17:34
Durmuş derýasynyň üstünde
DURMUŞ DERÝASYNYÑ ÜSTÜNDE

Bir gezek özümi okladym
bu joşgunly derýaň suwuna.
tas ölüpdim şonda,
hernä çykdym kenara
çalajan halda.

Oturyp synlaýan men indi kenarda.
Käsi daş ýükli çökýärler düýbe,
sessiz-sedasyz ýüzýär o birileri akyma görä,
akymyň garşysyna, terse ýüzmäge
mertlerçe dyrjaşýar diňe güýçliler.

Bakýaryn men olara kenardan
hem suwa bökmek islämok.
Oklatmaryn özümi gaýdyp
bu sowuk hem howply suwa.

Haçan men ölemde,
sylag-hormatlap durmaň.
Gowusy biriňiz jesedimi oklap goýbersin,
dirikäm gorkan bu suwyň içine.

Haçan ölemde,
bolaryn batyr.

Ýan RYBOWIÇ.

Terjime: Mango
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: mango | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 24
0
19 shahyr1964   [Mowzuga geç]
"Hemem dirikä etmäge gorkanyny, ölensoň etmek isleýär...."

Men şu jümlä hiç düşünip bilemok, ýada meniň aňym oňa düşünerden has pes. Belki ikinji pikirim gogrydyr .
Ýöne dirikäň gark bolup ölmekden gorkup, öleňsoň batyr bolmak, meni derýa itekläň, gark ediň diýmek. ...
Aý, ýok meniň aňyma syganok, men aňymy, gözýetimimi giňeltmeli. Men ulalyp gartaşdygymça şoňa göz ýetirýän.

0
20 mango   [Mowzuga geç]
Durmuşda göreşmekden gorýar, gahrymanymyz.
Durmuş akymynda özbaşdak ýüzjek bolup bir gezek ol tas gark bolupdy.
Şondan bäri gorkýar. Durmuşdan.
Synlaýar, kimler agyr daşlary bilen gark bolup gitdi, kimler bolşuna görä akyma görä ýaşamagy seçdiler, kimler bolsa göreşi saýlap aldy, akyma boýun bolmak islemedi...
Ýöne, ýene-de gahryman durmuş öňünde ejizläp dur “kenarda”.
Gorky onuň elini-aýagyny baglap dur.
Bu gorkam tä ol ölýänçä dowam etjek.
Ölensoň suwda akmak onuň wesýeti ýaly.
Belki, bedenine täsir eden gorky indi onuň ruhuna täsir etmez.
Onuň gorkudan halas bolan ruhy akyp barýan bedenini synlap rahatlar....
Ýöne gynansagam, onuň gorkusy ölünçä dowam etjek.
Bu duýgy köpümize mahsus.

0
21 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Dogry aýdýaň, häzirki döwürde ählimize diýen ýaly mahsus duýgy.

0
16 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Ýatlamadaky ýüzmek bilen goşgydaky ýüzmek düýbünden tapawutly.@Mango, men oňa düşünýän, ýöne ýatlamada-da çagalykda bolan zatlaň üsti bilen durmuş derýasynyň akymynda meňzeşligiň barlygyny ýaňzytjak boldum.

0
17 mango   [Mowzuga geç]
Hawa, Azat däde. Bilýän düşünýäniňize. Ýöne, Ýan däde has pikire çümdürýä...
Terjime meselesi günüme goýmadaý.
Edip beren ýeňňem, edep beren ýeňňem.... diýen ýalyrak nakylam barmy?
Şu goşgyny terjime edip görkeziňsene.

0
14 shahyr1964   [Mowzuga geç]
@Mango, hawa şu temaňa teswirinde @Hiçkim öz terjimesini goýupdyr, pozmankalar okap ýetişdim. Men teswir ýazýançam pozuldy şol terjime.

0
15 mango   [Mowzuga geç]
Özi pozan bolsa, yzyna goýmagy haýyş edýän (okaýan bolsa).

0
13 mango   [Mowzuga geç]
Eli galam tutýanlara ýüzlenýän.
Gaýrat edip özüňizçe şu goşgyny terjime ediňsene.

0
22 Nurdan   [Mowzuga geç]
İlki bılen duydurmak isleyan, men yazyan klawışimde Türkmençe n, a (etman-de) yaly harplar çykaryp bilemok. Yagdaylar üytgedi-de klawaturalaram üytgemeli  boldy, munynam klawişinden Türkmençe çykanok. Şonun üçin dürs yazmakda kösençlik çekyarin şu günler. Aslynda özüminem halamayan zadymdydy  n a  yalnyş  edip yazmak. Onsoñ sıze-de duydurayyn diydim))

Özümi okladym,
Joşgunly derya,
Tas öldüm-, öldümde
Çykdym kenara.

Synlayan deryany indı kenardan:
Kimse  çökyar deryan düybüne daş dey.
Kımler sessız yüzse akym ugruna,
Akyma ters yüzyar mertler, güyçliler.

Otyryn kenardan garap olara,
Bu derya bökmage yok hiç  höwesim.
İtekleman, taşlamana meyl etman,
Meni sowuk, gorkunç, howply suwa siz.

Yöne bir gün sanalgym dolanynda,
Sylaglap, hormatlap yola salman-da.
Jesedımı yüzdürın-de ugradyn,
Diri wagtym eymendıren deryada..

0
23 mango   [Mowzuga geç]
Ýöne bir gün sanalgym dolanynda,
Sylaglap, hormatlap ýola salmaň-da.
Jesedımı ýüzdürıň-de ugradyň,
Diri wagtym eýmendıren derýada..

owadan bolupdyr, şu ýerleri seniň wariantyň.
ýöne...
"sylaglap hormatlamaň" diýensoň ony derýadan "ýüzdürip ugratsak" wesýedine görä bolanokda,
ol "столкните моё тело в эту воду" diýýär.
diýmek, ony hat-da jynazasynam okaman derýa oklap göýbermeli...
garaz, emaý bilen ýüzdürmeli däl, pagşyldadyp oklap göýbermeli... (şonda Ýan däde razy bolar). :-)

1
24 Nurdan   [Mowzuga geç]
Onda Yan dade bilen razylaşaly:-)
Jesedımı pagşyldadyp akdyryn,
Dirı wagtym eymrndiren deryada.

Ya-da.:

Jesedimi akdyryn-da goyberin. şeyle

0
9 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Bu goşgynyň ýenede bir ýadyma salan zady, meniň ýazan oýlanmam boldy .

Nämüçindir bu gün çagalyk döwrüm göz öňüme geldi. Obamyzdan kän uzak bolmadyk ýerden Garagum kanaly akyp geçýärdi. Häzir oňa Garagum derýasy diýýärler. Biz çagakak ene atalarmyza gulak asman şol derýa suwa düşmäge giderdik. Soňa baka ýöne kenarda suwa düşmek bilen çäklenmän, derýanyň beýleki kenaryna kim birinji ýüzüp geçmeşek ýaryşyny geçirip oýnardyk. Hawa bu biz üçin şol wagtlar oýun ýaly görünýärdi. Soň oýunyň şertlerini üýtgedip, bärki kenardan start alan ýeriňden uzaga gitmän ol kenardan çykmaşak oýnardyk. Bu bolsa köp erjelligi, güýji talap edýärdi. Sebäbi akymyň garşysyna ýüzüp, beýleki kenara ýüzüp barmalydy ,soň yzyňa öňki ýüzüp gaýdan kenaryňa mümkin boldugyça kän uzaklaşman ýüzüp gelmelidi. ...Indi ol döwürlerden köp wagt geçdi. Asyl men şol çagalyk döwürlemde beýleki kenara geçmek üçin böken kenarymdan beýleki kenara çenli integem ýüzüp barýan ekenim. Ýöne, barmaly kenarym görünip dursada, öňki ýaly tempimi çaltlaşdyrasym gelenok. Oňa dogrymy aýtsam güýjem ýok, kuwwatam . Akymyňam nirelereden çykarjagy belli däl, ol kenardan yzyňa seredip dostlaryňa goluňy bulajak gümanyň ýok, ýaşlykdaky ýaly. Olaryňam görjek gümany ýok, ýöne abraý bilen kenara çykmak, gark bolman. Belki ol kenara öňki çykanlary ýaran tutunaryn. Ýöne hyjuw bilen böküp gaýdan kenarymyza welin hiçimiz gaýdyp barmarys.

