10:40
Ybrahymlara
YBRAHYMLARA

Aýa gullyk etdiñ,
Güne el gerdiñ.
Aý batdy,
Gün gitdi,
Olardan dändiñ.

Bilmedim nähakda
Oýlanyp gördüñ?
Käbäniñ içine
Aýlanyp girdiñ
Eliñde paltady;
Çykañda weli
Gördüm döwenmişiñ köne adaty.

Yhlasyñ
Ylhamyñ
Zehin
Duýgyñy
Gurban etdiñ dördüsin bir ynama
Dört bölüp,
Dört dagyñ başynda goyduñ
Soñ çykdyñ sen özge dagyñ başyna
Gygyrdyñ:
Dört ýandan uçyp geldiler.

Öñ, yhlas
ylham
zehin
duýgydy
Özgeren ekeni
Olaryñ keşbi
Indi bolsa olar
Goşgydy
Goşgy.

Ägingin
inmegin
Şol dagdan etek
Ýoluña ot ýakar
Bu gahba pelek.

Maý 2004.
Категория: Goşgular | Просмотров: 174 | Добавил: abdyllahmuhammadi | Теги: Abdylla Muhammedi | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 26
0
26 Atayew   [Mowzuga geç]
Soňky ýyllarda biziň mediamyzda onlarça sözleriň ýoýlup ýazylmak ýagdaýy güreldi. Olar esasan Yslam dini bilen bagly sözler. Meselem, metjit, hadys, Gurhan, Alla, Äşe ýaly sözleri nämüçindir mesjid, hadis, Kuran, Allah, Aýşa ýaly görnüşlerde ýazýarlar.

0
25 Atayew   [Mowzuga geç]
Ybrahym däl-de, Ybraýym diýlip ýazylsa, dogry bolardy.

0
21 eatayew33   [Mowzuga geç]
Näme üçin "Ybrahym+lar+a"?

0
19 Nurdan   [Mowzuga geç]
. "Eliñde paltady;
Çykañda weli
Gördüm döwenmişiñ köne adaty."

Gaty gowy

0
20 Myhman0430   [Mowzuga geç]
gaýtam şol ýeri birhiliräk. bärde göçme manydadyr welin, şonda-da wakaň gahrymany bir pygamber bolansoň aýdasyň gelip dur

1. Ybraýym aleýhessalamyň palta bilen putlary döwýän ýeri Käbe däl. ​ol waka enten Ol ýaşka bolýa.

ş2. ol wakadan soňam halk kejirligini edip köne adatlaryndan dänenoklar.

isleseňiz onam gürrüň bereýin. isleseňiz özüňiz okaň Saffat 91-93, Enbiýa 58-68

diýseň täsin waka.

0
22 Nurdan   [Mowzuga geç]
Kabe bolmasa-da, başlangyjy şol yeri bolmaly we Ybrayym(a.s-nyn) tagallasy kop. Elbetde goçme manyda. Goşguda dine bır Ybrayym A.S-nyn dowrı dal Adamzat barasyn da yaly, yagny Ybrayym A.S_dan önragıne_de, sonrasyna-da yüzlenılen yaly pıkırımçe. Düşündirip bıldimmi)

Gürrüñ bersenız-a gyzykly bordy, dinlerdik bızem üyşüp..

0
18 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@mango..."Ägingin"diýmek ýalñyş dälmikä diýýän.Biziñ sözleýiş dilimizde-de köplenç sägin diýmäge derek ägin diýip ulanylýar.

0
17 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Mango, "Etek" bu aşak diymek dalmi?

0
15 mango   [Mowzuga geç]
öldürilien şol dört guşyň ýerine simwollary ulanyp yhlas, ylham, zehin we duýgy bilen ýerini çalyşmagyň gyzykly boludyr,

Yhlasyñ
Ylhamyñ
Zehin
Duýgyñy
Gurban etdiñ dördüsin bir ynama
Dört bölüp,
Dört dagyñ başynda goyduñ
Soñ çykdyñ sen özge dagyñ başyna
Gygyrdyñ:
Dört ýandan uçyp geldiler.

---
(isle özi öldürsin, isle başgalary öldürsin) ol öli "yhlas, ylham, zehin, duýgy"-nyň täzeden direlişi "goşgy görnüşde, dört ýandan uçup" gelmän, başgarak bolaýsady diýesim gelýär... başga çuňluklara äkitsediň...

---
jemlemede harp ýalşyň bar ýaly...

Ägingin (Sägingin)
inmegin
Şol dagdan etek (entek)
Ýoluña ot ýakar
Bu gahba pelek.

hemem "ýoluňa ot ýakar" diýeňde "kynçylyk çykarar" manysam bolup biler welin, "ýoluňy ýagtyltmak, ýeňillik etmek" ýaly manysam bar ýaly.
(ýa-da "ýoluŇda ot ýakar" bolmaly).

umuman, Abdylla daýy gowy bir zady doly aýdyp bilmändir diýen ýaly duýgy döredi....
üstünlikler.

0
14 mango   [Mowzuga geç]
Abdylla däde.

Aýa gullyk etdiñ,
Güne el gerdiñ.
Aý batdy,
Gün gitdi,
Olardan dändiñ.

başynda "gulluk etmän" gözlese nähili bordy?

Ýyldyzdan, Aýdan
gözlediň Ony.
Gözlediň Günden.
Ýyldyz ýitdi,
Aý batdy,
Gün ýaşdy,
Olardan dändiñ.

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ynsany akyllandyran zat yigrençdir

0
12 Trigger   [Mowzuga geç]
Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Özüm salam berdim ulumsy Aýa...
... soň Aýyň salamyn Ýere ýetirdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Ýeňsämden iteni galdyrdym ýerden,
Hem gynandym ejizligne iterden.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Ýigrenip bakana ýylgyryp bakdym,
Göwnümi ýykanyň göwnün göterdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Näzin çekdim ýerliksiz näz edeniň,
Hem ýalbardym, hem öwgüsin ýetirdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Dymdym, dymdym, dymdym gaty köp ýerde,
Özümi günäläp, günüm ötürdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Diňläp herrelende itimçe ýogy,
Ýene-de men adam sana getirdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp şol ukybym ýitirdim,
Ýazgarmadym aglanymda güleni,
Sebäp ejizdi ol akly ýeterden.

Men ýigrenip bilemok,
Duşmanlarmam dostlarym deý eý gördüm...

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim...

10.aprel.2000ý.
Laçyn Pürjäýewa

0
13 mango   [Mowzuga geç]
diýýän zatlaram. diýişem, usulam.... hemmesi gaty gowy.
gaty gowy hala (состояния) giripdir, eger "söýeni üçin, ýigrenip bilmeýän" bolsa.
ýekeje ýerinde entek ýigrenme duýgusynyň azzajyk galyndysy galan ekeni.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Diňläp herrelende itimçe ýogy,

"itimçe ýok" diýende 100% ýigrenme ukybyny ýitirmändigini bildirtdi.
ýöne welininim bu gyz şahyr.
bu goşgysam uzynrak ýalam welin ýene gürrüňini dowam edenini kem görmän dursuň.
ýazan, ýetirene sag bolsun aýdýan.

0
16 Trigger   [Mowzuga geç]
Не стоит благодарности!
Don't mention it!

0
23 Nurdan   [Mowzuga geç]
Laçynyn bu goşgusyny gowy gördüm,.post edip açsa bolar-a..

0
24 myhman   [Mowzuga geç]
@Nurdan hanym, siz gowy edip düşündirdiňiz welin, men onçakly düşünip bilmedim (bu meň hatam).

wakaň mazmuny şeýle (ýagny sözme-söz terjime däl)

keldany halky ýylda bir gün baýramçylyk belleýän ekenler. şol baýram güni Azer* Ybraýyma (a.s) "bu gün baýram, ýör senem biz bilen baýramçylyk bellemäge gideli" diýýär. gidýäler. ýolda Ybraýym (a.s) bir bahana tapyp yzyna gaýdýar. gelşine-de palta bilen putlary döwüşdirýär. diňe iň uly puty döwenok. paltanam şoň boýnundan asýar. halk gelip görende "muny eden Ybraýymdan başgasy däldir" diýip Ybraýyma (a.s) "sen etdiňmi?" diýip soraýalar. Ybraýym (a.s)
- şu ullakan put beýleki putlara çokunylýanyna içi ýanyp ýördi, gabanýady. şoňüçinem beýleki putlary şol döwen bolmagy ahmal. özünden soraýyň - diýýär.
- putlar gepläp bilenok ahyryn.
- siz nädip ýerinden gozganyp bilmeýän, gürläp bilmeýän zatlary özüňize taňry edinip, olardan medet soraýaňyz. olar özlerinem gorap bilmändirler.

şondan soňam ol halk iman etmändir.

bu waka Ybraýym (a.s) heniz ýaş wagty bolan bolmaly. Käbänem Ybraýym (a.s) ogly Ismaýyl (a.s) gurýa. elbetde ondan öňem birnäçe sapar gurlup ýykylan bolmagy ahmal. men bilemok. ilkinji bolup Adam (a.s) gurdy diýip bilýän. ýöne Ybraýym (a.s) gurjak wagty öňküleň suduram ýok eken. hz. Ismaýylam Ybraýym (a.s) gartaşan wagty dogýa.

Ybraýymyň (a.s) Sara diýen aýalyndan kän wagt çagasy bolmazlygy.
soň Ybraýymyň (a.s) oda atylmagy. soň Hajary almagy. soň hz. Ismaýyl (a.s) dogmagy. soň Allaň buýrugy bilen çöle (häzirki Mekke şäheriniň ýeri) eltip gaýtmagy. soň Zemzem çeşmesiniň akmagy. soň Gurbanlyk wakasy. soň geçip barýan kerweniň şol ýerde galyp, ol ýeriň şäher bolup gitmegi. soň Käbäň gurluşygy. bulary aýtmak üçin uzzy-yyn edip ýazmaly.

*Azer - Ybraýymyň (a.s) kakasy (käbir alymlaň pikirine görä kakalygy). Ybraýym (a.s) çaga wagty Azer put ýasap satýan eken. ýasan putlaryny Ybraýyma berip satmagy tabşyrýan eken. olam putlaň boýunlaryndan ýüp daňyp, köçede süýräp barşyna "adamlar, size hiç hili peýdasy zyýany degmeýän zat alasyňyz gelse geliň" diýip gygyrýan eken.

Ybrahym+lar diýmeginiň sebäbem, meň pikirimçe, şahyr 2004-de hem Ybrahym Badahşany tanaýan bolmagy ahmal. men muny şahyryň Ybrahyma bolan hormatyndan çen tutup aýdýan.

düşündirip bildimmi!? :-)

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
"Hiçbir şeý korkuýa daýanan saygi kadar igrenç degldir" Alber Kamyu

0
9 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Degil mi ki ýaşam bir ýerde ölümle sonuçlaniyor, öýlese nedir bu didinip durma, bu yedim-içtim, aldim-verdim, benim-senin kavgasinin anlami?

0
6 Trigger   [Mowzuga geç]
goýlany bäri birnäçe ýola okadym, aýlanyp-aýlanyp gelip, ýene-de okadym. ondan bir hilijek düşündirip bolmaýan alasarmyjak duýgulary-da aldym. Ýöne heýiç düşünip bilmedim. Munuň manysyny tirmekde men ejiz geldim, agalar!
,,Güýjüň ýetmejek daşy ogşap öt!" diýipdirler. Yhlasyňyz, ylhamyňyz, zehin-duýgularyňyz egsik olmasyn. Akylyňyz kesgir, sözüňiz ötgür, galamyňyz ýiti bolsun!

0
3 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Abdylla agamyzdan ýenede çuñ manyly täsin goşgy.Ylhamyñyz egsilmesin!
@myhman rowaýatlar üçin sag boluñ.

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
ol rowaýatam aýdyp bereýin. iki ýeke bilmeýänlere. men bu bir rowaýat diýip bilýän.

bir gün hz. Ybaraýym (a.s) Alla Tagala ölüleri nähili direldýänini görkezmegi sorapdyr. Alla Tagala "näme ynanaňokmy?" diýip sorapdyr. O her kimiň ýüreginiň iň çuňluklaryndaky syry hem bilýändir. hz. Ybaraýym (a.s) "ynanýan, ýöne gözüm bilen hem görmek isleýän" diýenmiş. soň Alla Tagala (bir guş alda ellekeýleşdir. özüňe gowy öwrenişdir. soň ony öldürde parçalara (goşgudaky 4 parça) böl. her bölegi bir depäň (dagyň) üstünde goý. soň bir ýerde durda guşuňy çagyr" diýýä. hz. Ybaraýym (a.s) aýdylyşy ýaly edýä. guş direlip gelýä.

hälki aýdyşym ýaly rowaýat diýip bilýän. şoňüçin çeşmesini bilemok.

0
4 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Bu gürrüñ rowaÿat dälde belkem BAKARA süre siniñ 260- nji aÿatynda bar . Dört hili guş tut diÿip Alla Tagaladan emr gelÿär . Dört guşuñ ady rowaÿatlarda tawus , kepder , garga we horaz bolmaly .

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
ýene bir zat öwrendik, minnetdar, agam.
nireden okanym ýa diňlänim ýadyma düşenokdy. şoňüçin çeşmesini bilemok diýýänim.

0
7 Netflix   [Mowzuga geç]
Abdylla aga näme üçin şol guşlaryň tawus, kepderi, garga we horaz bolanny düşündirseňizä hoşal bordyk?!

0
8 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Tawus owadanlygna buÿsanÿan ulumsulugyñ,
kepderi dünÿäñ oyunjaklygnyñ ( lahwu - lahab ),
horaz seks we biabraÿlygyñ we garga bolsa ÿetilmejek uzak arzuwlaryñ simbollary . Ybrahym (a.s) olary öldürüp etlerini garyp atlaryny tutup çagyrypdyr .

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
okaýanlaryň köpüsi bilýändirem welin, hz. Ybraýym (a.s) hekaýasy hakynda bir zady düşündirsek ýerine düşermikä diýýän. ýekeje-de bilmeýän bar bolsa, peýdasy deger.

Kurany Kerimiň En'am süresiniň 74-82 aýatlarynyň arasynda hz. Ybraýym (a.s) şeýleräk diýýä (göni terjime däldir, manysy şeýleräk)
gije bolanda Ybraýym bir ýyldy gördi we "Rabbim budur" diýdi. soň ol ýyldyz ýaşansoň "batyp gidýänleri halamok" diýdi. aý dogansoň "Rabbim budur" diýdi. olam batdy. "ant inçýän ki Rabbim maňa dogry ýoly görkezmedik bolsa, menem ýoluny ýitirenlerden bolardym" yzam şonuň ýaly. mealyny özüňiz okap göräýiň.

meň aýtjak bolýan zadym hz. Ybaraýym (a.s) göz açyp ýumasy salymlygam bolsa, Alladan başga hiç zady özüne Rabb edinen däldir. o zatlary kakalygyna we kowmuna ýalňyşlaryny düşündirmek üçin aýdýar.

ikinji tarapdanam şahyr Ybraýym Badahşana-da göndermeler bar öýdýän. bilemok. 2004-nji ýyl diýýä.

goşga düşündim diýsem - ýalançy.

Käbä aýlanyp girmegi - Käbäni gurmagymy
pelegiň öňünde ot ýakmagy - ýoluny ýagtyltmagymy ýa hz. Ybaraýymy (a.s) oda atyşlary ýaly bir zatmy.
garaz çözüp bilmedim.

üstünlikler. Ybraýymlara-da salam bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]