12:40
Sen dälmi
SEN DÄLMI

"Men senden asla-da aýrylman" diýip,
Ant edip özüňe, geplän sen dälmi!
Hemem bu sözleri tutup tutaryk,
Soňsuz arzuwlary, toplan sen dälmi!

Ýüz tupanda çaýkanmadyk bedenim,
Gylda ýarysyndan, eplän sen dälmi!
Özümden öňürti öldürip göwnüm,
Tabyda gypynçsyz, ýüklän sen dälmi!

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]