Azat Nurgeldiýew.

0
10 Myhman0430   [Mowzuga geç]
Azadyň oýlanmasy bet eken.

bäh, Azat biziň obadanmykanaý. bizem şeýle edýädik. men ýüzmäni garagum kanalda öwrendim. ýüzüp bilmeýäkämem kanala girýädim (ýürekli ekenimaý). şu wagt öz çagalamyň şoňa girýänini gözöňüme getiribem bilemok.

0
12 mango   [Mowzuga geç]
Ýatlamadaky ýüzmek bilen goşgydaky ýüzmek düýbünden tapawutly.
Goşgudaky ýüzjek bolmagyň, ýüzmekden gorkmagyň, gark bolmagyň, akymyň tersine ýüzmäge çalyşmagyň aňyrsynda başga manylar bar....
Hemem dirikä etmäge gorkanyny, ölensoň etmek isleýär....

0
18 Myhman0430   [Mowzuga geç]
Azadyňkyň başyny ýatlama (göni manyda), soňuny oýlanma (göçme manyda) düşündim.

göni manydakysy meň çagalygymdaky bilen meňzeşiräk eken.

göçme manydakysy gyzykly eken. dogry, goşgudaky bilen meňzeşdälligi düşnükli. goşgudaky bir özüni urup soň kenara çykypdyr.

oýlanmadakyda diňe iki kenar bar. öz islegiň boýunçada girmeýäň derýaýa. kenara haçan ýetjegiň belli däl. özüň çykjak bolsaňam "karam" hasaplanýa.

goşguda akymyň garşysyna ýüzüp bilýän güýçliler bar. bu-u, oýlanmada bolsa-da mlt dbm gr.

umuman şahyrlarymyz hersi başga başga derýalara giripdirler. kenarlaram başga.

birem Gurbannazaryň kenarlary bar. çagalyk kenary we beýleki (uly adam) kenar.

0
8 shahyr1964   [Mowzuga geç]
"ÿene bir möhüm zat, gošgy Türkmen diline geçen soñ, Türkmen gošgusy bolup bilmeli. Terjime hakda gürrüñ köp, arman bu taÿy ÿeri däl. "-Ibrahimbadahshan, Siziň bilen doly ylalaşýan. Haýsy milettiň dilinden terjime edilen bolanlygyndada, terjime edilip ýetiriljek bolýan milletiň diline, edebine, medeniýetine, adatyna we aňyýetine ýakyn we düşnükli terjime bolmaly. Şol goşgy aslynda şol (terjime edilen )dilde ýazylan ýaly bolmaly, terjimedigem duýulmaly däl diýjek bolýan. Men bu goşgynyň terjimesini nädogry diýemok, ýöne nämüçindir @Hiçkimiň ýazan teswirini pozupdyrlar. Menä şonuň trjimesini göwnejaý gördüm. Bu elbetde meniň şahsy pikirim.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Asat däde. @hiçkim terjime etdimi bu goşgyny?
Pozupdyrlarmy?
Häzir islendik kim şu goşgyny terjime edip görkezse gaty begenerdim.
Hem gyzykly sapak bolardy.
Her kimi çagyrýan şuny terjime etmäge.

0
5 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Mango daÿy (Bašgalar dayy diÿenseñ), Garaÿollynyñ nygtan zadyna menem bir zat artdyraÿyn. Poezyanyñ terjimesi bašga tekstleiñkiden tapawutly bolÿandygyny gowy bilÿänsiñ, ÿöne bu tapawut näme? Bu ÿerde tekstiñ diñe mazmuny däl-de, eÿsem šonuñ äheñi, formasy, šahyra mahsus bolan stili, ulanylan sözdüzümleriniñ, surutlandyrmalaryñ hem söz janlandyrmalaryñ çeperligi, šahyryñ diñleÿjä (okyja) ÿetirjek bolÿan duÿgusy we elbetde šygyryñ many-mazmuny bilelikde terjime bolmaly. ÿene bir möhüm zat, gošgy Türkmen diline geçen soñ, Türkmen gošgusy bolup bilmeli. Terjime hakda gürrüñ köp, arman bu taÿy ÿeri däl. Hem-de aslyndan däl-de bašga bir diliñ (bu ÿerde Rus dili) üsti bilen gošgy terjime etmek dilmajyñ išini näçe esse kynaltÿandyr. Alla size kuwat bersin!

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Daýylyga öwrenişdik. Isläniňizi diýiberiň, Ybraýym däde.
Maslahatlaryňyz gymmatly. Sag boluň.
Meniň terjime diýip halanja goýýan zatlarym aslynda bir höwesjeňiň işidir.
Öz halanyňy iller bilen paýlaşmak ýaly zat.
Originalda polýakçada nähili bilemok, ýöne rusçada-da kapiýa ýaly zatlar ýok eken.
Ýokarda belleýşim ýaly gürrüň berip gidip otyr.
Gymmaty onuň manysynda ýaly.
—-
Durmuşda erkin ýüzmekden gorkan biriniň ýagdaýy.
Ölýänçä gorkýa.
Belki ölmekden gorkýa.
Ölensoň, ölmek gorkusyny ýeňensoň, ol girip ýüzüp bilmedik suwunda ýüzmekçimiş...
Umumana, näme etseň dirikäň etmeli....

Ýene bir gezek minnetdar.

0
4 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Öleniñden soñ näme işiñ bar durmuş derýasynyñ içinde Ýan Rybowiç :)))

0
3 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Sozme soz terjime gaty anyk we has dushnukli halda originalyñ manysyny gyshartman berip bilyar. Yone
poeziyanyñ bezegi bolan ceper we yene ceper terjime kamahal asyl nusgadan sahelce dashlashsa da, ol ynsan añyna yiti tasir edyar. Mangonyñ yokarky sozme soz terjimesini shygryñ awtoryna psihologik taydan yakyn bir turkmen shahyry ceper terjime edayse juda gyzyklanma bilen okalardy. Yetireniñize sag salamat boluñ.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Dogrsy biziňki sözme-söze ýakyn terjime ýaly bir zat.
Şu şahyryň orsçasnda-da kapiýa, ýene bir zadam ýok ýaly.
Aýtjak zadyny gürrüň berip aýdyp duran ýaly....
Umuman, özüm halamsoň paýlaşaýýan.
Seslenmäňize minnetdar.

0
:)

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Над рекой жизни

Однажды я прыгнул
в бурные воды этой реки,
но чуть не погиб
и едва живой выбрался на берег.

Теперь я только сижу и наблюдаю.
Одни камнем идут на дно,
другие безвольно плывут по течению,
те, кто сильней, отважно пытаются плыть против.

Я смотрю на них с берега
и не хочу больше прыгать.
Я не дам себя снова бросить
в эту холодную опасную воду.

Когда я умру,
не церемоньтесь со мной.
Пусть кто-нибудь столкнёт моё тело
в эту воду, которой я так боялся.

Когда умру,
я стану храбрым.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]