08:14
Ynjaldy / hekaýa
YNJALDY

Durdy şol gezek işden birneme irräk geldi. Öňünden syrtarylyp çykan aýalyna bir zatlar diýip degişjek boldy. Soňam: «Gel-aý, şu oýun bilmeze zat diýmäýin-le» diýip, ýüzüniň ugruna içki jaýa girip gitdi.
Eşiklerini çalyşdyrdy-da, öýüň ortarasynda, dik duran ýerinde pikir etdi: «Ertirem dynç günüdir. Geçen aýyň garaňkysyndan bäri zat dadylan däldir, azajyk wuraýsammykam, ýadawlygy çykarar ýaly. Eşiklerimem-ä çykardym. — Ol assa-ýuwaş ädimläp gapynyň agzyna bardy. Işikden boýnuny uzadyp, howluda oýnap ýören ogluny ýanyna çagyrdy. — Ýaş oglany ibermelem-ä däldir welin, aý, tanalman duran adam ýok, bererler- le».
— Öwez keliň dükanyna gidip gelibilermiň? — diýip, ol öýe kürsäp giren ogluna ýüzlendi.
Gulmyradyň gözi ýiteldi. Ykjamlandy.
— Hawa. Näme getirmeli?
— Ýeme bermezmikä o saňa? Bir çüýşe o zat...
— Arakmy?
— Hawa.
— Höwün Goşa daýym gelende-hä beripdi. Şonda getirdim-ä.
Durdy asawaçdan asylgy duran balagynyň jübüsinden iki sany üçlük çykardy.
― Me onda, galan köpügine näme alsaň alaý. Kagyza dolap ber diý!
Gulmyrat ejesiniň oturdan çaýy gaýnamanka dükandan gaýdyp geldi. Kagyza dolangy aragy kakasyna uzatdy. Keýpsiz gürledi.
— «Haladillikden berjek» diýip berdi. Kagyza-da dolady. «Kagyzam gyt» diýdi.
― Gaýtargy bermedimi?
Gulmyrat oýunda utulan oýunçy ýaly uludan demini aldy-da, burunjygyny çekdi.
— Şony bermedi-dä.
Durdy: «Häk» diýdi-de, dükançynyň adyny tutup sögündi. «Çagany bir aldamaly däl-ä» diýdi. Öýüň ortarasyna çökdi-de, haşlap oturyşyna aýalyna gygyrdy:
— Hany, getir naharyňy basymrak!
Durdy käsesine arak guýup içdi-de, birmeýdan işdämenlik bilen nahar iýdi. Derledi. Burçak-burçak der oňurgasyndan syrygyp gitdi, ho-ol aşak. Deriň badyna endamy ýumşap, göwrümi giňedi. Aýaly bilen degişesi, gülüşesi geldi. Bolmajagyny-ha aňdam welin, töwereginde başga-da bir gara bolmansoň ýene oturybilmedi.
— Men-ä ýene birini alaýsam diýýän.
Aýal aýlawa düşünmedi.
— Şunyňy bir iç entek.
Durdy hikirdedi:
— Ýak, nätdinaý! Men-ä bir saňa kömekçijik alaýsam diýýän. Neneň görýäň?
Ýeri, «bar, al» diý-de gyşar-da otur diýsene. Ýok, bu ony etmedi. Iki çignine «salam» berip, «has-has» edip oturyşyna bolubilenini boldy. Çişdi. Gözüni çuwala salnan geçiň gözi ýaly edip dik depesine dikdi. Birdenem top atylan ýaly atyldy. Şaňňy ses içerini tutdy.
— Getir! Getir, getiribilýän bolsaň. Şu içerde men-ä durman.
Durman ikiň biri bolup. Öldümmi men beýdip. Ýa hossarsyzmy men üstüme heleý aldyr ýaly?!
Aýalynyň hiç zat ýok ýerden ot alan ýaly bolup oturyşyna Durdynyň gülküsi tutdy. Bilgeşländen ýene-de tow berdi.
— Ikiň biri bolmarsyň. Sen meň baýry aýalym borsuň. Hemme zat, bütin hojalyk seniň elinde bolar.
Şol wagt öýe giren Gulmyrat kakasynyň keýpi kök halda gürläp oturyşyndan ony ejesi bilen degişip oturan hasap etdi. Ýyrşarylyp hersiniň ýüzüne bir seretdi. Durdy oduň üstüne ýag guýdy.
— Gulmyrat janam ol ýuwundyrar, geýindirer. Sen bolsaň otur arkaýyn dynjyňy al-da!
Aýaly bolmajysy boldy. Ýetdi ýetjek derejesine. Äriniň: «Hergiz çaganyň ýanynda meniň bilen sögüşme» diýip, ömürboýy edip gelýän sargydyny hem başyndan aýlap urdy. Tasap ýerinden turdy. Baryp eplengi duran ýorganlary ýykyşdyrdy-da, aşagyndaky sandykdan zatlaryny çykarmaga başlady. Gözüni çaşardyp Durda seretdi. Aýala gelişmejek
ýowuzlyk bilen:
— Durman, durman indi men bu hojalykda. Gitjek! Al, kimi alsaň, şony al! Meň bilen işiň bolmasyn! — diýdi.
Şunça giňem bolsa, gany gyzyp ugran Durdynyň bu bolgusyz ýere topalaň turuzýan aýalyň özüniňkidigine jany ýandy. «Ýeri, bir ýapbyl-ýapbyl gürleşip, degşip oturan heleý duşaýmaly dälmi maňa dagy».
Ogrynça oguljygyna seretdi. «Ine, gapydan gülüp giren çaganyň bar keýpi uçdy. Şu wagt şuňa bu öý zyndandyr». Çaganyň göwnüni götermek üçin hoş söz gözledi.
— Iýiber, oglum! Ejeňe seretme. Ol oýun edýändir.
Içerdäki topalaňyň oýun däldigini çaga aňdy. Gözjagazlarynyň gytagy bilen bir-ä ýarysy içilen araga, birem kakasyna seretdi. Muny Durdy hem duýdy. «Haý, arakdan gördi-ow» diýip başyny ýaýkady.
Gözjagazlaryny tegeläp oturan Gulmyrat, bu galmagaly
hakykatdanam, şu ortadaky duran arakdan gördi. Hut öz eljagazlary bilen dükandan getiren aragyndan gördi. Getirenne puşman etdi. Işdäsi tutuldy. Saçagyň başyndan yza çekildi. Ýene-de aşaklyk bilen çüýşä seretdi. Sowuk demini aldy. Şondan soň Durdynyň hem iýip, içip ugry bolmady. Iň beteri çaga nebsi agyrdy. Ara düşen näsazlygy ugrukdyrmak üçin, ýerinden turup, aýalynyň ýanyna bardy. Töwella etdi. Aýal töwellany almady. Gaýtam has kejine tutdy. Soňabaka has agramly sözler hem aýdyp başlady.
Durdynyň: «Oýun etdim-le-how, beýdip durma-da, goýaý indi senem, çaganyň göwni çöker beýtseň» diýenlerine özüçe düşündi. Ony özünden gorkulyp edilen eglişik hasap etdi. Kiçijik kellesi gyzyp, has hetden aşdy.
— Sen orramsy bolmasaň...
Onuň sözüni soňlara maý bolmady. Durdynyň gany depesine urdy. Aýalyna elini salgap goýberennem aňşyrmady. Şondan soň, Durdy daş çykdy-da, üzümiň saýasyndaky çarpaýa münüp, aýagyny sallap, keýpsiz oturdy. Bir agyz oýundan dörän topalaňa geň galdy. «Şuň ýagdaýyn-a bilýänem welin, ýene-de, adam pahyr, bir
öýden bile girip-çykyp ýörseň olam bolanok. Keýpimem gowujady-da...»
...«Är-aýalyň urşy, ýaz gününiň ýagşy» diýişleri ýaly, topalaň
her näçe uly hem bolsa, ertesi ýene öňki-öňkülik boldy. Birazajyk ýüz bermediksireşen, torsarylyşan bolsalar-da, öýläne çenli hiç zat bolmadyk ýaly ümmüldeşip gitdiler. Erkek aýal bilen deň bolup durmady. Bagyşlady.
Aýalam bagyşlady. Ikisem biri-birini bagyşladylar. Gury goh edenleri galdy. Gulmyratjygyň welin, ertesem şol bir keýpsizje girip-çykyp ýörşi boldy. Öwran-öwran sowutgyjy açyp, içindäki düýnden galan ýarty çüýşe araga seretdi. Uly adam ýaly: «Ýene bir galmagallyk galypdyr-ow!» diýdi. Şu jenjel suwuny dükandan öz aýagy bilen gidip getirendigi üçin, özüni hiç bagyşlap bilmedi. Ahyram ýüregini bire baglap arakly çüýşäni aldy-da, hiç kime bildirmän daşaryk çykdy. Düňküldäp gitdi-de, elindäkini hapa atylýan nowanyň içine taşlady. Aýalaryny kakyşdyrdy. Göwrümi giňän ýaly bolup, uludan bir sowuk demini aldy. Düýnden bäri ejesiniň ýanynda özüni müýnli saýyp ýören çaganyň süňňi ýeňledi. Ejesi bilen kakasynyň gaýdyp uruşmajakdyklaryna ynandy. Ol hil bir bitiren ýaly ellerini arkasyna tutup, howlynyň içinde, eýläk-beýläk aýlanyp ýörşüne, gözüniň gytagy bilen telim gezek ejesine seretdi. Ejesiniň gamyny iýeni üçin özünden göwni hoş boldy. Ynjaldy. Gaýdyp dükandan arak getirmejekdigine şert etdi.

1984 ý.

Juma HUDAÝGULY.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 121 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
Okadym. Normalno

0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Waheý...çagajyk.

Howa-da,degişmänem götermek gerek.Bar al ,diýeñde alyp biljekmi .Birinden basylyp ýören görgüliñ ikinji nämesine gerek.:-)))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]