23:07
Salam bolsun
SALAM BOLSUN

Biz dünyäden gider bolduk,
Galanlara salam bolsun.
Biziň üçin haýyr doga,
Kylanlara salam bolsun.

Ajal büke bilimizi,
Söýletmeýe dilimizi,
Hassalykda halymyzy
Soranlara salam bolsun.

Munda ähli gelen gider,
Hergiz gelmez ýola gider,
Biziň halymyzdan habar
Soranlara salam bolsun.

Tenim ortaýa açyla,
Yakasyz köýnek biçile,
Bizi bir ary ýüz bile
Yuwanlara salam bolsun.

Ezraýyl alar janymyz,
Gurar damarda ganymyz,
Päkizeje kepenimiz
Saranlara salam bolsun.

Gider olduk dostumyza,
Yetmedik maksadymyza,
Namaz iiçin üstümize,
Duranlara salam bolsun.

Sözdür söylener araýa,
Kimse dözmez bu ýaraýa,
Eltip bizi gabrymyza
Goýanlara salam bolsun.

Aşyk oldur Haky söýe,
Hak derdine kyla doga,
Biziň üçin haýyr doga
Kylanlara salam bolsun.

Misgin Yunus söýlär sözi,
Ganly ýaşa doldy gözi,
Bilmeýen ne bilsin bizi,
Bilenlere salam bolsun!

Ýunus EMRE.
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Atayew | Теги: Ýunus Emre | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Goşgynyň birinji bentini okanymdan awtory kimkä diýip aşak düşdüm. Awtoryny bilmän doly okamana sabyr - takat ýetmedi... Waleýkimessalam Ýunus gardaş, waleýkimessalam...

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Bu goşgynyñ aýdymyny Ibrahim Tatlisesden bir diñläýseñ...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]