15:09
Halypalyk
HALYPALYK

Goşgy älemindäki iň ilkinji synanyşyklarymyň hemaýatkäri «Sowet Türkmenistany» gazetiniň şol mahalky redaktory Şamyrat Täşliýewe

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Iň uly halypam Pyragy weli,
Ilkinji ädimmi penalamakda
Ilkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy, başga kişidi.
Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Ullakan halypam Puşkindi weli,
Täze halypam hem halypalykda
Şonça iş edipdi. Ejiz setirlem
Şonuň emri bilen alga geçipdi.
Ýok, ol Puşkin däldi.
Ýöne şo pursat
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Ullakan halypam atamdy weli,
Ikinjisi duşup ýowuz ýaşlykda,
Orakly atamyň ýetişmedigni
Kem-kemden taplapdy eli çekiçli.
Ýok, ol atam däldi.
Ýöne meň üçin Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Kerim GURBANNEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 myhman   [Mowzuga geç]
bir mahal studentler (ol döwür talyp diýilmeýän eken) Kerim aga bilen duşuşyk geçiripmişler. ilki goşgy okalndyr, zat edendir. soň, sorag-jogap döwründe bir (oglan) student "söýgi haýsy sözden başlanýar?" diýip sorapdyr. Kerim aga-da "söýgi sözden däl, gözden başlanýar" diýenmiş.

çynmy ýalanmy bilemok. meňki eşitmiş.

başga-da kän sorag berendirler, edebiýata, durmuşa degişli. Kerim aga bolansoň ýokarky ýaly soragam berendirler-dä.

menem şu ýokarky goşgyň tertibini sorardym. nämä üçin birinji bentde Magtymguly, ikinjide Puşkin, üçünjide öz atasy.

mysal üçin: näme üçin ilkinji halypa ata, soň atasynyň okap bermeginde Magtymguly bilen tanyşmak. rusçany öwrenenden soňam Puşkin däl?

ýa uludan kiçä aýdaýyn diýdimikä: iň uly Magtymguly, ortanjy Puşkin, soňam öz atam.

ýa çem gelenini goýuberdimikä? Kerim aga beýle etmejek ýaly.

ýöne Kerim aga ha ýok, menem sorap bilemok.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]