00:09
Täzesinden täzesi
TÄZESINDEN TÄZESI

Täze küýzäň suwy sowuk, içgin läläm gaýnada,
Jorap çalşan ýaly çalşyp, ýigitleri saýlada,
Ondan gaýdyp, oňa böküp, duraýmagyn bir ýerde,
Şeýdip günüň geçip dursa, utulmarsyň söýgiňde.

Uzyny bar, keltesi bar, agy hemde garasy,
Dadyp görgün hemmesini, üýtgeşikdir miwesi,
Arrygy bar, semizi bar, orta boýly, sarysy,
Aýyp däldir, dadyp görgün tagamlydyr şiresi.

Günleriňi şat geçirgin, ýalançyda dirikäň,
Goý diýseler diýsin saňa, "ol gözeliň ýary kän",
Iller näme diýse diýer, "it üýrer, kerwen geçer",
Bu zatlaram wagtlaýyn, bir wagt ara açar!

Ýagdaýy bar, ýagdaýy ýok, garybyny-baýyny,
Olardanam dadyp görgün, gurup söýgi oýnuny,
Dälisi bar, sähnesi bar, samsygyny-sagyny,
Girip görgün gujagyna, goýaýmagyn kemini!

Il içinde öýleneni, telpek agan garrysyn,
Lak ataýsa ýüz öwürme, armanlary galmasyn,
Ählisiniň işin bitir, galaýmasyn armany,
Ýöne özgä öwretmegin, şeýdip döwran sürmäni.

"Ata kesbi ogla halal", ejeň ýolun ýöretgin,
Söýmeýäne süýken özüň, onda söýgi döretgin,
Hiç kim senden aýyp görmez, sürgün tigriň sypýança,
Namys-ara gulak asma, gezgin bagtyň ýatýança.

Il içinde aýyp däldir, tüýs tapypsyň käriňi,
Gazanç etmäň aýby ýokdyr, razy etgin baryny,
Dörwan sürüp iň soňunda, tabyn edip birini,
Şol hakynda düzüp gitgin, ýalan söýgiň taryny.

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 164 | Добавил: bbaygeldiyew | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 19
0
19 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Kim näme diýse diýsin menä haladym şu goşgyny.
Baýgeldiýew,menä ýazmagyñyzy goýmañ diýjek.Ýöne elbetde kämilleşiñ.

0
18 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Apne_Dil_se_ Badi_Dush mani_-_Betaab

0
17 Tokmak   [Mowzuga geç]
Jany ýanypdyr-ow bendäniň.. Alla hiç kimi şeýle zenana duşurmasyn!

0
16 eatayew33   [Mowzuga geç]
Berekella, Baýgeldi! Ýürejigim bol-a!
Süýde siňe seredýänlere, elleri lupalylara seretme-de, ýazyber!
Bir zat diýselerem, ilki özüňi düzet diý!
Şu wagt internedi açmaňda-da, tefallaryň islendik görnüşindenem (isle çäýnek bolsun, isle-de ütük) lakyrdap, barmagyny çommaldyp çykþan ýaş hemem netbugatyň hemme ýerinde görünýän ýaşuly (bäşdaş, aşyk, p..huny oýnap oturan çaga görse-de gişgy ýazyp geçýän) şahyrlar bar. Gelejekde, nesip bolsa, adamlara şolary küýsetmersiň!
Özüňem aýdýaň-a bir teswiriňde, körleň arasyna barsaň, senem körräk bolubermeli diýip. Samsyklaň, tetileň, tüntawlaň arasyna düşseňem, şeýdibermeli. Bir kyn ýagdaý-a bar welin... Birden bagtyň çüwüp ( ýa-da ýatyp ), akylly, sowatly, düşünjeli adamlaryň arasyna düşäýseň, birbada kynyrak bolar welin, onda-da şu erjelligiňi ýitirmeseň, olaram özüňki edip goýjagyň gümansyz.
Öňe, diňe öňe!

