15:28
Owganystan ýol ýazgysy -4: Mazary-Şerif
MAZARI-ŞERIF

Biz Kabuldan taksi bilen Mazary-Şerife tarap ýola düşdük. Ýolboýy biz Haýretdin hanyň, Mejid Turanyň, Gurban aganyň, Welnazar hajynyň, Aşyr hanyň telefonlaryna jogap berip mähirli aladalary bilen gurşalan myhmansöýerliginiň täsirinden çykman barýarys. Taksi sürüjisi bizi geň galdyryp biziň bilen rusça gepleşmäge başlady. ...

Häzirlikçe iş ýoklugy sebäpli uzak aralyga taksi bilen kireý edýän ekeni. Bir tarapdan biziň bilen düşünişmegi gowy boldy. Ol bize ýol boýy Owganystanyň obalary, şäherleri, umumy ýagdaýlary barada maglumat berip tanyşdyryp gitdi. Biz Kabuldan çykyp iki tarapy dag bolup gidýän derä girdik. Derelerde söwüt agajy köp. Kabulyň töweregi suwly derýajyklardan doly. Hindiguş daglaryndan gelýän gar suwlary kä mahal bu derýajyklary joşdurýar hem. Biz Kabuldan biraz daşlaşyp çynar we söwüt agaçlary bilen gür baglyga öwrülen Tajikan diýen bir ýerde saklandyk. Goyun etinden bişirilýän kebapdan biraz garbak-gurbak etdik. Ol ýerde el-ýüzümizi ýuwup ýene ýola dowam etdirdik. Kabuldan başlanan uzyn dere gutararly däldi. Birden ....

Öňümizdäki kiçijik obanyň içinden geçip barşymyza bir köne demir derwezä rusça ýazylan ýazgyny okadym. “Спасите меня! Я здесь Вася”. Ýazgy rus dilinde bolansoň düşündim. “Meni halas ediň! Men bu ýerde WASÝA”.

Bu ýazgynyň ýazylanyna köp wagtyň geçeni bellidi. Reňkler bozulypdyr. Derweze bolsa pos tutupdyr. Söweşde owganlylaryň eline ýesir düşen rus esgeriniň iň soňky umydy bolan bu ýazgyny okap bogazym doldy. Onuň bu ýazan ýazgysyny okap onuň halas bolandygyna ynanasym geldi. Onuň hem gyzyl mata örtülen boş tabydynyň Russiýa äkidilip enesiniň, doganlarynyň, söýgüli ýarynyň aglamagyny, köçelere gahryman diýlip adynyň dakylamsyny hiç islemedim. Belki-de, häzir hem şu obada ýaşap ýörendir. Ýa-da, onuň “dereksiz ýitdi” habary baryp yzynda galanlar umyt içinde ýaşap ýörendir. Bu ýazgyny ýazan esger belki-de bu ýazgyny okap kimdir biriniň hossar çykjagyna garaşyp ýörendir. Ýöne bu howply, yzy gutarmayan uzyn derede saklanyp ony sorag-ideg etmäge kimiň bogny ysar-ka? ... Kim biler???

Uzyn deräniň içi pyşbagalara meňzeş rus tanklaryndan doludy. Tanklaryň güýç ýeter ýaly ýerlerini goparyp ilat äkidipdir. Indi diňe onuň agyr göwresi şol geçen urşuň şaýady bolup ýatyr.. Men pikirlendim “Sowet soldatlarynyň müňlerçe tanky bu uzyn derede her ädimde goýup – “duşmany” dogrudan hem ýeňip bildigimi-kä?” Tanklary her 10 ädimden görmek bolýardy. Kä ýerde bolsa 10-15 tank bir ýerde üýşmek bolup galypdyr. Biz Hindiguş daglarynyň Seleň (Salang) diýen beýikligine çykdyk. Seleň Pamir bilen Hindiguş daglarynyň birleşýän ýeri bolup, bu ýerde ruslar uly bir dagasty geçelge (Tonel) gurupdyrlar. Geçelge 3800 metr dag belentliginde, 2700 metr uzynlykda gurlupdyr. Toneliň kä ýerlerde bolsa bütin ýyllap buz sarkyndylarynyň eremän ýatandygyny görmek mümkindi. Dagasty geçelgede sowet goşunlarynyň iki gezek köpçüliklerýin betbagtçylykly pajygasy bolupdyr. Olaryň biri 1980-nji ýylda 16 sany esgeriň gazdan bogulyp ölmesi we toneliň içinde ýangyç maşynynyň ýarylmasy sebäpli 176 esgeriň ölmesi bilen bu geçelgä “ölüm geçelgesi” diýlip at berilipdir. Sowet goşuny 1989 ýylda general leýtanat Gromowyň ýolbaşçylygynda “TAÝFUN” operasiýasynda hem bu geçelgede aýylganç söweş bolýar. 1997-nji ýulda ýylda hem general Dostumyň buýrugy bilen talybanlaryň ýeke täk ulanýan Seleň geçelgäni bomba bilen ýarýarlar we tä 2002-nji ýyla çenli bu geçelge ulanyşdan galýar. Bu ýerde häli-şindi baslygyp ýatan garlaryň süýşmegi hemmeleri gorkuzýardy.

Birden öňden barýan maşynlar durdy. Maşynlar uzyn hatara düzülse-de, maşyndan düşüp sebäbini soraýan ýokdy. Biziň sürüjimiz maşynlaryň durandygyny uzakdan görüpdir-de, arany mazalyja açyp durdy. Biz ýere düşüp, birnäçe metre ýetýän galyň garlaryň ýanynda ýadygälik surata düşýäris. Bir sagatdan gowrak duranymyzdan soň, maşynlar hereket edip ugrady. Görüp otursak, maşyn ýoluň ortasyna dagdan daş bölekleri gaýdypdyr. Sürüjiniň aýtmagyna görä talybanlaryň işleriniň bolmagy hem ahmaldy. Bular ýaly wakalar bu ýerde häli-şindi gaýtalanyp durýarmyş. Şoňa görä, bu ýollar agşamdan tä daň atynça baglanýan ekeni. Biz içimizden bilýänje dogalarymyzy okap ruslaryň salan Seleň tunelinden geçdik. Gorky bilen gynaç ikisi hem meni gysyp gowrup barýardy. Bu gorkunç daglarda, derelerde buz sarkyndylarynyň metrlere ýetýän ýerinde emre boýun egen esgerlerimiz! Gör sizi nirelerde enteddiler, nämäniň hatyrasyna söweşdirdiler?! Gör siz nirelerde üşediňiz?! Sowet rejimi siziň ajalyňyza şu sowuk garlaryň içinde “el bulatdymy?” Ah biziň bigünä esgerlerimiz...

Biz daglardan aşyp barşymyza sürüjiniň el uzatýan tarapyna seredýäs “Bu ýerde Owganystanyň Çin bilen 90 km serhetleşýän daglyk obalarymyz bar. Ol ýerde ýaşaýan obalarymyzdaky ynsanlar maşyn diýen zady bilmeýärler. Sebäbi ol ýerde ýol ýok. Hat-da, olaryň ýaşaýan obalarynyň dagyň üstünde ýerleşendigi we kert gaýalar bilen gurşalandygy üçin, olar ýylda birnäçe gezek ýüpi sallap (emeli lift bilen), dagdan düşýärler we ýylboýy gerekli azyk owkatlaryny alyp gidýärler” -diýdi. Meniň üçin bu bir erteki ýalydy. Emma bu hakda soň gyzyklanyp görenimde hakykatdyyna gözüm ýetdi.

Dagdan deräniň içine inen ýerimizde, bulanyp gaýdýan akar suwuň üstünde gurlan taryhy Pol-e Homry diýen köprä ýetdik. Köprüden onçakly uzakda bolmadyk ýerde bolsa Baglan welaýatyna degişli Pol Homry şäheri görünýär. Biz ýenede ýolumyzy dowam edýäris. Kabuldan tä Mazaryşerife barýançak meniň ünsümi çeken zat, ýoluň gyrasyndaky elektrik sütünleriniň hemmesiniň (ynanyň hat-da biri hem boş galmandyr) simleriniň üzülip durmagy we her sütünde ýüzlerçe ok yzlaryny görmegim boldy. Men munuň sebäbini sürüjiden soradym. Sürüji elektrik yşyklary talybanlara hiç ýaramady. Olar garaňkylygy söýýärler -diýdi. Ýol boýy barýan obalarymyzyň birinde hem elektrik ýokdy. Biz Kelegeý diýen düzlüge düşdük. Bu ýerde ýol bejerilýändigi sebäpli gumlukdy, tozandy. Maşynlar zor bilen ýöreýärdi. Sürüji bu ýerde garakçy özbekleriň kä mahal ýolda gelip geçýän ýolagçylaryň üstüne atly çozýandyklaryny we talaýandyklaryny aýtdy. Dogrudanda maşynlar bu ýerde her näçe kynçylyk çekselerde durmajak bolýardylar. Kä ýerde bolsa, bu ýerleriň amanlygyny goraýan amerikan maşyn hatarlary görünýärdi. Biz ahyry kynlyk bilen Kabul bilen Mazaryşerifiň 500 kilometrlik güzaply ýoluny geçdik.

Mazaryşerifde bizi Balh uniwersitetiniň mugallymy, türkmen alymy Muhammetsalyh Rasyh garşy aldy. Muhammetsalyh aganyň öýi ruslaryň uniwersitet üçin salan umumy ýaşaýyş jaýydy. Bu jaýyň uruşdan soňky ýagdaýy gaty gözgynydy. Üç otagda 15 bolup ýaşaýan Muhammetsalyh Rasyhyň bir otagynda ullakan haly ýüwürdilendi. Bu haly türkmen alymynyň güni geçerligini aýlamaga kömek edýärdi. Jaýyň diwarlarynda ok yzlaryndan ýaňa ýer ýokdy. Jaýyň özi suw kanalizasiýasy işlemeýän, çyg çeken, we bejergä mätäç jaýlardandy. Üstesine-de bu ýerde 2 sany maýyp ýaşaýardy. (Umuman men 30 ýyllyk urşuň iň agyr yzyny Owganystanda her 2 öýden birinde maýybyň bardygy bilen aňlatmak isleýärin) Biz Rasyhyň öýünde uzak-uzak edebiýat, owgan türkleriniň ýaşaýşy hakynda söhbetler etdik. Onuň işleýän ylmy işi bilen tanyşdym. Ol türkmen diliniň sözlügini ýazýan ekeni. Ylym üçin wagt tapyp, agyr maşgalany ekleýän bu alymyň agzyndan zeýrençli söz eşitmedik. Ýogsam onuň agyr maşgalasynyň üstüne 50 ýaşly ýöremeýän maýyp aýal, dogany bilen iki gözi görmeýän 45 ýaşly erkek dogany hem bir öýde ýaşaýardylar. Owganystanly özbekler we türkmenler üçin uly ylmy işleri edýän bu alymyň mertebesiniň tutulmagyny içimden arzuw edip gaýtdym.

Biz ertesi Hezreti Alynyň mazaryna zyýarat etdik. Daşdan seredeniňde göm-gök asman reňkli gupbasy görünýär. Daş töwrege kepderiler bilen aýak basara ýer tapylmaýan giň meýdan. Biz “Hezreti Aly” diýen ýazgyly gümmezli gadymy bir aramgähe girdik. Zyýarata gelenler we gapyda dileg edip oturanlaryň sany-sajagy ýok. Biz zyýaratymyz edip taryhdan “dil açýan” owadan mesjidiň daşyna aýlandyk. Töweregi güller we agaçlar ekilen parkynda oturdyk. Hezreti Alynyň bu ýerde jaýlanandygy hakynda dürli rowaýatlary aýdýarlar. Kerbelada ölen Hezreti Alyny bu müňlerçe kilometrlerden getirip bu ýerde jaýlapdyrlar. Onuň jesediniň ogurlanmasyzlygy üçin hem onuň mazarynyň başga ýerlerde hem bardygy hakynda myş-myş ýaýradypdyrlar diýip gürrüň berdiler. Uzaklardan gelip bu taýda birnäçe gün galýan zyýaratçylar hem baglaryň arasynda jaýlaşyp nahar bişirip otyrlar. Birnäçe adamlar bolsa bu taýa ýörüte sadaka paýlamak üçin gelen bolmaly. Olaryň daşyna üýşen garyp gasyrlardan ýaňa, sadaka paýlaýanyň diňe her wagt ýokary galdyrýan elleri görünýärdi.

Soňra-da Mazary Şerifiň ýakynlaryndaky bazara aýlandyk. Bazarda gelin –gyzlaryň bezeg zynatlary, kümüş gaplar we at bezeg şaýlary bardy. Bazaryň bir çeti ýörüte atyň gaýyşdan edilen esbaplary satylýan eken. Biz uzakly gün şähere aýlanyp yza gaýtmak uçar üçin bilet aldyk. Uçar Herata her 3 günden bir gezek gidýändigi üçin adamlaryň nobaty gaty uzyndy. Sebäbi Mazary Şerif bilen Heratyň aralygynda maşyn ýol bar hem bolsa asfaltlanmadyk we howply ýol bolany üçin her kim uçar bilen gidenini kem görmeýärmiş. Biz bileti 3 sagatlyk nobatdan soň diňe ertesi gün üçin alyp bildik.

Bize zordan 3 adamlyk bilet ýetdi. Biz Mazary Şerifden Herata uçar bilen geldik. Gurak we ot bitmeýän daglaryň üsti bilen biz ýene ,,Şäherleriň enesi,, Herata dolandyk.

Şol gün hem Heratda eglenmän Eýran gümrügine gelip ýetişdik. Ine, iki sany demirtikenli simiň öteki ýüzünde şeýle ykbally ynsanlar ýaşaýan eken. “Garaňkylygyň ýurdy” “Geçmişiň hazynasy” - gadymy Owganystan meniň kalbymda, beýnimde, ýadymda ömürlik galar. Men hyýýalda ýene Soltan Baýkara we onuň akyldar aýaly Gülpam bilen, Mir Alişir Nowaýy we Abdyrahman Jamy bilen, şa Mirza we Göwherşat begum bilen, Jüneýit han we türkmen doganlarym bilen hoşlaşýan. Ýokarda ýazan “belkilerimiň” dowamyny ýene içimden gaýtalaýan BELKI..........

Belki bir gün men dönerin we “Pelegiň oýny” romanymy ýazaryn... Belki....

(Soňy...)

Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 61 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Ogulmaýa Semizadeh | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]