06:22
Tereddut
TEREDDUT

Zamanymyzyň getiren şübheleri barada

Asyrlar boýy toplanan ynamsyzlyk we şübheler, beýinlerde bir törpi, bir buraw ýaly, iç-içe geçip ýeke-ýekeden, ýa-da köpçülikleýin adamlaryň ynançlaryny gowşadyp, eleme-deşik etdi. Aýratyn hem biziň döwrümizde bu şübheler tutuşlygyna inkär etmek ýagdaýyny döretdi. Hristiýan älemi bu şübheleriň garşysynda durup bilmändi. Bizde-de ilkibaşda sarsmalar boldy. Hatda, ýigriminji asyryň başynda ynançlaryny ýitiren käbir ýaşlar, iň soňky gezek ýazyp goýup giden  hatlarynda imansyz ýaşamagyň manysyzlygyna ünsi çekip, özlerini öldürýärdiler. Bir müň ýyl bäri tapylan we toplanan azdyryjy gurallar bilen, ýüreklerdäki niýetler we halkyň umumy düşünjeleri erbet ýaralanypdy, aýratyn hem aşaky gatlakdaky halkyň daýanjy bolan yslamyň esaslary, yslamyň akymlary, yslamyň alamatlary ýykyldy, bularyň netijesinde wyždanlar bozylmaga başlady. Bu uly ýaralar Kur`anyň we imanyň dermanlary bilen bejerilmelidi...
Alymlar muny bilýädiler... Ömer Nasuhi Merhum şeýle diýýärdi: «Asyrymyzdaky yslam alymlary, bu döwrüň zehinleri bulaşdyrýan käbir täze-täze pelsepelerini tankyt edip, kelam ylmynda, ynanç-ygtykatda täzelenmäge mejburdyrlar». (Muwazzah ylm-y kelam). Asyrymyzyň ussat hekiminiň goýýan kesel kesgitlemesinde: «Materializm magnewi bir mergi ýaly, tankyt edildigiçe gyzyklanma döräp, ýaýrap gidýär. Ylym we sungatdan täsirlenip, medeniýetden öýkünjeňlik alýar... Ýalňyş düşünilen erkinlik we buýsanç hem muňa garyşdygyça giňäp ýaýraýar». Bu kesel käbir meşhur ýazyjylaryň çeperleşdirip roman ýazmaklary bilen mergidenem beter möwjäp, has howply görnüşde ýaýrady. Ýaş hem garşylyk görkezmäge ukypsyz beýnilerde we kalplarda ornap kämilleşdi. Obalarda we şäherlerde diňe bu şübhäniň we ynamsyzlygyň gürrüňi edildi. Mekdeplerde, hatda çaýhanalarda-da din-imandan bir agyz söz açylsa gürrüň bu şübhelerden doly boldy.
Bu ýagdaýyň garşysynda käbirleri gulagyny dykyp, içinden gelen imanyň güýji bilen ýeke-ýekeden bogmaga çalşan şübhelerini, ynamsyzlyklaryny kalplarynda we aňlarynda taýýarlan zyndanlaryna atypdyrlar. Olaryň jogaplaryny tapmasalar-da imanlarynyň berkligi, ybadatlarynyň hyjuwyndan dörän ruhy lezzetleri bilen ýaşaýyşlarynda şübhelere orun goýmajak şekilde kararlydylar we göwünleri giňdi.
Käbirleri bolsa bu garşylyklary öňe sürenleriň niýetlerine hiç üns bermän, olary dinden çykanlar diýip hasap etmegiň howasyna girdiler. Olar ýaly gury garşylyklar bolsa beden çüýremesiniň güýjemegine sebäp boldy. Gowy niýet bilen jogap gözläp sorag-ideg edenler bolsa, göwnejaý jogaplary tapmansoňlar dymyp göwün ýüwürtdiler, ahyrynda-da howply şübheler bilen garşyba-garşy galdylar. Bu arada inkär girdabyna düşenler we jähennemiň düýpsüz guýularyna togarlanyp gidenler hem boldy.
Beýle ýagdaý bolsa, materialistik garaýyşdakylar we bu düşünjelerini ideologik söweşe öwürenler üçin örän amatlydy. Örän köp adamy olar bu urgy bilen urup ýoldan çykardylar. Ýoldan çykaryp bilmediklerini şübhe bilen ýaraladylar.
Gadym döwürlerde ynançsyzlyk nadanlykdan gelip çykýardy. Bu sebäpden hakykat özlerine düşündirilenler nadanlyklaryndan saýlanýardylar, ahyrsoňy dogry ýola düşendiklerine begenýärdiler. Indi bolsa, ylym we pelsepe meýdanynda müň dürli inkär ýelleri öwüsýär hem bu dürli düşünjelere eýe bolanlar özlerini «bilýänlerden» hasaplansoňlar, ylmydyr öýden bu düşünjelerinden daşgary hiç bir zady kabul etmezlige çalyşýarlar. Şeýdibem olaryň hakykata düşünmek ukyplary kör bolup galýardy. Şonuň üçin ozallar bu adamlaryň diňe müňde biri dogry ýola gowuşýardy. O zamanlar iman öňde bolansoň, ýagny köpçülik ynançda bolany üçin olardan uly bir zyýan gelmez eken. Şeýlelikde ýigriminji asyrda gyşarnyksyz ynamyň ruhy ýykylandan soň birniçeleriň ygtykady sarsgyn halynda… Şonuň üçin hapalyklaryň ýaýramagy bilen her ýerde ynamsyzlykdan we şübheden ýaňa özüni horlaýan, hatda din-imanyny – ähli zadyny ýitirenlere duş geldik.
Ine, bularyň ählisinden soň bu ýara ýiti neşteriň urulmagynyň wagtynyň gelendigini duýan çuňňur hormatlanýan ýazyjymyz uly bir mätäçligi aradan aýyrmak düşünjesi bilen bu kitaby taýýarlady. Töwerekleýin gurşap alyp, çylşyrymly meseleleriň çuň we giňişleýin derňelmegi, inşallah, kalplardaky we beýnilerdäki ynançsyzlyklaryň ýok bolmagyna sebäp bolar diýip umyt edýäris.

Saffet Senih

Kuranyň ilkinji aýatynyň «Oka» diýlip başlanmagynda nähili hikmet görýärsiňiz?

«Ikra – Oka» diýlen ylahy emr, iň şerepli barlyk bolan Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň şahsyna gönükdirilip aýdylýar bu bolsa aýtmak bilen beşere – adamzada amanat edilen soňsuz kämillige ýetmek we onuň jogapkärçiligini ýatlatmak üçin wezipelendirmek we bir çakylykdyr.
Göz ýetiriljek, many we mazmunyna düşüniljek, düşünildigiçe-de Halygyň nyzam we gudratynyň beýikligine, belentligine we gözelligine göz ýetiriljek bu älem Lewh-i Mahwuzyň bir tejellisi we öwüşginidir.
Allah ynsandan başga janly we jansyz her bir barlygy «galam» hökmünde wezipelendirýär. Şeýlelik bilenem her bir barlyk özüne tabşyrylan hem onuň özünde bolup geçýän wakalary belläp alýar.
Janly we jansyz her barlyk bir kitapdyr. Bu sebäpli hem «Gör, tomaşa et» görnüşinde däl-de «Oka» şeklinde emr berlendir. Çünki, kitap diňe okalýar. Her biri bir kitap bolan barlyklardan doly we ýalbyrap duran bu älem, elbetde şübhesiz ylahy bir kitaphanadyr. Ynsandan başga bütin barlyklar diňe «ýazmak» bilen jogapkär edilendir ynsan hem ýazmakdan başga esasan «okamak» wezipesi bilen şereflendirilendir.
Ylym, älemde bar bolan nyzama we dürli görnüşlerde emele gelen barlyklar arasyndaky gatnaşyklara göz ýetirmekden we bu düşünjeleri tertipleşdirmekden we bir ýere jemlenilmekden ybaratdyr. Älemdäki bu nyzam, nyzamdaky täsin gudrat we ölçeg asla tötänleýin bolup geçmez. Çünki bu nyzamyň esaslandyryjysy we döredijisi bardyr we onuň barlygy hemme zatdan has aýandyr.
Her nyzam esaslandyrylmazyndan öň hyýala getiriler. Misli kagyza geçirilip çyzgysy çyzylmazdan öň binanyň taslamasynyň arhitektoryň beýnisinde hyýalyna gelişi ýaly... Ynsanyň beden gurluşy we düşünjesi bu hyýala getirmä we esaslandyrma nähili şekil berýär,ony bir tarapa goýalyň. Älemdäki bu çäksiz nyzam Lewh-i Mahfuz bolsa, çäklendirilen nyzam hem Kurany Kerimdir we ol Lewh-i Mafhuzuň aýnasydyr.
Şonuň üçin ynsan okamalydyr. Okadygyça düşünmäge yhlas etjek, mahal-mahal ýalňyş düşünjek, hata goýberjek, tejribe etmäge girişjek. Hata-sebäp körüginden geçiren ylym jöwherlerini ynam we ynamdarlyga, ygtybarlylyga we berklige ýetirjekdir. Seretmek bir, görmek başga bir zat. Düşünmek başga, düşünenleriňi kabul edip aňyň we köňlüň eserine öwürmek başga zat. Bütin bulardan soň olary durmuşa ornaşdyrmak bir başga, durmuşa ornaşdyranlaryňy başgalara öwretmek we başga birine gowşurmak düýpden başga zatdyr.
Hawa, göz ýetirmek bilen baglanşykly bütin bu başgalyklar elmydam bolup durýar. Çünki, älemde birnäçe kanunlar bardyr we ol kanunlar Dörediji tarapyndan täsin bir sazlaşyk içinde dolandyrylýandyr. Olaryň käbiri şulardan ybaratdyr:
1. Ýeke-täkden köplüge tarap gitmek, (induksiýa we deduksiýa)
2. Köplügiň arasynda meňzeşleriniň, tapawutlylarynyň we gapma-garşylarynyň bolmagy,
3. Gapma-garşylar arasynda janly bir deňligiň we sazlaşygyň barlygy,
4. Münawebe (nobatma-hobat wezipeden boşamak we tabşyrmak),