0
15 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Häzir, şular (ýazgylar) şol ýüzlenilýän “Läläniň” adyndan aýdylyp, duýgusy açylyp görkezilen bolsady, onda şol “Läle” birnäçe kişi tarapyndan söz bilen ýepbeklenilerdi ýa tersine, goşgy ýa awtor däl-de. Sebäbi, adamyň tebigatyna kimdir birini obsuždat etmek (gizlin) islegi guýlupdyr.

0
14 hoşowaz   [Mowzuga geç]
04.06.4021ý.
Çagalar şu günki sapagymyzda size bir erteki gürrüň bermekçi. Isle çyn gatyşykly ýalan diýiň, isle rowaýat diýiň, tapawudy ýok.
Bir bar eken, bir ýok ýok eken. Biziň eýýamymyzdan öňki 2021-nji ýyllarda adamlar daş-sypat babatda bizden üýtgeşik bolmandyrlar. Şol wagtlar plan mekdebiň plan mugallymynyň bir okuwçysy düýbünden okamagy, ýazmagy bilmeýär eken. Hatda, şol döwrüň elipbiýiniň ilkinji harpy bolan “A” harpyny-da öwrenip bilmändir, bolmasa çaganyň özi zehinsiz hem däl eken. Asla zehinsiz çaga diýlen zat ýok. Galan çagalaryň içinde hem elbetde gowşaklary bolupdyr.
Bir gün ýaňky mugallym özüniň “A” harpyny öwrenip bilmedik okuwçysy barada beýleki mugallymlaryň ýanynda aýdyp berýär. Mugallymlaryň ählisi diýen ýaly bujagaz okuwçyny synlamaga gelýärler we iň geň ýeri-de, bularyň ählisi çaga nebsiagyryjylykdan ýaňa gülküleri tutup ugraýar. Hatda, içinde:
– Wää, bu çaga “A” harpy hem bilenok eken – diýip, barmak çommaldany hem tapylypdyr.

Çeşmesi:
http://kitapcy.com/index/8

0
12 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Baýgeldi Baýgeldiýewiñ şu goşgusyny Lälelere okamak gadagan...

STOP....

0
10 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Bagabat dogan illeri-hä bilmedim welin men-ä düşündim:)

0
11 Trigger   [Mowzuga geç]
illerem düşündi, ýeňňe! indi Baýgeldide iş bar...

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hä! Ýene-de bir zat ýatdan çykypdyr:
Düşündirip bildimmi?! :-)

0
13 myhman   [Mowzuga geç]
"diň-diň", пришла две сообщения :-)

ilki smailik barada: öz pikirimi aýdaýyn. açylsa-da diňe ýekejesini - sadaja ýylgyryp duranyny (şunýaly (*_*)) açaweriň. beýlekiler dällaý.

iki dil barada: menem sap tm gürlenmeginiň tarapdary. @mangoň paýlaşan Umyt Küle bilen söhbetine ýazan kommendime seretseňem biraz düşnükli bolarmyka diýýän.
onda näme üçin rus sözlerini ulanýan?
1. bir gezek has köp ulandym. hekaýaň gahrymany şonýaly gepleýäni üçin. onsoň @Hyýalkeş käýýedi :-)
2. şu ýerde özümi erkin duýmak üçin. spekdakylda çykyş edýän ýaly bolmazlyk üçin. harp ýalňyşlaram şoňüçin. gepleşemde kän ulanamok.
3. dürs gürledigiňçe serýoznylaşýa, resmileşýä, gödekleşýä arasynda saýry sözleri ulansaň ýumşaýa(n ýaly pikirmçe).
4. başga-da ownuk uşak sebäpler bar.

dar gursaklykdan hudaý saklasyn, hiç zady gaty görüp ýa göwnüme alyp ýören däldirin.
degişýäniňizi bilýän. menem degişmäni gowy görýän :-)

hä, tassanam ýatdan çykýady.

düşündirip bilýänmi?! ;-)

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Admin aga! Şü teswirde smaýlik goýmak funksiýasyny aýyrmalam dä ekenmi nämemi...Sebäp diýseň aýdýan (ýazýan) zadyňy ýumşatmak hem-de azda-kände söhbetdeşiň (saýtdaşyň) göwnüne degmezlik üçin, sözlemleň yzyna ýyrşarýanja smaýlik tirkäp goýberseň, erbet bolmanam duruberýärdi.
Mundan öňki teswirdäki: "öz kwartalymda miwe şerbetini süzüp ýatan ýerimden, günorta sentrala" diýen düşnüksiz jümle bolsa, birmahallar barypýatan debilnyý amerikan komediýasy bardy:
Не грози южному централу, попивая сок у себя в квартале (1995)
Режиссер: Пэрис Барклай

В главных ролях:

Шон Уайанс
Марлон Уайанс
Трэйси Черелл Джонс
Крис Спенсер
Сули МакКалло
Даррел Хит
Хелен Мартин
Айзиа Барнс
Ламард Дж. Тейт
Кинен Айвори Уайанс

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Özüň hakda gürleseň (ýazsaň), kän bir halanmaýar. Ýöne, öňem bir akyldardan dünýä düşünmek üçin adamyň elinde nähili serişdeleriň bardygyny soranlarynda, ol: "Diňe özi!" diýip jogap beripdir. Şonuň üçinem, kimdir birine nämedir bir zat hakda öz pikiriňi düşnükli edip aýtmakçy bolsaň, isleseňem-islemeseňem, halasalar-da, halamasalar-da, ýene-de öz mysalyňa (tejribäňe) ýüzlenmeli bolýar.
Umuman, "öz kwartalymda miwe şerbetini süzüp ýatan ýerimden, günorta sentrala" pitjiň atamok, ýöne uzyn "moh-mohuň" gysga "juk-jukuny" aýtsam, 13-14 ýaşda menem il deňinde däli-porhan bolup "goşgy" baryny ýazypdym (ýagny, "öýdýärdim"). Ýöne, indi ýyllar geçdi-de, iki zada şükür edýän:
- birinjiden-ä, şol döwürler elýeterli internetiň bolmanyna şükür edýän (Sebäbi, bolan bolsa, menem saklanyp bilmezdim, hökman "ajaýyp :-) setirlerimi" ile jar ederdim);
- ikinjidenem, iki ýyllap, "ylham :-) joşup" günde nijeme "goşgyny :-)" ýazyp-ýazyp, "şahyrçylygyň" düýbüni deşdim hasaplap başlanymdan soň, birdenkä öz-özümiň gülkünçligime düşünip, şol küti-küti depderleriň birje sahypasynam goýman otlamaga aklymyň ýetendigine ýüz-de müň şükür edýän.
Ýogsa, ellini ýarpylap barýan şumatlam ýaman erbet boljak ekeni...
"Onda näme hekaýa ýazýaň? Ýa nä ony: "ýazyp bilýän diýjek bolýaňmy?" diýen berilmedik soragy bolsa, özüme günde bolmasa-da, iň bolmanda hepdede bir gezeg-ä berip görýän :-). Jogabam @myhmanyň diline öýkünibräk aýtsam: "nastroýenýa" göräräk bolýa...

0
6 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Goşguda taryplaýan umumy zadyña LÄLÄM diýip ýüzlenipsiñ.Ol hakykatdanam şeýle bolsa saña LÄLE bolup bilermikä Baýgeldi...
Bu goşgyny janyñ ýanyp ýazypsyñ.Goşgyñ temasy aglap oturmaly emma bilmedim nämüçin ýylgyrdýar:)

0
3 Myhman0430   [Mowzuga geç]
@mangoň rubagysyndan gowy teswir ýazyp boljak däl.

0
2 shahyr1964   [Mowzuga geç]
"Ählisiniň işin bitir,galaýmasyn armany,
Ýöne özgä öwretmegin,şeýdip döwran sürmäni."[

Sen öwretseň bolýamy?

0
4 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Ýalňyşlygyny bildireniňiz üçin minnetdar üýtgeşme girizjek bolaryn

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Täzesinden täzesi.
Beterinden beteri.
Başga näme diýeýin,
Baýgeldiýew Baýgeldi.

0
5 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Mango daýy beterinden saklasyn diydigiňmikä.siziň teswiriňizi yenede aytjaklar bar

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: