08:04
Eşşek / hekaýa
EŞŞEK

Beýleki eşeklere görä has daýaw, ýörgür eşeklere biz oglankak «at eşek» diýerdik. Bu biziň olary ata deňedigimizdi. At eşekler köplenç «haňňy» bolýardylar. «Haňňy» diýip bolsa «at eşek» bolsun, beýleki eşek bolsun, tapawudy ýok, dogumyna bäs gelibilmän öňünden eşek çyksa aňňyryp üstüne sürnüp ýören, hynçgyranda demi içine sygman, ýüregi agzyndan çykyp barýan, bir gün daňylgy dursa alatozan turzup gazygynyň daşynda ters aýlanýan eşeklere aýdylýar. Olar ýaly eşekleriň köplenç iki burnunyňam deşiginden başlap ýokarlygyna tarap barmak boýy dilýärler. Şeýtseň «haňňysy» tutan wagty dem almasy aňsat bolýar. Içiniň ýeli garnyna agram salanok. Aňyrdan dyňzap gelen ýel känbir päsgelçiliksiz daşyna çykýar. Ýogsam demi içine sygman garnyny ýaraýmagy ýa burnunyň hanalaryny ýyrtaýmagy mümkin. Ýöne «at eşekler», onda-da «haňňy at eşekler» obada köp bolmaýar. Bolaýsa bir ýa iki bolýar.
Kakam bilen çölde goýun bakýan Çöli aganyň eşegem hut şol, «haňňy at eşeklerdendi». Çöli aganyň «at eşeginiň» ýörişem üp-üýtgeşikdi. Öýde oturanam bolsaň aýak sesini tanamak bolýardy.
Syn eden bolsaňyz, eşekleriň köpüsi dikgirdäp ýöreýändirler. Onda-da çus bolsalar. Ýogsam «patdyk-sutdyk», «matdyk-mutdyk» edişip barýandyrlar, çaýşanaklaşyp. Biline urlan ýylan ýaly syrtlaram bulanyp durandyr. Özlerem keçdirler. Käte ýüklerini ýüksenip orta ýolda tapyr-tupur ýatyberdiklerem ýa dört aýaklarynam edil gazyk kakylan ýaly ýere diräp duruberdiklerem bardyr. Çapyp barýarka ýykylaýsaň dagy eşekligini edip üstüňden basybam ötüberýändirler.
Çöli aganyň eşegi welin beýle däl. Edil at ýaly akylly. Üstündekäň ýykylyp aýaklarynyň arasyna düşäýseň dagy basmajak bolup garnyňa gadalan aýaklaryny göterip durandyr.
Toýnak kakyşam saldamly. «Tak-tuk, tak-tuk, tak-tuk» edip edil alny sakar at gelýän ýalydyr. Üsti şemally Sallançakly. Şeýledigini Çöli aganyň meýmiräp, gözlerini sügekledip oturyşyndanam aňmak bolýar.
Çöli aga her gezek münüp oba gelende biz onuň «at eşeginiň» daşyndan aýrylybilemzokdyk. Bizi esasanam onuň burnunyň dilikligi haýrana galdyrýardy. Şular ýaly daýaw, «haňňy» eşegiňem gorkman-ürkmän burnuny dilip biläýişlerine haýran galardyk.
Çöli aganyň «at eşegini» daýaw, görmegeý, görkezýän zadyň ýene birem onuň reňkiniň çuw aklygydy.
Ol obanyň çetinden girenden gulaklaryny galgadyp, «ýapby-ýapbyl» basyp gelşine, daş-töweregine ýaltaklap: «hrk-hrk, hur-r-hur-r, hňk-hňk...» edip küpürsäp başlaýardy. Çöli aganyň aýdyşyna görä, ol hamala çöl ýerde içi gysyp gelen demgir eşekmişin-de, indem bu, şowhunly obanyň içinde özüne uruşmy, nämemi, garaz, bir güýmenjejik
gözleýärmişin.
Biz şolar ýaly-da öz ýanymyzdan: «Näme üçin Çöli aga «at eşegini» edil çyn atlar ýaly jylawlap, eýerläp, demir üzeňňiläp münmeýärkä?» diýip oýlanardyk. Şeýdip şähere gitse göwnümize hiç kim ony geň görmän, gaýtam hemme kişem guwanaýjak, begenäýjek ýalydy.
Biziň barymyzyňam iň bir ýetibilmeýän arzuwymyz Çöli aganyň şol, çym-ak «at eşeginiň» üstüne münüp görmekdi.
