21:41
Ýene Gün dogdy

ÝENE GÜN DOGDY

Gör nähili oñat,
Ýene Gün dogdy!
Siñe baksam onuñ dogşy enaýy.
Älemiñ garnyndan "perdäni ýaryp"
Dünýäniñ üstünde ýakdy çyragy-
Asmana, Zemine ýapyp daraýy.

Daşary, içeri täsin ýagtylyk,
Men muny nämüçin şu pursat duýdum -
İçimde, daşymda otyr bagt gülüp,
Ondan bada alyp käsäme guýdum
Ol goýalyp barýar - serimden uýdum.

Söýýän gök reñkimem girip gök şöhlä,
Gelip gursagymda ýazdy hatyny,
Nämälimlik diýdi "Bil sen çakyñy"
Kyn ýeke çapmaklyk - nesip atymy.

Gör, Gün bolsa barha galyp ýokary,
Zer şöhlesi bilen duýgyma neşter -
sanjyp Sanjalagyñ düwmesin oýnar,
Owazyny onuñ söýýänler eşder,
Maña dilmaçlygyn bagş etdi guşlar.

Gulagmyñ içinde nowaýy gulak,
Owalarma siñip başga bir göreç,
Başladyp öz-özüm bilen bir göreş!
Gün dogdy - doguldym,
Sen maña Garaş!..

Oguljemal ÇARYÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Nurdan | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 yashzehin   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy eken

1
6 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Gowy gošgy, dili çeper, teswirledirme üÿtgešik, äheñi ÿakymly.

1
5 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Oñat şygyr

1
3 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Goý, ýaşybersin.Ýene-de dogar.

1
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Gowudygyny! Doganda näme, ýene ýaşar-da...

1
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
seriden uýdum*-Şu söze düşünip bilmedim...

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Ol sözde harp ýalñyşlygy giden. ilki saýda goýamda ugradylşy ýaly goýdum, soñ goşgyny türkmen elipbiýine geçirdim, howlukmaçlykda ýalñyş gidipdir, "serimden" bolmalydy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]