21:59
Iki bende sygan ömür
IKI BENDE SYGAN ÖMÜR

Gapyrga deý etimi,
Sypyrdylar, iýdiler.
Garynlary doýansoň,
bir gury süňk diýdiler.

Itiň öňüne düşdüm,
Gerekledi, gemirdi.
Şu ýazanja setirlem,
Maňa berlen ömürdi.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 18
0
17 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Okadym, azajyk pikirlendim, soňam unudyp goýberdim. Ine, şu goşgyň ömri meniň üçin şeýle. Ne şahyry ýadymda galdy, ne-de bir setiri.

0
18 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Azajyk pikirlenen bolsaň, azabymyň ýerine düşdügi .Şahyryny, setirlerini unudanyň aýyby ýok. Her okyjy öz isleýşi ýaly kabul edýär, okan zadyny. Ýöne teswir ýazanyň üçin minnetdar, diýmek azda kände täsirini ýetiripdir. Pikiriň üçin minnetdar, geljekde göz öňünde tutaryn .Indiki goýjak goşgylarymda hem bellikleriňe garaşýaryn.

0
16 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ylhamyñ egsilmesin Azat aga.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
“ Ölümden soňam zulum barmyş ” diýsek doly bolanok. Ölümden soň hasap bar diýeli, hasaba göräde hasaplaşmak bar. Zulum boanda nähaklyk bar. Bärde nähaklyk (zulum) edilse-de aňyrda edilmezmikä diýýän.
Garaz... Özi merhemet etsin.

0
14 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Ýokarda @Myhman agzada aýdyp geçipdir, dogry aýtdyň eden günäleriň jezasyny çekmeli bolar. Oňa zulum diýilmeýär, oňa wyždanyň berýän jebiri diýsek ýalňyşmarys.

0
4 shahyr1964   [Mowzuga geç]
"Ömri iki bende sygdy.
Birinjide: etini iýdiler;
Ikinjide: süňkini gemirdiler.
Bu nähili ömür?" @Mango.

Dogrydanam, @Mango, bu nähili ömür? Şu sorag meni hem günüme goýmansoň ýazdym şu setirleri.

Bu neneňsi durmuş,bu niçik ahwal,
Ömür maňa berlen,ýöne meňki däl.
Özge birniň ýazan kada-kanunna,
Uýup ýaşamaklyk adatmy munda?
Eginlerňi gysyp,başyňy egip,
Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp.
Özgäň göwni diýip,öz göwnüň döwüp,
Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp,
Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir.
Ýaşamagam agyr,ölmegem agyr.

0
5 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Bir gyzyň içgepletmesine meňzeýä

0
6 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Her kim öz göwnüne osar diýilenini etdiň :-)
Gyz kalby bilen okasaň şeýle bolmagam mümkin. Goşga her bir okyjy özüçe düşünip baha berýär .

0
9 mango   [Mowzuga geç]
Baýgeldi jigimiz bu günler her kimde bir gyz görýär.
Maňa-da bellik etdi: “sizde erkek emosiýasy duýulanok, ...siz haýsy ynsan?” diýip.
Ine-de siz barada: “gyzyň içgepletmesine” meňzedildiňiz.
:-)

0
12 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Ýaş oglandyr, diňe düýşünde däl, saýtlardada gözüne hemmeler gyz bolup görünýändir :-)
Ony öýlenmedik bolsa öýermeli, öýlenen bolsada gelinine duýdurmaly berkje sakla diýip :-)

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Ýan dädeňki ýaly ölýänçäň gaýrat etmeli bolaýmasa.
Senem “jebir çekýän kalp bilen ýaşamagyňam, ölmegiňem agyrlygyny” agzaýaň.
Ýan däde: “ynha ölerin, onsoň batyr bolaryn” diýýämi? Şoňky ýaly ynha öleris, onsoň jebirem çekmeris.
Oňa çenlem gaýrat et.

0
8 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Ölümden soňam zulum barmyş diýýärler, görüp gelen-ä ýok, ýöne eden günälerimizem az däl, galanynam başa gelende göreris, nesip bolsa.

0
10 Myhman0430   [Mowzuga geç]
zulum dälde azap diýjek bolduňyz öýdýän. has dogrusam jebir. jebir garşylyk diýmekmiş.

0
13 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Hawa, zulum sözüni ölüm bilen kapyýalaşdyran bolşum boldy, ýöne ýalňyşdygyny özümem aňdym, jabir, ezýet bolmaly aslynda.

0
15 Myhman0430   [Mowzuga geç]
alňasap garyşdyrypdyryn, aslynda ejir diýjek boldum, jebir gitipdir, aýyplaşmaň.

0
3 Myhman0430   [Mowzuga geç]
göni (momentde) aklyma gelen pikirler:

etini iýmek - gybaty edilmegi
gapyrga syrmak - ýüz görmek

şahyr bu zatlary gözöňünde tutup tutmanyny bilemok.
hiç many çykaryp bilmedim. diňe arza şikaýat bolsa bilemok.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
1) Gapyrga deý etimi sypyrdylar...
2) Gapyrga syran deý, etimi syrdylar...

Azajyk nyşanadan uzaklaşypmy, gapyrgaly ýeri?
—-
Näme diýjegimi bilemok.
Gyzykly bir zatlar-a etjek bolupsyň.
Üstünlikler.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ömri iki bende sygdy.
Birinjide: etini iýdiler;
Ikinjide: süňkini gemirdiler.
Bu nähili ömür?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]