08:29
Bu ýer
BU ÝER

Gämi bir çak ýola düşdi köñülde
Ýalñyz goýup ýaşlygmyzyñ kenaryn.
Ilki gözel görnüp, soñ derde dönen
Aldy bizden söýgi soñunda aryn.

Ýaşap ýörseñ, şeýle pursatlar bolýar,
Çekilen surat deý doñýar-da galýar.
Arzylap çarçuwañ içine salan
şol birje pursadyñ ömre deñ gelýär.

Duşurany üçin birek-birege,
Müñ kerem razydyk ykbal paýyndan.
Bilmän galdyk bize näme böwetdi,
Näme beýle aýgytlylyk döretdi?!
Ýogsa heýem göwnüñ sowap bilermi
Aýrylyp bilermi, erk edip söýgä
Şirin jandan eziz görlen söwerler.

....O gün baglar añan ýaly bir zady,
Ýapraklary tänip çar ýan galgapdy.
Gussa çöken gözlem gabak astyndan
Soñky gezek hasrat bilen aglapdy.

Bu ýer meniñ katra ýaş döken ýerim
Seniñ müñ gez ýanyp hem sönen ýeriñ.
(Indi ahmyrlaryñ däl weli ýerem)
Ýöne belki yşga düşünen bolsak
Bu barlyga düşünerdik megerem.
Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: menliasyrowa91 | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 menliasyrowa91   [Mowzuga geç]
Sagboluñ! Bu goşgudaky gämi-agaç at öýdýän ýalñyş düşünmedik bolsam

0
2 menliasyrowa91   [Mowzuga geç]
Artık demir almak günü gelmişse zamandan,
Meçhule giden bir gemi kalkar bu limandan. türkçäm ýabygorlyrak bolansoñ indiki sözleri terjime edip bilmersiñizmi,@myhman!
-demir almak,meçhule,liman

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
demir almak - labyry galdyrmak, gäminiň ugrama wagty
meçhul - bilinmez, näbelli (bärde näbelli ýere manyda)
liman - limon oýun edýän :-)

liman - port

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
umuman alaňda: erbet däl.
bölekleýin alaňda:

Gämibir çak ýola düşdi köñülde
Ýalñyz goýup ýaşlygmyzyñ kenaryn.


köňül deňizindäki gämi gowy zat. nämäni ýaňzytjak bolýanyny bilebilmedim. ýaşlykdyr öýtdüm. ýöne ol kenar eken (Ezizowdaky ýaly). bir yşaratjyk bolsa super boljak eken. aşakda bir goşgy görkezjek. şondaky gämiň nämedigi ap-açyk.

Ilki gözel görnüp, soñ derde dönen
Aldy bizden söýgi soñunda aryn.


söýgi sizden ar alýan bolsa, oňa bir zat edensiňiz :-)

Ýöne belki yşga düşünen bolsak
Bu barlyga düşünerdik megerem.


yşka düşünmek = barlyga düşünmek. gip-gip-giperbola diýsene :-)

hälki aýdyşym ýaly. erbedem däl. üçünji bendi aýyrsaň nähili borka.

SESSİZ GEMİ

Artık demir almak günü gelmişse zamandan,
Meçhule giden bir gemi kalkar bu limandan.

Hiç yolcusu yokmuş gibi sessizce alır yol;
Sallanmaz o kalkışta ne mendil ne de bir kol.

Rıhtımda kalanlar bu seyahatten elemli,
Günlerce siyah ufka bakar gözleri nemli.

Biçare gönüller. Ne giden son gemidir bu.
Hicranlı hayatın ne de son matemidir bu.

Dünyada sevilmiş ve seven nafile bekler;
Bilmez ki,giden sevgililer dönmeyecekler.

Bir çok gidenin her biri memnun ki yerinden.
Bir çok seneler geçti; dönen yok seferinden

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]