15:37
Söýginiň netijesi ýa-da Durmuş
SÖÝGINIŇ NETIJESI ÝA-DA DURMUŞ

Çygyň toprak astyna
siňişi ýaly,
siňýärin saňa.
Alawyň ak beden şemi
ýakyşy ýaly,
ýakýaryn seni.

Men buga:ryn
çyg ýaly,
sönersiň sen
şem ýaly.
Ýadawlykdan çökeris
ikimiz bilelikde,
suwa çöken daş ýaly.

Ýan Rybowiç
Terjime: Mango
Категория: Goşgular | Просмотров: 136 | Добавил: mango | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 18
0
18 beghan   [Mowzuga geç]
Akdyrypsyň, öz-ä. Tüweleme!

Birem, çygy damja diýip alsak näder?

0
16 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Goşgyñ näme hakdalygyna teswirleri okap düşünýän.Men gaty sada-laý.:)

0
17 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Okabam düşünmän ýören bar teswirleri(olam men)

0
14 beghan   [Mowzuga geç]
"Ýakýaryn seni,
ak beden şemi
ýakyşy ýaly oduň."

- Ýakýaryn bilen söze başlamak goşgyň akgynlygyna birneme böwet bolýar.
- Oduň ýerine alaw diýseň jaýdar bolar. Goşgy ýary gijäň romantikasy. Ot protest, alaw yşky...
- Ýokarky bölegi döwüp täzeden düzmeli öz-ä.

Soň,
-ýadawlyga batmak - uka batmak. Ýan agamam şony diýesi gelýäne meňzeýär.

Gysgaja bolsa-da, uzak gijäň goşgusy.

0
15 mango   [Mowzuga geç]
bu wariantmy nähili-kä?

Çygyň toprak astyna
siňişi ýaly,
siňýärin saňa.
Alawyň ak beden şemi
ýakyşy ýaly,
ýakýaryn seni.

Men buga:ryn
çyg ýaly,
sönersiň sen
şem ýaly.
Ýadawlykdan çökeris
ikimiz bilelikde,
suwa çöken daş ýaly.

0
12 Revo   [Mowzuga geç]
Topraga çygyň,
siňişi ýaly
siňýärin saňa.
Ak beden şemi,
oduň ýakyşy deý,
ýakýaryn seni.

Bugaryn men çyg ýaly,
sönersiň sen şem ýaly,
Ikimiz bile
batarys ýadawlyga,
suwa çümen daş ýaly.

0
13 Myhman0430   [Mowzuga geç]
erbet däl. çala sanawaja çalym edip gidýä diýmeseň.

0
6 eatayew33   [Mowzuga geç]
"Söýgün" kim ýa näme bolýarka?

0
7 Myhman0430   [Mowzuga geç]
dogry, ikinji bogunda uzyn aýdylsa ü däl-de i ýazmaly. bolmasa birine "sen şeýtginiň" diýen ýaly bolýa. harp ýalňyşam her kim goýberip biler.

ýöne

söýgiň ýa söýginiň ýazmalydygy biraz jedele açyk mesele.

ses bermeli bolsa men birinjä (söýgiň) ses bererdim. beýlekinem ýalňyş hasaplamok.
dogry, geplenende (öz şiwämizde) ikinji ulanylanok. ýöne biz asylam ýazylyşy ýaly geplemeýäris. gepleşimiz ýaly ýazjak bolsaň, ilki bilen, häzirki zaman goşulmasynyň r harpyny aýraýmaly.

0
9 mango   [Mowzuga geç]
düzetdim. ýollaş mollym (mugallym).
ýöne, öýdäkilere aýtmaň, urýalar... :-(

0
10 Myhman0430   [Mowzuga geç]
setir dolýança gaýtalap ýazmaly, bolmasa öýňüzdäkilere duýdurmaly bolar :-)

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Anna Darkaş dädäň ýazanyny okasaň ("men/monolog") maňa el galdyrmaga dözmersiň.
başymy sypalap göýber. indikile etmerin.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
Ýan aga gaty garagol öýdýän :-)

0
5 mango   [Mowzuga geç]
"Ikimiz bilelikde batarys ýadawlyga" diýende has türkmençe aýtmak üçin "Ikimiz bilelikde garrarys bir ýassykda..." diýseňem boljak ekeni... :-)

0
8 Myhman0430   [Mowzuga geç]
şol biçem däl eken hem sypaýyragam boljak eken welin, beýtseňem has beter türkmençeleşjekdä.

0
3 Trigger   [Mowzuga geç]
Agam, siz şahyr-ow!
siz goşgyňam, şahyryňam pulsuny duýýaňyz!
Belki-de indiden aňryk öz şahsy döredijiligiňizden , ajaýyp goşgularyňyzdan goýup başlarsyňyz?!

0
2 Trigger   [Mowzuga geç]
10 numara 5 yıldız!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Дело любви, или Жизнь

Вхожу в тебя,
как влага
в поры земли.
Сжигаю тебя,
как пламя
белое тело свечи.

Я испарюсь,
как влага,
угаснешь ты,
как свеча.
Оба мы канем в усталость,
как камень
в глубины вод.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]