atly goşuny duşmana garşy goýup bilipdir.
XII asyryň ortalaryndan garaşsyzlyk ugrundaky göreşden, tä döwlet ýykylýança Horezmşalar döwletinde düzgün-nyzamly ýygyny bolupdyr. Bu döwletiň goşuny dürli ýaraglar bilen üpjün edilipdir, onuň serkerdeleri bolsa jeňlerde batyrlyk görkezipdiler. Goşunyň esasyny türkmen toparlary düzmek bilen, ol taýpa tapawutlyklary boýunça bölünýärdi.
XIII asyryň ilkinji onýyllyklarynda, döwletiň ýokary ösüşlere ýeten wagtynda goşuna beýleki ymmat-arap, pars, täjik toparlary kabul edilen hem bolsa, onuň özenini türkmen-oguz toparlary düzüpdir. Soltan Muhammediň dolandyran döwründe döwletiň goşunynyň sany ymgyr köpelip, senenamaçy as-Subkiniň sözleri bilen aýtsak  “nirede başlaýany we nirede gutarýany belli bolmadyk  gumdaşlary” ýadyňa salýardy.

Dowamy bar >>
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 90 | Добавил: Haweran | Теги: Bäşim Annagurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 BEG   [Mowzuga geç]
Muhammet şa özüne ikinji Isgender diýen lakamy alanda dindarlar halamandyr. Sebäbi Zülkarneýniň (a.s) Kurany Kerimde ady geçýär pygamber bolmagam mümkin. Özüni şeýle adama deňemegi ulumsylyk, dini taýdan ýalňyş hasaplanypdyr. Aýtjak bolýanym ikinji Aleksandr Makedoniýaly lakamyny alan bolsa dindarlar ýazgarmazdy. Makedoniýalam özi ýaly biridirdä. Zülkarneýn bilen Makedonskiý bir adam däl. Hiç gabat gelenok biri uzak ýaşapdyr beýlekisi ýaşrak wagty ölüpdir. Magtym gulynyň goşgularynda Süleýman pygamber bilen ady bir ýerde gelýär köplenç. Sebäbi ikisem Hudaýdan buýruk (wahyý) alan adam bolansoň şeýdendir. Ýogsa Makedonskiýniň adyny pygamber bilen deň tutmaza. Emma Magtymgula düşündiriş berlende Isgender Aleksandr diýilýär. Ikisi başga başga adamlarmyka diýýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]