22:54
"Ömür diýlen bir demlikdir..."
"ÖMÜR DIÝLEN BIR DEMLIKDIR..."

Ömür diýlen bir demlikdir
Ha gelsin ol, ha gelmesin.
Ynsan ýalana mätäçdir
Özi bilsin ýa bilmesin.

Goly güýçli saýlar göreş
Hakykaty söýlär geñeş
Kä Gün dogar, bolar Güneş
Buldy görsün ýa görmesin.

Köp bilen azy unudar
Söýen gül ýazy unudar
Göterip gitjek inidir
Egninde köýsün köýmesin.

El gysga bolmasyn ýeñden
Dil awusy çykmaz tenden
Dünýäñ aşygy kän, menden
Hoş söz duýsun ýa duýmasyn.

Enwer NYZAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Елена_Прекрасная | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 8
0
Gaýrat edip adyny üýtgetmäýdä. Enweri diyenim bilen näme bolýar???

0
7 hoşowaz   [Mowzuga geç]
"Yesterday is history, tomorrow is a mystery, but today is a Gift. That is way it's called the Present." - Master Oogway.

"Düýn taryh, ertir matal (syr), emma şu gün sowgat. Ine näme üçin ol Present diýlip atlandyrylýar." - Halypa Ugweý, "Kunfu Panda" multfilminden.

Bellik: Present - iňlis dilinde Häzirki zamanyň atlandyrylyşy hemem "sowgat" sözüniň sinonimi (bilmeýänler üçin).

0
6 myhman   [Mowzuga geç]
Gijäň birmahaly…
Bir-ä meni gözleýär.
Gygyryp-gygyryp damagy gyrlan
Telefonumyň indi sesi cykanok.
Sebäp ýassyk bilen bekledim agzyn.

Halys boljak däl-dä
Agzyn ýel alan
gurbagalaň bir-biriniň häsini
ýetirişip, için tutup gülüşi
Her biri düýe deý äpet itleriň
üysüp obamyzyň ortarasyna
Ýaşlyklaryn ýatlap bälçireýişi
Gözüme düşdi.

…Kapasa salynan guş ýaly howa
Derleýä, darygýa, haşlaýa
Ýüregi içine sygman başlansoň
Iliklerin açyp köynegi bile
ýelpenip başlaýa

…Çybyndan, yssydan goranyan ho-ol ýel
Çümüp ütüklenen ýumşajyk suwa
çala kellesini çykaryp otyr.

Men ýatyp bilemok.
Ýogsa, hanha ukymam taýýar
Şu wagt beynime täze SMS-ler
Elime bolsa aýagaldygyna jaň gelýä…

Enwer Nyzamow

şu goşgy bilen ýokarky goşgyny bir adam ýazdy diýseň kim ynanar?!

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Jan Ýüjel “düýn geçdi, ertiriň geljegi näbelli, şonuň üçin şu günüňi ýaşa” diýen many bilen jemleýär....
Enwer paşada näme üçindir, şol jemleme duýulanok.
Bir zatlar diýýä, ýöne näme diýjek bolýar, şo taýyny belli edip bilmedim (belli edip bilmändir).
Ýöne, Enweri ýazyp bilýän biri diýip tanaýan.
Üstünlikler.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Jan Ýüjel diýen garagol türk şahyry bar.
Şonuň “ömür diýeniň...” diýen bir goşgusy bar.
Şeý diýýä:
Ömür diýeniň üç gündir;
Düýn geldi geçdi,
Ertir näbelli.
Onda ömür diýeniň
Bir gündir; oda bu gündir.
—-
Ömür dediği üç gündür;
Dün geldi geçti,
Yarın meçhuldür.
O halde ömür dediğin
Bir gündür; o da bugündür.
Can Yücel.

0
3 Myhman0430   [Mowzuga geç]
iş edinip ýazan kommentiňe

Комментарий успешно отправлен на проверку администратору проекта.

ýaly ýazgy çyksa kejikdirýä.

0
2 Myhman0430   [Mowzuga geç]
dýad Enweriň goşgusyna meň penjirämden seredip göreli.

Ömür diýlen bir demlikdir
Ha gelsin ol, ha gelmesin


gelse gelmese tapawudy ýok diýýän zady nämekä? ömürmi, demmi?

Ynsan ýalana mätäçdir
Özi bilsin ýa bilmesin.


heýç ylalaşamok.

(kiçijek degişme:
Berdinazar: "adamyň bir mätäç zady - hoş sözdür"
Enwer: "ynsan ýalan söze mätäçdir")

Goly güýçli saýlar göreş (bolup biler, ýöne jedelli)
Hakykaty söýlär geñeş

geňeş gowy zat, dogry zat, sogaply zat. maslahatda oňyn maslahat beren iki (bilmän) ýalňyş maslahat beren bir sogap gazanýamyş. hakykat çykmanam biler. ýöne geňeşde bereket bar bolmagy ahmal.

Kä Gün dogar, bolar Güneş
Buldy görsün ýa görmesin


buldy görse görmese Günüň dogmagy. hmm birhiliräk öz-ä.

Köp bilen azy unudar
Söýen gül ýazy unudar
Göterip gitjek inidir
Egninde köýsün köýmesin


bu bent ne her setir aýratynlykda ne baglanyşkda maňzyma batmady.

El gysga bolmasyn ýeñden

bir ata sözüni ýaňzytýan bolsa, men beýle atasözi bilemok. uly bolýan köýnek geýmäň diýjek bolan bolsa ýokarky bentde diýen bolsa has ýerlikli bolardy. "agaň köýnegini geýmeli bolmasyn" manyda

Dil awusy çykmaz tenden

dil awusy tende bolýamy? "tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez" diýlenine tersiräk düşünipdir öýdýän.

Dünýäñ aşygy kän, menden
Hoş söz duýsun ýa duýmasyn


duýmak eşitmek manydamy? şeýle bolsa biri "bu türkçe" diýmegi ahmal. ýok, duýmak manyda bolsa, maňzyma batmady.

birinji bentdäkiden başga hemme kupletiň 3-4 setirleri ne idili baglanyp bilýän ne idili logika ba.

başga kişileň penjiresinden baksaň nähilidigem gyzykly.

0
"Niredekä Enweriniñ külbesi ?"

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]