17:04
Owganystan ýol ýazgysy -1: Demirtikenli simleriñ öteki ýüzünde...
OWGANYSTAN ÝOL ÝAZGYSY

• Demirtikenli simleriň öteki ýüzünde...

Sanlyja metrlerde, bary-ýogy iki sany demirtikenli simleriň öteki ýüzünde, düýbünden başga bir "dünýä" bilen garşylaşdyk. Ol bir göm-gök asmanyň aşagynda, şol bir mele topragyň üstünde, şol bir howadan dem alyp dursakda, iki ýurduň arasyndaky demirtikenli araçäkler iki ýurdy biri-birinden asman bilen zemin arasy ýaly tapawutlandyrýardy... Mele topragyň üstünde goýlan "araçäkden" sanaýmalyja ädimleri ýöräp geçip, Owganystanyň serhedine, Dogarun –Yslamgala gümrügine ýetdik. Meniň göwnüme bolmasa, töwerekdäki gözler meni yzarlap,`` Bu zenan maşgala gowganyň, urşyň içine näme üçin barýar-ka?`` diýip geňirgenip seredýän ýalydy. Pasportlarymyzy barlamak üçin, biraz garaşmaly boljakdygymyzy aýdansoňlar, gümrük salonyndan daşary çykdyk. Nowruzdan 20 gün geçipdi. Howanyň gyzgyny, tomsuň güni ýaly jyzyrdadyp depäňi deşip barýardy.. Men öz ýanymdan, agyr gyş eşiklerimi getirip ýük etmändigime begendim. Meniň ýanymda duran 7 ýaşlyja oglum Didar bilesigelijilik bilen töweregi synlaýardy. Onuň çaga nazaryndan, serhetdäki tüpeňli esgerler we harby maşynlar sypmaýardy. Ol tizräk hyýalyndaky, uruş filmlerinde görýän tüpeňlerini, tanklaryny, uçarlaryny, ýakyndan synlasy gelýärdi. Gümrük binasyndan çykan owgan esgeri biziň adymyzy tutup, pasportyň taýýardygyny aýdyp gygyrdy. Ýanýoldaşym Rejepmuhammet pasportlary almak üçin gümrük binasyna gitdi. Töweregini haltadyr, torbadan dolduryp oturan ownuk söwdägärleriň işi biraz kyn bolara çemeli. Olar binanyň kölegesine çekilip arkaýyn otyrdylar. Biziň agyr-artyk goş kötelimiz bolmansoň, hiç hili kynçylyksyz serhetden geçdik-de, kireý edýän maşynlara tarap ugradyk. Demirtikenli simiň aňyrsynda duran kireýkeşleriň gözleri açgözlük bilen bize garaşýardy. Olar serhetden geçen badymyza daşymyzy gurşap aldylar. Gep-söz alyşar ýaly bolmady, Rejep ýetişdiginden Herata gitjekdigini düşündirmäge synanyşdy. Daýaw pyýada elimizdäki çemodana ýapyşdy, haýdan-haý goşlarymyzy alyp maşyna saldy. Ýol kireýini soramagy ýüregimizi düwen hem bolsak, dile getirip ýetişmedik. Şol wagt 25-30 sany dürli ýaşlardaky çagalaryň, bir ýerlerden peýda bolanyny duýman galdyk. Olar bize tarap ellerini serip, kömek sorap ugradylar. Oglanjyklaryň arasyndan biri kirlije ellerinde, howanyň gyzgynyna eräp barýan dondurmasyny Didaryň alkymyna çenli getirip, satyn almagymyzy haýyş edip özelenýärdi. Başga wagt bolan bolsa Didar dondurmany almagymyz üçin bizden talap ederdi welin, kireýkeşleriň galmagalyndan soňra, bu gezek ol daşyna üýşen üsti başy ýyrtyk, aýaklary ýalaňaç, belki-de, ýüzleri bu eýýämde suw degmedik oglanjyklardan basylyp , doňdurmadan ýüz öwürdi. Daşymyza üýşen çagalara ýüregim awady, “çagalygy ogurlanan” oglanjyklara nämedir bir ýagşylyk edesim geldi. Pul salynýan gapjygymdan pul almak üçin elimi torbama sokanym hem şoldy, biziň ýanymyzda duran sürüji “Duraweriň! Eger pul beräýseňiz, dilegçileriň yzy üzülmez, soňra bu taýdan çykmagymyz hyllalla bolar. Eliňizdäki pullary şu taýda paýlap, yzyňyza gidibermekden başga alajyňyz bolmaz. Gowusy, siz zat bermäň!” diýensoň, elimi yzyna çekip aldym-da, maşyna münmeli boldum.

Başga bir ýolagçylaryň daşyny gurşap, doňdurma hödürleýän çagajyklary we kireý dawasyny edip goh-galmagaly asmana göterýän kireýkeşleri yzymyzda goýup, ýola düşdük.

Täzelikde gurluşygy tamamlanany bildirýän giň, göni, aýna ýaly ýol, Eýran ýollaryndan hiç tapawut edip duranok. Sürüji, bu ýollaryň täze, Eýran döwletiniň kömegi bilen salynandygyny, özüniň Eýranda birnäçe ýyllap işländigini, ýol ugra ýetişibildiginden gürrüň berýärdi. Gürrüňi diňlesekde, iki gözümiz töwerekde...

Bir tarapymyz başynda ot bitmeýän gara daglyk, beýleki tarapymyz bolsa tozap ýatan düzlük. Howa gyzan hem bolsa, daglar häzirlikçe “ýaşyl begresini” geýmändir. Nowruzyň bahar alamatlary bildirmeýärdi. Men Herata barýan ýoldaky obalary synlaýaryn...

Yslamgala, Hamyrlak, Çagataý .... Palçykdan salnan üsti gümmezlije, egnini gysyp oturan öýler, meniň üçin geň däldi. Men Eýranyň Horasan welaýatynda sowuga, yssa çydamly, her ýerde ýel çeker ýaly yş goýlan, pagsasynyň ini bir metre ýetýän inli, köneje öýlerde birnäçe gezek myhman bolup görüpdim. Ýerden gazylyp bejerilen ýerdöle diýlen öýleri welin hiç görmändim, bu hakda diňe kitaplarda okapdym. Ýerdöleleriň daşyna ýerden sähelçe saýlanar ýaly, ýeriň aşagynda kimdir biriniň ýaşaýandygy bildirmek üçin daşlar bilen aýlanypdyr. Eger şol daşlar bolmasa dagy ýerdölelerden çykýän ynsanlar ýerden çykdymyka diýdirjekdi. Ýerdöleleriň agzyny bolsa tapan-tupan zatlary bilen baglap, sowuk howa geçmez ýaly gaýymlapdyrlar. Gapylaryna ýapylan galyň gara polietilenleri serpilip, ýerdöläniň çyg çeken ýerine gyzgyn güneş deger ýaly edilipdir. Uzak wagtlap gün görmedik ýaşaýjylar, öýleriniň daşyna çykyp, güneşläp oturdylar. Gujaklary çagaly aýallar, ýa-da güneşiň gyzgynyna çoýunup oturan, elleriniň damarlary çykaýjak bolup duran, hor-homsy ýaşulylar başlaryna kadifelerini (Owganlaryň erkekleriniň başyna atýan galyň boý natarlary) büreşip, ýoldan geçýän maşynlary bir-bir bimany nazarlary bilen synlaýardylar. Olaryň gözlerinde durmuşa bolan söýgüden nam-nyşan görünmeýärdi.

Men çep tarapymyzda keserip ýatan daglary synlaýaryn. Içimi gepledýärin “Türkmenistanyň iň gözel tebigatly künjegi , şoool gül-gülälekli Tagtabazar ýa-da Guşgy, Pendi sährasy ýalňyşmaýan bolsam şu daglaryň arkasyndadyr. Pendiniň gyzmy-oglany, çigildemi, çopantelpegi gülländir. Kebelekler bolsa haýsy güle gonjagyny bilmän pelesaň urýandyrlar. Çopanlaryň dilli tüýdüginiň owzyna, guzyjyklaryň mälemesi goşulyp “sähra mukamy” döreýändir. Ýaz otunyň ysy bihuş edýändir. Içimi gepledi oturşyma ýowşan ysly sähramyň ysy burnuma uran ýaly boldy...

Geň galaýmaly, bu topraga bolsa Hudaýyň gazaby inen ýalydy. Gözümize dürterip çykan ýekeje gök ot hem ilmedi. Nowruzdan tas 1 aýa golaý wagt geçse-de, bu taýynyň daglary baharyň geleninden bihabar ukyda ýatan ýalydy. Daglar hem hiç gürlemeýän düňle, o bir tarapyna agdarylyp ýatan garasöýmez goja ýaly – arkasyna öwrülip ýatan mysalydy. Daglaryň hem ýowuz bu topragyň. Ho....ol gara dagyň bir ýerinden başy oralan selleli, ýüzi gözi baglanan biri çykyp bizi saklajak ýaly gorky ýüregime aralaşdy. “Biz indi talybanlaryň her ýerden çykyp biläýjek ýurdundadyk ahyryn”.

Asfaltlanan gara ýoldan, kä mahal bir amerikan patrul maşynlary geçäýmese ýa-da kireý edýän maşynlaryň sürüjileri biri-birine el galdyryp gygyryşyp salamlaşaýmasalar, ýolda gatnaw o diýen köp däldi. Biz 2 sagat ýol ýöräp barşymyza, ýoluň kenaryndaky maşyn üýşmegine gelip ýetdik. “Bu ýeri Arap ülkelerinden gelýän maşynlaryň alyp satylýan bazary” – diýip sürüji bizi tanyşdyrdy. Maşynlar dürli ýurtlaryň önümi bolansoň, ömrümizde görmedik maşyn görnüşlerimizi synlaýarys. Ýoldaşym erkek bilesigelijiligi bilen maşynlaryň bahasyny sürüjiden soraýar. Didar bolsa maşynlardan iň beýigrägini, JIPI satyn almagy planlaşdyryp başlady. Eýrana garaňda, gaty arzan bahadan satylýan maşynlary biz höwesjeňlik bilen synlap barşymyza, dört tarapy dag bilen gurşalan gadymy Herat şäherine ýetenimizi hem duýman galypdyrys.

(Dowamy bar....)

Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 66 | Добавил: meylishalyk90 | Теги: Ogulmaýa Semizadeh | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: