09:14
Ýazmak höwesi
ÝAZMAK HÖWESI

Aslynda, ýaşaýşyň döremegine sebäp bolýan, soň oňa mydama itergi berip durýan güýçleriň birem höwes bolsa gerek. Höwes ýok ýerinde hiç zadam ýok.
Ugurlary boýunça bölseň, höwesem telim dürli bolup biler, olaryň içinde-de has saýlanýany, has özüne çekijisi iň gadymysam gürlemäge, diňlemäge hem ýazmaga bolan höwesmikä diýýärin. Gadym-gadym eýýamlarda gowaklarda mesgen tutup, awdan-şikardan ýadap gelip, agşamlaryna ot başynda üýşen ilkidurmuş adamlaryny göz öňüne getiriň. Başga zatlar hakda-ha gürrüňem ýok, entek ýazuwyň, kitabyň, edebiýatyň nämeliginem bilýän ýok. Ukam geliberenok. Nämä güýmenmeli?
Ine, onsoň mähelledäkileriň biri ortaradaky ody ölçerişdiren bolup oturan pyýada ýüzlenýär:
-Ýer-ow, Garabaş, bu gün näme, agzyňa suw alan ýaly...Hany, aw nähili boldy, ganlymydyr, janlymydyr? Gürrüň ber-dä!
“Gürrüň” diýlenden, hälki pyýada başyny silkip, oduň şuglasyna gözlerini ýaldyradyp, töwerekdäkilere birlaý göz aýlar. Irkiljiräp oturanlaryň käsine gep atyp, olaram ukudan açar-da...Başlar. Towşandan keýik, keýikden gulan, gulandan pil ýasap, eňip barýandyr. Oturanlar onuň aýdýanlarynyň ondan biriniňem ýapa degmeýänini bilseler-de, “Hä-de, hä!” bolşup, meçewini ýetirerler. Garabaş käbir haýwanlardyr öz awdaş ýoldaşlaryny çyna berimsiz, şüweleňli, janly şekilde, dil üsti bilen suratlandyranda, oturanlaryň köpüsi kese ýykylar.
-Ýeri, onsoň? Ýene-de aýt-da!
Anha, şol Garabaş ýalylary ýazyjylaryň ilkinjisi-de hasaplasa bolar.
Asyrdan asyrlar aşyp, adamlar “hat” diýlen gudraty oýlap taparlar. Garabaşlar, ondan soňkular hem özleriniň gören-eşidenlerini, başdan geçirenlerini ilki daşa, soň kagyza geçirip ugrarlar. Şeýdibem, adamzadyň ýüreginde diňe gürrüň bermek däl, aýdylan-eşidilenleri ýazyp beýan etmäge, nesillere galdyrmaga bolan höwes dörär. Ol höwesden bolsa soňra gutulma ýokdur. Sebäbi her bir adamyň kalbynda beýlekilere aýdasy, paýlaşasy gelýän zatlary münder-münder, gatbar-gatbar dykyn alyp ýatandyr. Ýöne her kim olary daşyna çykarmaga het edenok, edäýende-de, aýtmanyň, ylaýta-da, ýazmanyň ebeteýini tapanok. Ynha, şol ýerde-de ýazyjy, şahyr, aýdyjy, bagşy diýlen ýaly birgeňsi adamlar topary olaryň dadyna ýetişer, dilsizleriň diline, galam tutup bilmeýänleriň galamyna öwrüler...
Ýazmak höwesine her adam dürli-dürlüräk ýaşda uçrabam bilýän eken. Kim çagalykda, kim dynç alşa çykansoň...Ynha, mekdep ýaşyna ýetmedik bir oglanjyk agasynyň gapdalynda çök düşüp, dodajyklaryny müňküldedip, onuň hat ýazyşyny synlaýar. Soňra agasynyň geçen ýyl äpberdim eden köne depderini diläp alyp, depderiň soňunda boş galan üç-dört sany sahypanyň daşyna geçýär, agasynyň bir galamyny alyp, daň atýança “ýazýar”. Ertesi irdenem agasynyň gykylygyna oýanýar. Asyl, oglanjyk kellesiniň gyzgynyna diňe agasynyň köne depderini däl, ulanyp ýören depderleriniňem boş setirlerini “tolkunjyklardan” dolduryp çykaýan bolsa nätjek! Entek adamzada mälim bolmadyk bu täze “hat” üçin agasy-ha mugallymdan ýaglyja “ikilik” alyp geldi, oglanjygam agasyndan bir awulyja şarpyk datdy. Ýöne agasynyň “ikiligem”, şarpygam oglanjygyň “ýazmak” höwesini öçürip bilmedi, gaýtam onuň “tolkunjyklary” kem-kem azda-kände many alyp ugrady. Aýlar-ýyllar aýlanybam, şol oglanjyk ýazyjy bolup ýetişdi.
...Ine-de, ertekili, döwli, jynly, Symrug guşly çagalyk möwsümi sowulýar-da, “perizatly” düýşleriň döwri gelýär.
Juwan ýürek üýtgeşik duýgulardan, joşgundan ýaňa ýarylaýjak bolýar. Ýeri, muny nädip kagyza geçirip, “perizada” ýetirip bolar? Ýetiriýäňde, ol hatyň kabul boljakmy? Ýa-da gülki boljakmy? Ýa-da “salam-helige” çenli goşga salyp, özbaşyna samrap ýören “diwana” adyna galarmyň? Anha, ilki bilen-ä hiç hili başarnygyň, tejribäniň, eliňden tutara halypanyň ýoklugy, soňra-da “wiý” diýdiräýmek gorkusy köp juwanyň şol başky höwesini ýele sowurýar.
Aslynda, şol ýazmak, döretmek höwesiniň özünem yşk derdi bilen deňäýesiň gelýär. Göwnüme bolmasa, döredijilik bilen yşkyň köki, beýni tarapdan gözegçilik edilýän nokady bir ýaly. Bu ikisiniň arasynda umumylyk gaty kän. Adama ilkinji goşgyny ýazdyrýanam söýgi.
Ýaşlykda bu derde uçramadyk az-azdyr. Ynha, oglan başyňdan iner şol apat. Janyňa jaý tapmarsyň. Şahyryň “Gelse, akylym dagydyr, gitse – kararym ýok meniň” diýýän gününe düşersiň. “Şo gyzy bir görsem bolýa, gözümi ýumar-da aýdaryn baryny” diýersiň. Emma günlerde bir gün oňa pete-pet gelersiňem welin, diliň damagyňa gider. “Onda men muny goşga geçirer-de, kagyza ýazyp, jorasyndan iberäýerin” diýersiň. Emma galamdyr-kagyzam şol gyz bilen dilleşen ýalydyr, asla diýeniňi etmez.
Ýazmak meselesinde hemmäniň ukybynyň deň bolmajagam belli. Kimler gürlemäge ökde-de, şol diýýänlerini kagyza geçirmeli bolanda, duran ýeri. Kimiňkem tersine. “Aý, maňa gürle diýmeseňizläň...” diýip ýaýdanyp durandyr, ýazmaly bolanda welin, gözüne gül salar.
...Ýazmak höwesini döredýän diňe söýgi däl-de, meselem, basdaşlyk duýgusam bolup biler. Deň-duşlaryň birki sanysy yzly-yzyna goşgy ýazyp gazet-žurnallarda çykardyberse, öwlüberse, seniňem olardan galasyň gelenok. Ýa-da ýazyjylyk, şahyrlyk adama abyrsyz abraý, şöhrat, ummasyz baýlyk getirýändir öýdýänlerem bar. Köne dilde muňa “haýu-höwesem” diýläýýär. Eger şeýle bolsa, şol haýu-höwese düşen adamy wagtynda bu ýalňyş pikirden halas edip, abraý-şöhrat gazanmagyň başga has aňsat, has ýönekeý ýollarynyň bardygyny, döredijiligiň bolsa, köplenç, güzapdan başga zat bermejekdigini duýduraýmak galýar.
Beý diýilse, bu aýdylanlar edebiýat meýdanynyň ýaňy bir çetinden ätlejek bolýanlary gorkuzmak ýa ürküzmek üçindir öýdüläýmesin. Taýagyň iki ujunyň bolşy ýaly, döredijiligiňem ezýeti bilen bilelikde, özboluşly lezzetem bardyr. Bir ýazanja zadyň şowuna düşende, onuň ähli beren azaby-güzaby bada-bat ýadyňdan çykýandyr.
Edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti hakda kän aýdylýar. Aslynda, edebiýat, döredijlik diňe okyjyny däl, ýazyjy-şahyryň özünem terbiýeleýär, öz üstüne ýüklenen jogapkärçilik ony gowy adam bolmaga mejbur edýär. Ýogsa näme, ýazýanyň bir zat – durmuşda edýäniňem düýpden başga zat bolsa, seniň sözüňe kim ynanjak?!
Ýazyjylyk, döredijilik meselesinde zehinden başga-da, adamyň öz şahsyýetine, gylyk-häsiýetine-de gaty köp zat bagly. Eger akyl satýar hasap etmeseňiz, döredijilikde öňümde goýan, özüme öwran-öwran sargaýan käbir şertlerimi aýdaýyn:
1. Öýkelek bolma! Öýke-kineden, kitüwden doly ýürekden gowy eser çykmaz. Üstesine, ykbalam öýkelek adamy öýkeletmegi gowy görýär. Durmuşda-da şeýle. Oňat adam öýlerine gelende, işdäki, daşardaky öýke-kineleriniň, ynjylarynyň, aladalarynyň baryny bosaganyň daş ýüzünde galdyryp, ýylgyryp girer. Bethüý adam bolsa bar awasyny öýdäkilere pürker, bar gaharyny şolardan çykarar.
Ýazyjy-şahyr babatda-da şeýleräk. Gowy ýazyjy ýa-da şahyr öz şahsy öýke-kinelerini eserine golaýlaşdyrmaz.
Ýene bir zatdan ägä bolmaly: ýazyjynyň ýazýan eserleri “köňül gözgüsi” ýaly ýa-da lakmus kagyzy ýaly, ýazýanyň hakyky ýüzüni, häsiýetini şahsyýetini açyp görkezýändir.
2. Hantama, tamakin bolma! “Tamakin – günde gamgyn”.
3. Ýalta bolma! Döredijilik, ylaýta-da, kyssa ýazmak ýaltanyň işi däldir.
4. Bahyl bolma! “Bahyl baýnamaz”.
Edebiýat meýdany diýilýän bir giň meýdan: zehin köpeldikçe, ol meýdan giňeýär. Azalsa-da daralýar.
Bu meýdana her gelen zehinem öz ýerjagazy bilen bile gelýär. Sen-ä özgäň ýerini, özge birem seniň ýeriňi alyp bilmez. Ýazanyňam özüňki.
...Elbetde, höwesem, ylhamam gije-gündiz joşup, mydama dyňzap duran zat däl. Sebäbi ýazyjy-şahyram adam. Käte-käte onda-da şowsuzlyklar, lapykeçlik, ululy-kiçili ýalňyş-hatalar bolsa bolaýýar, şonda birbada höwesem gaçýar, galamam. Döredijiligiňde “gurakçylyk” günler, käte ýyllar başlanýar. Ýöne muňa darykmaly däl. Şeýle arakesmeler käte ýazyjy-şahyryň peýdasyna-da bolaýýar. Eger döredijilige höwesiň çyn bolsa, kyn günlerde zehiniňi zaýalaman, erkiňi aldyrman saklanyp bilseň, şol başky höwes ýene oýanýar, senem döredijilige täze güýç bilen gaýdyp gelýäň.
Misilsiz, hilesiz, çyn höwese ýugrulan hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, irde-giçde syzylyp çykýar. Häzirki ajaýyp döwrümiziň döredýän giň mümkinçiliklerem her bir zehine goldaw-goltgy berýär. Sanly ulgam, iň ösen tehnologiýalar hemmeleriň, şol sanda ýazyjy-şahyrlaryňam hyzmatynda. Ýöne ylmyň-tehnologiýanyň öseni bilen, ýazyjy-şahyryň zähmeti ýeňilleşendir öýtmäliň. Döredijilik bilen başa-baş, ýüzbe-ýüz galanda, ýazyjynyň ýene-de şol gadymky günüdir. Oňa diňe bu ýollarda güýç-gaýrat, dury zehin, ýüwrük el hem şol başdakysy ýaly başbermezek höwes-hyjuw arzuw edäýmek galýar.

©Kömek KULYÝEW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 04.07.2021 ý.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 70 | Добавил: Bagabat | Теги: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 1
0
1 Trigger   [Mowzuga geç]
Ýazana, ýetirene, okana Bereket!
dawno şular ýaly priýatny zat okamandym. Sagja boluň, agalar!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]