21:35
Zyýarat ediñ!
ZYÝARAT EDIŇ!

Käte öwlüýälere zyýarat ediň!
Olar taryhydyr düýnüň-geçmişiň.
Agras duýgy gaplardany süňňüňi,
Ýada düşer ähli günäň-etmişiň.

Öwlüýä bir mukaddes-gudratly ýerdir,
Ýadyňdan çykardar dawany-şeri.
Parhy ýok, kim bolsaň bolyber munda,
Iru-giç hemmäňem barmaly ýeri.

Käte öwlüýälere zyýarat ediň!
Gözüň düşer deň-duşlaryň guburna.
Entek diriligňe edersiň şükür,
Baran wagtyň merhumlaryň huzurna.

Göz ýetirsiň özüňden has kiçileň,
Bimahal ajalnyň ýetendigine.
Senden has edermen,.. has baý kişileň,
Bir gysym gum bolup ýatandygyna.

Gursagňa dolar-da ýagşy niýetler,
Päliňden gaýdarsyň, gelersiň toba.
Darajyk öýüňem giňän ýalydyr,
Öň sygman ýörseňem ullakan oba.

Käte öwlüýälere zyýarat ediň!
Goý, ýüregňiz umman deýin giňesin.
Ýa birinden galan bolsa göwnüňiz,
Aýrar kalbyň töründäki kinesin.

Derdiň ýeňlär, diňe peýda taparsyň,
Sag bolsaňam, bolsaňam ýa keselli.
Baka giden pederleriň ruhy,
Saga-kuwwat, hassa berer teselli.

Göwnüňiz giňär-de, nurlanar ýüzler,
Dökülibiýr etekdäki daşyňyz.
Kalbyňyz kamys dek päklener, hemem,
Aklyňyz durlanar, uzar ýaşyňyz.
Käte öwlüýälere zyýarat ediň!..

Gurt NÄZLI.
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Haweran | Теги: Gurt Näzli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Gurban   [Mowzuga geç]
"Gabrystana baryp otur pikir eýle,
Men men diýen ärler ýatyr gum bolup"

diýjek bolupdyr

0
3 Durnuksyz   [Mowzuga geç]
Beh akylly kop oza

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Kàte õwlüýälere zyýarat ediñ!
Göz ýetirsiň özüňden has kiçileň,
Bimahal ajalnyň ýetendigine.
Senden has edermen,.. has baý kişileň,
Bir gysym gum bolup ýatandygyna."

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Sekiz topbak goşgy, üçdört bentlik many.

Käte öwlüýälere zyýarat ediň!
Gözüň düşer deň-duşlaryň guburna.
Entek diriligňe edersiň şükür,

Baran wagtyň merhumlaryň huzurna.

Beh, beh, beh.

Öwlüýä bir mukaddes-gudratly ýerdir,

Öwlüýäniň mukaddesligä düşnükli welin gudraty nämedekä?! Gudrat Alladan dälmi nä eýse?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]