01:58
Birnäçe sorag
BIRNÄÇE SORAG

Eýran-Türkmenistan arasyndaky daglaryñ ady we köki hakda:

Tagarow.
Misino: Tagarowyñ gündogar tarapynda ýerleşen.

Şular hakda bilýäniñiz bar bolsa bize ýazsañyz.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 81 | Добавил: abdyllahmuhammadi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Haweran   [Mowzuga geç]
Mesen (Messene) adynda Belgiýada bir şäherjik bar diýmesek, başga dillerde (rus dilinde-de) "mesene" diýen söz ýok, Abdylla aga.
Gadymy Babylda hem Tigr (Dijle) derýasynyñ ugrunda Mesena diýip birwagt jöhitleriñ (ýewreýleriñ) ýaşan ýeri bolupdyr.
Ýöne biziñ "mesenelerimiziñ" olara dahylly ýeri bardyr öýdemok.
"Baglar, güller, bulak oýa batypdyr,
Diňe parhsyz otyr köne mesene."

Öwezdurdy Nepesow "Aýdere" / poema
http://kitapcy.com/news/2018-09-07-2292

0
8 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Mesene sözi bizde de šol manyda. Etimilogyÿa sözlük bar bolsa köküni tapyp bolsa bor . Orslarda " Misino " sözüne meñzeš söz barmyka ? Meniñ gyzgyn salamymy Allaÿar aga ÿetiriñ . Oglanlykdan bäri onuñ "Eziz obam " atly gošgusynyñ bir bölegni hiñlenip ÿöršüm . Šonyda paÿlašyp bilseñiz minnetdar .

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Abdylla aga, şumat şahyr Allaýar (Çüriýew) aga bilen jañlaşyp soradym: "Tagarow taraplarda olar ýaly dagyñ ady ýok" diýdi. Bar bolsa bizem eşderdik.

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Misino dagy hakda öñ eşdemzokdyk. Bilýänlerden sorap göreris.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
TAGAROWDADYR

Küýsetmez jenneti, Erem bagyny,
Baryp görseň ak telpekli dagymy,
Säher turup, synla säher çagyny,
Kuwwat-medet nury Tagarowdadyr.

Yzynda selpeden awlar munda bar,
Aby-zemzem diýlen suwlar munda bar,
Söwer ýar guçulan zawlar munda bar,
Aýşy-eşret bary Tagarowdadyr.

Çarwadary-mürçe, nohur ili bar,
Üstünde şahandaz şahyr ili bar,
Gök gürlände, däli-porhan sili bar,
Gudrat bolsa, bary Tagarowdadyr.

Gije. Salkyn şemal. Asmanyň Aýy,
Melhem jana kerkaw közüniň çaýy,
Dünýäde özünden başga ýok taýy!
Jennetiň höziri Tagarowdadyr.

At münüp, çar ýana ýeldigim daglar,
Çeşmelerňi ýüze syldygym daglar,
Sizde meniň aýak yzlarym galar,
Durmuşyň humary Tagarowdadyr.

Tebigatyň gudratynda köp many,
Gel, gör, gözelligi görmek hökmany,
Başga ilden gözleme sen lukmany,
Jana derman-däri Tagarowdadyr.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

http://kitapcy.com/news/2021-06-07-15716

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
"Bir sapar gyzylbaşlaryň köp sanly goşuny duýdansyzlykda gelip, Nohuryň hemme ýoluny we töweregini baglaýar. Goňşy obadaky türkmenlere habar ýetirmäge hiç hili puryja galmandyr. Gazaply söweşlerden soň, gyzylbaşlara galany almak başardypdyr. Iki tarapdan hem adam ölýär. Kürtler galany basyp alanlaryndan soň, bar mallary olja alýarlar, gyz­gelinleri-de ýesir edip, Nohurdan alyp ugraýarlar. Gije Tagarow dagyna ýetýärler. Garaňky düşýär. Şol ýerde kurtler ýatarman bolýarlar. Garawul goýlan kürtler ýatanda, birnäçe adama gaçmak başardypdyr. Olar öz ýanlary bilen gelin-gyzlaryň hem birnäçesini alypdyrlar. Kürtler bolsa gojalardyr çagalary, mal-garalary Eýrana sürüp äkidýärler. Bu habar şaha etýär. Şa "Ähli nohurlylary getirdiňizmi?" diýip soraýar. Onda «Biz ählisini getirýardik, ýöne Tagarow dagynda gije özüni oňarýan erkekler bilen aýal­-gyzlar gaçdylar« diýýärler."
http://kitapcy.com/news/2018-10-27-2973
http://kitapcy.com/news/2018-10-26-2967

"Köpetdagyñ Türkmenistandaky çäklerinde Manaman dagy Tagarow we Üçguýy beýiklerinden soñ, iñ uly gerişleriñ biridir. Ol deñiz derejesinden, takmynan, 1700 metre golaý beýiklikdedir. Ady rowaýatlara öwrülen bu dag demirgazykdan günorta tarap uzalyp gitmek bilen, beýleki dag gerişlerine sepleşýär."
http://kitapcy.com/news/2018-06-11-158

0
5 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Tañry sizi köp ÿalkasyn . Meniñ biljek bolÿan zadym Tagarowyñ manysy hakdaday . Soñam šol Rusça sözmi dälmi ? Misino Eÿranda Köpetdagyñ soñlanÿan ÿerinde Gifan diÿilÿän obañ gaÿra ÿüzi . Eÿranlylar šoña Misino diÿip at beripdirler . Ÿöne šol adyñ näme sebäpden berilendigni bilÿän ÿok . Rusça söz bolmagy mümkin diÿip çak edilÿär . A men bolsa Türkmençe Mesene sözünden alynmagy mümkin diÿip jogap gaÿtarÿan . Onsoñ mesene sözüniñ köki näm bolmaly diÿip sorag edildi .

0
6 Haweran   [Mowzuga geç]
Tagarow dagynyñ ady ruslardan galmandyr, orslardan öñem şol at eken Abdylla aga.

0
7 Haweran   [Mowzuga geç]
"Mesene" diýip edil bizde-hä (nohur şiwesinde) akyp gelýän suwly ýabyñ jaryñ üstünden geçýän ýerine (jaryñ bir tarapyndan beýleki tarapyna geçýän turba) aýdylýar. Beýleki şiweleri bilemok. Ýagny, "geçiriji", "iki kenary sepleýji" manysy bar diýen ýaly.. Bu ýöne bir "göz öñüne getirme", has dogry manylary bar bolmagy mümkin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: