20:58
Ökünmäýin
ÖKÜNMÄÝIN

Arassaja eşigimi,
Ýamap geýsem deşigini.
Bir namardyň işigini,
Kakanyma ökünmäýin.

Dileginde sag başymyň,
Dostdan gurşalgy daşymyň,
Şatlygymdan göz ýaşymyň,
Akanyna ökünmäýin.

Käte-käte setir ýazyp,
Ony hem süzgüçden süzüp,
Bir kiçijek şygyr düzüp,
Okanymda sakynmaýyn.

Ýagşylykda bolsa adym.
Gowşatmasyn meniň badym.
Özgäň gazanan şöhratyn,
Men döşüme dakynmaýyn.

Giňlik sal meniň göwnüme,
Agram salsaňda egnime.
Degmäýin men dost göwnüne,
Duşmanymdan çekinmäýin.

Myhman kaksa işigimi,
Men ýumşatsam düşegini.
Bir maşgalaň keşigini,
Çekenime ökünmäýin.

Birden başa gelse ölüm,
Bagrym bolsa dilim-dilim.
Pursat bolsa ýeke salym,
Dert öňünde epilmäýin.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 8
0
8 SERWI   [Mowzuga geç]
Sayty doredenlere we yoredyanlere kop sag bolun!!! Turkmen edebiyatynda ozal okalmadyk eserleri arkayyn tapyp bolya

0
7 SERWI   [Mowzuga geç]
Salam saytdaky uly yazyjylaryn, sahyrlaryn teswirlerini okamak gyzykly. Kakamyrat Atayewin "Gonambasy" romanynyn tasirinden entegem cykyp bilemok

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Bir namardyň işigini,
Kakanyma ökünmäýin.


Azat däde.
ökünmek - eden zadyňa "etmeli däl ekenim" diýmek dälmi?
onda, ýokarky setirler: "namardyň gapysyny kakdym, kakanyma-da ökünemok. Kakanym gowy boldy?" manyny berýän ýalyla?
1) namarda ýüz tutdum - ökündim.
2) namarda ýüz tutdum - ökünmedim.
3) namarda ýüz tutdym welin, hernä ökündirmesin-dä (işimi bitirsin).
haýsy manyda? (3-njisimikä?)

-1
2 Atayew   [Mowzuga geç]
Azat aga, bu goşgyň-a ýöntem gördüm. Irkiräk goşgulardan öýdýän?

0
4 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Hawa, Kakamyrat aga, irki goşgy, ,ýöne ýaňy bir temamy Haweran dostum, üçünji krug diýip ýapypdyr:-) men ondan öýkäm ýok ýöne şonda Size jogap ýazýançam garaşaýmaly ekeni :-)şu ýerde goýaýmasam şol jogaby.

0
5 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Salawmaleýkim, Kakamyrat aga. Örän gowy goşgyny teswir edip goýanyňyz üçin minnetdar, agam. Gurt Näzliniň aýdanlary bilen doly ylalaşýan, ýöne men öz oýlanmamda zyýarata garşylygym ýok, kaşaň daşlary goýup biri birinden ökde çykjak bolýan "baýlar"hakynda aýtjak boldum, oňa elbetde Siz düşünensiňiz, ýöne,zyýarata baran wagtymyz şol ýerde-de özlerini ýokary tutjak bolýan nadanlary görüp gynanýan.

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Azat aga yañky goşgyñ oçurildi, bagyşlañ:
http://kitapcy.com/news/2018-09-23-2612
Öñ goylan goşgulary gaýtalap goymagyñ zerurlygy yok.
Siz-ä indi üçünji kruga geçdiñiz :))

0
3 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Pozup goýber, täze zat döremänsoň serhoş kellä gaýtalap otyrynda, bes et diýilýänçä :-)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: