12:27
Edepli ile ýaraşar
EDEPLI ILE ÝARAR

Mahlasy, her birimiziň durmuşynda her dürli häsiýetli adamlar gabat gelýän bolsa gerek. Wagty tygşytly tutmak iň bir gowy häsiýetleriň biri bolmagynda galýar. Her bir pursatdan peýdalanmak ony ýagşy işlere sarp etmek bu ajaýyp barlygyň eziz watanyň gadyryny bilmek, her täze baharda täze nahallar oturtmak, ynsan köňlüne nagyş bolýan süýji sözleri sözlemek biziň ýönekeý häsiýetlerimiz bolmalydyr.

Biz bu ýagşy häsiýetlerimizi, milli däp-dessurlarymyzy, edebi mirasymyzy öz çagalarymyzyň, şu günki nesillerimiziň hem aňyna guýmalydyrys. Ynsan häsiýetleriniň bezegi geçirimlilik, süýji sözlülik, utanç-haýalylyk (ylaýta-da gelin-gyzlarda) bolmalymyka diýýärin. Ähli ilhalar häsiýetleriň başy bolan bu häsiýetler durmuşda mydama ynsany hormata mynasyp edýär.

• Wagtdan üzňe ýaşaýanlar

Kimi jomart, ýüregi ýuka, duýguçyl, mähirli bolsa, olaryň käbiri agras, sowukganly, ugurtapyjy bolýar. Ýene biri başlan işini soňuna çenli tamamlamagy halaýan hem bolsa, kimi başlan işini ýarty ýolda taşlaberýär. Aslynda bu häsiýet tötänden däl. Çünki durmuşda kynçylyk görüp, maksat goýup, şol maksada sary ýola düşen kişi, başlan işini ýarym ýalta etmez. Sebäbi bir işe başlanyňda oňa aňsatlyk bilen ýetmek bar, şeýle-de onuň her bir geçýän «damaryny» duýmak, bile ýaşamak bar…
Tanyş-bilişleriň arasynda “Men başlan işimi soňuna çenli ýerine ýetirip bilemok” diýýänleri gabat gelýär. Şu makalamda bu sorag bilen ýüzleşýän okyjylar üçin dürli edebiýatlary okap, umumy emele gelen düşünjelerim bilen paýlaşmagy makul bildim.
Bu sorag bilen ýüzleşýän adamlar ähli işe birden ýapyşýarlar. Bir işi hem soňuna çenli bitirip ýetişmänkä, başgasyny ýerine ýetirjek bolup, ala-hasyrdy bolup ýörendirler. Şeýlelikde, olar hut, özleri sebäpli şowsuzlyklara duçar bolýar. Näme üçin beýle bolýar? Tanymal psihoterapewtiň aýtmagyna görä, bu adamlar “wagtdan” üzňe ýaşaýarlar. Ylmy taýdan düşündireniňde, bu hili adamlaryň beýniniň huşsuz bölegi işjeň bölegi bilen “göreşýärler”. Geçmişinde bolup geçen bir ýakymsyz waka olaryň beýniniň seljeriş işjeňligine, logiki pikirlenmesine, islendik işe jogapkärli çemeleşmesine päsgel berýär. Muňa garamazdan, bu hili adamlar daş-töwerekdäki negatiw hadysalary özüne kabul etmeýärler.

• Hakykat bilen ýüzbe-ýüz

Entek taslama durmuşa geçmänkä, diplom işi ýazylmanka, hasabat taýýarlanmanka, makala ýazylmanka ähli zat bize bagly ýaly görünýär. Biziň meşgul bolup ýören işimiz bitenden soň, aslynda başga adamlaryň ünsüniň bize tarap gönükdirilendigine göz ýetirýärsiň.
Başga biriniň bizi syn edýändigini bilip işlemek kyn. Bu ýagdaý adamda ynamsyzlyk duýgusyny döredýär. Başga adamlaryň sen hakynda näme pikir edýändigini, netijesine garaşýandygyny duýmak bilen, adamlar başlan işini doly tamamlaman, başga bir işe başlaýan halatlary hem gabat gelýär. Şular ýaly ýagdaýlary kiçiliginde kakasynyň, ejesiniň berk gözegçilik etmeginde ulalan adam agyr geçirýär, göwni çökýär, özüne bolan ynamsyzlyk duýgusy güýjeýär.

• Näbelli maksat

Maksat belli bolsa, ýörejek ýoluň az-kem aýdyň bolýar. Emma käbir iş ýeriňde, dost-ýarlaryň arasynda bu ýörelgeden ugur almaýanlary hem gabat gelýär. Olaryň maksady ýok, ýöne olar elmydama köpçülikde, esasan hem iş ýerlerinde, az salym işi agyrrak gelip başladymy: “Men bu ýerlerde oturmaryn. Men ösüp giderin” diýýänler bar. Emma bu umyt bilen ýaşamak, işlemek kyn. Bu pikirde ýöreýän adam, 1 ýyldanam 2 ýyldanam ösüşe tarap gidip bilmez. Çünki umyt bilen ýaşap, ne öz işine ýetişer we ne-de üstünlige ýetip, bir basgançak öňe gider. Bu pikirdäki adamlaryň başlan işi soňuna barmaz. Bu pikirdäki adamlaryň ýolbaşçysy bolmak hem kyn. Çünkü olara aýratyn çemeleşme gerek. Olarda işine bolan höwes döretmeli, maksat edinmegi üçin ugrukdyrmaly.

• Özüňe bolan aşa ynam

Köpçülikde syn edýän bolsaňyz, okymyş adam özüni alyp barşyndan, adama bolan gatnaşygyna çenli tapawut edýär. Bir gezek ýaňy işe başlan döwrüm halypa ýazyjylarymyzyň biri iş otagymyza girdi weli, talyplyk ýyllarymdan endigime görä, tarsa ýerimden galdym. Onuň bilen salamlaşyp, ýazyjynyň her bir täze ýazýan zatlaryny höwes bilen okaýandygymy aýtdym. Şonda ol: “Okama! Näme etjek biderek zatlary okap, wagtyňy ýitirip” — diýdi. Ýarym degişme äheňinde aýdylsa-da pespäl ýazyjynyň bu sözleri döredijilik adamlarynyň öz döredýän zatlaryndan juda göwni hoş bolmaly däldigini aňladýan sapak ýaly bolup eşdildi. Hakykatdan hem, goý, ol žurnalist bolsun, ýazyjy bolsun, şahyr bolsun, adam elmydama kämilleşmegiň ugrunda bolmaly.

Aýbölek ABDYRASULOWA,
«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory.
Aýbölek Geldimyradowna Abdyrasulowa 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 107 | Добавил: Haweran | Теги: Aýbölek Abdyrasulowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Mowzuga geç]
"Her täze baharda täze nahallar oturtmak"
Makalada ulanylan manysyndan has çuň jümle...

"Köňlüne nagyş bolýan süýji sözleri"
Her zadam öz wagtynda gowy. "Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz" ýada "Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan, Tumsugyna kakýan gödeklik ýagşy." diýilşi ýaly, gerek ýerinden gödek ýada ajy sözlemegem, käbir süýji sözlerden gowy (položitel) täsir edip bilýär.

"Biz bu ýagşy häsiýetlerimizi, milli däp-dessurlarymyzy, edebi mirasymyzy öz çagalarymyzyň, şu günki nesillerimiziň hem aňyna guýmalydyrys"
Siziň ýada biziň, hiçkimiň aňyna, hiçzat guýmana hakymyz ýokdyr. Herkim özüne geregini özi tapar. Seň şu günki dogry diýip hasaplaýan ideýaň, wagtyň geçmegi bilen kimdir biri tarapyndan nädogrylygam subut edilip bilner. Muňa mysal hökmünde bolsa, geçmiç bize kän subutnamalary galdyrdy.

Şu makalany okap, durmuş basgançagynda birzatlar gazandym, indi bilenjämden adamlara maslahat bersemem bolar diýýän, adamyň keşbi göz öňüme geldi. Ýöne näme üçündir az - owlak gedemlik bilen gaplanan, özüniň ýeten basgançaklaryna özgeleriň ýetmek isläp, ýetim bilmeýändiklerine buýsanýan ýazyjynyň keşbi. Özümä adamlara öwüt - ündew berýän eserleri ýada makalalary halamaýaryn. Hamala dünýä ýaşaýyşynyň syrlaryny çözüp nämäniň - nämedigini özlerinden gowy bilýän ýok ýaly ýazylan eserler.
"“Men bu ýerlerde oturmaryn. Men ösüp giderin” diýýänler bar. Emma bu umyt bilen ýaşamak, işlemek kyn. Bu pikirde ýöreýän adam, 1 ýyldanam 2 ýyldanam ösüşe tarap gidip bilmez. Çünki umyt bilen ýaşap, ne öz işine ýetişer we ne-de üstünlige ýetip, bir basgançak öňe gider. Bu pikirdäki adamlaryň başlan işi soňuna barmaz. Bu pikirdäki adamlaryň ýolbaşçysy bolmak hem kyn."

Ýazyjy, ýassykda, soňky demini sanap ýatyrka, ile, halka, okaýja, aýtmak islän sözlerine çalymdaş eserleri ýazmaly...

1
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Talyp wagtlarymyz bize mugallymlarymyzyñ kàbiri "Türkmençe gürläñ!" diýerdi... Daşymyzdan sesimizi çykarmasak hem içimizden nägile bolardyk: "Halys ýürege düşdi şu mugallym şo bir zady gaýtalap. Biz nä hytaýça gürleýäsmi..?"
Soñ tekst bn işleşip başladyk.Turkmen dilinde ýazylan kabir eserlere ýene şol mugallym: "Bu, birhili, türkmençe däl.." diýerdi.. Hiç düşünmezdim...Wagt geçdi.. indi düşünýan. Käbir adam türkmençe gürleýàn ýaly, emma, dàl.
Kàbir tekst türkmençe ýazylan, emma, akgynly dilde okalmaýar- diýmek başga dilden terjime.. onam õzüçe beýan edýar..
Bu makalada şeýle okalýar- gowy pikirler aýdylýar- emma, bir ýerden alnan eseriñ ganymadrak terjimesi ýaly, akgynly däl. Belki, bu günler tüýs türkmençe ýazýan Atajan Taganyñ eserlerini okaýan- TAPAWUDY şol gõrkezýàndir gõzlerime..))
Ýõne, aýdylýan pikir her adam üçin
aýratyn hem ýaşlar ün gowy salgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]