16:07
Öz ýüzüňize-de bir serediň / hekaýa
ÖZ ÝÜZÜÑIZE-DE BIR SEREDIÑ!..

Öýden getirenje owkatlary bilen hersi öz kabinetinde garbak-gurbak edinenden soň, redaksiýanyň işgärleriniň barsynyň bir ýere üýşüp çaý içişmek, warsaky uruşmak, bir döw küşt dikişmek endijekleri bardy.
Ine, şol meşhur çaý, içişlik häzirem köne žurnalist, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, hat-habarlar bölüminiň müdiri Medet aganyň insizje kabinetinde dowam edip dur. Goňşy redaksiýalardanam gelen bar.
Tagtasy tapylmadymy ýa hiç kim höwes bildirmedimi, nämüçindir bu gün küşt dikilmedi. Şonuň üçinem, gürrüňçilik bir bada belli bir ugra baş bermän, dürli ýollary tozadyp, öz akymyna gitdi oturdy. Arasynda anekdotam aýdyldy. Kem-kemden birek-birege degmekligem ýadatdy.
Birdenem gürrüň şu günüň çagalarynyň özlerini alyp baryşlaryna edep-ekramlaryna tarap syrykdy. Şolam bulary edil, ýanyp duran oduň üstüne ýag guýulan ýaly etdi. Biri-birinden öňürti gürlejek bolşup, olar dar kabinetiň içinde uly goh turuzdylar. Kimiň öň gepläp, kimiň soň gürlärini biler ýaly bolmady.
— Asyl, gökden düşen ýaly-how, bular. Bir zat diýýäň welin,
diýýämiňem diýenoklar. Durlar, kendir iýen düýe ýaly boýunlaryny süýndürişip.
— Gereň bolan ýaly diýsene...
— Howwa. Özlerem bir haýal-ýagal, otursalar turmany, tursalar oturmany bilenoklar. Düýn tabşyran ýumşuňy şu gün sorasaňam ýüzüňe serederler-de eginlerini gysarlar, bolany şol. Gözler-ä mölerilip durandyr, äňlerem edil, ýazdyrylan gapan ýaly şalkyldap ýatandyr. Biz-ä bilmedik bularyň nähili zat bolup dörändiklerini.
— Çyn şol. Ine, bäri gulak sal, menem bir zat aýdaýyn. Hupdan boram welin...
— Neme tarapam bar olaryň...
— Dur entek, men sözümi soňlaýyn... Hupdan boram welin, öýden çykarlar-da, her çatrykda bäşden-üçden çommalyşyp bir oturarlar-ow.
Bäý-bä-ä!.. Ine, şo ýaman. Daşlaryndan seretseň dagy edil, bir topar agyr hassa ýa garry-gurty üýşen ýalydyr. Asfalta bakyşyp, maňlaýlaryny tutuşyp oturandyrlar. Daş-töwereklerem tüýkülikden ýaňa apbasy seçilen ýalydyr...
— Dogry şol. «Jyt-da-jyt, jyt-da-jyt»...
— ...Maşyn-saşyn geçse-de hi-iç, gozganmany bilmezler. Syrtyny sydyrdyp geçäýsin, göwni bir ýalydyr. Gaýtam ýeňsesine gaňrylaga-da burnuna salyp: «Agam, aňyrrakdan geçäýeniňde bolanokmy-aý...» diýer welin janyň dagy ýanar. Kä wagtam bir ýerlerinden turup, abşarylarlar￾da dar balaklarynyň jaýryklaryna giren ýerini çekişdirerler-de, ýene-de dikejeklerine çökerler.
— Ýaňy sen maňlaýlaryny tutup oturýalar diýdiň. Dogry şol. Ýöne adam şekilli aýalary bilen tutup otursalar boljagam welin, diňe başam barmaklary bilen süýem barmaklaryny maňlaýlaryna direýärler-de, galan üç barmaklaryny dim-dik edip oturýalar. Ine, şol olary hasam gözgyny görkezýä.
— Gepleri, sözleri dagam birhili-how. Höwün geçip barýan welin, bir-ä, «Ara, bratok, pahan düýn sestruhaňa pylan zat tapyp ber diýdi welin, ertir rowno odinnadast nol-nolda ştyk etmeli men şony. Mahanyňa aýt, skladda bar bolsa pust, pomožetdar-aý... Hot po blatu, a to, kak-to ne udobnodar-aý...» diýýä, beýlekisem dyzyny gulagyna ýetirip oturyşyna barmagyny çommaldyp: «Kakoý možet byt razgowor, bratok. Budet sdeleno diýdim, znaçit budet...» diýýä. Aňym göçendir meňňä şony eşidip. Özlerem äm-säm... Ýa beň-seň çekýälermi, nämemi...
— Aý, ýok, beňiň-seňiň iş-ä däl ol.
— Taňry gargan ýaly bir zatlar-laý...
— Siz köçede göreniňizi aýdýaňyz, a özümiziňkiler nähili? Şolaram — şolardan idili däl-ä...
— Aý, bolmanda-da köçä çykyp oturýanlaram sen ýalyň ýa men ýalyň çagalarydyr-da, gökden düşen däldirler-ä...
— Menem şony aýdýan-da. Günuzyn telewizoryň öňünde ýüzin düşüp ýatybilýäler-ä, ýerlerinden galman. Ýatjak wagtlary: «Näme boldy şu gün telewizorda?» diýip sorasaň welin, näme görendiklerini aýdybilenoklar. Ýatanlarynda-da eplem-büklem bolup bir ebeteýsiz ýatandyrlar. Agyzlaram alakaň hini ýaly hoňkaryp durandyr. Ýaş oglan dagy hor çekip ýa basyrganyp ýörmezmikä diýýädik welin, bular horam çekiberýäler. Biz-ä gorkýasam-how, şulardan.
— ...Ýaňky diýeniňe menem bir zat goşjak bolýan.
— Haýsy diýenime?..
— Telewizerde näme görenini bilenoklar diýeniňe. Biziňkilerem şolar ýaly. Ýap-ýaňyja görüp gelen kinolarynyň adyny sorasaň aýdybilenoklar.
«Kareteli ekeni», ýa-da, «banditli ekeni» diýýäler, bolany.
— Içinde köpräk ýakalaşsalar, tark-turkyny ýetirseler, birki ýerinde￾de ýalaňaç heleý ýa gorkunç belalary görkezseler kinoň ady bilen ýa
mazmuny bilen işi ýok olaryň.
— I-i... ine, menem bir zat aýdaýyn. Mysal üçin, mekdepden bäşlik alyp gelýäler...
— Kimler?
— Çagalar...
— Öz çagalaryňmy?
— Başga kimiňki bolsun?..
— Howwa...
— Bäşlik alyp gelýäler welin şu bäşligi haýsy temany aýdyp aldyň diýseň jogap beribilenoklar-a...
— Haýsy predmetden?
— Islendik predmetden. Ýa aýtmasalaram goýaýýalarmy, nämemi
— Sorap göräýmeli ekeniň...
— Kimden?
— Mugallymyndan.
— Soraňda nä, soraman goýdum diýer öýdýäňmi?
— Onyňam-a dogry...
— Aý, şu, mugallymlaryň özlerem şulardan idili dälmikä diýýän
men-ä.
— Ýo-o, mugallymlardan däl ol. Özlerinden. Hiç haýsynda huş ýok.
— Ümürde ýörän ýaly özler-ä.
— Dogrudanam, bir zad-a bolýa şu wagtyň çagalaryna. Öz erkine￾hä del bular.
— Hak aýdýan! O-ol, burnunyň suwy akyp duranam bolsa gözi ýanyp duran gurt gözli çagalar-a ýok indi. Hudaý saklasyn, ýaňadandan ata çykyp gylyç syrmaly bolsa dagy oturan ýerlerinden gozganman ýurdy tabşyraýjak şular.
Hemmesi birlaý zeýrenip, mazaly içlerini egisensoňlar, öý eýesi hökmünde häliden bäri kiçijek çäýnegini üç gezek çaýkap, üç gezek demlän Medet aga dördünji gezegem demläp ortada goýdy. Içini hümledip durşuna kärdeşleriniň käsesine çaý guýdy... Çäýnegiň üstüni ýene-de gaýnag suwdan ýetirdi-de, «myhmanlaryna»:
— Bolduňyzmy? — diýdi.
— Çaýdanmy-y... — diýip, barysy birden seslendiler.
— Ýok, zeýrençden.
Gülüşdiler.
— Näme bizar edäýdikmi?
— Aý, ýok, bizar-a edeňzok welin, baryňyzyň içiňiz hüjre-hüjre ekeni öz çagalaryňyzdan ýaňa.
— Nätjek-dä, bolşuny bolşy ýaly aýtmaly bolýa-da...
— Bolşuny aýtmaly bolýa welin, edýän gürrüňleriňiziň sebäbi göze görnüp durka, nämüçin beýlekä-de, nämüçin beýlekä boluşýandygyňyza
düşünemok. Özüňizem gyramatny adamlar.
— Hä, nähili sebäbi barmyşyn onuň?
— Sebäbi prostoý zat. — Medet aga ýeke-ýeke barmaklaryny büküp başlady. — Öňki döwrüň adamlarynyň iýýän iýmitini iýmeseler, içýän suwuny içmeseler, olaryň dem alan arassa howasyndan dem almasalar, nireden gözleri ýansyn olaryň? Iýdireniňiz azotly gawun, azotly garpyz bolsa, beren pamidoryňyz, hyýaryňyz, üzümiňiz şol bolsa, dogup-döräli bäri dişlerine ýekeje gezegem gadymky ak bugdaýyň ununy degirmedik bolsaňyz, bedenleriniň binalaryny dükanyň müteli unundan, dermanly pagta ýagyndan tutan bolsaňyz, pagtanyň ýapragyny düşürjek diýip, depelerinden gije-gündiz samalýotly derman guýanlarynda, eneleriniň süýdi bilen bile pestisit emenlerinde sesiňizi çykarmadyk bolsaňyz, dokuz günlükliginden başlap, analgin bilen asprinden gözlerini açmadyk bolsaňyz, ukoldan ýaňa endam-janyny eleme-deşik etdiren bolsaňyz, nädip gözi ýansyn o çagalaryň? Indiden soň näm-ä nalynyşan bolýaňyz?
Özüňiz günäkär! Öňküleriň çagalarynyň gözi elbetde ýanar, sebäbi olar çagalarynyň üstünde baş alyp, baş berýärdiler. Siz näme etdiňiz çagalaryňyzy ýaňky zatlardan gorar ýaly? Iň bärkisi, heriňiziň içen araklaryňyzam bardyr, bir çagaň huşuny alarça!.. Hälem san bolup aýak üstünde gezip ýörenlerine şükür edäýiň. O görgülileriň köpüsi aýak üstüne galyp bilmän gidýäler. «Görk agyzdan geler», «Keseliň başyny kerseniň düýbünden gözle» diýip köneler ýöne ýere aýtmandyrlar-a.
Bar zat iýmite baglydyr. Aýna alyňda, öz ýüzüňize-de, gözüňize-de bir seredip görüň-ä! Biriňiz her gün irden gelip, kelläňizi tutup otyrsyňyz, öten agşam köp urupdyrys diýip, ýene biriňiz aşgazanym agyrýa diýip, gözüňizi, çylpykladyp otyrsyňyz ýeri, onsoň nireden gözi ýansyn o çagalaryň, atasy siz bolsaňyz? Nireden olar huşly bolsun?..
Hemişe wäşi sözler bilen töwerek-daşyndakylary gülüşdirip oturan Medet aganyň birdenkä gatyrganybermesi zeýrenjeňleriň barsynyň sesine suw sepilen ýaly etdi. Olar orta ýolda saklanan at ýaly bir meýdan oýurganyşyp durdular-durdular-da: «Dogry-da, dogry» boluşdylar.
Pensiýa ýaşyndan bireýýäm geçendigine, urşuň, tut-ha, tutlugyň ähli ýowuzlyklaryny görendigine garamazdan, Medet aganyň öz gözleriniň henizem ýanyp durandygynyň süňňüniň sagatlygynyň sebäbini bolsa, onuň hakykatdanam, wagtynda ak bugdaýyň ununy, ak meýdanyň ýuwadyr-ýelmigini, agzyň gyralaryny ýara edip barýan şirinden datly gawundyr-garpyzlary köp iýendigine, arassa guýy suwuny, çeşme çaýlaryny köp içip ulalandygyna ýordular.
Şondan soň tä, arakesme gutarýança gürrüň dogrudanam, iýmitiň ýaramazlaşandygy, ýeke bir çagalaryň däl, ulularyňam öňküliginiň ýokdugy, her ýyl ýaz aýlary emel bilen bazara ir çykarylýan garpyzlardan iýip ýogalýanlaryňam ýok däldigi, hatda täze dörän SPID atly belanyňam ýokumsyz iýmitler, zäherli howadyr hapa suw, her dürli deri-dermanlar zerarly adam organizminden kesele garşy göreşiji immunitetleriň azalandygy bilen bagly bolaýmagynyň hem mümkindigi barada gitdi.
Ýöne nädeňde bu ýagdaýdan baş alyp çykyp boljakdygy barada welin, kesgitli bir zat diýibilen bolmady.

Dekabr, 1990 ý.

Juma HUDAÝGULY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 126 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 11
0
9 Netflix   [Mowzuga geç]
Ertekileriň, rowaýatlaryň, hereketleriň üsti bilen pend alyp, meýdanda arassa howadan ganyp, at çapyp, göreş tutup, aw awlap, pil depip, bilinden egri gylyjy düşürmedik, garadan gaýtmaz, batyr, namysjaň, ata - babalarymyzyň elinde terbiýelenen çaga bilen şu günki gün dört diwaryň arasyndan çykmaýan, uzak gününi telewizoryň öňünde ýatyp türk seriallaryny yzlaýan, ömründe öwüt görmedik we görkezmedik, maşgalasynda kimiň - kimdigi belli bolmadyk, ene - atanyň ellinde terbiýilenen çaganyň tapawudy ýer bilen gök ýaly bolmalydyram we bolandyram. Oňa iýip - içginiň dahyly ýokdyr. Möjek açlygy ýada ýaramaz iýmitlenýänligi üçin özüniň möjekligini ýitirýän däldir.

Ärdek ýaşap geçse peder,
Nesil kimden heder eder.

1
10 Trigger   [Mowzuga geç]
siz örän dogry aýdýaňyz
emma iýmit babatda kesgin aýtmaň!
iýmitiň täsiri bardyr.
suwuň ýetirýän täsiriniň özi-de ýeterlik delildir
diňe goýnuň etini iýip ýaşan bilen öküzüň düýäniň geçiň etini iýip ulalanyňam tapawudy bardyr.

1
11 Trigger   [Mowzuga geç]
eje guşumyzyň mährine, yhlasyna ýugrulan çörek bilen elinje bakylan malyň etinden edilen gowurdak iýip ulalan bilen gelip-çykyşy näbelli, nämeleri başdan geçireni belli däl kolbasa diýen ýaly fabrikantlary iýip ulalan asla-a deň bolmaz

0
8 Netflix   [Mowzuga geç]
Köçäň ugrunda çal saçly adam,
Ympyrt pijamaly, ympyrt köwüşli,
Göýä ýüzi-gözüde ympyrdy meňzäp,
Märekä bakyp dur dürler röwüşli...

Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,
Tüweleme:tüf,tüf, bir garny bilen
Bekläp dur şäheriň bir köçesini.

Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal,
Berip ýorganlaryň könejesini
Ýer ýok diýip on otagly jaýyndan,
Ketege göçürdi öz ejesini.

Şondan bäri onuň habary bardy
Ne-hä şo ketekden, ne ejesinden,
Ýygnan puly bolsa harammy halal?
Agypdy,amanat depderçesinden...

Megerem şolardyr ýagny bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap kellämiz gyzyp,
Kasparowdan ozup,karkowy pyzyp,
Ynsaby basgylap,wyjdany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek,
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne hä,enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de, iki barmak essalam ýazyp,
Hawa hut bizdiris, diňe bizdiris,
Hasrat getirýänler müňlerçe enä,
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kapelkadan geçen ikinji nusga,
Ikinji günä.

Megerem şeýledir, şonuň üçindir,
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi,
Şübhelenme parasatly enä sen!

Megerem şeýledir, uşak günäden,
Halasgär bolsa-da bu juwan nesil,
Senden gören zadyn öwrendi çaga,
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!


Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.


Hawa bu şeýledir, belaň körügi bizdedir,
Çagany näletleme bes,
Günämiziň asyl nusgasy hakda
Oýlanaryn diýseň,enä gulak as!


Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümiz ýadymdan çykan eken tas,
Bi ahlak ululaň günäsi hakda,
Oýlanaryn diýseň enä gulak as!

Enä gulak as! Şu goşgynyda,
Men dälle eneleň paýhasy goşdy,
Şeýdibem döredi ene pähminden,
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...

Kerim Gurbannepesow.

0
7 Ependi   [Mowzuga geç]
Hehh, dogry hemmesem) 90-95-nji ýyllaryň modasy, ýagny retrosy ýaly.

Hawa, ol wagtlar köçäň gyrasynda, öýüň deňine üýşüp oturmak geň däldi. Ilki bilen meseläniň aňyrdan gaýdýanyna kän üns bermändir Juma aga. Ýaremezan - hekaýasyny ýadyna salsada bordy. Bilemok, gazetda tankyt üçin çykaran bolsa bu hekaýany. (Ýazyja sarpam uludyr) Ol döwürden öňräk, 80-90 aralygy, ondanam irräk, üýşmek gadagan edilen. Ondada, okuwçy oglanlar agşamlyk biriniň öýünde oturmak hasam gadagan edilipdi. Mugallymlaryň biziň gulagymyza guýýan gürrüňleridi şol wagtlar. Soň, 90-ndan soňda umuman, kellä geýen ýaly etdiler hemme zady. Ol wagtlar ýanyňa gelen oglany myhman çagyrmagam birhili ýalydy. Soýuzyň edebi bardy ol wagt. Oglanlar bilen hakykam gürrüň bary edilýär. Nas atýaň, çilimi öwrenýäň, beňem bolaýsa diýämi. Bir oturan ýeriňde syçylanok diýmeseň. Ol dowrüň taryhy hakynda aýtmaly zatlar bolsa kän zatlar ýazjak welin, ýaltanýan şoňada. Çaga panýatamyzda galypdy hemmesi, kameramyz ol wagt çip-e göni belleýärdi, indi beýle däl. Indi deň-duşlar hemmesi öýde oturýarlar, agşamlyk ýagny. Köçäň gyrasy, üýşmek - muňada syýasatyň özi günäkär. Medet aga ýalňyşmasyn, her döwri bellän döwrüne deňemesin diýjek bolýan. Aslynda, bu hekaýa welin, 90 bilen 2000 aralygy üýtgeşiklik gaty kän bolup geçdi.

0
6 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Bu wagta çenli eşdilen zady @guljandhfjsdgj ýazjakmy... Ol diňe ewrika edýär. : )

0
5 Yengish   [Mowzuga geç]
Guljan natural iýmitler kime ýetsin:-)Amerikanlar ýöne ýerdenä şol goşundylary oýlap tapan däldirler.Birem "ors eýýamy" diýip eýýamy şu wagta çenli-hä eşidip göremok:-)

0
4 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Bylar ors eyyamynyñ pyrablemalary. Buwagt ak un, natural gawun-garpyz iyyas, shoñ üçin hazirki dowrimizin nesli by hekayadaky yaly bolmaga haky yok. Altyn nesiller olar

0
3 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Hawa awtor, öz yüzüne seretmeli şular. Aýnañ öñüne baryp seretmeli. Öz özüne sorag bermeli " men näme edyärin? Içinden urup yörün" diyip. Galyberse de, size " Ylham " atly hekaýamy okap görmegi maslahat beryarin

0
2 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Men menlikden daşda durmaly diyip, ähli neşirlerde diñe öz goşgudyr makala hekaýalaryny goýýanlar hakda näme diyjek? Gepletseñ, ýaşlar eylemiş beylemiş. Wah, şo ýaşlary sen döretmediñmi? Sen öwretmediñmi olara diysene??

0
1 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Bäh, asyl edep terbiye diýip gybat baryny okamak öñem bar eken ow. Sypaýy bolmaly diýşip diñe özlerini bilip, özüni mazamlap, makala ýazyp ýörenleñ gürrüñini dagy görýäñmi? Gybat edýän diymez, edep beryän diyer. Aý onam şo iş wagtyna gabat gelibilseñ aýdarlaý, olam bilemokda. O yere gitdi, bu yere gitdi bilen tapybilseñ. Yene de geple diyseñ halal zähmet çekmeli diyip adama ýeñ bermez

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]