22:41
Ýazha-ýaz!
ÝAZHA-ÝAZ!

Oňat döwür boldy, indi goşgyny
depder-depder edip, çem gelen ýazýar.
Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy,
Zehinden binesip çöňňeler ýazýar.

Her ýyl yglan edilende bäsleşik,
Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip,
Utanç-haýaň serhetinden ätleşip,
Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar.

Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň,
Bulanan beýniler durlanar belkem,
Dälihana girip çykandyr görseň,
Aklyndan azaşan telbeler ýazýar.

Gowy goşgam çap edilýär çendanlar,
Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz.
Çemeçiller, söwdagärler, dellallar,
Bir söz bilen aýtsak, hemmeler ýazýar.

Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň,
Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň,
Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp,
Garrap, sandan galan töňňeler ýazýar.

Meger alyp gaçýan borly hyýallar,
Öňler keşde çekip, gaýma gaýanlar,
Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar,
Hem kazy-kelanlar – selleler ýazýar.

Şygyr döretmek kyn örtenmän, ýanman,
Dogry sözüň aýtman, öz syryň ýaýman,
Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman,
Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar.

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Atayew | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 5
1
5 beghan   [Mowzuga geç]
goşgy öz-özüne garşy gelýär. ýagny bulary goşga salyp aýtmagyň geregi ýok. ýöne dogry zatlar aýdypdyr. Atajan Tagança başarmadygyny boýun alyp, goşgy ýazmagy bes etseler, türkmen edebiýatynyň taryhyna girerler.

1
4 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Atamyrat aganyň başky üç-dört kitabyny okap oňaýmaly.

1
3 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Milyon setir okap bir setir goýmazlygama gowy däl diýen ýaly terzde Kerim agadama belläp geçipdir welin...Atamyrat Atabaýewiň (ýatan ýeri ýagty bolsun)bu goşgysyny birinji gezek okaýan

1
2 Trigger   [Mowzuga geç]
Кто не родился поэтом, тот им никогда не станет, сколько бы к тому ни стремился, сколько бы труда на то ни потратил.
Валерий Яковлевич Брюсов

1
1 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Atamyrat Atabaýewiň çyndanam öz goşgusymyka şu? Soňkulary nämä geň görýälerkä onda?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]