Biz kimin ýaş çaga üçin juda elýetmez elýetmez görünýän şol arzyly arzuwa oba oglanlarynyň içinde ilkinji bolup men ýetdim.
Bu şeýle boldy.
...Günlerde bir gün frontçy dostlarynyň biri toýa çagyrdy-da, kakam mugallymymyzdan üç-dört günlük rugsat alyp meni iberdi.
Çöli aga meniň göwün islegimi aňan bolmaly, çünki barşym ýaly «at eşege» mündürdi-de:
— Bar, ho-ol, gyraky goýunlary gaýtar-da uly bölegiň üstüne kow, soňam barysyny bilelikde guýa tarap sür — diýdi.
Aýdyşy ýalam etdim.
At eşegiň üsti biziň o oduna münýän ýarym-ýalta, maýtyk ýa maýmyk eşeklerimiziň üsti bilen deňeşdireniňde ýer bilen gök ýalydy. Ýöne nämüçindir «at eşek» bu ýerde obadakysy ýaly her ädimde daş-töweregine alakjap aňňyrybermeýärdi. Kellesini bulap dilik burunlaryny «parryldadybermeýärdi».
Men muny ol çölüň ýürekgysgynçlygy sebäpli şeýdýändir öýtdüm.
Ýene bir zat: o-da edil men baran günümiň ertesi ol ýakymsyz bir wakanyň sebäpkäri boldy.
Ýagny, käbir çopan eşekleriniň bolşy ýaly, olam nançy ekeni-de, günortan Çöli aga bilen bir guýa suwa inýän Selim aganyň horjunyndaky nanyny iýdi. Wagtynda duýmadyk hem bolsalar, horjuny şonuň silkip gidenini hemmeler gördi.
Selim aga-ha goýunlaryny suwa ýakyp bolýança sesini çykarmady. Käte bir aşaklyk bilen Çöli aga tarap nazaryny aýlady-da, işi bilen boldy ýördi.
Çöli aga-da eşeginiň edeni geçer öýtdümi ýa Selim aganyň bolup ýörşünden gylaw aldymy, adamşekilli «Selim bi eşegä eşekligini edip şeýdäýipdir welin, bagyşla, indikide daňaryn, nanam ine, mende bar, bileje iýäýeris» diýmäne derek, ýüzüni küsserdip çopanlar üçin ýörite gurnalan tagta jaýa girdi-de, çaý-çöregi bilen boluberdi. Menem çagyrdy. Emma men «at eşegi» synlamak üçin kölegede oturanymy kem görmedim.
Hä diýmän Selim aga-da goýunlaryny suwa ýakyp boldy. Assa basyp buruljyrap gelşine göni «at eşegiň» ýanyna bardy-da, elindäki tommaý taýagy bilen gapyrgasynyň ýüzüne ras bir goýdy welin, galyň eşek edil ýaý ýaly egreýdi ötägitdi. Türresine-de bir gondurdy welin, eşek görgüli syrtyny ýere goýaýdy. Çommalyp otyr indi Selim aganyň ýüzüne seredip. Selim aga indi ursa onuň maňlaýyna ýelmemelidi. Şeýtdigem «at eşegiň» külüni çykarjakdygy görnüp durdy. Şonuň üçinem men zöwwe ýerimden galdym-da, sesimde baryny edip:
— Selim aga!.. — diýip gygyrdym.
Selim aga-da «at eşegi» üçünji gezek urjagam bolmady. Bize tarap çalarak nazaryny aýlady-da, beýlesine öwrüldi. Taýagyny egnine atyp, edil gelendäkisi ýaly ýuwaşja ädimler bilen yzyna gitdi. Barybam edil biziňki ýaly, ýöne biziňkä görä elhalrak başga bir tagta jaýa girdi.
Men bolan işi Çöli aga beýan etmek üçin gapa tarap ýöneldim. Emma bolan işi mensizem aňan borly, men gapa ýetmänkäm, Çöli aga zymdyrylyp gapydan çykdy-da, Selim aganyň giren jaýyna tarap eňdi.
Menem gybyrdyklap yzyna düşdüm.
Ýalaňaç aýaklaryny gyzgyn çägä dagladyp her ýerden bir basyp barşyna Çöli aga gapydan girişi ýaly özüni Selim aganyň üstüne zyňdy.
Uruş başlandy.
Henize çenli uly adamyň beýdip, basalaşyp urşanyny görmänimden soň näme etjegimi bilmän ýaýdandym. Duran ýerimde ik ýaly pyrlanyp durşuma ho-ol, beýikde, ýylgyndan edilen agylyň kölegesinde çaý süzüp ýatan Baky aga gözüm düşdi. Baky aga nämüçindir gülýärdi. Gülkiniň
arasy bilen maňa bir zatlar diýýärdi. Ýöne men hiç zat aňşyramokdym. Birdenem: Baky aga bolup duran işden bihabar bolaýmasyn diýen pikir kellä geldi-de, şoňa tarap ylgadym. Bäri ýanyna baryp:
— Baky aga, ol ikisi uruşýalar!.. — diýdim.
Gap-gara ýüzi güne gaýzygan Baky aga şol bir derçiräp oturyşyna öňe-yza gaýşyp «loh-loh» güldi-de:
— Ýak, he-eý, inim! Degme uruşsynlar! Aralajagam bolma... — diýdi. Dym-gyzyl bolan simi otdan çykardy. Gamyşdan ýasalyp ýüzi nagyşlanan düdesini agzyna eltdi. Ujy tirýekli çöpüni sime bazyrdadyp basdy-da, orta bilinden ujuna çenli birki ýola ýöredi. — ...Indi gan görmeseler aýrylyşmazlar olar, köşek...
Orta ýaşdan agan, butlary golça ýaly daýaw, hemişe ýomak atyp ýören bu kişiniň beýle äwmezekligi meni haýran etdi. Oňa çenlem içinde uruş gidýän tagta jaýdan eşidilýän «gürp-tarp», «haý-waý» köpelip başlady.
Men yzyma eňdim. Barşym ýalam kürsäp jaýa girdim. Görsem ýap-ýaňyja girelgede başlanan uruş indi törki jaýda dowam edip dur. Ozaldanam çalamydar jaý, uruşýanlar haýsy tarapa togalansalar bu-da şol tarapa leňňer atýar. Her leňňerinde-de: «jaýyrt-jaýyrt», «şakyrt-şakyrt» edýär. Şol wagt meniň kelläme: öz çopanyňa kömek etmeli diýen pikir geldi. Ýöne, ýaman ýeri tozandan ýaňa olaryň haýsy-haýsydygyny tanar ýaly däldi. Käte bir paýyş söz aýdýan sesleri gelýär, şüý-ä Çöli agadyr￾ow diýip, golaýyna baryp-barmankaňam telim gezek öwrülýärler. Käte haýsydyr biri eline ilen haýsydyr bir zat bilen beýlekisiniň çem gelen
ýerine ýelmeýär.Bu gidişlerine gidip otursalar bir belaň üstünden barjaklaryny bildim-de, ýene-de jaýdan çykyp Baky aganyň ýanyna ylgadym. Ol entek hem ýanyna baryp ýetişmänkäm edil öňküsi ýaly «loh-loh» etdi-de:
— Näme, henizem eňip otyrlarmy?— diýdi.
Men onuň gozganmajagyny aňdym. Yzyma öwrüldim. Jaýa golaý gelenimdenem, bir diwar «jaýyrt-jaýyrt» etdi-de, iki sany çüýrük tagta «gülçüldäp» döwüldi. Emele gelen deşikden göm-gök dyrnaklary aýpalta ýaly ýalpyldap duran ýalaňaç aýak çykdy. Aýak eýesiniň aýagyny yza çekip alasynyň gelýäni, ýogsam göwresini gymyldadyp bilmän kösenýäni, ardurja taýak iýýäni bildirýärdi. Ýöne yzyna çekjek boldugy döwülen tagtanyň gyýçaklary aýagyna çümýärdi-de, derrew yzyna iterýärdi. Onuň kimiňkidigini bilmän ýaýdanyp durkamam içerden Çöli aganyň:
— E-eý, nan ýagysy... nirä gitdiň ýok bolup? Deşige dogrula-da sal aýagy içine!.. — diýýän sesi eşidildi.
Men Çöli aganyň aýagyny deşige dogrulajak bolup kän horlandym. Çünki o-da aňyrda dek ýatanokdy. Garşydaşyna garşylyk görkezjek bolup hereket edýärdi. O ýan, bu ýan urunýardy, netijede aýagy bir kaddynda saklamak kyn bolýardy. Ahyram dözümliräk daraýmasaň boljak däl diýen pikire geldim-de, aýagy gowy edip towladym, dabanyna egnimi diräbem ras, deşige tarap iterdim welin, içerden Çöli aganyň:
— Waý! — diýen sesi eşidildi. — Aý, tersine gaňryp döwdüň
aýagymy.
