10:26
Tagarowdadyr
TAGAROWDADYR

Küýsetmez jenneti, Erem bagyny,
Baryp görseň ak telpekli dagymy,
Säher turup, synla säher çagyny,
Kuwwat-medet nury Tagarowdadyr.

Yzynda selpeden awlar munda bar,
Aby-zemzem diýlen suwlar munda bar,
Söwer ýar guçulan zawlar munda bar,
Aýşy-eşret bary Tagarowdadyr.

Çarwadary-mürçe, nohur ili bar,
Üstünde şahandaz şahyr ili bar,
Gök gürlände, däli-porhan sili bar,
Gudrat bolsa, bary Tagarowdadyr.

Gije. Salkyn şemal. Asmanyň Aýy,
Melhem jana kerkaw közüniň çaýy,
Dünýäde özünden başga ýok taýy!
Jennetiň höziri Tagarowdadyr.

At münüp, çar ýana ýeldigim daglar,
Çeşmelerňi ýüze syldygym daglar,
Sizde meniň aýak yzlarym galar,
Durmuşyň humary Tagarowdadyr.

Tebigatyň gudratynda köp many,
Gel, gör, gözelligi görmek hökmany,
Başga ilden gözleme sen lukmany,
Jana derman-däri Tagarowdadyr.

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]