15:52
Durmuşyň keýpi
DURMUŞYÑ KEÝPI

Durmuş keýpli –
söhbet etseň her kim bilen,
ýa-da galsaň täk başyňa.
Durmuş keýpli – serhoş wagtyň,
sersag wagtyňam şeýle.
Ýaman däl – bolsa zenan ýanyňda,
ýöne, keýpiňe-de sogan dograma
olaryň hiç biri saňa bakmasa.
Nähili keýp –
kitap ýazmak.
Ýöne, bir gezek keýpden çykdym,
sahypa yzyna sahypa
golýazmamy otda ýakyp,
belki-de ol romanym
erbedem däldir beýle.
Ähli zatda ýaşaýyşa höwes bar.
Kim aýdypdyr,
pulsuzlyk –
gam-gussalyk diýip?
Ýaşaýyşa höwes bar:
ölüme höküm edileniň kamerasynda,
ýas ýerinde,
hem meýhanada
– bu anyk belli.
Ine, bir gün peýda boldy
ýaşamak keýpi
ölüm ýassygynda ýatan kişiň gaşynda,
görmändi ol bende
ýeter-ýetmez ömründe
ýeke pursat şatlygy.

(Haýyş edýän, goşgyny
ünsli ýene bir okaň).

Ýan RYBOWIÇ.

Terjime: Mango.
Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: mango | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 15
0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
"Ölüm gorkunç zat, ölmezlik ondanam gorkunc"

0
10 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@mango sag boluñ.Gowy goşgy,gowy terjime.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
bir polýak bar eken, göreni görgi, edeni bergi eken. "beýle ýaşanyňdan-a öleniňem gowy" diýip pikir edýän eken.

ýigrendigem baý adamlar eken. bir gün bir şahyryň goşgusyny okapdyr.

Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm, -
Kimsäge​ - toý-baýram, kimsäge - zulum


içinden baýlara "sizjagazlar duruň bakaly. hemmämiziň soňumyz belli. ölüm siz üçin şumdur. meň üçin halasgär. ölüm siz üçin zulum ýalydyr, emma meň üçin toý-baýram"

ahyry garrap ajal ýakasynda ebşitläpdir welin, gözüne ýaşaýyş gaty uly bagt bolup görnüp başlapdyr.

özümden düzdüm. tutuşlygyna toslamadyr. :-)

0
Ýöne näme de bolsa mert ekeni. Sabyr edyän her bir adam mertdir:)

0
13 Myhman0430   [Mowzuga geç]
Asyl pikir edip otursa
Durşy bilen keýp eken
Şu ajaldan gutulsa
Başdan başlajak eken
...Olam lezzet alypdyr
Dostlary bilen otranda
Iňbolmanda saýtda
Gaýbanasyna söhbetde...
Käte ýowuz ýekelik
Basmarlajak bolupdyr.
Ýöne ol ýekelikden
Aýry lezzet alypdyr
Kä içip, käte guçup lezzet alypdyr

Gije, ýeke, ne içere zat bar ne guçara
Ne puly bar alara ne geçýär ol karyza
Kitap ýazypdyr oturyp, görse –
bulam ajaýyp keýip
ýazanny okap görse.. ýazanňy ýakmak
keýp eken ýazmakdan beter
Erbedem däldir belki
@myhmanyňkydan beter
Asyl keýp eken gam-gussada
Ýaşasy gelýä munda
Türmedäki tussagda
Ýasam şatlyk ekeni
(toýy özüň pikir et)
Başyňa näme gelse
Diriligiňe şükür et

Wah, şu ajalda gutulsa
Ýene bir puryja berilse
Ünsli ýaşakak eken
Wah, ol bagtyýatan

@myhman 4.06.2021 21:04

0
Gözümiziñ alnynda şahyra öwrülip barýañ senä walla:)

0
15 Myhman0430   [Mowzuga geç]
bu bir ýöne degişme, mundan-a goşgy bolmaz, mendenem şahyr :-)
ýazan kommendiňi pozmagy öwretsene. men muny jogap diýip ýazdym welin, ýazýançam sorag ýitipdir. şeýle goýlan ýaly boldy.

Ýan welin çözüpdir, terjimede gowy.

şu Ýan her goşgusynyň soňunda iki setirjik diýip galýa welin, şol polýak edebiýatyna bamyka ýa diňe Ýana mahsusmyka? haýsynda bolsa-da şony aýratyn haladym.

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
Magtymguly: "saglygyň gadyryny bilgil, hassa bolmazdan burun"
Ýan: "ýaşaýşyň gadyryny bilgil, ajal gelmezden burun"

0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Men barlygmy dowam etdirmek ücin göreşýan. Juda yürek bulanç

0
6 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Kapýasyzam gowja mazmunly goşgy ýazyp bolýan eken-ä.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Dogry. Başarsaň Allaň ýaradan dünýäsinde, Allaň beren ömrüniň her pursadynda-da mümkin boldugyndan öz göwnüňi özüň galkdyrmaga çalşyp ýaşamaly-da. Içiň-bagryňy ýakyp, her geldi-geçer makawlara gazaba müneniň bilenem, öz-özüňi ýere sokup gynananyň bilenem, barybir geçip gidýär.

Bu dünýä göýä kerwensaraýdyr,
Gelen-geçip, gonan-göçüp baradyr...

Ejiz menem Senden başga kimim bar,
Öz ýaradan janyňa jebir etme, eý Jepbar...

0
3 Trigger   [Mowzuga geç]
poçtaňyza bir kiçijik maslahatjyk atypdym. Elbetde siz o makalany okansyňyzam-la, öň...

0
5 mango   [Mowzuga geç]
minnetdar.
arkaýynlykda (ýeke galyp) okaryn.

0
2 Trigger   [Mowzuga geç]
Огромное Вам спасибо и низкий поклон!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Радость жизни

Радость жизни рождается в общении
с другим человеком
и в полном одиночестве.
Радость жизни даёт алкоголь
и абсолютная трезвость.
Женщина рядом – это неплохо,
но сумей жить в радости,
когда ни одна на тебя
взглянуть не хочет.
Писать книги –
ах, какая радость.
Но однажды я был счастлив,
сжигая в печке страница за страницей рукопись романа,
который – пожалуй –
мог оказаться неплох.
Радость жизни есть во всём.
Кто сказал,
что полное безденежье
это непременно отчаяние и тоска?
Радость жизни есть
в камере смертника,
в доме скорби
и в грязной пивной,
я это знаю.
Однажды она явилась
на смертном одре
человеку, который
за всё своё долгое прозябание
не пережил и минуты радости.

(Прошу вас, ещё раз
прочтите внимательно эти стихи).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]