Hasyr-husur beýlesine öwürdim welin, aýagyň öz-özi deşigiň içine girdi ötägitdi. Şondan soň bir «tark» boldy, yz ýany bilenem Selim aga ganyny tasadyp çykdy. Onuň yzyndan eli ganjaryp duran gara taňkaly Çöli aga göründi. Ýöne kowalamady. Hol ýere baryp çommalan Selim aga garap:
— He-eýt.. — diýdi-de, elindäki taňkany bir gyra oklap goýberdi.
— Seňki ýaly salpy gulak eşek däl ol: el ýaly nan üçin beýderiň ýaly...
Ýa aç öleniň bamy?..
Gaty ýadan bora çemeli, Selim aga sesini çykarmady. Öňküsindenem iki esse dagy ulalan gözlerini mölerdip, «hassyldady» oturdy. Köýnegini çykaryp kellesiniň ýarylan ýerini daňdy.
Ýokardan Baky aganyň sesi eşidildi.
— Indi goýarlar. Gan çykdy dämi birinden? Indi goýarlar.
Ol muny maňa diýýärdi.
Hawa, «at eşegini» Çöli aganyň özüniňem kemje-kerdem görmeýändigine men şonda göz ýetirdim. Bu bolan geň waka barada oba baryp, deň-duşlaryma gürrüň bermäge howlukdym.
Emma üçünji gije — iň soňky gije bir waka welin meniň «at eşege» bolan garaýşymy düýbünden üýtgetdi duruberdi.
Şol gije bagşymy, oýunmy ýa konsertmi, garaz, bir tomaşa-ha gelen bolsa gerek, biziň guýudakylaryň hemmesi goşy maňa taşlap, goňşy guýa gitdiler. Gitjek wagtlary:
— Sen ýatmankaň geleris. Gorkma-da oturyber. Ýatakdanam arkaýyn bol. Itler agyla gara goýbermezler — diýdiler.
Olar gidendenem ýagyş çisňäp başlady. Hä diýmänem güýçli çabga öwrüldi. Niredendir bir ýerlerden möjegiň sesi eşidilen ýaly boldy. Men obada kä gijeler daş çykanymda şagalyň sesini eşiderdim. Emma bular ýaly çölde galyp, onda-da ýeke galyp, möjegiň sesini eşitmändim. Ýöne,
bäş-alty sany mähnet goýun iti daşymda gala bolup durka golaýyma aňsat-aňsat möjek gelip bilmejekdigine aklym çatýardy.
Çopanlaryň aýtmaklaryna görä, möjegem edil, çopan-çolugyň aljyraýjak wagtyny, gaýly, tupanly, şular ýaly ýagyşly gijeleri peýleýärmişin.
Häzir goýunlaryň ýatakdalygam bir gowy zat. Ýogsam, kakam dagynyň aýdyşy ýaly bularam ýagşyň ygyna tarap tar-tar bolup gidibermelidiler. Şeýdip bir yňyp ugransoňlar bolsa, buýup öläýmeseler ýa ýagyn goýmasa saklajak gümanyň ýok.
Men ähli zada gözegçilik etmek üçin jaýa däl-de, merthananyň içine girdim. Ody uludan gallap, kakamyň içmeginem egnime atdym. Atyp bilmesemem tüpeňi getirip, gapdalymda goýdum.
Möjegiň sesi indi aýyl-saýyl eşidilip başlady. Kem-kemdenem golaýlaşdy. Golaýlaşdygysaýam ynjalygym gaçdy.
Itleriňem ynjalygy gaçdy öýdýän, ýygy-ýygydan, batly-batly
üýrmäge başladylar. Sesleriniň kä bir ýerden, käte o ýerden çykyşyndan bir üýşüp, bir çaşyp, başagaý bolýandyklaryny aňmak bolýardy.
Şondan soň möjekleriň sesi sabaşdy. Şeýle-de bolsa tä ýagyş goýýança aram-aram, ondan-mundan, üzlem-saplam eşidildi durdy.
Birdenem merthananyň agzynda süllümbaý ezilen, durşy bilen palçyk bolup duran egbar bir hor eşegiň soluksy ýüzi göründi. Oduň ýagtysyna «ýylt-ýylt» etse-de, onuň gözlerinde ruh ýokdy. Tüýleriniň uçlaryndan joralanyp suw akýardy. Boýnuny sallap gelşine tumşugy bilen ýer süsňeýärdi. Ýirilen burunlary bolsa hapa palçykdan ýaňa dykylan ýalydy.
Ol «aýyplaşmaweri» diýýän ýaly, ýüzüme naýynjar seredip,
merthanadan boýnuny uzatdy. Soň öň aýaklary bilen ätledi. Oda golaýlaşdy. Men diňe şondan soň onuň öz «at eşegimizdigini» bilip galdym. Ýerimden turdum. Ýel-ýagyşa buýandyr öýdüp üstüne köne￾küşül atyşdyrdym. Ody güýçlendirdim. Daýanar öýtdüm. Ol bolsa gitdigiçe enjarsyzlandy. Edil, Selim aga gapyrgasyna urandakysy ýaly egreýdi. Gyşardy. Ýegşerdi. Kem-kemdenem kiçeldi. Şol belent göwrede, haýbatly bedende şol wagt çigidiň gabygy ýalam güýç, kuwwat görünmedi.
Şol wagt ýene-de bir ýerlerde çöl gurdunyň hökmürowan sesi ýaňlandy welin, «at eşegiň» soň oturdylan ýaly iki ýana hallan atyp duran gulagam «patda» aşak ýatdy-da, hersiniň ujundan daş asylan ýaly iki gulagyndan aşak sallandy duruberdi. Özem şeýle bir galpyldaýar welin, gözüň gyýyp garar ýaly däl. Möjegiň sesi soňky gezek gaýtalanandan
soň onuň art aýaklarynyň arasy açylyp ugrady. Şol barmana arasyny kesip-kesip, ysgynsyzlyk bilen siýdikläbem başlady. Çatalbalary bolsa açyla-açyla çatyny aýrara getirdi. Bir görsem oň aýaklaram şeýdip barýa. Ahyram garny ýere degdi-de, ýer bagyrtlap ýatyberdi. Boýnunam uzatdy-da, eňegini ýere goýdy. Gulaklary dagy gawunyň güne gurap towlanan paçagy ýaly batga bulaşyp ýerde ýatyr. Şo-ol, obadaky eşek baryna gün bermän ýören «haňňy at eşekdir şü» diýseň adam ynanar ýaly däl.
Men ony turuzjak boldum. Bolmady. Ýerinden gozganmadam. Gaýtam gitdigiçe ýere siňdi gitdi oturdy. Erbet keselländir ýa ýaramaz ot iýendir öýtdüm. Gaýdyp galmaz öýdüp gorkdum. Çünki ulularyň: «eşek bir-ä kesellemez, keselläýse-de galmaz» diýenlerini köp eşidipdim.
Gije ýarymdan agyberensoň çopanlar gaýdyp geldiler. «Bäh, ýagyş ýagaýan ýaly-la how, bi ýere» diýip geňirgenişdiler.
Görüp otursam tomsuň başky aýynda diýseň seýrek bolýan bu ýelli ýagyşyň ýoly diňe biziň goşumyzyň üstünden geçen ekeni. Ýogsam bu ýerde meniň ýeke özümkäm çopanlaryň o ýerde arkaýyn meýlis edip oturmajakdyklary belli ahyry.
«At eşegiň» bolup ýatyşyny görenden Çöli aga: «Wah-wah! Muňa näm bolduka? Näm boldy how, muňa, ýegen?!.» diýip, oda-köze düşer öýtdüm. Emma ol başyny ýaýkap hyrçyny dişledi-de:
— Haý, bigaýrat!.. — diýip, endigine görä erbet sögündi. — Möjegiň sesini eşidendir bi...
Bar zat düşnükli boldy.
Şondan soň meniň oňa «at eşeg-ä» däl, ýönekeýje eşek diýmäge-de dilim barmady. Şonuň üçinem onuň guma bulaşyp ýatan çalajan gulaklaryna tarap çalarak egildim-de, Çöli aga eşitdirmezlik üçin ýuwaşlyk bilen: «Biz-ä saňa «at eşek» diýip ýördük welin, sen-ä asyl eşegem däl ekeniň-dä, eşşek ekeniň. Hawa, hawa, bir «ş» bilen däl-de, iki «ş» bilen ýa-da guýrukly «ş» bilen ýazylan eşşek ekeniň...» diýdim. Gaýrarak çekiläge-de, ýüzüne-de tüýkürdim. Arkaýyn ukyny urmak üçinem, merthanadan çykyp, tagta jaýa tarap ugradym.
Ertesi irden kakam bardy. Men oba gaýtdym. Emma her näçe özelenselerem, men oglanlara «at eşek» barada hiç zat aýtmadym. Aýdasym gelmedi. Olaryň at saýyp ýören eşekleriniň eşşek ekendigini eşidip gynanmaklaryny islemedim.

1992-1993 ý.

Juma HUDAÝGULY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 69 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Trigger   [Mowzuga geç]
Ussat ussat bolýa-da! özüni okamaga mejbur edýänlerden bi ýaşuly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]