5. Öwrenmek, unutmak we täzeden öwrenmek,
6. Gujur we gaýrat,
7. Tahlil we terkib (analiz we sintez)
8. Ylham we ony daşyňa çykarmak
Ynsan bu kanunlaryň ählisine tabyndyr. Bu sebäpden, elbetde, adamzat köpçülikdir we ynsanlaryň arasynda biri-birine meňzeşlerem, tapawyutlylaram, gapma-garşylaram bardyr. Şol sebäpli ynsanlaryň arasynda meňzeş we tapawutly pikir, görüş, ynanç, häsiýet we hereketler hem bardyr. Emma ýaradylyşdan gözbaşyny alýan bütin bu gapma-garşylyklar durgun, boş däl, janly we hemişe hereketde bolan bir ölçeg esasynda bolmalydyr.
Ýene bu sebäpli diňe imany maksat tutunyp gitmek ylmyň ýitirmegini we diňe ylmy maksat tutunyp gitmegiň soňy imanyňy ýitirmek netijesini berer.
Ýene bu sebäpden ylmy we nadanlygy, ykrary we inkäri, fazyleti we pesligi, zulmy we adalaty, muhabbeti we ýigrenji, göreşi we parahatçylygy, gowşaklygy we ýaltalygy özünde jemleýän tewekkül esasyna daýanýan ýaşaýyş we hereketler tarzyna derek, her bir zady ynsanyň döredip biljek ynanjyna esaslanýan sabyrsyzlyk, howlukmaçlyk, gödek «bozup-düzme, ýykyp-gurma», harsydünýälik we dälilik ýaly esaslaryň we hallaryň yzly-yzyna gelmegi adaty bir waka boljakdyr.
Ýene şol sebäp bilen hatda deňsiz-taýsyz barlygyň adamzadyň buýsanjynyň öwredenleri hem unudylyp bilinjek, emma şübhesiz täzeden ýatlanylyp, täzeden öwreniljekdir. Netijede, şeýle derejede böleklere bölünmegiň, seçilip aýrylmagyň, dürlüleşmegiň, köpelmegiň soňunda, täzeden birikmek, jemlenmek bolup geçer, ylhamlar geler we bir döreýiş bolup geçer.
Bularyň ählisi bolan, bolýan we arasy kesilmän bolmasyny dowam etdirjekdir. Hezreti Musa jemgyýetçilik ylymlary we jemgyýetiň sagdyn dowam etmegini üpjün etjek emrler bolan «On emr», Hezreti Ysa ynsan gatnaşyklarynda ýumşaklyk, rehim-şepagat, muhabbet we geçirimlilik, sabyr we takat, Hezreti pygamber Serwerimize (s.a.w.) bularyň hemmesine ýene goşmaça ylym, erada, hikmet, deňagramlylyk, agzybirlik, jebislik, çeper beýan we kemsiz düşündiriş bagyş edilendir.
Bu sebäpden musulman bolmak beýlekilere görä bir tarapdan has külpetli, jogapkärçilikli, emma, şonça-da inçedir we beýikdir. Çünki jemgyýetçilik durmuşynyň esaslary bilen birlikde, söýginiň, geçirimliligiň, mylaýymlylygyň, rehim-şepagatyň, sabyr takatlylygyň üstüne ylymly, eradaly, hikmetli, deňagramly, agyz birikdiriji, jebisleýji bolmak ýaly has beýik häsiýetler hem zerurdyr.
Mundan ötri fizika, himiýa, astronomiýa, biologiýa ýaly ylymlarda edilen açyşlar, gazanylan ösüşler, netije taýdan Lewh-i Mahfuzda hyýala getirilip, Kurany Kerimde ýazga geçirilen we älemde ýerbe-ýer, nobatma-nobat üsti açylan esaslardan käbirleriniň düşünilmesine we giňişleýin göz ýetirilmesine kömek edýändigi üçin bütin ähl-i keşif we himmeti, ýagny şol açyşlary edýän alymlary gutlamaly we hormatlamalydyrys. Emma, beýle hyzmatyň gazanç we getiren üstünligine jogap edip, Halyk we Nazymy inkär, ylahy ylhamy we irşady ret etmek, ynsany taňrylaşdyrmak, hemme zady ynsanyň öz erkine bermek ýaly bir ýitgä we azgynlyga düşmekden adamzady goramak hem zerurdyr.
Fizika we himiýa laboratoriýalarynda geçirilen tejribelere, öwrenilen kanunlara eýerip, fizika, himiýa we biologiýa wakalaryna täze ugur berilmese, onda ýokdan bar etmek, meňzeşi ýok zady döretmek ýaly sepgitlere daýanyp gitdigiçe bisabyrlaşan, gitdigiçe çaltlaşan, gitdigiçe bihaýalaşyp, jogapkärçiligini unudan, gözsüz batyrlyk we özbaşyna hereket etemek bilen ynsany we ynsan jemgyýetini bütünleý ýitirme ähtimallygy ýüze çykýar. Hawa, dürli tejribeler geçirmek mümkinçilikleriniň dörän bu döwründe ynsanyň özboluşlylygyny saklamaga derek onuň «özünde tejribe geçirilýän haýwan», ynsan jemgyýetiniň hem «şol tejribäniň geçirilýän laboratoriýasy» däldigini ýatlamak gerek.
Hakyky ýörelgeden ýöremek ylymlary doňaklyk we durgunlykdan, guraklyk we dereksizlikden halas edip ilkinji nobatda, ylymlara esas bolan meseleleriň göwnejaý düşünilmegigine kömek eder, ikinjiden bolsa, ynsan erada we zehininiň paýyna düşenleri berjaý edip, duýgy we kalp syzyşlaryna öz ýanyndan oýlanyp göz ýetirmeli bolar.
Ine şonda işleýän aýdyň bir enfus (subýekt) Allahyň buýruklaryny berjaý etmeýäniň sözüni keser we garşysyndaky älemi sözme-söz, setirme-setir kitap okan ýaly okar. Aslynda älemi bir kitapdan tapawutly görmek hem mümkin däldir. Çünki ýaradylyşa degişli emirlerde ilki ýaradylanyň «galamdygy» düşündirilýär, wahyý hökmünde inen Kuran permanynda-da ilkinji emr «oka» diýlip iberilýär.
Dogry, bu mesele daşyndan görünşi ýaly ýeňil bir mesele däldir. Daşky we içki duýgularyň iş we hadysalaryň öňünde talapkär bolmak derejesine görä bir duýuş, bir görüş bolsa-da, bu duýgulardan ýeke birindäki kemçilik ýokary derejede beýlekilerini hem täsirsiz eder.
Şonuň üçin Kuran-y Mugjyz-ül Beýanda körlük, kerlik we lallyk bilelikde zikr ediler. Çünki ýaradylyşa degişli emrler göz bilen okalyşy ýaly, wahyý üsti bilen gelen emrleriň ilkinji kabul ediljek ýeri gulakdyr. Mundan soňra bu duýuşa terjimeçi zybandyr.
Şol sebäpli, daşky we içki älemi görmeýän, tanamaýan biri gulagyna geleni eşitmez, eşitse-de düşünip bilmez. Sebabi, gulagyna gelen ylahy emrler bilen oýanmadyk bir köňül, ýaradylyş kanunlary bolan Şerigat-y Fytriýe bilen dereksiz meşgullanmakdan özüni halas edip bilmez.
Diýmek «oka» bir bütünleşmäniň we bütünleşdirmäniň, görüp baha bermegiň, onuň bilen birlikde syzmagyň, soňra bolsa bu içki dünýäsine dili terjimeçi edip ulanmagy aňladýar. Şonuň üçin ilkinji emriň «oka» bolmagy biziň üçin örän manylydyr.
Bu sowal ähmiýetine laýyklykda uzak düşndirildi we ýeri gelende sowaldan daşary meselelere hem degildi. Gaýtalanan pikirlerimiz bizi günäsiz görkezer we bagyşlanmaga bolan umydymyzy artdyrar.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 89 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Saffet Senih | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Men pikir edýädim, diňe materialistler (ateistler we şm.ler) idealistlere "hüjüm" edýändir diýip. Dogry, bu iki tarapyň jedeli hemişe-de bar, ýöne idealistler "giňräk"-mikän öýdüpdim.

Asyl-a uly-il damak ýyrtyp, özüniňkini dogry etjek bolýar. Dogry etsin, baş üstüne, muňa garşylygym ýok, bolubam bilmez, ýöne kimdir biriniň pikirini, garaýşyny üýtgetjek bolmaklyk, öz kellesini başga biriniň kellesine oturtmak bilen meňzeş görýän. Munuň bolsa, göni manyda (bukwalno) alanymyzda, mümkin däldigini, hemmämizem bilýäs. Diýjek bolýanym, kimdir birini ýa onuň garaýyşlaryny ýepbeklemän hem, "Men şeýleräk pikirde" diýen ýalyrak edip, aýdyp bolardy öz getiren delilleriň bilen. Ynanjak, şol ugurdan gitjek adam şeýdeňde-de gidýär. Gitmejek adam depesinden berseňem, öz diýenini tutar. Galyberse-de, din (fiziki we psihiki) zorluk bilen ynandyryljak bolunmagyna garşy ahyry.

Hany, adam - iň gymmatly jandardy-la. Hany, janly-jandarlaryň içinde adam özüniň iň gymmatly sowgady - akyly-huşy - bilen tapawutlanýardy-la. Beýle bolsa, näme üçin birek-biregiň akyl-huşuna (pikir) hormat goýamzok?! Ýa akyl-huşsuz adam barmy nä? Beýle bolsa, ol jemgyýetde, adamlaryň arasynda näme işläp ýör?

Romanlardyr we ş.m.leriň üsti bilen adamzadyň (materialistdir idealistleriň) pikirini üýtgedip bolýan bolsa, uruş-söwüş näme üçin bar? "Urşuň, söwüşiň" diýen garşylyklaýyn manydaky romanlaryň bolany üçinmi?!

Ýene bir zat, "Musulman bolmak beýlekilerden has külpetli"? Meň pikirimçe, ynanjyňa söýgiň güýçli bolsa, ol saňa külpet däl-de ýeňillik, rahatlyk berýämikä diýýän. Ýöne, bu awtoryň pikiri, men onuň bilen ylalaşmanlygym, onuňkyň nädogrylygyny aňlatmaýar.

0
3 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Tereddut - arap dilinden gelip çykyp, "şübhe, kararsyzlyk, ikirjiňlenmek" diýen manylary aňladýar.

0
2 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Şu sorag-jogap psihologiki ylmy eseri okamagy hemmäňize maslahat berýän saýtdaşlar.
EnsAllah goldasyňyz dowamyny bap'laýyn bölüp paýlaşjak.

0
1 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Haweran, eseriň awtory bar ekeni, ünssüzligim sebäpli görmändirin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: