23:38
Kabul edermiň
KABUL EDERMIÑ

Gündizmi, gijemi, düýşde ýa huşda,
Baharda, tomusda, güýzde ýa gyşda,
Teklipde buýrukda ýada haýyşda,
Saňa birzat diýsem, kabul edermiň?

Derýada, deňizde, ýap ýakasynda,
Köpetdagy aşyp, gün batanynda,
Älemi ýagtyldan, Aý bakanynda,
Saňa birzat diýsem, kabul edermiň?

Gylygy näbelli,şemal deý öwsüp,
Bendin ýaran suw dek, ikiýan towsup,
Seniň üçin saýlap, sözleriň gowsyn,
Jemläp birzat diýsem, kabul edermiň?

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
0
Baýgeldi sen jim govy zady açyk aýdýañ bassyr bussursyz. Redki zat. Tak şto ýazyber. O bylañ govy diyyan goşgusy vara meselem @Hyyalkeşiñki ýaly, olar meniñ başymy aýlaýar. Sen yazyber garaz.

0
9 mango   [Mowzuga geç]
12 bbaygeldiyew (03.06.2021 00:05) [Mowzuga geç]

Mango dogan
...Teklipde,buýrukda yada haýyşda,
Saña bir zat diýsem,kabul edermiñ!

bir wagt Enwer Nyzamowyň "sen hakda" goşgusynyň kommentlerinde sen maňa ýokarky kommenti ýazypdyň. menem özüme sorag berilýämikä diýip jogap berjek bolup başagaý bolupdym....
asyl sen goşgy okap berjek bolýan ekeniň-ä "kabul edermiň" diýip. başda aýdaýmalyda...

Baýgeldi jigim (daýy diýmäýin, jigidiňiň anyk görünýär), menem Ybraýym daýyň aýdanlaryny edil özüme diýlen ýaly kabul etdim, senem şo maslahaty unutma... dogry maslahat (Ybraýym:... aÿtjak bir geñ, çuñ manyly sözüñ barmy, aÿt! gošgy görnüšinde aÿt ÿa-da bašga ÿollar bilen tapawudy ÿok, ÿöne diñe gošgy ÿazmak üçin gošgy ÿazma!)
umuman, goşgyda däl durmuşda-da şeýle bolmaly..
goşgy ýazjak bolup goşgy ýazmaly däl.
ile görünjek bolup ýaşamaly däl.
özüň boljak bolubermeli...

0
4 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Has daýy ady agzalan goşgulary aýyr men muny haýyş hökmünde ýüzlenýän, hiç bir zatdan öýke saklamok, hakykatdanam siziňki dogry, aga - ak gara - gara diymeli.

0
5 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Baÿgeldi, özüñä örän gowy oglan bolmaly, gošgularyña sertmezden. Inim, men saña ÿekeje zat aÿdaÿyn: illere aÿtjak bir geñ, çuñ manyly sözüñ barmy, aÿt! gošgy görnüšinde aÿt ÿa-da bašga ÿollar bilen tapawudy ÿok, ÿöne diñe gošgy ÿazmak üçin gošgy ÿazma! gošgy ÿazÿan ôrän kôpdir, ÿöne šahyr seÿrek bolÿar

0
6 Haweran   [Mowzuga geç]
Durubersin, dogrudanam gaty görüp durmaýan bolsañyz, bu goşgular we edilen tankydy bellikler birwagt gelende Siziñ üçin kämillige "geçiş döwrüniñ" iñ täsirli ýatlamalary hökmünde ýadyñyzda galar.

(Hem şowagtlar kyrkdan-zatdan geçmegim ahmal, eger sag-aman ýaşap ýörsek, şonda "daýy" diýseñizem bor...) :)

0
7 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Bor men düşündim

0
3 Myhman0430   [Mowzuga geç]
eger mesele şobir heñ, şobir kakuw, şobir biri-birini gaýtalap duran hemişeki ses bolsady, şonça goşgyň içinden biri normalny bolardy.

öz pikirimi öň aýdamsoň, zo-ol gaýtalap oturmaýyn.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Неmem "Gynanarmyñ"... "Dowam edermiñ"... "Kabul edermiñ"... Şobir heñ, şobir şobir kakuw, şobir biri-birini gaýtalap duran hemişeki ses.

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Gowşak, Baýgeldi, gaty gowşak (goşgy gowşak). Saýt kabul edenem bolsa, biz kabul edemzok.. ))

0
:D sen gaty degyäñey şy ýigide. Normalny goşgy, nämesi şynyñ kem. Bolyar şy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: